Gowşurylmadyk sowgat (Hekaýa)

Çyň Weý,
 hytaý ýazyjysy
Deňiz joşýardy. Onuň üstaşyr köwsarlaýan şemal özüňi ele almaga maý berenokdy. Ýöne birsalymdan ýatyşyp, kenaryň ýakasyndaky suwlar durlandy. Biz ellerimizi iki ýana gerip, edil uçýan guş mysaly kenaryň gyrasynda eýläk-beýläk ylgaýardyk. Barmaklarymyzyň arasyna öl çäge girip gijedýärdi. Howa diýseň jana ýakymlydy. Liaňdun çägäň üstünde ýatyp adam yzyny ýasaýardy. Aý, garaz, ikibaka ylgap, oýnap keýpden çykypdyk… Ululy-kiçili el-aýak yzlaryndan ýaňa kenar petir bezelen ýalydy.
Tomusky dynç alşymyzyň her bir güni, ine, şeýle geçerdi. Diňe bir kenarýakasynda däl, eýsem, başga ýerlerde-de wagtymyzy şadyýan, gyzgalaňly geçirerdik. Ýöne biziň her gün diýen ýaly kenara barmagymyza sebäp bolýan ýazyjy Ju daýydy. Ol deňziň ýakasyndaky şypahana dynç almaga gelipdi. Ju daýy her gün agşamara deňzi görmäge gelerdi hemem biziň oýnumyza hezil edip goşulardy. Çagalar ýanynda bolsa olar bilen des-deň şatlanýandygyny, özüni edil çaga ýaly duýýandygyny ol ençeme gezek aýdypdy. Ju daýyny bizem gowy görerdik, şonuň üçinem ony oýna goşjak bolup jan ederdik.
Sebäbin-ä bilemok, ýöne bu gün ol gara bermedi. Çynymyz bilen garaşdyk. Birden içi gysan Niňniň deňziň gyrasynda ylgamaga başlady. Onuň ullakan burny bardy. Birsalymdan ol burnunyň üstündäki çägeleri kakyşdyryp, burnuna salyp gürledi:
— Bu gün Ju daýa näme bolduka?
Ol beýleki oglanlara meňzemeýärdi. Beýlekiler agzy bilen geplese, ol munuň üçin burnuny ulanýan ýalydy.
Şol pursat çepiksizje Liaňdunam:
— Belki, syrkawlandyr? — diýip, öz pikirini aýtdy.
Men oturan ýerimden tarsa turdum-da, üst-başymy kakyşdyryp:
— Düýn güýç synanyşamda iki elimiň güýji onuň bir eline deň gelmedi. Şeýle adamyň bir gijäň içinde kesellemegi mümkin däl. Sen şypahana baryp anyklap gelseň gowy bolardy — diýip, Liaňduna ýüzlendim.
Liaňdunyň kakasy şypahanada neçjarçylyk edýärdi. Biziň içimizden diňe şol şypahana girip biljekdi. Ol: «Bolýa» diýdi-de, şol tarapa ýelk ýasady…
Biz Niňniň bilen kenarda garaşdyk. Deňizdäki ak ýelkenli gämileriň ýuwaşlyk bilen ýüzüp gelşi, ak ýelegiň gaýyp ýere düşüşini ýatladýardy. Uzakda bolansoňlar sesleri eşidilmeýärdi hemem peýda boluşlary ýaly gözýetimde ýitip gidýärdi. Öňümizdäki mawy deňiz täsinligi bilen bizi haýran galdyrýardy. Agşamara ýene şemal öwsüp başlady. Niňniň ikimiz çägede arkan ýatyşymyza, Ju daýy bolmasa hiç zadyň gyzygynyň ýokdugy barada özara gürrüň edýärdik.
Birsalymdan Liaňdun ylgap geldi-de:
— Ju daýy ertir öýüne gaýdýar! — diýdi.
— Nämä garaşýas? Beýle bolsa gideliň! Näme üçin düýn bize gaýtjagyny aýtmadyka? Bu bolup biljek zat däl! — diýip, men ýerimden böküp turdum.
Uly burunly Niňniň:
— Biz ony dostumyz ýaly gowy görýäs, şonuň üçinem biziň bilen hoşlaşman gitmez. Liaňdun, sen öte eşiden bolaýma? — diýip sorady.
— Näme? Muny maňa gapyň agzynda oturan Waň daýy aýtdy. Ol Ju daýyny tanaýan eken — diýip, Liaňdun aýtdy.
Biz muňa ynanyp bilmedik. Onsoň nämäň-nämedigine göz ýetirmek üçin gidip görmegi karar etdik.
Şypahananyň gapysy demirdendi. Gara geýnen bir garry adam onuň agzyndaö otyrdy. Daşyndan Liaňdunyň aýdan «Waň daýysyna» meňzeýärdi. Ol bizi saklap, mylakatlylyk bilen:
— Size kim gerek? — diýip sorady.
Biz:
— Ju daýyny gözleýäs. Ýazyjy bolmaly. «Ertir bärden ugrajakmyş» diýip eşitdik. Şoň üçinem hoşlaşmak isleýäs — diýip aýtdyk.
Hytaý çagalar edebiýatynyň görnükli wekili, zenan ýazyjy Çyň Weý 1957-nji ýylda Hytaýyň Diaňsu welaýatynyň Diaňin şäherinde mugallymlar maşgalasynda dünýä inýär. Şeýle maşgalada dogulmagy onuň ýazyjylyk ýoluny saýlap almagyna sebäp bolýar. Weý Nankin adyndaky döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlandan soň, Germaniýanyň Berlin şäherinde telewideniýe boýunça bilimini artdyryp, Diaňsudaky teleýaýlymlar merkezinde ssenariýaçy bolup işe başlaýar. 1989-njy ýylda hytaý-german hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, ony gaýtadan Germaniýa iberýärler. Ol Germaniýanyň Gamburg, Köln şäherlerindäki uniwersitetlerde okap, bilimini hasam artdyrýar. Iki ýurduň dostana gatnaşygyny ösdürmekde wajyp goşant goşup, ömrüniň belli bölegini şoňa sarp edýär.
Ýigrimi ýylyny daşary ýurtda geçiren Weý soňky on ýyllykda «Imperator Tin Şihuaň», «Marko Polo», «Hytaýyň Beýik ýüpek ýoly», «Konfusi» ýaly ona golaý hytaý medeniýeti bilen tanyşdyrýan dokumental filmleriň surata düşürilişine gatnaşyp, Ýewropadyr Hytaýyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär.
Ýazyjylyk ýoluna geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda başlap, Hytaýyň Ýazyjylar birleşmesiniň iň ýaş agzasy hökmünde tanalýar. Onuň «Meniň kepderim», «Gyzyl ýaglykly gyz», «Bilbilleriň saýraýşy», «Ak bulutlar», «Kiçijik şazada» ýaly hekaýalar ýygyndylary çagalaryň uly söýgüsine mynasyp bolýar.
Ýigrimi ýylyny daşary ýurtda geçiren Weý soňky on ýyllykda «Imperator Tin Şihuaň», «Marko Polo», «Hytaýyň Beýik ýüpek ýoly», «Konfusi» ýaly ona golaý hytaý medeniýeti bilen tanyşdyrýan dokumental filmleriň surata düşürilişine gatnaşyp, Ýewropadyr Hytaýyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär.
Ýazyjylyk ýoluna geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda başlap, Hytaýyň Ýazyjylar birleşmesiniň iň ýaş agzasy hökmünde tanalýar. Onuň «Meniň kepderim», «Gyzyl ýaglykly gyz», «Bilbilleriň saýraýşy», «Ak bulutlar», «Kiçijik şazada» ýaly hekaýalar ýygyndylary çagalaryň uly söýgüsine mynasyp bolýar.
Ol biziň her birimizi dykgat bilen gözden geçirdi-de:
— Men sizi şypahanaň içine goýberip bilmen. Onuň ýanynda myhmany bar. Ilki bilen oňa jaň ediň. Telefon belgisi 203 — diýdi.
Biz daşky otaga geçip, stoluň üstündäki ýaldyrawuk telefony galdyrdyk-da, Ju daýynyň belgisini aýladyk.
— Diňleýän!
— Ju daýy, eşidýäňizmi, bu men, Duoduo?! — diýip, men aýtdym.
— Duoduo? Sesiň-ä nätanyş. Kim bolarsyň?
Men saklanyp bilmän güldüm.
— Kenardaky oglanjyk. Her gün kenarda oýnaýan Duoduoňyzy ýatdan çykaraýdyňyzmy?
— Hä-ä, şeýtanlar, bu asyl sizmi?
— Ertir ugraýaňyz diýip eşitdik, bu dogrumy?
— Hawa, ertir ir bilen ugramakçy…
— Näme üçin bize aýtmadyňyz?
— Wah, gaty işli bolamsoň unudaýypdyryn.
— Näme? Heýem dostlaryň bilen hoşlaşmagy ýatdan çykaryp bormy?..
Soragym känem bolsa soramadym. Göwnüme bolmasa, Ju daýy bilen aramyz daşlaşan ýaly göründi. Belki, Ju daýy kenarda oýnaýan çagy özüni çaga ýaly duýup, gündeki durmuşyna gowşanda adaty halyna gelýändir?
Niňniň elimden telefony aldy-da:
— Ju daýy, biz sizi ugratmak isleýäs — diýdi.
— Alada galmaň, meni ugratmaga adam bar. Eýýäm giç, siz, gowusy, öýli-öýüňize gaýdyň-da, arkaýyn dynjyňyzy alyň.
— Beýle bolsa gitmäkäňiz görşüp bilmerismi?
— Bu wagt bolmaz, häzir myhmanym bar. Siz sagat ýediň ýarynda geläýiň! — diýip, ol aýtdy.
Biz öýde agşamlyk naharymyzy edinip, balykgulaklarymyzy aldyk-da, şypahana tarap gyssanmaç gaýtdyk.
Biz Ju daýy bilen kenarda tanşypdyk hemem şol gün şu balykgulaklary tapypdyk. Aýamyzdaky akja balykgulaklar Gün şöhlesine ýyldyraýardy. Gyralarynyň büdür-südüri deňiz tolkunlaryny ýatladyp, örän owadan görünýärdi. Garry adamlaryň aýtmaklaryna görä, bu gymmat bahaly hazynady. Bazara çykarsaň ep-esli pul gazanjagyň gümansyz. Niňniň ikimiz balykgulaklar hernäçe gymmat bolsa-da, dostumyz Ju daýa bermegi şertleşdik, sebäbi tanyşlygymyza onçakly köp wagt bolmasa-da, ol biziň gözümize beýlekilerden has yssy görünýärdi.
Girelgedäki demir gapyň öňüne baranymyzda Waň daýy entegem işikde otyrdy. Ol bize Ju daýyň otagyna nädip barmalydygyny düşündirdi. Otaga girmezden öňinçä hökmany suratda halyny hapalamazlyk üçin aýakgaplarymyzy arassalamagy tabşyrdy. Şypahananyň inçejik ýoluna dürli görnüşli owunjak daşlar düşelip, daşyndan seredeňde güllere meňzeýärdi. Ýoluň iki gyrasyna bolsa kaktus ekilipdir.
Ju daýyň bolýan jaýynyň diwarlary goýy sary reňkde bolup örän gelşiklidi. Biz üstümize serenjam berdik-de, garamtyl gyzyl halynyň üstünden seresaplylyk bilen ýöräp 203-nji otaga bardyk.
Men Waň daýyň aýdyşy ýaly, ýuwaşlyk bilen gapyny kakdym, ýöne jogap beren bolmady. Sagat göni ýediň ýarydy, şondan irem däldi, gijem. Gapyny ýene kakdym.
— Adamsyz otagy näme üçin kakýaňyz?
Bu ses bize aryň wyzzyldysyny ýatlatdy. Yzymyza seretsek bir hyzmatçy aýal durdy. Ol bize geňirgenip seretdi.
— Ju daýyny gözleýäs, onuň bilen ýediň ýarynda duşuşmalydyk — diýip, biz dogumly gürledik.
— Duşuşjagy çyny bolsa onda näme üçin özi ýok? — diýip, hyzmatçy aýal ýylgyrdy.
Ol bize ýalan sözleýändir öýtdi, şonuň üçinem yzyma öwrüldim-de, Ju daýy ýatandyr öýdüp, gapyny hasam batly kakyp ugradym.
— Ol bärde bolsa gapyny açardy, diýmek, ýokdur, şoň üçinem gidiň! — diýip, hyzmatçy zenan gapyň kakylmagyna garşy çykdy.
Biz howlukmaç çykyp gaýtdyk. Ýolda ýene Waň daýa duşduk.
— Ýeri, görüp bildiňizmi? — diýip, ol sorady.
Lapymyz keçdi, şonuň üçinem hiç birimiz jogap bermedik.
— Belki, naharhanadadyr. Ýörüň, meň bilen gidiň-de, ony şol ýerden gözläň — diýip, Waň daýy bizi köşeşdirdi.
Naharhananyň işigindäki çyralar her hili öwşün atýardy. Ondan çykyp barýanlaryň biri maňa Ju daýynyň çep gapdaldaky kiçijik otagda agşam şamlygyny edinýändigini aýtdy. Men girelgäniň daşyndan aýlanyp şol otaga ugradym. Aýnadan otagyň içi görnenokdy. Men ýuwaşlyk bilen gapyny açyp, nahar iýip oturan Ju daýyny gördüm.
Ol gapa ýeňsesini öwrüp oturan eken. Gapdalynda oturanlaryň biri äýneklidi, saçy bolmansoň çyranyň ýagtysyna kellesi ýalpyldaýardy. Beýlekisi bolsa uzyndan arryk adamdy. Olar aram-aram uly sesleri bilen gülüşýärdi. Stoluň üstünde dürli-dümen bardy.
Men uzak wagtlap Ju daýydan gözümi aýyrmadym. Onuň sagadyna seredip, aladaly halda turmak isleýänini görjek boldum, sebäbi ol biziň garaşýanymyzdan habarlydy. Ýöne beýle bolmady, Ju daýy, göýä, ertire çenli oturjak ýaly, arkaýyn iýip-içip degişýärdi.
Men doňup galdym. Ju daýy bizi ýatdan çykarypdyr. Men sesimi çykarman yzyma öwrüldim-de, oglanlaryň ýanyna bardym. Niňniň bilen Liaňdun daşyma geçdi.
— Naharlanyp otyrmy?
— Entek naharyny iýip bolmanmy?
— Bilemok…
— A-how, stoluň başyndan olaň haçan turjagyny sen bilmel-ä? Eger özüm giden bolsam bilerdim — diýip, Niňniň myňňyldawuk sesi bilen gatyrganyp gürledi.
— Wah, ol ýeke däl-dä. Nädip bileýin?
— Ju daýy howlukmaç naharlanýardymy? — diýip, Liaňdun sorady.
— Ýok.
— Sagadyna ýygy-ýygydan seredýärdimi?
Liaňdunyň bu sowalyna-da «ýok» diýäýsem ol zörledip aglaýjak ýaly göründi, şonuň üçinem hiç zat diýmedim. Ol hiç zat gürlemän gabaklaryny aşak goýberdi.
— Eýýäm ýediň ýary bolup esli wagt geçdi. Ol bizi ýatdan çykaran bolmaly. Beýdip durmalyň-da gaýdalyň! — diýip, Niňniň gaharlandy.
— Biz onuň bilen dostlaşdyk. Indi şeýdip aýrylyşaýmaly bormy? — diýip, men sorag berdim.
Liaňdun teselli beriji äheňde:
— Ýok, ýok, gitmäliň. Entek Gün ýaşyp baranok. Ol beýtmek islän däldir. Ju daýyň dostlary kän, nahar başynda möhüm gürrüňleri bardyr. Garaşalyň, ol ertir gidýär ahyry — diýdi.
Waň daýy bize oň otagynda garaşmaga rugsat berjekdigini aýdypdy, şonuň üçinem onuň ýanyna bardyk hemem hyzmatça jaň eden badyna, Ju daýyň otagyna ýöneldik. Hyzmatçy zenan bize otagyň gapysyny açyp berdi. Biz minnetdarlyk bildirip gapydan girdik.
Ýöne uzak garaşmaly bolduk. Şonuň üçinem eýwana çykyp deňzi, wagtymyzy şadyýan geçiren kenarymyzy synlaly diýişdik, ýöne ara juda daşdy. Soň otaga girip, oturgyjyň üstünde uka gidipdiris. Haçandygyn-a bilemok, gapyň sesine üçimizem oýanypdyrys hemem işigiň agzynda duran Ju daýyny görüp, «Ju daýy» diýip gygyryşdyk. Bize gözi düşen şadyýan Ju daýy:
— Duoduo, gijäň bir wagty bärde näme işleýäňiz? — diýip sorady.
— Size garaşdyk, Ju daýy. Ertir ugramakçy bolýanyňyzy eşitdik-de, hoşlaşaýaly diýdik — diýip, men jogap berdim.
Ju daýy hiç zat diýmän bizi gezekli-gezegine synlady. Niňniň gaharlanyp:
— Ýediň ýarynda duşuşmagy gepleşmänmidik? — diýip sorady.
Ju daýy özüni oňaýsyz duýdy. Ol elini maňlaýyna goýup, agras keşbe girdi-de:
— Gepleşipdik, ýöne size garaşyp bilmedim, möhüm duşuşyga barmaly boldum — diýdi.
Men:
— Ju daýy, dogrusyny aýtsak, biz sizden gaty gördük, bizi ýatdan çykaransyňyz öýtdük… Görýän welin, çakymyz dogry çykan ýaly…
Ju daýy gürlemedi. Men Liaňdun bilen Niňniňi alyp gapydan çykdym-da, öýe tarap ýöneldim. Hiç kimden ses çykmady. Kenaryň gyrasyny syryp barşymyza, edil dilleşen ýaly üçimizem birden saklandyk. Aýyň ýagtysyna kenarda bir zatlar ýalpyldaýardy. Biziň depämizde deňiz bar ýaly duýuldy. Şugla saçýan Aý kiçijik gaýyga, daşyndaky bulutlar bolsa ýelkene meňzeýärdi. Ýöne onuň kenary, balykgulaklary niredekä?
Şol pursat Ju daýa sowgat bermekçi bolan balykgulaklarym ýadyma düşdi. Men olary iň soňky gezek synladym-da, deňziň içine zyňyp goýberdim…
