Göroglynyñ sallançagy eýerdir
Göroglynyñ sallançagy eýerdir

Edebi, medeni hakykat bular,
tapdym ony kitabynyň gatyndan.
Arlyga dolanman, eýere münen
Göroglyny kim düşürsin atyndan.
Hawa, dünýäň dörtden biri guryýer,
galan üç bölegi — umman,
köl,
derýa.
Biribar islese, Gökden howaýy,
suwdan suw gudratyn çykaryp berýä.
Ile hossar gerekligne düşünen
Jygalybeg arzuw tutýar uzakdan:
Soltan ogly Adybegiň ornuna
berlen ogly goramaly duzakdan.
Oňa sapak, taýsyz tälim bolmaly,
dünýäň ähli zady
hatda gussasam.
Ol bedewi bakyp alym bolmaly,
şo ýoly geçipdi çünki, ussasam.
Ol Hüňkary gözi bilen görmeli
bolmaly ejirleň gözli şaýady.
Şolar ar almaga gaýrat bermeli,
hakyda salmaly
geljek şa ýady.
Synamaly — suw atynyň neslini,
Synlamaly — ökde seýsiň kesbini,
Üçgümmez dagynda mesgen tutmaly,
Soň üýtgemez ýaly soltan
mes güni.
Suw atynyň nesli bolan gysraga,
suw atyndan dörän bedew gelmeli.
Erk gadryn duýdurjak ykbal
gysmaly,
hyjuwa beslenjek beden gelmeli.
Hökümli Hüňkaryň islän wagt berjek
ýowuz permanyndan sowulan çaga:
öz halkyna röwşenlikden bagt berjek,
syrly ahwallarda dogulan çaga:
kör gojanyň kämilligi ýol berýär,
şo ýoldadyr erenleriň mesgeni.
Taýyn yzlap, erenlere gol berýär
heýjana getirýär okap-eşdeni.
Öz halkyna arka durup beýgelen,
Görogly beg erenlerden goragly.
Muşdagynyň duýgusyna eýlenen
setirlere seretmäň siz soragly.
Şadyýan, şahandaz, hiç zatdan ürkmez,
bedew atly,
demir donly Görogly
Gyrata atlansa — penaly türkmen,
türkmen bolsa — Görogly-da goragly.
Hak islese Kap dagyndan Howaly,
suwdan suw gyr atyn çykaryp berýä.
«Göroglyny» okap, müňbir sowalyň,
müň-de bir jogabyn çykaryp görýän.
Bu durmuşda ölçeg ýetik,
synag kän,
ejizligiň müň oýny bar, müň täri.
Pirimlerne düşünmeklik kynam däl,
Baly begiň, şum kempiriň, Hüňkaryň.
Duşmanlary atdan düşürjek,
kileň,
tapdym ony kitabyndan,
hatyndan.
Sallançaga münmän, eýere münen
Göroglyny kim düşürsin atyndan.
Aşyrmät GARLYÝEW. Goşgular