Görogly taglymatynyñ esaslary -9: Gylyç teswiri
Görogly taglymatynyñ esaslary -9: Gylyç teswiri
9. Gylyç teswiri
«Görogly» şadessanynyň «Serwijan» şahasynda Hüňkäriň gyzy Serwijan Görogla:
– Galandar ata, sen keramatly pire ogşaýarsyň, meniň hakymda dileg et – diýýär. Muňa Görogly:
– Keramat gylyçdadyr, Serwijan – diýip jogap berýär.
Bu jogap, bu sözlem Göroglynyň pelsepesiniň düýp manysyny özünde jemleýär. Gylyç gün görmäniň, gylyç durmuş keşbiniň, gylyç özüňi ykrar etmäniň, gylyç meseleleri çözmäniň serişdesi bolup hyzmat edýär. Çünki döwür şeýle bolupdyr. Käbir işler gylyjyň güýji bilen bitirilipdir. Gylyç diňe bir gara güýjüň däl, ägirt uly jemgyýetçilik erkiniň hem nusgasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Görogly düýrme gylyjy hezreti Alynyň elinden alýar. Şunuň özi-de onuň hereketlerini kanunlaşdyrýar, hatda mukaddesleşdirýär hem.
Söweş meýdanynyň suratlandyrylyşy, bedewiň hem gylyjyň waspy «Göroglyda» aýratyn ähmiýetli çeperçilik esaslary bolup durýar. Söweşiň, atyň hem gylyjyň üýtgeşik joşgunly beýanlary eseriň täsirliligi hem çeperçiligi taýdan iň güýçli çykan ýerleridir. Şeýle täsirliligiň aňyrsynda Göroglynyň ata bolan çuňňur söýgüsi ýatýar. «Görogly» şadessanyna alym Ahmet Bekmyradowyň: «At hakdaky şadessan» diýmeginiň ýeterlik esaslary bar.
Görogly diňe söweş meýdanynda güýçlüligi bilen däl, eýsem özüniň erkeklik güýjüniň artykmaçlygy bilenem magtanýar. Bu-da beden güýçlüliginiň Göroglynyň pelsepelerinde esasy talwasdygyna (idealdygyna) şaýatlyk edýär.
Bu zatlaryň bary esasy ruhy gymmatlyk bolan erkanalyk, azatlyk bilen baglanyşyklydyr. Taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, erkanalyk pelsepesiniň özboluşly çöwre ýüzi-de bar. Munuň özi döredijiliksizlikdir. Erkanalyk talwasy ýüregiň hem goluň güýji bilen bagly, emma paýhasyň döredijilikli işini talap etmeýär. Durmuşy diňe bir öz erkiň, islegiň talaplaryny amal etmegiň meýdany däl-de, öz döredijilik mümkinçilikleriňi amal etmegiň serişdesi hökmünde kabul etmek bu pelsepä mahsus däldir.
«Görogly» şadessanda aýdylyşy ýaly, «Bu gününi tapsa, ertirini gaýgy edenok». Ertiriňi gaýgy etmek hatda ejizligiň, namartlygyň alamaty hökmünde görülýär. Emma iş ýüzünde ertiriňi alada etmezlik seniň hakydaňyň taryhy gelejekden mahrumdygynyň alamatydyr. Şunuň ýaly islendik mesele «Göroglyda» çalt özüniň gapma-garşylygyna öwrülýär.
Ertiriňi alada etmek adamyň, halkyň içki ruhy galkynyşlarynyň, gaýratynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Durmuşy-syýasy jähet döwlet alamatlarynyň döremegine getirýär. Çünki döwlet ruhy döredijiligiň hem durmuşa döredijilikli çemeleşmäniň bir görnüşi, has dogrusy, jemgyýetçilik-syýasy görnüşidir. Eger gylyç arkaly öz-özüňi ykrar etdirmek taryhy taýdan manysyz, gelejeksiz bolsa, döwlet arkaly öz-özüňi ykrar etdirmek milletiň taryhy geljegini gutarnykly üpjün edýär. Gylyç oýnatmak tebigy kuwwatlylygyň, döwlet gurnamak bolsa ruhy döredijiligiň işi bolup durýar.
Göroglynyň esasy ruhy aňyýet tutarygy hökmünde öňe tutýan erkanalygy «iki uçly taýak» bolup durýar. Bir tarapdan, erkanalyk adamlaryň ahlaky duýgularynyň hem ahlaky gymmatlyklarynyň bozulman galmagyny üpjün edýär. Emma beýleki tarapdan erkanalyk – häzirki hem geljekki durmuş babatdaky döredijiliksizlikdir. Erkanalyga uýan adam durmuşyň taýýar maddy nygmatlaryndan we ruhy lezzetlerinden peýdalanýar-da, durmuşa özünden döredip, nämedir bir zatlar bermek barada oýlanmaýar. Bu onuň durmuş keşbine hem aň ýasawyna mahsus däldir. Biziň gahrymançylyk şadessanlarymyzyň, umuman, islendik, gahrymançylyk şadessanynyň içindäki durmuş däbinde çarwaçylygyň, aw awlamagyň hem-de uruş tilsimleriniň esasy beýan bolup durýandygy belläýmeli aýratynlykdyr. Bu hili üç sany durmuş däbi, ýaşaýyş keşbi tebigatyň hem jemgyýetiň taýýar nygmatlaryny hem lezzetlerini sarp etmek bilen baglanyşyklydyr. Aýdaly, adamdan zähmete hem durmuşa döredijilikli gatnaşygy talap edýän daýhançylyk bu ýerde asla ýok diýerliklidir, senetkärlik bolsa örän ujypsyz beýan edilýär.
Türkmenlerde «Barlynyň bazary ýanynda» diýilýär.
Çarwanyň Watany ýanynda.
Çomry belli bir serhetlerden çykdygy, özüni daşary ýurtda ýaly duýýar. Şol ýerde ol eýýäm keseki, mysapyr. Onuň Watan duýgusy hem düşünjesi belli bir ýurt, mekan, araza bilen baglanyşykly.
Çarwa bolsa hiç ýerde özüni keseki duýmaýar, sebäbi onuň hojalygam, durmuşam, medeni-ruhy gymmatlyklaram şol «dört aýagyň» – ulagyň üstünde. Çarwa – çar pa diýen sözlerden bolup, dört aýak diýmegi aňladýar. Munuň özi çarwanyň maldarçylyk durmuş keşbi bilen baglanyşyklylykda gelip çykypdyr.
Ýogsa-da «çarwa» sözüniň asyl gelip çykyşy barada käbir zatlary aýdasym gelýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bir gezekki çykyşynda «dutar» sözüniň gelip çykyşy türkmen dili bilen gös-göni baglydyr diýdi. Dogrudanam, türkmen diliniň taryhy esaslary hakda pikir ýöredilende, köplenç, nädogry bir endige eýerilýär. Örän gadymy döwürlerde ata-babalarymyzyň ulanan sözlerini haýsydyr bir özge dile berýäris. Aýdaly, köplenjem türkmen dilinde köküni tapyp bolmaýan sözleri biz «pars dilinden geçen sözdür» diýip häsiýetlendirýäris. Emma häzirki türkmen diliniň gadymy eýran dillerine gatnaşygy indi aýdyňlaşdyrylmaly meseledir. Şonuň üçin, ilki bilen, sözüň häzirki pars dilinden alnandygy çürt-kesik däldir, onuň gadymy eýran şiweleriniň birinden gelip çykýan bolmagy mümkin, gadymy eýranlylar bolsa häzirki türkmenleriň milli düzüminiň bir esasy goşundysydyr. Diýmek, bu ýerde «pars» sözi hem, «alynma» sözi hem taryhy – dil tarapdan nädogry ulanylýar.
Häzirki türkmen dili özüniň söz hazynasy, grammatiki gurluşy boýunça gadymy eýran dilleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr, şonuň üçinem alymlaryň alynma hasaplaýan köp sözleri türkmeniň öz sözleridir, çünki olar türkmeniň ata-babalarynyň sözleridir.
Halkyň sözüň pelsepewi manysyndaky taryhy döredijilik zamanasy bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda dünýä seýil meýdany ýa-da söweş meýdany hökmünde däl-de, döredijilik meýdany hökmünde göz öňüne getirilýär. Milletiň taryhy döredijilik işi täze döwleti döretmek, täze jemgyýeti döretmek görnüşinde anyk hem aýdyň ýüze çykýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanynyň şu aýratynlygy soňky sekiz ýüz ýylyň içinde şu zamany has anyk hem oňat häsiýetlendirýär. Şunça döwrüň içinde halk ilkinji gezek Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taryhy emri hem taryhy erki bilen öz-özüni döretmäge we kämilleşdirmäge girişdi. Onsoň Beýik Serdaryň «Türkmenistan hiç bir döwlete öz duşmany hökmünde garamaýar» diýen ýörelgesi diňe bir harby ýörelgäniň möhüm ugry bolman, eýsem çuňňur manyly taryhy pelsepe ýörelge bolup göz öňüne gelýär. Munuň özi tas sekiz ýüz ýyllap özge zatlara sarp edilen milli ruhuň içki kuwwatlyklarynyň taryhy döredijilik işine ugrukdyrylýandygyny aňladýan pelsepedir. Munuň özi durmuş keşbiniň, durmuş endikleriniň, serhalyň köp taraplarynyň, durmuş pelsepeleriniň, şular bilen baglanyşyklylykda bolsa, pikirlenme endikleriniň hem düýpden üýtgeýändigini aňladýandyr.
Durmuş pelsepesine ýazyp gidýän durmuş keşbi bolsa bir wagtlar başgaçarak bolupdyr. Ine, «Gorkut ata» şadessanyndan şol bir düşünje bilen baglanyşykly «Baýburanyň ogly Bamsy birek boýunda», «Gazylyk goja ogly Ýegenek boýunda», «Bekel ogly Ymranyň boýunda» «pänjýek» diýen söz ulanylýar. Pänjýek – bäşden bir diýmegi aňladyp, esasan, uruşda düşen oljadan patyşa berilýän salgyda aýdylypdyr. Döwletmämmet Azadynyň eserinde bu hakda şeýle aýdylýar:
Ki aşlyklar zekatyn hem hüşr biýr,
Her kim kylsa çapawul, pänjýek biýr.
Görnüşi ýaly, degişli düşünje uruşlaryň günde-günaşa bolup duran, göz öwrenişilen zat hökmünde görülýän zamanynda dörän düşünje hem dessur. Elbetde, «Gorkut ata» şadessanynda ol ar alyş uruşlaryndan düşen girdeji manysynda ulanylýar. Emma, näme-de bolsa, urşy ykdysady ýa düşünje taýdan kanunlaşdyrmak ol zamanlaryň biziň döwrümiziň ruhundan näderejede uzaklygyny görkezýän zatmyka diýýärin.
Soňky ykdysady hem ruhy taýdan pese düşüş asyrlarynda – muňa «Hatap galasy» ýyllary diýilýär – pänjýegiň manysy hasam ýoýulyp, ol durmuşdaky ýaramaz endikleriň kanunlaşdyrylmasy bolup hyzmat edipdir. Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýubileýinde çykarylan «Magtymguly – 225» diýen göwrümli kitapda XVIII asyryň jemgyýetçilik-ykdysady durmuşy hakynda aýdylanda, hüşür, zekat, baş pitre ýaly salgytlar bilen birlikde pänjýek hem görkezilýär. Şol ýerde «alamandan alnan oljanyň bäşden bir bölegi» diýip düşündiriş berilýär. Ýeri gelende aýtsam, türkmenler uruşda gazanan oljalarynyň öz serkerdesine, ýolbaşçysyna berýän bäşden bir ülüşine – «patyşa paýyna» hums diýip at beripdirler.
Men bu zatlary taryhyň dürli döwürlerinde ýaşaýyş keşbimiziň, durkumyzyň hem ruhumyzyň nähili taraplarynyň bolandygyny görkezmek, taryhyň pelsepesini düzýän zatlary görkezmek üçin ýatlaýaryn. Türkmeniň milli döwletiniň gurulmagyna päsgelçilik bolup duran käbir ýaramaz endikler, göräýmäge, ujypsyz hem bolsa, taryhy döredijilik nukdaýnazaryndan alanyňda, uly kössege öwrülýär duruberýär. Halkyň içinden bir merdana är çykyp, serhaly hem endikleri özgertmäge içki güýç-kuwwat tapýar hem-de taryhy ýaşaýşyň täze sahypasyny açýar. Magtymguly Pyragy-da şeýle merdana ärleriň biridir. Saparmyrat Türkmenbaşy hem şeýle merdana ärleriň biri boldy, ol türkmen halkynyň kalbynda baky ýaşar.
Beýik Serdar hezreti Magtymgulynyň döredijiligine şeýle baha beripdi: «Magtymguly Pyragy türkmen halkyny onuň ykbalynda ilkinji bolup bir döwletlilige, birleşmäge çagyran, oňa göni ýol görkezen akyldardyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ykbalynda ilkinji bolup ynsap, hukuk kada-kanunyny kesgitlän ynsandyr». Magtymgulynyň taryhy-ruhy döredijiligine mundan anyk baha bermek mümkin däl.
Osman ÖDE.
Edebi makalalar