| |

Goşgular yazjak

Goşgular yazjak GOŞGULAR ÝAZJAK

Goşgular yazjak

Göýdüklikden ýaña ýarymsamrama
Dönýän sözlem narkoz astynda ýaly…
Meñ bolsa şeýle söz tapasym gelýä
Dañ hem agşam şapaklary mysaly
Görki bolsa aý astynda taýy ýok,
Gözüñ bilen içdigiñçe suwsatsa.
Görgürligi wagty temene sapyp,
Geçmişi şu güni geljege çatsa,
Duýgur bolsa sessiz galan sözlerim,
Saz bolup ynsanlañ guçsa kalbyny
Ýelekçe-de duýman göterse göwün
Agyr bolup az sözümiñ agramy.
Jümmüşine çümüp pikirlerimiñ
Kän agtardym okan sahypalarmy.
Gözledim içinden şükürlerimiñ
Çetde goýman tobamy hem sabrymy.
Kölegesi kimin goýbermän yzyn,
Gözledim sözleriñ içinden ýazyn
Söze öwrüp duýgularymyñ sazyn,
Çeşmelerden içen gözlermiñ ýagyn,
Tolgunmamdan gygyryp durka Azan,
Şol sözüñ ugrunda bolup sergezdan
Üýşürip çaşyryp bilenmiñ baryn
Gözledim.
Gözledim sözleriñ binagärini
Köñüllerde gül bürenen jaý gurjak,
Sözleriñ daýhanyn sepen tohumy
Döwlen ruha ýañadandan jan berjek.
Sorasañyz: «Ol sözleri näme etjek?»
Ýüregme jüñk boljak şol sözi tapsam,
Käbäm ejem hakda hem kakam hakda
Her seslenen kalba mährini berjek
Goşgular yazjak.

O.Bäşimowa.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle