Goşgudan galan gyýkyndylar
Goşgudan galan gyýkyndylar
▶ Çap etdirip ýetişilmedik “Goşgudan galan gyýkyndylar”
■ Adamkärçiligiň derejesi hem ylmy derejäňden pes bolmaly däl.
■ Ýürek hem sagadyň togtaýşy ýaly togtaýar.
■ Sözüň gutaran ýerinden saz başlanýar.
■ Duşmanyň öz ajalyna ölenine gynanmaly.
■ Talapyňy gowşatdygyň, tanapyny gowşatdygyňdyr.
■ Ýer togalagynyň çat atandygyny bilýärmiň?
■ Dostlugam edil agaç ýaly şahalanmaly.
■ «Çepiňe ýatyp turan ýaly…” diýibersinler, oňat dynç aljak bolsaň, sagyňa-çepiňe öwrülip ýatmaly.
■ Edilmeýän ynamy ödäp bolanok.
■ Jenaýatçyny yzarlamak ýolbarsy yzarlamakdan hem howply.
■ Sögüşmek uruşmaga görülýän taýýarlykdyr.
■ Akyl satmak samsyklygyň alamaty.
■ Birçak gulluga alynjak oglanlaryň görüş derejesini olaryň ýyldyzlary saýgarşy bilen kesgitländiklerini bilýärmiň?
■ Aty nallaňda toýnagyny galdyrýan eşegiň toýnagyny almaly.
■ Iki ýüzli adamy ýüzleşdirmek üçin iki ýüz gram ýeterlik.
■ Adygaňsoň, a:t ýitiren diýdirmeli däl.
■ Hiç kimiň oda ilki urasy gelenok.
■ Talanyp alnan tanalyp alnanok.
■ Hudaý gerek zadyny berseňem alýar, bermeseňem.
■ Almany göge oklaňsoň, gapmaly.
■ Ömür bäbekhana bilen öwlüýäniň arasynda ýerleşýär.
■ Bendesinden haýyş etmeli, Haka ýalbarmaly.
■ Hudaýdan ilki dilemeli zat – zürýat.
■ Öleniň öňüne düşmeli däl.
■ Aslyna bakma, aklyna bak!
■ Derman ýetmeýän zadyň öwezini dolmak üçin içilýär.
■ Alty aý puryja aýalyň bilen aýrylyşmaga taýynlyk üçin berlenok.
■ «Bir aýaly bejerdeniňden, üç aýal alanyň amatly” diýýäniň degişmesiniň aňyrsynda hakykat ýatan bolaýmasyn?!
■ Tejribe hem edil baýlyk ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan toplanýar.
■ Garawul saklamaga gurbuň çatmasa, it saklabermeli.
■ Aw eti gurbanlyga ýaranok.
■ Ýanýoldaşy ýogalan aýal dokuz aý on gün geçýänçä äre barmaly däl.
■ Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.
■ Halypa dörediji bolmaly, şägirt halypasyndan ol ýogalansoň ozdurmaly.
■ Jan girensoň gyrksaň, üzümem aglaýar.
■ Burun kesmeseňem ganaýar.
■ Ekin ekseň, ilki bugdaý ekmeli.
■ Baýamak üçin akylly bolmaly, ýöne akylly bolmak üçin baýamak hökman däl.
■ Diňe iliň hakyny däl, öz hakyny hem az iýen arassa bolýar.
■ Semrejek mal gysyr galar.
■ Gijesini gündiz edip işleýän gündiz jaýyny garaňkyladyp ýatmaly.
■ Gelin agzyndan ýel berlen ýaly boluberse gowy.
■ Göz-gulak, el-aýak… ýaly agzalaram deňdeş agzalara degişli dälmi?
■ Ataňdan gorkmaýan bolsaň, ikisi hem çagyranda, ilki eneň ýanyna barmaly.
■ Bir ýakynyňy ynjatmak on ýady ynjadan ýalymyş.
■ Bakylygy bakyýetden gözlemeli.
■ Iki aşdan galany bir gazana salyp gyzdyraýmaly.
■ Gülkä gülmeseň, güldürjek bolýanyň göwni galýar.
■ “Iki göç – bir talaň” diýilýäni kireýine ýaşaýana degişli däl.
■ Halal aşyňa ýeter, haram başyňa.
■ Çykdaýjyň girdejiňden kän bolmaly däl.
■ Äriňe ýalynmagyň aýby ýok.
■ It ýylgyrşy ite ýagşy.
■ “Bagşy bolsun” diýme, “Bagtly bolsun!” diý.
■ Torgaý çöpe-de çykanok, köpe-de.
■ Merdiňem, derdiňem gaňryşyna gaýtmaly däl.
■ «Öňüm gelenden soňum gelsin!” diýleni goşga-da degişli.
■ Gedaýdan maslahat däl, ýol soramaly.
■ Ar almak hyjuwy hem, edil söýgi ýaly, gaýduwsyz edýär.
■ Edebiýat meýdany kärendesine berlenok.
■ Talantyňy mazamlap duşman gazanmaly däl, dost gazanmaly.
■ Toýa – jüp, ýasa – täk.
■ Tosty basyp almaly däl.
■ Dile çolanjak ýagşylyk edilmese gowy.
■ Il bähbitli işleriň hemmesi ömrüňi bagyşlanyňa degýär.
■ Ýaşkam “Ýaş şahyr” diýdirmejek bolup ýazdym, indi bolsa “Sen şahyr däl ekeniň!” diýdirmejek bolup ýazýaryn.
■ Baýlygyny ýitiren saglygynam ýitirýär.
■ Hezreti Dawudyň kyrk oglunam “Men-menlik” öldürýär.
■ Ýazykly öýüň gapysy gara.
■ Bäri bakana “Bärisinden aňyrsy ýakyn” diýlenok.
■ Oňat şahyr köplük edenok.
■ Şahyr obada halanmaly, şäherde dalanmaly.
■ Ekinçi eşek temegine kakdyrar.
■ Söwdaňam, gudaçylygyňam arasyna düşmeli däl.
■ Alňasan siňek aşa gaçar.
■ «Düwdüm!” diýme, “Bişdim!” diý!
■ Erk erkegiň elinde bolmaly.
■ Towşanyň dogduk depesini tekizlemeli däl.
■ «Dynç başyňy depirjik äre berensoňlar”,
■ “Depegenden daşyrak” bolup bolanok.
■ Şahyr bolmak üçin adyň aşagyndan “Şahyr” diýip ýazmak ýeterlik däl.
■ Döwür öz ýalňyşyny öleňsoň düzedýär.
■ Nebsiň öňüňe düşensoň, yzyňa gaýtmaly.
■ Transformatordaky “Öldürer!” diýen ýazgy hiç hili düşündirişe mätäç däl.
■ Özüňi gurban etmek üçin söýlenok.
■ Söýgi hakdaky goşgulary aýalyňa okap bermeli.
■ Özleri azaşmadyklaryňam sözleri azaşýar.
■ Alkyşam arassa adamlardan almaly.
■ Gonjuňa gor guýup, ädiňem ýakýarlar, ädigiňem.
■ Gyz durmuşa çykanda patany enesinden almaly.
■ Edepsiz myhmandan gaçmaly.
■ Eliň aýasy işleseň gijeýär.
■ «Gözüňe görkezerin!” diýýän: “Gözüňi görkezerin!” diýenok.
■ Çaganyň gaçybatalgasy – ejesiniň gujagy.
■ Kakaň ýalňyşyny gaýtalamaly däl, düzetmeli.
■ Şahyryň boş wagty ýok.
■ Dynç almak hem edil işlemek ýaly möhüm.
Atajan ANNABERDIÝEW. Sözler