|

Göwnüm umytly

Göwnüm umytly GÖWNÜM UMYTLY

Göwnüm umytly

Ah, sen gara bagt ýarym,
Ýüregime nagmadyň.
Bulut kimin yňdyryp,
Gelip geçdiň, ýagmadyň.

Ýa aşamy söýenim,
Ýa-da ol ýetmedimi?
Ýa köşkde ýeke galdyň,
Ýa köňlüm kepbedimi?

Söýgi gizlenpeçekdi,
Gizlensem-de tutuldym.
Saňa gezek gelende,
Del ykbala bukuldyň.

Eger-eger bilmedim,
Öpüşýänçä ýer we dyz.
Goran gar meýdanym, ah,
Bolan eken aýak yz.

Ýene diýdim: -Ilçilik,
Sataşyberýär ýek-tük.
Emma, ýürek urgusy,
Haýallady dük, dük, dük…

Dogry, senem gyýyldyň,
Aýralyga guýup meý.
Biraz ýüzüň saralyp,
Ötürdiň soň grip deý.

Soňra adym deregne,
Goýulanda san sözi.
Käbir atlaň yzyna,
Goşulypdyr jan sözi.

Dumanlyka gözlerim,
Mende kelle wagty säm.
Sen bolsa peýwagtyňa,
Özge gola öwrenşýäň.

Gözleriň ýyldyraýar,
Ýene saçlaryň çözlem.
Gabaklaryň agy däl,
Bagt ýaşyna ezilen.

Käte oýlanýaň, dymýaň,
Nazaryňda asyr bar.
Kä ýöreýäň çalt-çaltdan,
Gyrmyz köýnek pasyrdar.

Lebleriň öwşün atýar,
Gowsüň diýýär böwüsýän.
Ah, şemal çawuş çakýar:
— Oglan, şol ys öwüsýär…

Özgä bakýan gözleriň,
Ykbalyma boýalýar.
Şonda-da kesik göwün
Çapyk tut deý boý alýar.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle