Göwnüm seni
Göwnüm seni
Däli göwnüm melul bolma,
Hoş edermen göwnüm seni.
(Aýdymdan)
Melul bolma sada göwnüm,
Ýazgarma geçmişde meni.
Köp zaman kän bir ullakan,
Hoş edip bilmedim seni.
Oturyşsam hem turuşsam,
Bilerim ýaly çak-çeni,
Jylawyň çekdimde ýördüm,
Joş edip ýörmedim seni.
Golum uzatdym mätäje,
Ýamana bermedim ýeňi.
Ezildim ejiz ýanynda,
Daş edip ýörmedim seni.
Başarşymça bu durmuşda,
Ýaşap ortahal, il deňi,
Öňe geçip, pulum seçip,
Baş edip bilmedim seni.
Goja göwnüm, goýma göwnüň,
Durmuşdyr, bolandyr kemi.
Geçen geçdi, mundan beýläk,
Ýaş edip bilmerin seni.
“Watan” radio ýaýlymy, 03 dekabr 2021 ý. Goşgular