Goşga siñdirilen degişmeler
Goşga siñdirilen degişmeler
— Goňşy, goýunlarňy boşatmaweri,
Torç edipdir sübseligmi, darymy.
— Bolýar, menem indi, girse bagyma,
Gyraryn dermanlap, ähli aryňy.
— Ýitiren zynjyrňy gözleýäň welin,
Gözüň-ä seň agyl bilen dölede?
— Wah, şol ýiten zynjyrymyň ujunda
Bolmaly bakylan semiz göle-de.
— Eşegiň-ä ýorga eken, bir nas al,
Gökläli, gök ýere gaçýanam bolsa.
— Wah, sakgaldaş, kädim öýde galypdyr,
Nas-a ýok, şu eşek uçýanam bolsa.
— Gawunma giripdir eşegiň, goňşy,
Awundyryn, daňjak bolsaň, daň indi.
— A-how, giren bolsa, kowup goýbärler,
Boljakmy sen eşek bilen deň indi?!
— Keselhana adam bary üýşüpdir,
Känmidi oň garyndaşy, ýeňňesi?!
— Ondan dosty, garyndaşy bizar-la,
Algydarlar — bu duranlaň hemmesi.
— Ketekden ýumurtga almasyn ogluň,
Tabşyr, goňşy, çal dulugna bolmasa.
— Wah, bilýän-le, gaty betdir Çaryşkam,
Kaýyl bolaý, towuklarňy almasa.
— Gazanjyňy ýerliklije sowarlar,
Pul diýen zat hazzyklyga baranok.
— Onyň dogry, goňşy, ýöne men senden
Karz pul soraýan, akyl soramok.
— Bazarda sataşdym dellal goňşyňa,
Ýa ol ähli dellallaryň pirimi?!
— Görüşeňde ahmal bolsaň, bildirmän,
Alyp galar bäş barmagyň birini.
— Bol, how, gardaş, “Kepderini çalyp ber,
Düşünemok “Keçpelege”, “Geline”.
— Üç sapar-a çaldym, ýa indi ony
Pasyrdadyp bereýinmi eliňe?
— A-how, eşdip goýuň, alýas, berýäs-de,
Undaýýas biz käte hasaplaşmagy.
Kimiň şu bendede algysy bolsa,
Beýläk baran wagty hasaplaşmaly.
— Çagalaryň bilen iýjekmi, goňşy,
Ýa az-owlak satjagammy naryňdan?
— A-how, hi, çaga-da nar dözüp bormy,
Geçýärkä bazarda onki ýarymdan?!
Atajan ANNABERDI Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.