Göwreli türkmen gelniniň synasyndan çykan owaz
Göwreli türkmen gelniniň synasyndan çykan owaz

Görjegim görgi bolsa,
Etjegim bergi bolsa,
Ýuwutjagym mergi bolsa,
Depämde gyrgy bolsa,
Näme etjekdiň, eje jan,
Meni dünýä getirip?!
Gaýrat et-de, dyn menden,
Dogurmankaň ýitirip.
Öňi-soňy ýanjagym
Dowzahyň ody bolsa,
Iň mes günüm iýjegim
Sogandyr kädi bolsa,
Müň ýalbarýan, eje jan,
Meni gorpa iterme!
Diri dogurjak bolup,
Mundan artyk göterme!
Azmy öňki gedaýlar,
Ýene birin getirme!
Soň emme diýp çyrlamda
Ahmyr edip oturma!
Öň zordan gezip ýörsüň,
Galan ömrüň ýitirme!
Millet gul ýaly bolsa,
Bir baýyň maly bolsa,
Türmeler doly bolsa,
Söýjegim loly bolsa,
Eje, meni synaňda
Dokuz aýlap saklama!
Meni öz eliň bilen
It öňüne oklama!
Birden diri dogaýsam,
Käbäm, boýnumy sogur
Ýa git-de başyň alyp,
Başga bir ýurtda dogur!
Şiraly NURMYRADOW. Goşgular