| |

Goşgular çemeni -2

Goşgular çemeni -2

■ Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda

Baglar ýetişipdir, gör, niçik gözel,
Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda.            
Aýdym-saz ýaňlanýar, ýaňlanýar gazal,
Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda.

Arzuw-hyýal ýüplerini işersiň,
Göwnüň galkar, derýa bolup daşarsyň,
Ak ýürekmiň, Hydyr Ata duşarsyň,
Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda.

Ynsan keremine guwanýa iller,
Hem eýläk, hem beýläk awtomobiller.
KRAZ-lar,
        URAL-lar
            TATRA-lar,
                    Zil-ler,
Aşgabat-daşoguz asfalt ýolunda.

Gadymy Was,
 Aşyk Aýdyň, 
Derweze
Aşa juwanlanyp, ylham biýr bize,
Özgeren meýdanlar girip dur göze,
Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda.

Ýolagçy köňlünde şereket bardyr,
Gije-gündiz gatnaw—hereket bardyr,
Şübhesiz, harmana bereket bardyr,
Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunda.
        Beýtler
Uky bir gowy zat, wah, ýöne süýji
Aşa süýji bolsa, gaçyrýar güýji.
            ***
        
■ (Taňra ýüzlenme)

Işiň öz ýeri bar, ukyň öz ýeri,
Gaflat ukusynda galdyrmaweri!
            ***
Dogry söz depäňi göge direder,
Egri söz adamy içden çüýreder.
            ***
Seredip otyryn bir gözel gelne,
            Şoňa zar etme!
Olam, toba, menden gözün aýranok,
            ýöne, suratda.
            ***
Zamana bulaşsa görýäs pelekden,
Sebäbini geçirmeýäs elekden.
            ***
Okamak diýmegiň manysy kändir, 
Ol diňe harplary tanamak däldir.
            ***
Gündiz bilen gije – her biri başga,
Biri işe çeker, ol biri- yşka.
            ***
Söýgi näme?-diýýäň,— söýmekdir söýgi,
Süýt ýaly ýaşaýşa gaýmakdyr söýgi.
            ***
Ylym-älem, gat-gat hem hüjre-hüjre,
Sen ybrat al, gir-de şol älem içre.
            ***
Ylymsyz bir kördür, gözlüdir gözli,
Iýer-içer…onda ýok başga çözgi.
            ***
Men indi bir mahalky eňek tutýan hötjet däl,
“Ýak!” diýmani bes etdim, mälemäni öwrendim,
Mälejek men, mälemekden başga bir iş etjek däl!
        ***
Ylymlydyr kimde edep bar bolsa,
Hem edebi ile äşikär bolsa.
            ***
Erbet bolsa eger adamda gylyk,
Ol diňe harlara çopan ýa çoluk.
            ***
Özüňi tanamak sungat, roman,
Ýöne kim bar özi özün tanaýan?
            ***
Duýgy bir süýji zat- ömrüňe tekge,
Söýgüden baş tartma, galarsyň çetde.
            ***
Bolardy ikimiz berilsek yşka,
Gündizler bir bölek, gijeler başga.
            ***
Gara “Gara!” diýsek, aga “Ak!” diýsek,
Ne gowy bara “Bar!”, ýoga “Ýok!” diýsek.
            ***
Aýan däl ýalydyr haramyň işi,
Emma ki kämildir ählihalk huşy.
             ***
Mylakatly bolmak- sözüň nurudyr,
Halala seretmek- gözüň nurudyr.
            ***
“Men mert!” diýse, özem bolsa ulumsy,
Oňa gülüň, ony ýaňsa alyň siz!
            ***
Mertebesin saklap bilmeýän bir kim,
Gaçyrýar iliniň jemgylyk görkün.
            ***
“Men!” diýip öwnende haýsy bir ketgen,
Ony ýeller dalap, tary-mar etgen.
            ***
Bir görüp, ol gowy, ýa ýaman diýme,
Wezipe ber, syna, ýa öwüp syna!
            ***
Çyn bedewi söýmek, sylamak adat,
Ýaba-da şoň ýaly garamak hajat.
            ***
Gözelleriň gözi  gözel zatdadyr,
Ýigitleriň gözi perizatdadyr.
            ***
Maslahat berýän kän, derdi bilmek kyn,
Akyl satmak aňsat, akyl almak kyn.
            ***
Yşkymyň nyşany bir desse çemen,
Gyz alsa ne ýagşy, almasa ýaman.
            ***
Men-aşyk, ýok meniň erk-ygtyýarym,
Hesret hem, eşret hem özünde ýaryň.
            ***
Garradyňmy? Indi ägä bol etden,
Zyýandyr saglyga iýdigiň köpden.
            ***
Pöwhe adamlaryň ýeldendir aty,
Ile ryswa bolup çapýandyr gaty.
            ***
“Dinden çyksaň çyk welin, ilden çykma” diýlipdir,
Gör-bak, il-gün dinden-de has ýokarda goýlupdyr.
            ***
Il göwni giň, ýol bermeýär seçime,
Ýamanlaram sygdyryp ýör içine.
            ***
Ýüz göterim gowluk ýokdur, eşde gal,
Her ýürekde bahar-da bar, gyş-da bar!
            ***
Dünýäde samsyk kän, muň bir beýany:
Samsykdan alypdyr ol terbiýäni.
            ***
Dünýäde dana köp- ylahy emläk,
Ol dana bolupdyr danany diňläp.
            ***
Yşky habar, gyza gül berdi Bilbil,
Gyz göwnüni yşka düşürdi şol gül!
            ***
Dür barada gürrüň gyzdy-galňady,
Guwwas hakda welin ýatlan bolmady.
            ***
Gündiziň yşky mylaýym, bir gözel aýdyr göýä,
Gije yşky ot-ýalyndyr, ok bilen ýaýdyr göýä!
            ***

■ Ikinji nusga:

Gündiziň söýgüsi Aý dek mylaýym ýazdyr anyk,
Gijäniň söýgüsi Gün dek ot-ýalyn, közdür anyk!
            ***
Ýaý berme her näçe diýseler “ber ýaý!”,
Aýalyň şerraýmy bol senem şerraý!
            ***
Ol döw dek ýigidi tanaýar hemme:
Sebäbi el serip, dileýä teňňe!
            ***
“Hünär baryn öwrendim” diýp, ýadawlykdan egrelme,
Ýene öwren täze hünär, könelernem ýigrenme!
            ***
Mugallymyň baş maksady terbiýe bermek, elbetde,
Ýöne sowat, bilim, ylym galmaly däldir bir çetde.
            ***
Söýgi derdi ýaly lezzetli derdi,
Kim haçan eşitdi, kim haçan gördi?!
            ***
Söýgi ter hem baky pikirlerdedir,
Ykbala tagzymdyr-şükürlerdedir!
            ***
Bu durmuşda myrat bar, bar ýene namyradam,
Söýüp ýaşasa ýagşy bir adamy bir adam.
            ***
Bilbil saýrap tapsa gadyr-gymmaty,
Bedew aýagyndan çekýär minneti.
        ***
Möwsümdir dirikä şahyryň ömri,
Soň…başlanýar onuň bakylyk döwri.
            ***
Husuryň bar bolsa aglap egisgin,
Dolar ýüregiňe tüze öwüsgin.
            ***
Dana adam ýol goýmaýar melela,
Ol hemmäni çagyryp ýör halala.
            ***
Beden terbiýesi saglyga melhem,
Saglygyň bar bolsa – solmaýan gül sen!
            ***
Ähli gowulyklaň çeşmesi-saglyk,
Ýüzüň nur şöhlesi—keştesi saglyk!
            ***
Döwrümize kitap söýýäni gerek,
“Okadym” däl, “bildim” diýýäni gerek!
            ***
Bilim-şemdir, ylym- Gündür, ýagtydyr,
Bilim-seniň, ylym-kalkyň bagtydyr.
            ***
Ýaňsy, tankyt, dolulyk hem boşluk bar,
Gülkiň bar ýerinde wagtyhoşluk bar!
            ***
Başarsaň, elbetde, aglama, emma,
Ýyrşarybam ýörme duşaňda hemmä!
            ***
Kitaby dost tutan, maňzyn çigitlän,
Ol danadyr, ýöne-möne ýigit däl.
            ***
Mertebe deňligi iň gowy deňlik,
Beýle zat ýok bolsa-bu örän geňlik.
            ***
Toba etmek bet bir pälden dönmekdir,
Ata-baba dogry ýola gönmekdir.
            ***
Kiçä söýgi, ula goýulsa gadyr,
Adamkärçiligiň manysy şodur.
            ***
“Babalarmyň ruhy meniň baýlyk mirasym”-
Diýseň, şu günki goja, şek-şübhesiz biýr “häsin”.
            ***
Adama sarpa goýsaň- Watany söýdügiňdir,
Sebäp, ADAM hem WATAN iň beýik aýdymyňdyr!
            ***
Akyl eýle, bu dünýäniň ýagşysy bar, ýamany bar, 
Ahmal bolma, iň bir näzik güldür weli, temeni bar!
            ***
Göreniňi gördüm diýme,oýlan-ölçer ozalynda,
Görmedigňi gördüm diýme, zowal bardyr ezelinde.
            ***
Aýjemalyň ak syraty gädiginden bellidir,
Her kesiň kalp suraty ädiminden bellidir.
            ***
Nädürs ýa dürs hereket bilinmeýän zat däldir,
Öňde-soňda saldarlap görmek ilde ýat däldir.
            ***
Halk-terezi—şol gapanda ne öli, ne diri ol,
‘Tokaý otlap adygan” men-menleriň biri ol.
            ***
Çagaňyza terbiýe doglandan berip başlaň,
Öwgi bilen hüwdüläň, akyl bilen taraşlaň!
            ***
Gurmak kyn, ýumurmak şeýle bir aňsat,
Abatlamak müşgil, asandyr berbat.
            ***
Durmuş diýilýän zat şeýle bir kelep,
Ony il-halk bolup çözlemek gerek.
            ***
Şeýle bir tanşym bar, geň-taň halatly,
Diýsem şolaň birin: ýekeçanakdy!
            ***
Bolma ikiýüzli, ýa ikidilli,
O hili “adamdan” gaç belli-külli!
            ***
Nebis belasyny terk eden adam,
Iman şerbetinden müň merte dadar!
        ***
Ynamsyzlar ynamlynyň kastynda,
Sebäp: ynam iň beyik zat aslynda!
            ***
Öwgüden aýlansa kimiňdir başy,
Gedemlikdir onuň baky ýoldaşy.
            ***
Bedeniňe erk et, ber terbiýäni,
Sebäp: hereketde bolýandyr many.
            ***
Umumy paýhas bar aňda-akylda:
Gowudyr her ki zat dursa çakynda!
            ***
Biz birek-birege berýäris many,
Şol sebäp gymmata eýedir pany.
            ***
Dostluk duýgulary baýlyk barydyr,
Söýgi şol baýlygyň şamçyragydyr.
            ***
Geçen ýollaň ömür basgançagyňdyr,
Gelse ajal, toprak- ýassanjagyňdyr!
            ***
Eý, adamlar bir-birege ynanmazlyk bet gylykdyr,
Ynanyp hem göwün awlap ömür sürmek bagtlylykdyr.
            ***
Bir nebsewür alsa eger, ýer ýüzüniň tyllasyny,
Gözi doýmaz, ýene istär, ýada salmaz Allasyny.
            ***
Aýdaly, bir samsygyň tötänden bagty geldi:
Gündiz onsuzam gündiz, gijesem “ýagty” boldy.
            ***
Birimiz dünýewi- aňda adalat,
Birimiz yslamy – Allaha tagat!
            ***
Ol şaýy, hem däl ol kerem-halatsyz,
Ol sünni- şeýleräk bölek-bölek biz.
            ***
Tut misil: tanajak bolsaň durmuşy,
Ak bilen garadan onuň gurluşy.
            ***
Goşulmaýan bolsaň ýalana-galpa,
Şol hem ýagşylykdyr Watana, halka!
            ***
Ak, gara ýa gyzyl bolsa-da reňki,
Her ugra adamyň agmasyn eňki.
            ***
Sap-sary reňkine çalşyryp ýaz ýaşylyny,
Güýz geldi arkasyna göteriň hasylyny.
            ***
Men asla baýlyga etmedim höwes,
Uýat-haýam bilen aklym bolsa bes!
            ***
Bir dügür nan zaýa bolsa, bir damja der yrýa bolar,
Bir bitin nan zaýa bolsa, gözde ýaş derýa bolar.
            ***
Garyşboý bugdaýlyk – gözüň ylhamy,
Altynbaş bugdaýlyk – sözüň ylhamy!
            ***
Ilde müň-müň gylyk- durmuş beýany,
Ýagşysy, ýamany, ortamiýany!
            ***
Hatyralap ýatlasaň bar, söýseň bar,
Türkmeniň danasy näçe diýseň bar!
            ***
Üç ýoluň kynyny saýlaýar çyn är,
Işiň aňsadyny kim başarmaýar?!
            ***
Kitap bir hazyna, taglymyn çöple
Hem durmuşdan öwren, sen soňra geple!
            ***
Ynam bildirseler asla guşagyňy çöşünmegin,
Hem berlen şol wezipä “Döwran!” diýip düşünmegin!
            ***
Ata ogly bolmak agyr bir iş däl,
Emmaki, halk ogly bolmakda iş bar!
            ***
Zenan gözelligi saçda bolýandyr,
Ynsan gözelligi içde bolýandyr.
            ***
Gumman Saryýewiň  garady keşbi,              
Ap-ak kalby welin goşgudy goşgy!
            ***
Şat geçer daýhanyň gyşda her güni,
Asla dynç almaýar çopan görgüli.
            ***
Men bizyban galdym, essim aýyldy:
Sözlerim ses bolup dünýä ýaýyldy!
            ***
Ulaldym goşgulaň “eskorty” bile,
Hem maşk etdim şonuň “sporty” bile.
            ***
Jandyr- yşky ataş bilen söýülýän,
Jandan-da ileri Watan diýilýän!
            ***
Söýgi duçar edip telim örtemä,
Ahyrda ýetirýär belent mertebä.
            ***
Bilýäňmi, kim dünýäň göwsünden emen,
Ol—agrasdyr-ýeňil, ýagşydyr-ýaman.
            ***
Akylly bolbiler akmak şekilli,
Akmak hiç haçanam bolmaz akylly.
            ***
Tebigat diýilýän gül bilen tiken,
Durmuş diýilýänem şeýleräk eken.
            ***
Sygmak üçin Taňryň beren hamyna,
Sygmak gerek öz kelläňe—aňyňa.
            ***
Akylly mätäçdir akyl berjege,
Akmak welin akyl almaz birjigem.
            ***
Men bu gün eýeläp jennetiň törün,
Ýalan sözlemäni öwrenip ýörün.
            ***
Paýhas et hem ýaşa, az gürlejek bol,
Hiç haçan hiç kime el sermejek bol!
            ***
Uly daglar, kiçi daglar,
Dürden doly içi daglaň.
            ***
Kalp sahabatynyň dury aýnasy—
Durşuna baýlykdyr türkmen ýaýlasy.
            ***
Özi öz gaýgysyn edýän kim biri,
Birçakgy ölüdir, bolsa-da diri.
            ***
Atalarmyň ahlagy,babalarmyň edebi,
Goý, bizi dünýe görsün, bile seýran edeli!
            ***
Lowla-ýan hem gaýna-çog, eý, sen, meniň gazalym,
Öçsün diýip ýakmady seni Sähragözelim!
            ***
Hasyly köp daýhan, keýpi kök daýhan
Begenýär il-güni bolsa dok, daýhan!
            ***
Daýhan gyş-aýazda ýatyp dynç alar,
Mal eýesi çopan haçan ynjalar?
            ***
        
■ Ikinji nusga

Ýagyş-garda daýhan dynç alar-ýatar,
Gyş,ýagmyr çopanyň janyndan öter.
            ***
Bilip goýuň ýakyn-alys halaýyk:
Türkmenistan seýran-seýle ylaýyk!
            ***
Söýgi ýaly heý, zat barmy hesretli?
Söýgi ýaly, heý, zat barmy eşretli!?
            ***
Türkmendigmi biljek bolsaň hanogul,
Söz manysyn çözleýşimden aňlagyl!
            ***
Daşky keşp-geýnişim millidir, ýöne,
Içki milliligim ezeli-köne.
            ***
Gülmegiňde çaky bar, bolsa-da ol halanan,
“Köp gülen bir aglar” diýip, aýdypdyr-a danalar.
            ***
Hikmetli söz aytsa kim biri, diňle:
Aňla hem kabul et, kalbyňda jemle!
            ***
Pespäl bol, burnuňy bermegin ýele,
Berdigiň öwser sen ýel bilen bile.
            ***
Sözi bardyr gülüşerlik-gülerlik,
Gözi bardyr, kim nähili, bilerlik!
            ***
“Gara nebsim” diýip, ýapyrlyp ýatsam,
Rza men, eý Taňrym, dowzaha atsaň!
            ***
Men şeýle hilegär, şum bolup bilýän,
Tilkä hem şagala al salyp bilýän!
            ***
Keşbi gara, içde gara ýok eken,
Içi gara, daşy welin ak eken.
            ***
Ýürek bent sähra, dag, baýyrňa, Taňry,
Meni tebigatdan aýyrma, Taňry!
            ***
Ol özüni aýamaýar aç-açan,
Sebäp kör düýesi köprüden geçen.
            ***
Derýanyň joşmasy – yşkdan alamat,
Derýanyň daşmasy – uly belamat.
            ***
Yşka ýanman, “Mejnun-däli men!” diýme,
Bir görüp, soň “Söýen ýaly men!” diýme!
            ***
Aşyk bolsaň, gara gözlerde saklan,
Şahyr bolsaň, dilde-sözlerde saklan!
            ***
Aýaly “Iýdi” ärini, äri “Iýdi” aýalyny,
Düşnüksiz. Bir Alla bilýär är-aýalyň hyýalyny!
            ***
Adam boljak bolsaň, diýme “Kämil men!”,
Ilki köpüň ykrarynda tämizlen!
            ***
Gowy sulhyýetleri ýygnap gezýän çemçeläp,
Käte hem öz-özümi  iýip ýörün kerçeläp.
            ***
Şükür il-gün sylaýar, bolýan hoşhal, dogrusy,
Käte dost men özüme, käte duşman, dogrusy.
            ***
Çyn dost gözläp öläýdim, duşman geçdi o haýran,
Ynha, indem gaty giç, dertleşerden, wah, arman!
            ***
Maňa-saňa gam bermesi pelegiň
            şol bir sebäpden,
Şeýle günde bir-biregiň göwnüni
            tapmak sogapdan!    
            ***
Kä görseň şatlykdan doludyr gursak,
Kä golaý gelenok şoň ýaly pursat.
            ***
Hak sözmi ýa galp söz – aňla parhyny,
Manysyna görä kesgil nyrhyny!
            ***
Bar diýip türkmeniň Magtymgulysy,
Galypdyr bu taýda bagtyň ulusy!
        ***
Mirasym-da, Ahmet Mämmet adym-da
Uly sylag, galsa halkyň ýadynda!
            ***
Her gije men seni düýşümde gördüm,
Oýansam ýitirdim, agraldy derdim.
            ***
Sen janym eken sen, hyýal sen başda,
Janda jan galmady, köýdi ataşda.
            ***
Men akyl satmaýan, sözüme sal diň,
Özümdäkijänem  illerden aldym.
            ***
Süwümsizlik ata-baba gylykmy,
Ýa olam soň dörän türkmençilikmi?
            ***
Göwnüme halaldan käniräk haram,
Çyn ýalyrak welin, ýol alýar karam.
            ***
Gujagynda gül bar, uly bir desse,
Wah, men ýar gujagna bererdim bazy,
Şol desse gül bolmak miýesser etse.
        ***
Söýgüň bilen ýugur-eýle,
Şeýdip rahaty jan eýle!
        ***
Öz keýpine görä ýaşasa her kim, 
şol adam azatdyr, şol adam erkin.
        ***
Aşygymy atsam men, alçy gopsa negada,
Ýiten umydym ýene kalba dolýar şo bada.
        ***
Berhiz saklap, hereketi köp bolan,
Bilsin: husurlary derhal dep bolar.
        ***
Şu günki danadan düýnki bir tentek
Akyllyrak bolup görünýär entek.
        ***
Daýhanyň harmany ýaz bilen geler,
Akyla seljerme güýz bilen geler.
        ***
Köküň egri – egri kök ýalysyň sen,
Köküň dogry – edil ok ýalysyň sen.
        ***
Il-ulsun unudyp ýaşasa şalar, 
täjinden daş düşüp, lagnatda galar.
        ***
Edilýän her bir iş gizlense köpden,
Il içi hyň berer her dürli gepden.
        ***
Guluň haky haram hak bolsa erbet,
Oňa azatlykdyr iň süýji şerbet.
        ***
Çyn körler hiç zada ähmiýet bermez,
Gözi bar körlerem ýagşyny görmez.
        ***
Nebsewür gözlerde galp bar, ýalan bar,
Şol gözler zerarly dünýä bulanýar.
        ***
Halk adamsy il-gününden edýän işin gizlemez,
Dana adam hiç bir haçan pakmaňyz söz sözlemez.
    ***
Şol bir zatlar gaýtalansa, nirde bolsa parhy ýok,
Şeýle zatlaň il içinde bir teňňelik nyrhy ýok.
        ***
Kaýyllyk et öz bir gazananjaňa,
Bilgin, halk namysy deňe-deň jana.
        
■ Ikinji nusga

Buýsanyp ýaşagyn gazananjaňa,
Kanagat et düşüp duran damjaňa.
        ***
Mebsiňi şagladyp daş düşme Hakdan,
Bu babatda nusga algynyň halkdan.
        ***
Sönmeýän yşk bolup giripsiň ýada,
Göz hem ýürek seni kýüseýär käte.
        ***
Bitmez bu dünýede hiç bir geregim sensiz,
Boş bolup dur, gel, seret, teşne ýüregim sensiz.
        ***
Gül sözün sähraň öňünden nagyşlap goýdum bu gün,
Hem sährany hem ýene gül sözün söýdüm bu gün.
        ***
Halka  peýdalygyňda Gün ýaly bol,
Göwün şeýdalygyňda gül ýaly bol!
    ***
Bolýar adam gök dirän agaç mysaly,
Ýa içinden çüýään agaç mysaly.
        ***
Gün ýaşaýyş, onuň ot ýalkymy bar – 
bu söýgi, ak ýüzi, ak alkymy bar.
        ***
Bir mahal söýenim indi göwn açmaz,
Barybir, görmesem günlerim geçmez.
        ***
Özüňden göwnüňi geçirme, eý, sen,
Çyn söýgüň ýanynda nämejik segsen?!
        ***
Il akylsyz bolsa senem şeýlesiň, 
akmaga çäre ýok, Alla neýlesin.
                ***
Ogul-gyzyň bolsa eger kemally,
Kalbyň rahatdadyr, göwnüň şemally.
        ***
Namyssyzlyk diýsek, eger, namysy,
Gaçmazmy durmuşyň mazmun-manysy?
        ***
Oglum, saňa nesihat, haramlara baş goşma,
Tut kalbyňy päkize, halallykdan daşlsaşma!
        ***
Akyl adam köp geplemez—ýaňramaz,,
Aňy sagat bolar-bolmaz samramaz.
        ***
Kölegesi gaba adam, özi welin dynnym, ylla,
Alahekek bu adamy depäme gondurma, Alla!
        ***
Bir gün meni meniň söýgüm peselder,
Sebäp, açylamok yşky keselden.
        ***
Geler ýaly Aý bolup gijelerne geleňde,
Men seni “Aýym!” diýip göterdim has belende.
        
■ Ikinji nusga

Aý hasaplap göterdim mertebäňi belende,
Senem indi gijeler Aý bolup gel geleňde!
        ***
Ata mündüm diýip mes bolma aşa,
 Tersine göwnüňi pes tutup ýaşa.
        ***
Gorkuzyp dostuňyň alma hakyny,
Alladan gork, bilip ýaşa çakyňy!
        ***
Gursagny söýgüden dolduran adam,
Baky bagtlylygyň melhemin dadar.
        ***
Ol çinine görä örän gowy adam,
Ýöne ol dem alýar badyhowadan.
        ***
Ogul dogsa atadan il-halkdan daş bolmagaý,
Dälibaş jöwen ýaly bigerek baş bolmagaý.
        ***
Bagtly bolmak üçin şeýle taýynlyk:
Dokmädelik , öz hakyňa kaýyllyk.
        ***
“Alla, Alla!” diýip, gygyrma aşa,
Ol halar işlere baş goşup ýaşa!
        ***
Öňde-soňda bolmandansoň erk onda,
Tentek heniz sag saýylýar türkmende.
        ***
Geňeş etse asly dana bir peder,
Ogullarnam açyk-aýan gürleder.
        ***
Beýik bir wezipä saýlansa aşpez,
Halkyň aç-horlugy ýadyna düşmez.
        ***
Beýik, täsin, bu binalar Arkadagyň keramaty,
Olary gören gözlerde oýnaberýär humar aty!
        ***
Bir-biregi aldaýas, aldamak adat boldy,
Sebäbini bilýän ýok, oňa ne hajat boldy?
        ***
Indi bu mätäji dünýä dogry-hak sözler gerek,
Olaň dogry-gyşygyn saýlaýan gözler gerek.
        ***
Gezekli nahar çemçä kaýyldyr baý hem gedaý,
Bakyýa gitmek üçinem nobat beripdir ol-Hudaý.
        ***
Meni öwüň, ýöne duruň bir çakda,
Ilde gybat döredäýmäň men hakda!
        ***
Kim soňun saýmasa edýän işiniň, 
Galan et işini görer dişiniň.
        ***
Wezipelä hormat, raýata gadyr,
Adalat diýleniň manysy şudur.
        ***
Ykbalyň öňünden bilinmeýäni
Şeýle bir gowy zat, siz alyň many.
        ***
Edeni öňünden geçip dursa bes,
Ile goşulmagy etmez ol höwes.
        ***
Ýalňyşlykmy – “ýalňyş”, dogrumy –“Dogry”—
Diýer ýene ýene ýalňyşar, sebäp,
Olam çig süýt emen adamyň ogly.
        ***
Kimde bolsa örän oňat gylyklar,
Diňe şol adamda ynsançylyklar!
        ***
Agyr bolan bolsady,ýelek ýele gaýmaýar,
Adam bolan adamdan özün aýry saýmaýar.
        ***
Bir çen boldy indi, eý, däli göwnüm,
Aýnamaňy bes et, sag ýola öwrül!
        ***
Sorasalar: kim bar nebsini örklän?
“- Hanha!” diýip meni görkeziň, gorkmaň!
        ***
Baş Kanuna görä tutulsa her iş,
Şol iň beýik ýeňiş, şol beýik bir iş.
        ***
Bolmasady akly terne pasyklar,
Hiç kes ýoldan çykmaz, hiç kim tazykmaz.
        ***
Halal adam öwlüýädir dirikä
Hem tutuş bir halkyň diňe birikä
        ***
Düşek edip ulansaň, haly-palas gerek zat,
Ýygnap goýsaň ulanman, barybir biderek zat.
        ***
Samsyk ogul minnet eder atasyna, enesine,
Olary-da çürkejekdir, alyp bilse çemesine.
        ***
Bar türkmende iň bir kämil ýörelge:
Magtymguly – hertarapdan görelde!
        ***
Sabyrly bolmagy ýigrenýän örän,
Wah, ýöne diri men, ýagdaýa görä.
        ***
Tekepbirlik – eger Alla gargasa
Ýaraşýandyr albassa ýa arwaha.
        ***
“Dogrymy aýtsam urýarlar”—gadym şeýle aýdylypdyr,
Häkimlerde dogry bir söz ýalan-töhmet öýdülipdir.
        ***
Alsa bir kim halk paýhasyn zorluk bile,
Ýolun tapmaz, öter gider şeýle şowakörlük bile.
        ***
It üýrse – it, uwlasa – möjek.
        ***
Meniň bilen ganatlandy bedewim,
Hem ýer-asman gördi onuň edebin.
        ***
Bu güneşli ülkede ýaşamak bagtdyr bize,
Aekadagyň söýgüsi nesýe däl, nagtdyr bize.
        ***
Gökden inip gelenler—bizi dünýä berenler,
Şolar biziň aňrymyz: perişdeler, erenler.
        ***
Eý, Adam, asmana gitdigiň galgap,
Dana däldigiňi il biler aňlap.
        ***
Kim bolsa-da ili horlan jezasyn çeker, elbetde,
Bagtlylyk hem bazgtsyzlyk çalşyp dur bu hylwatda.
        ***
Bar mende bir synmaz akyl gämisi, 
Ol- beýik Pyragyň goşgy-namasy!
        ***
Pyragyň paýhasy duz bilen çörek,
Ony hut şeýle hem ulanmak gerek.
        ***
Pyragyň sözleri ertire sargyt,
Ýagşyga alkyş bar, ýamana gargyş.
        ***
Dyzlarym, epil, gözlerim, agla, dillerim, ýalbar,
Maňa rehim etsin, ýandyryp ýörmesin dilber!
        ***
Adam bar, zandy ham, özün ham bilmez,
Ol omy näbilsin bolsa aň bilmez.
        ***
Beýik bir hadysa dykgat bermeli,
Magtymguly ötgür sözüň mergeni!
        ***
Azat bolmak diýmek –erkin  hereket,
Erkin  hereketde döwlet, bereket.
        ***
Halallyk häki bir söz ýa-da ses däl,
Şol halaldyr: işjeň hem bolsa pes päl!
        ***
Beýik bilen jedel edişmek mümkin,
Emma ýürek bilen… gidişmek iň kyn.
        ***
Bu gün görýän bolsa haramdan maza,
Ertir ýeter oňa halaldan jeza.
    ***
—Bagt öz-özüňe bat bermekmidir?
—Ýok, bagt il diýip jan bermekdedir!
        ***
Bagtyň nämedigni bilmeýän adam
Oňa ters düşünip, ters ädim äder.
        ***
Ol hem il hatary bolsa-da doglan,
Dänjiklendirlipdir çagaka, oglan.
            ***
Ýurdy ekläp-saklaýan babadaýhandyr, anyk,
Şol sebäpli göwnümiz läle-reýhandyr, anyk!
        ***
Ýol saýlaýar gaýratlyny, selkini,
Ýeňleslik döredýär ilde gülküni.
        ***
Akyllymy ýa samsyk, gereklimi gerekmez,
Pany dünýä ýüz görmän geçirsedi elekden!
        ***
Meniň Arkadagym şa däl, şadan-da
Aşa güýç hem gaýrat bar bu adamda!
        ***
Atasy ýeňlesiň ogly hem ketgen,
Ýel tursa göterlip, ýel ýatsa ýatgan.
        ***
Söz berip, sözünde durýan bir ýigit,
Şol ýigit ygrarly hem ol ner ýigit.
        ***
Söz berip, sözünde tapylsa bir gyz,
Her neneň, ol betbagt bolmaýar hergiz.
        ***
Öý-il bolmak üçin ýara ýar gerek,
Iki tarapdan hem mähre zar gerek.
        ***
Yşky ot söýülýän gyza-da ylham,
Şol wepaly otda gaýnaýar ol hem.
        ***
Ýaş ýigit söýgüsi täsin mukamdyr,
Gojanyň söýgüsi apy-tupandyr.
        ***
Taňry ýörmez ýaly bendesi aglap,
Hiç kimi hiç kime goýmagaý baglap.
        ***
Bize bir zat ýetse söýgüden ýetsin,
Söýgüsiz dünýäni kim  näme etsin?!
        ***
Diňe  şatlyk-gülki…gam-gussasy ýok,
Şeýle bir ýaşaýşyň hiç nusgasy ýok!
        ***
Aňa geldim, gördüm, düşündim has-da:
Dünýä gurlan eken toý bilen ýasdan.
        ***
Ählumumy bir ýol il-ulsa deň bar,
Her bir şahsyýetiň öz ýoly hem bar!
        ***
Ol owadan, gyz wagty diýdiler “hüýre meňzeş”,
Äre bardy, gör indi, görnüşi şire meňzeş.
        ***
“Baý!” diýip, aşyk bolmaň, haýsy kim baý gyzyna,
Soňra ahmyrlar edip, kän urar sen dyzyňa.
        ***
Eger ýar bersedi derdime melhem,
Melheme sezewar bolardy ol hem.
        ***
Bäsleşikde ýeňen bilindi hemmä,
Baýragy tüntawa berdiler, emma.
        ***
Täze gelin gelin kimin saklasyn perwanasyn,
Täze gelin ýalyn bolup hiç öýe girmäwersin!
        ***
Şerraý aýal goýmaz öwrenen kärin, 
bar zatda günäläp ýörendir ärin.
        ***
Şerraý aýal bir goç ýigde sataşar:
Ýürek-bagry garramanka çat açar.
        ***
Sen şerraý aýaly almadykda men,
Başga bir bendäni agladardyň sen!
        ***
It üçin ýok kim bir adam perwaýy,
Üýrmesin goýaýdy, görüp şerraýy.
        ***
Şerraý aýal ilki şerraýlyk eder,
Soňam aglan bolar- bilmersiň neden?
        ***
Öz gylygym özüme ýaraýar başdan-aýak,
Il-ulus hem bu hakda kelam agyz aýtmaýar,
Ýöne bolup ýörşüme garaýar başdan-aýak.
        ***
Aşyk ýigit ölmeýär söýlenden şypa görse,
Magşuk gözel ölmeýäe söýenden wepa görse.
        ***
Men Bitarap Türkmenistan, Bitaraplyk ýazym meniň,
Jahan dostlugna goşulýar aýdymym-sazym meniň.
        ***
Magtymguly şygry hazyna—altyn, 
hiç haçan hiç ýerde ýoýlup-ýorulmaz,
Şondan taglym alyp ýaşasa halkym.
        ***
Elip bolup göge garasaň her hal, 
Aýgülüm, sen meni görerdiň derhal.
        ***
Ýer Gökden dileýär sogap-şerapat,
Asman welin haçan görseň birahat.
        ***
Asman Ýere aglap berýä peýdasyn,
Ýer guwanyp hasylyna güýzüniň,
Asmana uçurýar göwün şeýdasyn.
        ***
Çägi ýok hem biserhet Gögüň gyrak-bujagy,
Ylma hem aýan däl, hiç, asmanyň öý-ojagy.
        ***
Ýerde kim pir dörese, ol ýalan, hiç zatça ýok,
Agramy ol arkalyň, öwsüp ötýän batça ýok!
        ***
Öz ýanyndan “Döwranym geldi!” öýdýänler bile,
Türkmende molla köpeldi, aýdym aýdýanlar bile.
        ***
Adamda hyýal kän, adamda küý kän,
Paýhasyň köp bolsun, az bolsun öýkäň!
        ***
Ýagşylykda ýatlan, gowlukda agzal,
Ýogsam, ýaşap ýörmän, ýok bolan abzal!
        ***
Hemmämiz bir maşgala, hemmämiz bir şöwketde,
Ýetim-ýesir bagtyýar Adalatly döwletde.
        ***
Kä ýeňen, kä ýeňlen bolup,oýnaýar ykbal meni,
Dürtekläp, şol bir durumda goýmaýar ykbal meni.
        ***
Ur ýürek, durma ýürek, ur elmydam kadaly,
Özüň hakda oýlandyryp, gynama-da adamy!
        ***
Aşyk-magşuk biri-biriniň jany,
Şeýle bolmadykda onda ne many?

Ahmet MÄMMEDOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle