|

Goşhaltada galan goşgy

Goşhaltada galan goşgy GOŞHALTADA GALAN GOŞGY

Goşhaltada galan goşgy

Ýykyldym kä, ömrümde,
Ýadymdan çykdy gitdi.
Arşa galan döwrüm-de,
Aňymdan ýitdi gitdi.
Ýöne…
on ýedimdekäm,
On altyňda, gyz, sen-de,
Obanyň eteginde
Giç agşam ekine biz,
Suw tutanda ikimiz,
Tötänlikde degende
Bir-birmize elimiz,
Galpyldady bir demde,
Bütin göwrelerimiz.

Gaçdy pilim egnimden,
Ýagçyraň seň eliňden.
El-aýakda sakladyk,
Böwedimiz ýykmadyk.
Günäsizje utanyp,
Bir-birmize bakmadyk.
Näm bolsa boldy bize.
Oňaýsyz duýup özüň,
Sen tiz gaýtdyň öýňüze.

Gursagy ýarjak bolan,
Şol galpyldy, gürsüldi,
Düşünsem indi-indi,
Ejap-haýamyz eken,
Agraslyga ýugrulan,
Hamyrmaýamyz eken.

Şol galpyldy, gürsüldi,
Dert hem däldi, em-ýom-da.
Şatlyk däldi ýa gam-da,
Näm bolsa-da şo galdy,
Ömürlik hakydamda.

2007 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle