|

Goşa ýürek

Goşa ýürek GOŞA ÝÜREK

Goşa ýürek

Men söýgini söýmedikden öwrendim,
Wepany öwrendim bir biwepadan.
Söýüp bilmedimi, söýüp ýigrendi?
Maña sapak bolan bir biweç ada.

Ýok, ol meniñ saýlap-seçen bijämdi,
Badaşan kalbymyñ hökmürowany.
Güneşli gündizim, Aýly gijämdi,
Gördüm göwreden oñ göwni sowany.

Dogrusy, ol menin ysgan gülümdi,
Bagtymyzy çalşyp gitdi salgyma.
Arzuwlardan düzen tesbim üzüldi,
Aýagasty bolup garyldy guma.

Bölmeli däl zady bölmek gadagan,
Bölünmejek zady bölmek haýyrsyz.
Goşa ýüreklere ömür sadaga,
Goý, olary diña ajal aýyrsyn.

Kerwen IGDIROW,
Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 74-nji orta mekdebiniñ mugallymy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle