|

GÖWNÜM

GÖWNÜM

***
Gyýyla-gyýyla usurgan göwnüm,
Hiç bir zada parh goýmaýar däli deý,
Öňki deý lokga däl bolupdyr döwnüm,
Özümden öň garrap barýan ýaly heý.

Gysylypdyr-gysgalypdyr has beter,
Äleme-de sygman ýören halyna,
Etsem-goýsamlary şeýle elýeter,
Höwesi ýok egnindäki şalyna.

Elene-elene mähiri öçen,
Gözlerniň göreji garap dur kese,
Magşuk gözeline dünýäsin açan,
Yşgyn rowa görebilmän herkese.

Onuň üçin süýji düýnler ýok indi,
Bir manyda jan aljak, jan berjegem.
Diline-diline ýadapdyr dymdy,
Bolmaýar ol öz göwnüni görjegem.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle