| | | |

Görogly taglymatynyñ esaslary -7: Çandybil hekaýaty

Görogly taglymatynyñ esaslary -7: Çandybil hekaýaty

7. Çandybil hekaýaty

"Dört tarapy, ümürli-dümanly daglary asmana direýän bu ýer, bu diýar Çardagly Çandybildir – Türkmenistandyr".
Saparmyrat Türkmenbaşy.

Saparmyrat Türkmenbaşy ruhuň maddy durmuş bilen gatnaşygynda hemişe ruhy ileri tutdy. Ruh bütin ýaşaýşyň, şol sanda maddy-jemgyýetçilik durmuşynyňam içki hereketlendiriji güýjüdir, Ruh ähli barlygyň gujur-güýç çeşmesidir. Şol içki çeşme bolmasa, jemgyýetçilik ýaşaýşynda durgunlylyk emele gelýär, durmuş ýata suwa dönýär, ýata suwam yslanyp, uzagyndan sadyr bolýar.
Adamyň beden barlygyny hereketlendirýänem onuň içindäki ruhy. Ruhy belent, ýüregi ynançdan hem ynamdan püre-pür bolmasa, adamyň hereketleri-de gowuşgynsyz, özi lellim, iş edişi telli-pelli bolýar. Şeýle halatda öňde durýan beýik ykdysady hem jemgyýetçilik maksatlaryny amal edip bolmajagy düşnüklidir. Ruhubelent adamlaryň güýji-de rüstem bolýar.
Älemleri, ýyldyzlary hem saýýaralary hereketlendirýän hem beýik ruhy güýç – Allatagaladyr.
Ruh adam ömrüniň hilini kesgitleýji esasy gymmatlykdyr.
Ruhuň belentligine ýa pesligine baglylykda adamyň ömri dürli mana gelýär. Ruhy belent bolsa ýaşaýyş gözellik hem şypa hökmünde kabul edilýär, ruhy pes bolsa durmuş hossa hem agyr ýük bolup görünýär.
Türkmen ruhunyň şamçyragy bolan «Görogly» şadessanynyň gahrymanlarynyň ýaşaýşy uly many hem üýtgeşik sapa hökmünde kabul edişlerini görüp, men munuň düýp sebäbi barasynda köp pikirlendim. Hiç bir kynçylykda peselmän, göwnüçökgünlik etmän, gaýta öz-özüne göwünlik berip, ýene ýokary galyp gidiberýän adamlar beýle ruhy güýji nireden alýarlarka?! Meniňçe, ol güýç halka hem Watana çirksiz söýgüden gelip çykýar. Diýsemem, edil şu hili äheňde sözlemek, birhili, göwnüme bolmasa, badyhowalyk ýaly bolup eşidilýär. Munuň özi şol ýetmiş ýylyň sözleýşimiziň milliligine ýetiren zeperi bolsa gerek. Sözleýşimiz bile türkmen göwnüniň tebigatynyň arasynda, birhili, çat emele gelen ýaly duýulýar. Türkmen ruhy juda agraslygy, hatda gapdalyndan seredeniňde birazrak ýowuzlygy bilen tapawutlanýar. Türkmenleriň az gepleýänligi, içimtaplygy hem şunuň bilen baglanyşykly.

Iki sany türkmen Hywa argyşa gidipdir. Kerwençiler bary-ýogy iki adam. Biri – ýaşuly, beýlekisi ýaş ýigit. Hywa ýetjek bolsaňam ep-esli ýol geçmeli. Aňňat-aňňat alaňlaryň hem aňňat-aňňat dymyşlygyň, ümsümligiň, ulgam-ulgam oýlaryň içinden geçip gitmeli. Bu ümsümlik hem dymyşlyk ýaş ýigidiň halys ýüregine degipdir, ýöne şonda-da ol agras kerwenbaşynyň özi dil ýarýança, geplemäge çekinipdir.
Ynha-da solak mawy asman içre, simap kibi bulduraýan gyzgyn howa üzre, ganyňy gatadyp barýan Günüň howruna ýaldyraýan belent minaralar görnüp ugrapdyr. Ýaş ýigit begenjine baslygyp ýatan duýgusyny birden daşyna çykarypdyr:
– Bäh, şähere ýetäýdik öýdýän?!
Muňa ýaşuly:
– Haý, seniň bir, ýaňra! Näme, özüm görmän otyrynmy?! – diýip, gep gaýtarypdyr.
Türkmeniň az sözli hem agras ruhuna dilimize sowet döwründe ornaşan käbir aňlatmalar muwapyk gelmeýär. Şu meselede meniň aýratyn, hemişe gözüme ilýän söz – «söýgi, söýýän» sözleridir. Göwnüme bolmasa, bu sözler käwagt dilimiziň gündelik durmuşynda özüne laýyk many jaýyny tapman kösenýärler, özlerini oňaýsyz duýýarlar. Sebäbi biz bu söze rus dilindäki «lýubit» sözüniň eýeleýän many  giňişligini berjek bolýarys. Türkmen ruhunda bolsa ol many giňişlikleri bütinleý başga sözler eýeleýär. Mysal üçin, türkmen dilinde «Men enem-atamy söýýärin» diýip bolmaýar, beýle diýmek, birhili, suwjuk hem ýeňles bolup gulaga degýär, diňe gulaga däl, mädäňe-de degýär. Oňa derek «Meniň enem-atam bilen göwnüm bir, men enem-atamdan, Watandan göwnümi aýry tutmaýaryn, meniň göwnüm olardan aýry däl» diýseň, hut türkmençe bolýar. «Näme üçin beýlekä?» diýip, men köp oýlanyp gezdim. Belki, ýalňyşdyr, ýöne şeýle netijä gelipdirin: türkmen hiç mahal öz içki duýgusyny gönümel ýüze çykarmaýar, ol öz duýgusyny hökmany suratda aralykda duran haýsydyr bir zada baglap, dolap, ony ýetmeli ýerine ýetirýär. Ýaňky aýdylan sözlemde şol aralykdaky zat bolup «göwün» aňlatmasy hyzmat etdi. Ýa-da, ine, Beýik Serdarymyzyň meşhur pähimi bar: «Biz Watanymyzy başymyza täç etmelidiris». Bu ýerde şol duýgy «täç» sözi bilen çaşyrylyp ulanylýar. Bu bolsa, hakyky türkmen dilinde geplemekdir.
Türkmen dilinde geplemek – türkmen ruhuna laýyk geplemekdir.
Elbetde, türkmenem «men söýýän» diýip biler, şeýle diýýärem. Aýdaly, ýaş juwanlaryň biri-birine duýgularyny aňlatmakda bu jümle köp ulanylýar. Emma şol ulanylyş şular ýaly aýry-aýry pursatlar bilenem çäklenýärmikä diýýärin. Ruhuň şol çäginiň gutaran ýerinde bolsa başga jümlelere laýyk gelýän başga ruhy aňlatmalar başlanýar. Diýmek, özge ruhdan alnyp ulanylýan dil birlikleri (many birlikleri) öz ruhumyzyň häsiýetine, çuňlugyna hem giňişligine gaty bir gabat gelip durmaýar.
Şu ýerde meniň kelläme bir pikir geldi: biz häzir dilimiziň arassalygy, başga dilden alnan gereg-u-gerekmejek sözlerden türkmen dilini saplamak ugrunda jan edýäris. Özge ruhdan alnyp, türkmen sözlerinden tikilen eşigi geýdirilen, emma türkmen ruhundaky çuňluga hem giňişlige gabat gelmeýän many birliklerini näme etmeli?
Meniň pikirimçe, türkmen ruhunyň tebigy ösüşinde, özgerişinde şeýle nälaýyk zatlar öz-özünden aýrylyp gider.
Meniň duýşumça, şeýle jümläniň çuňňur, türkmençe manysy bar.
Geliň, ruhuň çeşmesi meselesine gaýdyp geleliň.
Milletiň ruhy nämeden gözbaş alýar? Elbetde, onuň taryhy ýaşaýşynyň aýratynlyklaryndan gözbaş alýar. Taryhyň ýaşaýşynyň aýratynlyklary bolsa, esasan, halkyň Watan tutunan ýeriniň tebigatynyň ruhy bilen kesgitlenýär.
Her bir ýurduň öz ruhy bar. Daglaryň öz ruhy, sähralaryň öz ruhy, deňiz-derýalaryň öz ruhy bar, munuň üstesine-de her bir dagyň, her bir sähranyň öz gaýtalanmaz ruhy bar.
«Görogly» şadessanynyň gahrymanlarynyň ruhy Çardagly Çandybiliň ruhundan gözbaş hem güýç alýar, şol ruhuň aýratynlyklaryna laýyk keşbi bolýar.
Ýurduň ruhy – onuň tebigatyndan gelip çykýar. Tebigat bolsa tebigy giňişlik bile wagtyň özboluşly utgaşmasydyr.
Türkmen tebigaty diýlende, ilki bilen, türkmeniň saryja tomsy göz öňüne gelýär. Häzirki zaman edebiýatynda türkmen tebigaty, diýmek, türkmen ruhy-da entek öz beýanyny tapanok. Sebäbi bizde ýazyň beýany bar, güýzüň beýany bar, hatda türkmen tebigatyna gaty bir mahsus bolmadyk galyň-galyň ak garlaryň-da beýany bar, emma tomsuň weli özboluşly, gaýtalanmaz ruhuny biziň edebiýatymyzda görüp bolanok. Aslynda bolsa hatda mukdar taýdan alanyňda-da türkmen tebigaty – tas bir ýyla çekýän sary tomusdyr. Hany, bir tomsuň ýürek elendiriji, ogullyk duýgusyny oýaryjy, ýogyn duýgulary sozujy, inçe duýgulary üzülere-üzülere getiriji, onuň gatlak-gatlak reňklerini, gatbar-gatbar owazlaryny göz öňüne getiriji çeper beýanlary?!
Pasyllaryň içinde gowy görýänim tomus.
Yssy tomus özümi balygyň suwuň içinde duýşy ýaly duýýaryn.
Tomus meniň üçin bütin dünýä söýginiň iň güýçlenýän wagty. Hut şu pasylda Günüň Zemine bolan mähri ýetjek derejesine ýetýär. Ýaz, güýz pasyllary hakda şygyr döredilse-de, tomus pasly hakda şygyr döretmek ýörgünli däl. Türkmen şygryýet dünýäsinde-de tomus pasly hakda şygyr ýok diýerlik. Beýik Serdar «Tomus pasly» atly ajaýyp goşgy döretdi. Şol goşgudan mysal alaýyn:

Bitmeýän miwe ýok bu toprak üzre,
Bitmeýän bakja ýok bu toprak üzre,
Yhlasy çuň,
azaby çuň daýhanyň,
Baýlygy hem bagty ýüzdedir, ýüzde.
Hasyllydyr, Hydyr gören ýalydyr,
Hazynadyr, Hudaý beren ýalydyr.
Bu toprak hasylyn göterip bilmez.
Dünýäň çar ýanynda bolmadyk adam,
Bu topraga akyl ýetirip bilmez!

Kümüş ekseň, altyn berer bu ýerler,
Merjen ekseň, göwher berer bu ýerler.
Her penje gumunda hazyna bardyr,
Çünki owalbaşda ýalkanyp Hakdan,
Allanyň alkyşyn alan Diýardyr!

Aýralyk, daşlaşmak söýginiň oduny ölçeýär diýýärler. Gün dogup, kiçelip, Ýerden daşlaşdygyça, onuň şuglalarynyň howry güýçlenýär.
Ol howur meniň süňňümi ýyladýar.
Ol howur endamyma mähir bolup ýaýraýar.
Garry enäniň mylaýym hem jaýryk-jaýryk elleri başyňy sypanda şonuň ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň.
Günüň mähri bilen ýüregiň mähri utgaşyp, ömrüň manysyny, duýgularyňy goşalaýar.
Mähir diýmek, türkmençe söýgi diýmekdir.
Mähir – otparaz atalarymyzyň Gün Hudaýynyň adydyr.
Tomsuň türkmen ruhy üçin pelsepewi manysy bar. Tomus – türkmen tebigatynyň häsiýetli aýratynlygy. Mähir – türkmen ruhunyň häsiýetli aýratynlygydyr.
Sowuk-sowuk çeşmeleriň gadyryny tomusda bilersiň.
Goýry-goýry kölegeleriň gadyryny tomusda bilersiň.
Ene ýeriň mährini aýakýalaň ýöräňde, tomusda duýarsyň.
Ak öýlänleriň didaryny,
Ak gündizleriň jemalyny,
Gumaksy ýollaryň halyny tomusda görersiň.
Türkmen dilindäki iň çuňňur, iň agramly sözler tomus bilen baglanyşyklydyr.
Tomus türkmen ruhunyň jemaly dälmidir?!
Endam-jany jaýryk-jaýryk,  dodaklary ýaryk-ýaryk takyrlar,
Iňlär siňeksiz ýalazy meýdan,
Küpürsäp ýatan gumaksy ýodalar,
Çölüstanyň ortarasynda ýalňyz oturan gyrlar,
Sary sähranyň gutarýan ýerinde
Kä kümüş, kä göm-gök, kä goňur reňke boýalyp oturan gara daglar,
Tüýdüm bulutsyz solak mawy asman – 
ine, meniň mährimi gandyrýan türkmen tebigatynyň keşbi. Türkmen sährasynyň hemişelik düýşi hem hyýaly bolan salgymyň aňyrsynda bolsa, ýyllaryň, ýelleriň hem ýollaryň aňyrsynda bolsa ýene salgyma meňzäp Çardagly Çandybil görünýär. Çünki:
«Gadym zamanlarda Çandybil diýen ýurt bardy. Ol ýurtda beýik-beýik dört dag bardy. Onsoň oňa Çardagly Çandybil hem diýýärdiler. Halkynyň köpi çarwady, düýe, at, garamal bakardy. Aral derýasyndan suwa ýakardy. Özi türkmenlerdi…»
«Görogly» şadessanynyň bu başlangyjy okyjyny taryhy-mifologiki alyslyga alyp gidýär. Edebiýatçylar Çandybili dürli ýerler bilen baglanyşdyrjak bolup jan edýärler. Ýöne bu hökmanam dälmikä diýýärin. Sebäbi Çandybil türkmeniň döwletsiz asyrlaryndaky ýurdunyň umumylaşdyrylan edebi keşbidir. Edebi keşpde bolsa hakyky durmuş maglumatlary hemişe çeper toslamanyň şerbetine eýlenen bolýar.
Çar dag – dört dag – türkmenleriň Çandybil atly ýurdunyň serhetleri.
Çandybil eserde hem (kä) ýurt ady, hem (kä) gala ady bolup gelýär. Munuň özi täsin gala-ýurtdur. Gala bolsa, hut şol asyrlaryň ruhuna gabat gelýär, çünki şäherden ýa kentden tapawutlylykda, gala, köplenç, goranyş berkitmesi bolupdyr. Döwletiň bolmasa, köplenç, goranmaga mejbur bolýarsyň.
«Gadym zamanlarda…» diýip başlanýan eser taryhy duýgulary oýarýar. Taryhyň owazlary – täsin owazlar. Kalbyňda ol duýgularyň oýanmagynyň serhal manysy seniň ruhuňda ata-babalaryň ruhunyň dikelýänliginden ybaratdyr. Ýürek jigläp, atalaryň ömrüni sen öz ömrüň bir bölegi hökmünde kabul edýärsiň. Şonda olaryň ykbaly ähli şatlyk-gussasy bilen seniň ykbalyňa gatyşýar. Tenden tapawutlylykda ruhuň hereket ediş meýdany çäksizdir.
Şadessan – taryhy resminama däl. Şonuň üçinem biz ony okap, ata-babalarymyzyň hakyky taryhyny dikeldip bilmeris. Emma ol öz döwrüniň ruhy pasportydyr, şol pasport arkaly-da biz Görogly begiň ruhunyň aýratynlyklaryny göz atuwymyza getirip bileris.
Çandybil galasynyň eserde erkgala, meýhana, haremhana ýaly bölekleri göz öňüne gelýär.
Erkgala – orta asyr galalarynyň merkezi bölegi bolup, ol ýerde dürli döwlet edaralary, diwan jaýlary ýerleşipdir. Eserde erkgalanyň bir ady tutulaýmasa, onuň üýtgeşik beýanynyň ýokdugy häsiýetlidir. Çünki bu häsiýetliligiň aňyrsynda degişli döwürde türkmeniň döwletiniň bolmandygy ýatýar. Baş gahryman Göroglynyň esasy hereket edýän giňişligi – ýollar, sähra, keseki galalar, daglar, Çandybiliň içinde bolsa, esasan, meýhana hem haremhana bar. Haremhanasynda ol Agaýunus peri bilen dynç alýar. Emma wagtynyň köpüsini meýhanasynda kyrk ýigidiniň arasynda geçirýär. Meýhananyň çuňňur hem uly ähmiýeti bar. Göroglynyň şahsyýetini hem ruhuny şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Meýhana – Göroglynyň hem halk bilen ýurduň bitewi bir göwredigini aňladýan düşünje. Özem bu düşünje onuň diňe bir ýaşaýyş keşbini hem ahlak pelsepesini däl, eýsem serdar hökmünde ýurt soraýşynyň aýratynlygyny-da görkezýär. Sebäbi dürli meseleleriň şol ýerde, egindeşleriniň arasynda çözülýänligi onuň sähra demokratiýasynyň görkezijisidir. Ähli zat geňeş, maslahat bilen çözülýär.
Köne türkmen düşünjelerinde adamyň üç hilini tapawutlandyryp görkezipdirler: öý adamy, oba adamy, il adamy. Adamyň iň bideregi hökmünde birinji görkezilipdir, çünki onuň öýünden başga aladasy ýok. Adamyň iň oňady diýip iň soňkyny görkezipdirler, çünki islendik kişiniň belentligi gerdeninde hem ýüreginde tutuş iliň aladasyny göterip bilýänligi bilen ölçelipdir. Şeýle adamy halk öz hossary, arkadaýanjy hökmünde görüpdir.
Göroglynyň hususy, maşgala durmuşy ýok diýen ýalydyr. Hatda Agaýunus, onuň aýalylygyndanam beter, ýurt, il-gün baradaky aladalarynda maslahatçysy hem kömekçisi bolup durýar. Oguz zamanlaryndaky şamanlaryň edýän hereketleriniň köpüsi «Göroglyda» Agaýunusa geçipdir. Soňky türkmenler «Aýal okap, molla bolmaz» diýen nakyly döredijilerdir. Emma oguz zamanlarynda şamanlaryň içinde aýallaryň köp bolandygyny bilýäris. Häzirki döwürde aýallarda diňe şamanyň tebipçilik, pal atmak edehätleri saklanyp galypdyr. Agaýunus boljak zatlary dyrnagynda görüp oturan perizat. Perilerde yslamdan öňki dini ynançlardaky hudaýlaryň sypatlary saklanyp galypdyr. Perileriň asly otdan bolarmyş diýen ynançda otparazlygyň täsiri görünýär. Biz ýokarda Göroglynyň akyly özünde däl-de, Agaýunusda diýipdik. Bu pikir dogrudyr. Sebäbi Göroglyda özakymlylyk, soňuny saýmazlyk güýçli. Hut Agaýunus onuň hereketleriniň dogrulygyny-ýalňyşlygyny kesgitleýär. Hut Agaýunusyň aýdanyna gulak asmanlygy sebäpli, Görogly uly kynçylyklaryň üstünden barýar.
Emma Göroglynyň Agaýunus bilen gatnaşygynyň tebigatyny diňe aýala ahlakly garaýyş meselesine syrykdyrmak hakykatyň ýaňy birinji – üstki gatlagynda saklanmakdyr. Emma mesele munuň bilen gutarmaýar. Ruhuň çuňlugy nukdaýnazardan seredeniňde, bu mesele gadymy oguzlaryň ynançlaryna barýar. Şeýle bir kanunalaýyklyk bar: ruhuň ösüşinde belli bir döwürdäki dini ynançlar soňky döwürler üçin ahlak ýörelgesi bolup hyzmat edýär. Şamançylykda-otparazlykda hudaýlaryň käbiri aýal sypatynda göz öňüne getirilipdir. Aýdaly, oguzlaryň Hudaýy şonuň ýalydyr. Türkmenleriň ýagyş ýagdyrmak üçin ýerine ýetirýän dessurynda, Garry mama baradaky rowaýatlarda gadymy aýal hudaýlaryň galyndysy bar. Ine, biz gadymy türkmenlerde aýal-gyzlaryň erkin bolandygyna haýran galýarys. Dogrudanam, yslamyň aýala garaýşy üzre seretseň, geň galarlykly ýagdaý. Emma ýokarky ynançlary hasaba alanyňda, bu ýerde geň galyp oturasy zadam galanok. Yslamda-da How enäniň, birinjiden, Adam atanyň gapyrgasyndan bölünendigi, ikinjiden, onuň jennetden kowulmagyna sebäp bolandygy baradaky ynançlar aýaly belli bir derejede kemsidýän ahlagyň döremegine sebäp bolupdyr. Oguzlarda bolsa aýal düşünjesi hudaýlar bilen baglanyşykly, onsoň ol, heý-de, erkekden pesde bolup bilermi?!
Pesde bolmag-a däl, Agaýunus akyl meselelerinde ýokarda-da durýar.
Göroglynyň şahsyýeti bilen baglanyşykly «meýhana» «Agaýunus» meseleleriniň çöwre ýüzüne seredeliň: Göroglynyň gowşak tarapy-da şulardyr. Birinjiden, meýhana – diwanhana däl. Şerabyň başynda agyr döwlet meselelerini çözüp bolmaýar. Göroglynyň köp wagtyny meýhanada geçirýändigem onuň näderejede döwlet işgäridigini görkezýän bolsa gerek. Ikinjiden, diňe duýgularyň däl, akylyňam özüňden önende, döwlet dolandyrmak mümkindir.
Men bu zatlara näme üçin kelle agyrdýan? Men türkmeniň sekiz asyrlap näme üçin döwletli bolmandygynyň ruhy sebäplerini gözleýärin. Şunça wagtlap jemgyýetiň belli, esasy bölegi Göroglyny nusga edinip gelipdir. Ony howandary saýypdyr. Emma çyn howandar, hemişelik howandar diňe aňly-başly guralan häkimlik ulgamy – döwlet bolmaly ahyryn! Bu meselede bolsa Göroglynyň asgyndygyny görüp durus. Hut şu hili ruhy şahsyýetiň, nusga edileni üçin, döwlete ruhy esaslar bolman ekeni diýip netije çykarmak mümkin. Elbetde, ol esaslar asla bolmandyr diýmek gödek ýalňyşlyk bolar. Azady, Magtymguly ýaly ruhuň ikinji bir merkezinde duran adamlaryň taglymatynda ol esaslar bolupdyr, özem berk bolupdyr. Ýöne, haýp, bular köp wagtyň dowamynda türkmen jemgyýetiniň ugruny, tebigatyny kesgitleýji esasy güýç bolup bilmändirler.
«Görogly» şadessanynyň başky sahypasynda Jygaly begiň üç ogly barada berilýän gysgajyk maglumaty ýada salan-a däldir şu hekaýat?! Şol üç ogluň ulusy Genjim beg tüýs öý adamy diýilýän. Ol öz öýünden, öz baýlygyndan özge zady bilenok.
Hut halkyň umumy bähbidi hem ýörelgesi bilen bolmaýandygy üçinem Genjim ýaramaz sypatda görkezilýär. Onuň ugry hem ýüregi halk bilen däl. Şonuň üçinem Görogly ony känbir äsgerenok, hatda ondan goýun ogurlamakdanam gaýdanok. Elbetde, almytynam alýar.
Görogly – Genjim gatnaşygynda gyzykly zat, Göroglynyň elinde adamlara maddy taýdan täsir edişiň hiç hili serişdesiniň ýoklugydyr. Ilkibaşda adamlar ony, kyrk ýigidini eklemek üçin göwnünden çykaranlaryny berýärler. Emma jemgyýete serenjam beriji gurama nire, göwnünden çykaranyny bermek nire? Döwlet – halkyň bähbitleri üçin özünde mejbur ediş serişdelerini saklaýan guramadyr. Görogly halk babatda erkin, halkam Görogly babatda erkin. Erkinligiň beýle görnüşi umumy işiň tersine işleýär: döwletiň ýüze çykmagyna esas bermeýär. Aşa erkinlik halkyň ýaşaýşyny durgunlaşdyryjy boýuntyryga öwrülýär.
Döwlet halkyň hyýallarynyň güýmenjesi däl. Döwlet adamlar arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyryjy, adamlaryň bähbitlerini sazlaşdyryjy çäre. Genjimiň ak öýländen gelip, meýhananyň agzynda, sypanyň üstünde oturyp, sögünmesini ýazgarara esas ýok. Ony ahlak taýdan, adamkärçilik tarapdan ýazgaryp bolar, emma ony akyl nukdaýnazaryndan ýazgarmaga hiç hili tutaryk ýok. Döwlet akylyň serişdeleri bilen döreýän hem ýöreýän edara.
Döwlet adamlaryň, jemgyýetçilik toparlarynyň öz bähbitlerini aňlamagyndan hem olary sazlaşdyrmak isleginden döreýär. Genjimden tapawutlylykda Görogly asla bähbit diýilýän zadyň nämedigi barada pikir hem edenok. Pikir etmek ygtyýarlygy Agaýunusda ahbetin!
Hususy bähbitleriň äsgerilmeýän ýerinde döwlet bolmaýar. Dünýägaraýşyň göroglyçylyk ýoly hususy bähbidi inkär edýär, diňe umumy bähbitden ugur alýar. Hut şonuň üçinem Görogly diňe özüni bilýän Genjimiň malyny ogurlamaga özüni ahlak taýdan hukukly hasap edýär. Şadessanyň umumy hörpünden beýle hereketiň ýazgarylmaýandygyny duýup bolýar.
Ýöne bu zatlaryň bary türkmençe aýdylanda, içeriniň gürrüňidir. Esasy zat – «Gorkut atadan» tapawutlylykda «Göroglyda» belli bir direg-gala şäheriň barlygydyr. Türkmeniň belli bir oturymly Watanynyň barlygy uly zatdyr. Taryhda hemişe döwletli bolan türkmen belli-belli döwürlerde öz döwletliligini ýitiripdir. Emma ol hiç wagt Watanyny ýitirmändir, Watanyny elden gidermändir.
Emma, gynansagam, döwletiň uzak wagtlap bolmazlygy Watanyňam üstüne howp salyp ugraýar. Onsoň «Watanyň nirede? – Hatap galasynda» diýen ýaly pelsepeler hem durmuş keşbi döräp ugraýar. XVII asyryň ahyrynda şeýle ýaramaz meýilleriň bolandygyny çaklap bolýar. Emma Azadynyň, Magtymgulynyň geçiren ruhy özgertmeleri şeýle ters pelsepäniň türkmen ruhunyň süňňüne aralaşmagynyň, Watan düşünjesiniň elden giderilmeginiň öňüni aldy.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle