|

Görogly taglymatynyñ esaslary -8: Hünär teswiri

Görogly taglymatynyñ esaslary -8: Hünär teswiri

8. Hünär teswiri

Gadymy oguz şadessany «Gorkut atanyňam», orta asyr türkmen şadessany «Göroglynyňam» aýry-aýry ýordumlarynyň döreýşi meselesinde bir umumylygy bar: belli-belli ýordumlar hereket ediji gahrymana gyjalat berilmegi sebäpli döreýär hem ýaýbaňlanýar. «Gorkut atada» ýetişen ýigide tötänlikde diýen ýaly «seniň agaň (ataň) ýesirlikde» diýip gyjalat berýärler. Şondan soňky ýordum şol ýigidiň agasyny (atasyny) ýesirlikden boşadyşy bilen baglanyşykly bolýar.
Edil şeýle başlangyjy «Göroglyda» hem görýäris. Mysal üçin, «Göroglynyň öýlenişi» ýordumynyň döremegine Genjimiň «salpaýak, bidöwlet» diýip gyjalat etmegi, «Ar alyş» ýordumyna bolsa onuň «ondan-a Arapdan aryňy al» diýip gyjalat bermegi sebäp bolýar. Diýmek, biz bu ýerde türkmen çeperçilik aňynyň düýpli aýratynlyklarynyň birini görýäris. Ol aýratynlyk bolsa öz gezeginde has uly zatdan – türkmen dünýägaraýşynyň, ruhunyň, ahlaky aňynyň özeninden gelip çykýar. Ar-namys, iliň gepine galmazlyk – ine, şeýle ahlaky ýörelge hakynda gürrüň gidýär.
Emma ar-namysy ýerine salmak her kimiň elinden geljek zat däl. Ol diňe hünärli ýigitlere başardýar. Şu ýerde-de türkmen ruhunyň ýene bir düýpli meselesi – hünär meselesi ör-boýuna galýar.
«Baş kesip, gan dökmek – hünärdir» – diýip, «Gorkut atada» aýdylýar. Emma şunuň bile hünär diňe bir zada – baş kesmege syrykmaýar. Hünär – özüňi gorap bilmek, ýurduňy gorap bilmek, öz-özüňi ykrar etdirmekdir. Onsoň bu ýerde diňe harby mazmun däl-de, ahlaky ýörelge ýatýar. «Gorkut atada» Derse hanyň ogly bugany öldürýär – hünär görkezýär. Şondan soň Gorkut ata şu goşgyny aýdýar:

Heý, Derse han!
Oglana beglik bergil!
Bagt bergil – erdemlidir!
Boýny uzyn bedewi at bergil!
Müner olsun – hünärlidir!
Agyldan tümen goýun bergil bu oglana!
Çişlik olsun – erdemlidir!
Gaýtabandan gyzyl düwe bergil bu oglana!
Ýüklet olsun – hünärlidir.
Altyn başly ban öý bergil bu oglana!
Kölge olsun – erdemlidir.
Çigin guşly jübbe don bergil bu oglana!
Geýer olsun – hünärlidir.

Diňe hünär görkezen ýigit – adam adyna mynasyp.
Erkin oguz-türkmen durmuşynda hünär görkezmek ýöne bir eklenç, gün görmek manysynda däldir. Gurruk guýa düşseňem, gün görmäniň bir alajy bolýar. Hünär görkezmek öz şahsyýetiňi, mertebäňi ykrar etmek bilen baglanyşykly.
«Göroglyda» ýigitler Ady bege şeýle diýýärler: «Ady beg, sen gaýratly goç ýigit, bir ýerde karar tapyp bilmän ýören adam». Şu sözlem göroglyçylyk ruhundaky köp zady düşnükli edýär. Karar tapyp bilmän ýören adam – göwnüni ownuk-uşak güýmenje bilen kanagatlanmaýan, ömri boş, güýmenje däl-de, öz içki ruhy hem tebigy mümkinçiliklerini, gujuryny aýan etmek üçin bagyş edýän adamdyr. Çala zada başy syzlap, çala kynçylyga ruhdan düşüp, namartlaýan däl-de, adama mynasyp ömür sürýän, ownuk-uşak aladalardan hem gaýgylardan ýokarda durýan adam bolmaly.
Diýmek, hünärlilik ömrüň manysy bilen baglanyşykly ahlak-pelsepewi ýörelge bolmaly. Özüň dünýäň elindäki oýunjaga öwrülmeli däl-de, dünýäni, ähli maddy zatlary öz mertebäňi belende galdyrmagyň serişdesi hökmünde ulanmaly.
Elbetde, durmuşda her hili ýagdaýlaryň, adam erkine bagly däl ýagdaýlaryň bolmagy mümkin. Kynçylyga-da duçar bolmagyň mümkin, bu betbagtlyk däl. Betbagtlyk – kynçylygyň öňünde boýun egmek, dyza çökmek, öz erkiňi, mertebäňi saklap bilmän, pese düşmek.
Hünärliligiň şeýle giň mana eýedigine garamazdan, orta asyrlaryň ýowuz durmuşy muňa öz düzedişini girizipdir. Hünärlilik gylyç oýnatmaklyga çenli daraldylypdyr. Sözüň tas diňe harby manysy galypdyr. Sebäbi mertebäňi saklamanyň esasy ýoly – özüňi goramany başarmak, gara güýji ulanyp, goranmany başarmak bolupdyr.
Hünär görkezmek – gara güýjüň tilsimlerine ezberligiňi görkezmek diýmeklige çenli sözüň manysy hem daralýar, hem telperleşýär. Gara güýjüň esasy orna geçen ýerinde bolsa, akylyň paýy göz-görtele azalýar.
Elbetde, ruh gara güýje bat hem gylaw berýär. Şu ýerdenem soňuny saýmazak, näme edýänini özem bilmeýän erkanalyk döreýär. Özüniň ruhy esasyny ýitirenden soň bolsa, ol erkanalyk diňe gün görmäniň, her edip-hesip edip, içine agram salman eklenmäniň usulyna öwrülýär. Muny özboluşly suratda gysyr erkanalyk ýa-da döredijilikden mahrum erkanalyk diýip häsiýetlendirip bolardy.
Men şu ýerde geçmişiň her hili agyr-hunabaly döwürlerinde türkmeniň türkmenligini ýitirmän galmagynda, darkaşlarda özgelerden rüstem bolmagynda möhüm ähmiýeti bolan atabeglik mekdepleri hakynda aýtmak isleýärin.
Sebäbi türkmen ýigitleriniň hünär görkezmeginiň – olaryň söweşde deňsiz-taýsyz ökdeliginiň, ugurtapyjylygynyň aňyrsynda Oguz hanyň döreden atalyk mekdepleriniň ägirt uly ähmiýeti bolupdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly şygyrlar bossanynda atalyk mekdebiniň nämedigini örän aýdyň düşündirdi: «Atalyk, atabeg, ata – Oguz han Türkmeniň köşgüniň ýanynda döreden mekdebiniň mugallymlary şeýle atlandyrylypdyr.
Türkmeniň türkmen bolmagynda, türkmeniň dünýä harby taryhynda deňi-taýy bolmadyk beýik ýeňişleri gazanmagynyň aňyrsynda atalyk mekdebiniň orny çäksiz uludyr… Atalyk mekdeplerinde dünýäniň ençeme dili öwredilipdir, ylmyň ähli ugurlary boýunça hem bilim berlipdir, ýöne atabeglik mekdebiniň esasy ugry serkerdelik, söweş tilsimatlaryny çuň öwrenmek bolupdyr».
Türkmen ýigitleriniň aşa sowatly, harby tilsimlere, serkerdelik etmäge aşa ussat bolmagy üçin atabegler öz işlerine ömürlerini bagyş edipdirler. Olar öý-işik edinmän, öýlänmän düýrmegi bilen özüne ynanylan oglanlara atabeglik edipdirler.
Şeýle bolansoň, türkmen ýigitleri baran ýerlerinde tapawutlanypdyrlar, ýeňiş gazanypdyrlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Atalyk» atly şol goşgusynyň girişinde ajaýyp bir pikire okyjylaryň ünsüni çekdi. Ol uly buýsanç bilen şeýle ýazypdyr: «Men size henize-şu güne çenli taryhyň gatynda bilinmän gelen bir hakykaty açyp bereýin: Oguz han Türkmen eýýamynyň atalyk mekdebiniň okuw kitaby «Oguznamalar». Gorkut ata eýýamynyň atalyk mekdebiniň okuw kitaby «Gorkut ata kitaby»; Görogly beg eýýamynyň okuw kitaby hem «Görogly» şadessany bolup hyzmat edipdir.
Biz pederlerimiziň içki dünýäsine, ruhuna çuň düşünmek islesek, ol kitaplary öz döwrüniň atalyk kitaplary jähetinden seretmelidiris, şonda biz pederlerimize has ýakynlaşarys, olara has düýpli düşüneris».

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle