| |

Goşgudan daşda

Goşgudan daşda GOŞGUDAN DAŞDA

Goşgudan daşda

Aşygyna goşgy ýazýar magşuk gyz,
Başyň egseň şeýle şygra, epip dyz.
Gelse ýigit, geldi diýip begenýär,
Gidäýse-de oda düşýär, elenýär.

Emma goşgulary galapyn gamgyn,
Sözleri ataşly, gyz kalby gözgyn…
Belki ýigit, şahyr gyzy söýenok,
Ne sebäpden bagtyn köşeşdirenok?!

Ýa ýigidiň söýýän zady başgadyr,
Ýa-da goşga düşünerden daşdadyr.

2023 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle