Göwnüni awlasym gelýär her kimiň… (Şygyrlar)

Göwnüni awlasym gelýär her kimiň... (Şygyrlar)

Georgiý IWANOW,
rus şahyry

***

Altyn erkinligiň demi ahyr ýelpedi ýüzümi.
Güýz Gününden, ýelden,
baldan doly howanyň düzümi.
Çola bagdan eşidilýär agaçlaryň pyşyrdysy.
Jaňlaryny jyňňyrdadyp barýar
bir goýun sürüsi.
Dar jülgeden akyp barýar
süýde çalym edýän duman…
Şu agşam Palestinada ýalkym
atypdy bir zaman.
Asman şu günki deý gökdi,
ter otdan doludy her ýer
Müsüre eli çagaly baryp ýeten çagy Merýem.
Çaganyň gyzgylt ýaňagy,
eşek hem üzüm hoşasy…
Geçip barýan süri taýdan
gelýärdi jaňlaryň sesi.
Gözlerin kölegeledip Ýusup garaýardy siňe
Tawusa mahsus ýelegin
ýygryp öçüp barýan Güne.

***

Goňşy penjireler ― dumanly salgym,
Bägülleri egýän şemal goýazy.
Ynanyp bolsady dolup sanaglyň
Mümkin däldigine oýanmazlygyň.

Tutuş göm-gök bolup duran jennetde
Ýok garaşmak diýen hupbatly pişe.
Onda aýrylmazdyk birek-birekden,
Biz bile bolardyk, düşün, hemişe…

***

Aleksandr Sergeýewiç,
sizsiz kyn geçýär gündür aý.
Siziň bilen otursadym, siziň bilen içsedim çaý.
Siz-ä gürrüň bererdiňiz,
gulaga öwrülip men hem
Siziň her bir sözüňizi gapar
otyrdym alman dem.

Gün geçdikçe meň gözüme
görünýäňiz has hem eziz.
Aleksandr Sergeýewiç,
siz hem men deý düşüp ejiz,
Gam-gussa gark bolupdyňyz,
zehiniňiz ýanypdy kän,
Men ýaly horlanypdyňyz
siz hem beren wagtyňyz jan.

***

Ýaşym artdygyça, çaşdykça serim,
Islegimi aňlaýaryn şonça az.
Arzuw edýän bolsa diýip mülkýerim,
Emma elim ýuka, işlerim däl saz?
Käte arzuw edýän şan-şöhrat hakda,
Şobada hem muny saýýaryn oýun.
Erbet hem görmezdim aşmagy hetden,
Emma gorkýanymy alýaryn boýun.

***

Güýzüň dumanyna göwrämiz gagşap,
Öýe tarap howlugýarys dessine.
Soňra güň ummanyň güwwüldisine
Diň salan deý, diň salýarys durmuşa.

Göwnümize gögüň otlukly Güni
Bize hemra bolýar çola ülkede.
Görnüp gidýär çeşmä tarap meýil eden
Türküstanyň günortanky bägüli…

Howa sowuk, odun hem ýok bolasy,
Gözgyny Aý penjireden garaýar.

Ýagyş ýagýar, ýel agajy yraýar,
Kalbyň bolsa asla boýun alasy
Gelenok hiç etmejegin miýesser,
Erkana ýüzmegiň gaplap bir heser.

***

Şindi biraz Pawlowsk taýa göz aýlap,
Dertden az-maz saplap bilsem ýüregi.
Bakylyk hakdaky pikirler näme?
Ýok olaryň hiç bir kişä geregi.

Gutulgysyz zatdan bilmen gutulyp,
Emma bu nurana awgust gününde
Biraz söýgi, mähir göresim gelýär
Meni söýmeýänleriň her birinde.

***

Gämiler kem-kem gark bolup,
Çökýärler deňziň düýbüne.
Saýýarlar arasy girdap
Olary dartmaz demine.

Ygşyldysy omelanyň, ( Omela — hemişe gök öwsüp duran gyrymsy agaç.)
Göwnüme edil buz ýaly.
Saýýarlardan bakylygyň
Howasy ýüzüme urýar.
Meniň jahanda ýokdugym
Bilen, aýt, kimiň işi bar?

***

Dynç güni. Maňa kyn barha almak dem,
Barypýatan ýaňra bolaýdym birden.

Gelýär bir zatlara nokat goýasym,
Hemme aňlar ýaly bir zat diýesim.

Dökesimem gelýär okyja içim,
Göwnüni awlasym gelýär her kimiň.

Ýagşy adamlar kän. Olaň öňünde
Başymy egýärin soňky demimde.

***

Balykçyň gaýygy çykdy gök deňze,
Köpük ýaýrap gitdi gelip deňime.
Goňralan şahalar şapak oduna
Ynanjaňlyk bilen baş atdy maňa.

Guş hem saýramaga başlady birden,
Halys irip gaýgy-gussa çekmekden,
Ýeke galyp il gözünden uzakda,
Gizlenip hiňlenýän zadymyz hakda.

Ýyllarboýy siňipdi ol aýdyma
Berlen ömrüň gysgalygy adama,
Hem çekýän gussamyz biderek ýere
Soňra hiç gelmejek zat hakda sere.

***

Haýbatdan, gözýaşdan çykmaz netije,
Gowgaly gün geçdi, gapyda ― gije.

Otly Günüň kiparlap dabarasy,
Iň soňky şöhläniň ýitdi garasy.

Gije düşse uky gelip gözüme,
Belki, ýene ömrüm girer düýşüme

Hem seniň gözüňde synlajagym nur
Eder ýüregimi urmaga mejbur.

Rus dilinden terjime eden Orazgylyç ÇARYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle