Goşgular, goşgular…
Goşgular, goşgular…
▶ GOŞGULAR, GOŞGULAR…
A.Prokofýewe öýkünme.
Goşgular, goşgular,
Baý, köp-ä bular.
Munça-da bir goşgy bolar oguşýa.
Nämüçindir, başarýanlar az goşýar,
Başarmaýan kän goşýa.
Gürrüñim ýok başarýanlar hakynda,
Bu gürrüñim başarmaýan hakynda.
Emma weli, näçe başarmasa-da
«Başarýan!» diýp,
baş bermeýän hakynda.
Çapýar ol atyny,
Gamçylap çapýar,
Bir arapdan çykýar,
birem şarapdan.
Gamçysy hem, eýeri hem agaçdan,
Agyzdyryk, uýany hem agaçdan,
Wah, hiç-le bularyñ agaçdanlygy,
Ýöne, arman, atyñ özem agaçdan.
Wah, hiç-le atyñ hem agaçdanlygy,
Arman, at sürýäniñ özem agaçdan.
Belki, şeýdip çapyp ýörse agaçlar
Bedewe öwrüler ýuwaş-ýuwaşdan.
Äwmeklik şeýtandan,
Sabyr Rahmandan,
Belki-de öwrüler. Men-ä garaşýan.
Ýöne häzirlikçe, baý, köp-ä bular,
Munça-da bir agaç bolar oguşýan!
Bagyşlañ. Goşgular