| | |

Göter-göter / satiriki hekaýa

Göter-göter / satiriki hekaýa GÖTER-GÖTER

— Meni ýokarky gatdaky edara işe çagyrdy — diýip, men bölüme girip-girmänkäm mälim etdim. — Bir topar zatlaraam söz berýäler. Tas göwün böleklik edipdim. Özüme zor salyp, boýun towladym. Dogrusy-ha, öňürti köneje işgärlemme geňeşeýin diýdim. Ýeri, nädipdirin? Oňarypdyrynmy?
— Oňarypsyň! — diýip, kärdeşlerim begenmek begendi. — Hany, ony göter-göter edeliň! Aldym onda!
«Baý, işgärlerimiziň ýürekdeşligini — diýip, men ýokarlygyna gaýdyrylyp barşyma pikir etdim. — Gadyr bilýän adamlar. Juda agzybirem üstesine. Gör, begençlerine gaty ýokaryk zyňaýyşlaryny! Iň esasy içlerinde kitüw saklanoklar».
Aýylganç urgy meniň pikirlerimi dyr-pytrak etdi. Meniň maňlaýym potologa degäýse nätjek!
«Kärdeşjagaz bolaýşyňyzy siziň — diýip, aşaklaýyn barşyma oýlandym. — Olaň nä piňine! Maňlaýy ýumruk ýaly çişjek aladalary ýok. Bilýän, Iwannikowdyr bu. Ol beýlekilerden has ýokary zyňýar…».
— Ýene göter-göter edip, ýokaryk oklap-gapalyň!
Meni ýene-de potologa tarap gaýdyryp ugradylar. Men aşak bakdym.
«Berekella — diýip, men öz ýanymdan begendim. — Sylap bilýäler. Edil süýtdeş dogan ýaly-how. Bir Iwannikow öweý ýaly diýäýmeseň. Ýogsa-da, Iwannikow olaryň arasynda görnenogam ýaly-la. Diýmek, meni potologa ýepbeşdiren ol däl-de, başga kişi-dä. Onuň ýaly bolsa, Iwannikow niredekä? Ertiriň özünde… Haýt, al kakmyş diýse!..»
Elhenç düňküldi bar ünsümi sowdy. «Ýene bir ýumruk ýaly çiş galdy öýdýän — diýip, aşaklaýyn gaýdyşyma pikir etdim. Diňe içi ýangynlylar şeýdip biler, Iwannikow niredkä? Näme üçin ol zyňyp-gapanok? Hä, düşnükli. Işe gelýänçä mazaly ýetirendir-ow… Gözüne görkezmeli bor-ow!»
— Ýene ýokaryk zyňyp-gapmaly!
Men ýene-de ýokarlygyna gaýdyryldym.
«Hudaýa şükür — diýip, potologa ýetip barýarkam pikir etdim. — Herhal bular mensizü oňňut edip biljek däller. Görýän welin, işe geçmämi goýbolsun etmeli bor-ow! Indiki barjak ýerimde şunuň ýaly abraý näbileýin bolaýsa?! Ýogsa-da, zyňyp-gapanlaryň arasynda Sisinyna görnenok-la? Hemişe şeýle-dä! Işlemeli bolsa, garasy görünmez. Muň bilenem bellisini etmeli bor-da…»
Öňkülerdenem beter eýmenç düňküldi bar pikirimi bödi.
Birbada essimden aýylypdyryn. Özümi dürsesem, çalaja başym aýlanýar. Asyl, görüp otursam, men potology goparyp, bir gat ýokarda duran bolsam nätjek. daş-töweregime garanjakladym. Bu ýer diýseň göze gelwüli, zynatly, rahat ekeni. Üstesine, bir topar telefonam bar. Poluň ortasam hoňkaryp durdy. Men şol ýerik ýöredim welin, gulagyma şeýle sözler degip gitdi:
— Eý, waý-ýeý! Ahyry dymdyg-ow! Goý, olaram birsalym ejir çeksinler-le. Hany, onda tizräk potology bejerip, düzedeliň!

Grigoriý KROŞIN.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 07.01.1983 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle