|

Gowşut hanyñ haty

Gowşut hanyñ haty GOWŞUT HANYŇ HATY

Gowşut hanyñ haty

On dokuzynjy asyryň ortalarynda Hywa hany Mädemin agyr leşgeri bilen türkmenleri dyza çökermek üçin gelýär. Ol türkmen tarapynyň ylalaşyk hakyndaky töwellasyny almansoň, Gowşut han Hywa goşunynyň düzüminde gelen türkmen Amannyýaz serdara ogrynlyk bilen hat gönderýär. Hatynda han özleriniň ertir duşman bilen söweşe girýändiklerini, yzlarynda galanlara göz-gulak bolmagyny serdardan haýyş edipdir. Şol hat hem urşuň ykbalyny çözüpdir.
(Akademik Myrat Annanepesowyň gürrüňinden)
.

Agyr leşgeri bilen
Onbaşy, ýüzbaşy, esgeri bilen,
Duşman geldi, heýhat, iliňe türkmen.
Alar tüpeňiniň niline, türkmen.
«Ogul olja, gyz ýesir»,
Kelläň togalanar türkmen.
Soň hor-homsy, har türkmen…
Sen gödek ýalňyşdyň bu gezek gaýry,
Soňky puşeýmanyň ýok indi haýry.

Başlandy darkaş.
At aýagnyň dükürdisi,
Gylyçlaryň şakyrdysy.
Elendi Saragt, elendi Arkaç…
Gowşut gylyjyny salan pillesi
Togalandy Mädeminiň kellesi…

09.04.2014. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle