|

Göroglynyñ ýurdunda / goşgular toplumy

Göroglynyñ ýurdunda / goşgular toplumy «GÖROGLYNYÑ ÝURDUNDA»

■ ATLY GELÝÄR
(Arkadagyň atly gelýän heýkelini synlap dörän buýsançly goşgy)

Ir säher,
Tereň howa,
Serginlik tapýar seriň.
(Arz diňleýän mahaly
Bu pursat Erenleriň).

Gyr atyny segredip
Gelýär, Arkadag gelýär.
Köpetdag tagzym bilen
Onuň salamyn alýar.

Hol, aşakda Aşgabat,
Gözel şäher, toýhana.
Otyr setir ak jaýlar
Howalanyp asmana.

Köşge tarap dolanar,
Alandan soň öwrümin.
Atly gelýär işine
Göroglysy döwrümiň.

Beýik Allaň ýalkany,
Çandybiliň Soltany.

■ ATYŇ AT JAN BOLANDA

Atyň at jan bolubiýr,
Bakyp, berseň gezimin.
(Ondanam at bolarmy,
Mahal-mahal görmese
Aýaklarnyň hezilin).

Menem öz Çabdarymy
Hiç atdan kem görmerin.
Ýorgasynam Göroglyň
Gyratyna bermerin.

Howalasyn ýetirseň
Onsoň olam ýyldyrym.
Kem oturar öýdemok,
Çapyşanda ýeldenem.

«At çapmaz, bagt çapar»,
Synaýsaň-a bor bagty.
Atlar dyzanşyp durka
Depjäp höwesi, wagty.

Çapyşygy bir başlap,
Guş tizligne giräýseň,
Bor-la ähli atlary
Şonda çaňa garaýsaň.

■ MENIŇ DILIM

Dilim, seniň barlygyňa guwanýan,
Guwanýan sag-aman ýaşap ýörenňe.
Ähli dile sarpa goýýan-da bolsam,
Maňa dil gerek däl seniň deregňe.

Agdaramsoň taryhlaryň gatyny,
Indi hakykaty anyk bilýän men.
Dünýä ýitgilerniň birisi bolup,
Meniň bagtym — dilim tas ýiten eken.

Köp çykypdyr duşman onuň kastyna,
Hilesin, pirimin, gylyjyn tijäp.
(Ýoklapdyrlar onuň ýigrimbäşini —
Il aňynda bişen miwesin süýjäp).

Seljuk bolup, Nedir bolup bir çaklar
Ýat illere äkidenler bar ony.
Ýöne olar seni ýitiripdirler,
Tagtyny, möhrüni ýitiren güni.

Dilim gadymýetden galan baýlygym,
Gören görgim, alan galam, gylygym…
Hem halkymyň mydam baky bolmagna
Taňrymyň peşgeşi — mümkinçiligim.

■ ENELER

Perwaz uruşarlar perzent daşynda,
Ak arzuwlar, oýlar gezer başynda.
Jigerbendi ynjap, gaşyn çytanda,
Beden agyrsy deý syzar eneler.

Ogul öýlendirer, çykarar gyzy,
Hyzmatlardan aryp, epilmez dyzy.
Deňi-duşlaryndan hatarlap yzy,
Toýlardan toýlara gezer eneler,
Gollary saçakly gezer eneler.

Ýigrenerler namartlygy, zorlugy,
Wesýet eder öz hakyňa jürlügi,
«Söýüp saklaň!» diýip agzybirligi,
Mydam nusga bolup gezer eneler.

■ GÜÝZ

I.

Dünýä aýak bolup barýana meňzeş,
Ähli zat ýetişip, bolupdyr kämil.
Güýz sary reňkini joşup-daşypdyr,
Oňa töweregni aldyrypdyr il.

Bir zatdan nägilä meňzeýär dünýä,
Onuň ýüzi salyk — garaňky göwün.
Tutuş süňňi bilen çyr-çytyr bolup,
Ýatladýar ol aýralygyň barlygyn.

Üýtgeşiklik ýetişipdir Güne-de,
Synlap ony şu netijä geldim men.
Gumrular ýygrylşyp, müýn çekip otyr
Töweregi synlap höwürtgesinden.

Hemme zat öňümden çykýar güýz bolup,
Güýz bar zady öznüň hasabna alýar.
Hem özüniň tukat nazary bilen
Aýralygy meniň ýadyma salýar.

II.

Güýz aýy. Gijara, ýandak ysly gol,
Wagtyň alasarmyk süýji bir döwri.
Ýekeligni ýada salýar ümsümlik,
Ýürek telwas edip isleýär höwri…

Bürgüt bolup aýlanşyp ýör bulutlar,
Gaýdýar birde dünýäň tüýnügne ýetip.
Goşuldylar soňam gijäň süňňüne,
Düşnüksiz bir maksat göz öňne tutup.

Şemal bolsa pikriň alyp, kowalap
Eltip berýär gerek-gerekmejege.
Dünýä täsin pursat. Çöl bolsa häzir
Harasatda ýiten ýalňyz kejebe.

* * *

Ömür — wokzal, gelýänem bar, gidýänem,
Duşuşygyň, aýralygyň mekany.
Wokzal — muňa gelýändenem gidýän kän,
Menem bu gün şu wokzalyň myhmany.

Göwnüme, bir ýerden gelen ýaly men,
Küýsäp bu deräni uzak ýol söküp.
Ýene birde ugrap barýan ýaly men,
Biraz oturamsoň bolsady ekip.

Gidilmeli bolsa gitmeli bor-da,
Artykmy men ýa-da illerden kemmi.
Göwnümde birhili düşnüksiz gubar,
Ugrap gitmek has-da kyn bora çemli.

Ömür — wokzal, men ýene-de perronda,
Ilki bilen gelenleri göreýin.
Hem özümi ugrap gitjegme däl-de,
Gaýdyp gelenligme ynandyraýyn.

■ GELINJIGIM — JANJAGAZYM

(Gadymy aýdymyň äheňinde)

— Gelinjigim — janjagazym,
Mün arkama, hanjagazym!
Söküp düzi, dag-u-dere,
Äkideýin ejeňlere!

— Dur, özümi tertipläýin,
Biraz garaş, bolýan taýyn.
Saçlarymy daraýyn men,
Biraz aýna garaýyn men!

— Tiz bolawer, gelin baýym,
Hyzmatyňa gyr at taýyn.
Her menzilde bir düşeris,
Dyz degrişip çaýlaşarys!

— Saklasam-da biraz seni,
Bişireýin ony-muny.
Ine, derrew bolar taýyn,
«Boş gelipdir…» diýdirmäýin.

— Ýetsek baryp daga mundan,
Göz aýrasyň gelmez menden.
Dag howasy göwnüň hoşy,
Höwesiňe berýär joşy.

— Duraweri, gara dagym,
Saýasynda ýatan bagym.
Taýynlaýyn sowgat-serpaý,
Gitsem, şonda bor göwnejaý.

— Ýüpsüz daňdyň sen-ä meni,
Gör, günortan etdiň güni!
Bolşuň bilen haýran etdiň,
Mün arkama, ýogsam gitdim!

Agageldi ALLANAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle