Görogly taglymatynyñ esaslary -5: Galandar ruhuñ jemaly
Görogly taglymatynyñ esaslary -5: Galandar ruhuñ jemaly
5. Galandar – ruhuň jemaly
Görogly diýlende, adamlaryň köpüsi eli gylyçly, galkanly, söweşmekden özge käri bilmeýän bir urşujyny göz öňüne getirýärler. Emma Göroglynyň şahsyýeti beýle birtaraplaýyn göz öňüne getirerden has çylşyrymlydyr.
Edebiýatçylarymyzyň dilinde şahyrana gahryman diýen jümle bar. Bu jümle şahyryň edebi hem ruhy şahsyýetleriniň köpdügini, bir adamyň içinde birnäçe adamyň oturandygyny aňladýar. Göroglynyň şahsyýeti hem edil şonuň ýalydyr. Täsin ruhy öwrülişikler, dürli adamlaryň keşbine girip, biri-birinden juda parhly şahsyýetleri ýüze çykarmak Göroglynyň ruhunyň esasy aýratynlyklaryndandyr.
Munuň özi Göroglynyň mysalynda türkmen ruhunyň ýaşaýşa ukyplydygyny, türkmen kalbynyň öz jilwesini üýtgetmek, hakyky durmuşa görä täze taraplary açmak mümkinçilikleriniň çäksizdigini görkezýär. Tebigatda-da, durmuşda-da daşky şertlere görä özgerip bilýän şahslar üstün çykýarlar. Şeýle ukyby bolmadyklar bolsa derde ýaramsyz hökmünde ýaşaýyş kerweninden üzülip galýarlar.
Men muny näme üçin agzaýaryn?! Munuň türkmeniň geljegine dahylly ruhy taglymat bilen näme baglanyşygy bar?! Gönüden-göni baglanyşygy bar. Milletiň ruhy esaslarynda üýtgemek – özgermek, ösmek mümkinçilikleriniň barlygy bu milletiň geljegine şaýatlyk edýär. Tebigatda bolýan üýtgeşiklere görä ýaşap bilmedik, özünde şolara uýgunlaşmaga fiziologiki endikleri döredip bilmedik jandarlar ýok bolup gidipdir diýýärler. Adamzat taryhynda-da täze taryhy hakykata laýyk özgerip bilmedik, şol sebäpden ýitip giden halklar bolupdyr. Türkmen ruhunyň düýpli hadysalarynyň biri bolan Görogly şahsyýeti türkmen ruhunyň geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär.
Eger ruhy taýdan çeýe hem maýyşgak bolmadyk bolsa türkmen agyp-dönüp duran dünýäde milli bitewüligini saklap bilmezdi. Millet, bir tarapdan, özüniň sütüni bolan esaslaryny ýitirmän saklamaly, şol bir wagtda-da onuň ruhy taryhy şertlere görä reňk hem owaz almany başarmaly.
Taryh hem edil tebigat ýaly ýowuz we gyňyr. Ol seniň şahsy öýkäňe gulak gabardyp duranok, ol hökümdar, sen bolsaň isleseň-islemeseň, onuň hökümlerini ýerine ýetirmeli, öz ruhuňda şol hökümlere görä, ýaşamaga ukyp tapmaly. Hut şu hili pelsepe Göroglynyň şahsyýetindäki gürrüňi edilýän aýratynlykdan gelip çykýar.
Üns beren bolsaňyz, iň uly meseleleri çözende-de, Görogly iň soňunda gylyjy işe girizýändir. Mesele iş ýüzünde tas çözülensoň, boljagy bolup, boýasy synandan soň, gylyç soňky nokat bolup hyzmat edýär.
Mesele çözmekde Göroglynyň ýene bir ýaragy bar – ol mekirlik. Öwezi alyp geleninde-de, ogurlanan Gyratyny gaýtaryp getirende-de Göroglynyň gylyç bilen deň, hatda ondanam köp ulanýan ýaragy mekirlikdir. Mekirlik bilen gylyç, mekirlik hem akyllylyk – tereziniň şu iki taýynyň birinjisi Göroglyda hemişe rüstem gelýär. Durmuş düzgüni, öňde durýan meseleleri çözmegiň usuly hökmündäki akyllylygam mekirlikden soňa geçýär. Görogly, köplenç, akyly ulanýar diýip aýdyp bolmaz, elbetde, ol akylsyz däl, ýöne onuň akyly özünde däl-de, döwleriň janynyň daşyň aşagynda saklanyşy ýaly, Agaýunus peride jemlenipdir.
Gaty bir oýlanyşykly, akylly däldigi üçinem, ol kempire aldanyp, Gyratyny elden giderýär, dogan okaşan ýigidi Bezirgeni nähak ýere öldürýär, Arap Reýhana ýesir düşýär. Ýöne bu hakda soň.
Häzir bolsa mekirligiň hiledigine, pirimdigine, aldygyna ünsi çekeliň. Başga keşbe girmek, özüň hakynda nädogry habar bermek – aldamak bolýar. Aldamak bolsa al salmakdyr (gol-damak – gol bermek, el-lemek – el urmak) al salmagam al bilen baglanyşykly. Al hakyndaky garaýyşlar bolsa oguzlaryň şamançylyk-otparazlyk ynançlaryna baryp direýär. Göroglynyň mekirlik bilen duşmanlaryna al salmagy-da şo ynançlaryň bir galyndysydyr. Göroglynyň şahsyýetinde, ruhy keşbinde akyldarlygyň, pähimdarlygyň ýoklugy-da şamançylyk şahsyýetinden gaýdýar. Ýekehudaýlylyk dinlerinden tapawutlylykda şamançylygyň esasy wekili bolan şaman akyl tilsimatlaryndan peýdalanmandyr. Çünki şamançylyk akylyň, pikiriň däl-de, duýgy oýunlarynyň ulgamydyr.
«Agaýunus Göroglynyň şemha donuny, şemle guşagyny, pyçak-aýpaltasyny, gunduz sopbaşyny, sagyr ädigini, hemme geýim-gejimlerini ýygryp alyp, galandar lybasyny geýdirmäge aýlanyşdy: başyna küla, egnine jinde, goluna hümmet hasa berip, goltugyndan betbagt kädini asyp:
– Bar, işiňi Alla oňarsyn! – diýip, Agaýunus oňa ak pata berdi».
Gyratyny yzyna almaga gidýän Görogly şeýle keşbe girmeli bolýar. Ol ruhuň içki çeşmeleri nukdaýnazardan şamançylyk-otparazlyk bilen baglanyşykly. Çünki şamanyň tilsimatlary ýarag, at, hasa we ş.m.-ler bolupdyr. Munuň özi ruhlara garşy söweş tilsimatlarydyr. Daşky, taryhy tarapdan alanyňda, galandar lybasyna girmek özüni tanatmazlyk, şahsyýetiňi gizlemek bilen baglanyşyklydyr.
Nişapur – köp ilatly uly orta asyr şäheri. Şäherde özüňi tanatmazlygyň iň oňat usuly köpsanly galandar toparlaryna goşulmak bolupdyr. Galandarlar Gündogaryň maddy hem ruhy durmuşynda uly hadysa bolupdyr. Özbaşdak durmuşy gatlak bolan galandarlar ilata dini-ruhy taýdan hyzmat edip, adamlaryň beren sadakasynyň hasabyna ýaşapdyrlar.
«Görogly» şadessanynyň orta asyr şäheriniň ruhy gurşawy juda beletlik bilen suratlandyrylýar. Galandarlara goşulyp, olaryň baştutany bolup, Şagalandar adyny alýan Göroglynyň üsti bilen türkmen bu jemgyýetçilik toparyň nämedigini özüçe aýan edýär. Göroglynyň görüşiçe, galandarçylyk gün görmegiň, gazanç etmegiň bir ýoly bolup durýar. Olar gazanjy dilegçilik arkaly edýärler. Bularyň gazanjyna Göroglynyň göwni ýetmän, özüçe talap etmäge başlaýar. «Görogly içinden aýtdy: «Aý, zaňňarlar, edýän talabyňyz şu boljak bolsa, bala-çaga ekläp, şundan çaýpuly artdyrjak bolsaňyz, bilmedim-ow».
Görogly, elbetde, özüne mahsus endige görä, gara güýç ulanyp, gazanç etmäge başlaýar. Dilegçilik etmek – ruhy bolsun ýa maddy bolsun – onuň ruhuna laýyk gelenok. Şeýdip ol galandarçylyk hereketiniň tas tebigatyny üýtgedip barýar. Bolsa-da, wagtynda galandarlar bilen aýrylyşaýýar.
Hawa, meselä durmuşy seretseň, Göroglynyň güýji hem, asgynlygy hem şol bir zatda. Onuň ölmez-ödi oňşuk bile gezip ýörmän, dileg etmän, öz ruhy hem gara güýjüne daýanmagy gowy zat, muňa durmuşy ruhubelentligi diýmek boljak. Emma, şol bir wagtda-da, onuň bolşy galandarçylygyň ruhy manysyna düşünmedige meňzeýär. Aslynda ol beýle inçeliklere ähmiýetem berip duranok. Emma orta asyrlarda galandarlar ýöne bir gedaýçylyk edip ýören adamlar däl-de, orta asyr şäheriniň ruhy ýaşaýşyny üpjün edýän jemgyýetçilik gatlak bolupdyr. A.L.Troiskaýanyň şu babatdaky ylmy makalasynda şeýle ýazylypdyr: «Sogapgünleri galandarlar öýlere, esasanam, ýaňy-ýakynda öli ugradan howlulara aýlanypdyrlar. Şol ýerde olar ölenleriň ruhuna bagyşlanan «Arwahnamany» ýerine ýetiripdirler. Bu namada öliniň ruhunyň öz mazaryna barşy hem-de teniniň süýekden aýrylyşyny, süňkleriniň dagap ýatanyny görşi suratlandyrylýar. Gama batyp, ruh öz öýüne gelip, gapydan jyklaýar. Ol per düşekde öz aýalynyň başga bir adam – täze äri bilen oýnap-gülüp oturyşyny görýär: öz hossarsyz galan neresse çagalaryny görýär. Onsoň merhumyň ruhy Alla ýüzlenip, ol adamyň janyny almagyny dileýär. Alla onuň dilegini eşidýär. Namanyň ahyrynda merhumlaryň ruhuny razy etmek hem-de öýde rysgalyň bolmagy üçin, ölini hatyralamak, sogapgünleri Gurhan okamak hem onuň ruhuna aýat etmek maslahat berlipdir». Şeýle galandar namalarynyň adamlara nähili ruhy hem ahlak täsirini ýetirjekdigini göz öňüne getirmek kyn däl. Diýmek, galandarçylygyň esasy wezipesi ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny saklamak bolupdyr, şondan artyk zada ymtylmak olaryň ahlaky kadalaryna gabat gelmändir.
Görogly bu durmuş-ruhy hadysanyň diňe bir tarapyny görýär. Onuň gözüne galandarçylyk durmuşy nalajedeýinlik bolup görünýär. Şonuň üçinem, ol ur-tut bu ýere öz ýörelgelerini girizmäge başlaýar. Şeýdibem, şäher durmuşynda hadysa öwrülýär.
Eýsem-de bolsa, islendik ruhy mesele ýaly, bu iki ruhuň aragatnaşygy meselesini-de «Bu mamla, onuňky bolsa ýalňyş» diýen kanuny-hukuk terzde çözüp bolmaýar. Ruh hem edil tebigat hadysalary ýaly, adam aňynyň hem erkiniň ygtyýaryndan aňyrdaky barlykdyr. Adam diňe hukuk kanunlaryna laýyklap bolýan meseläni ýokarky ýaly çözüp biler, çünki ol kanunlar onuň aňynyň hem erkiniň önümi. Ruh başga zat. Aslynda edil tebigat kanunlary ýaly, ruhuň kanunlaryny-da döredip däl-de, diňe açyp, akyl ýetirip bolarmyka diýýärin. Taryhy ýaşaýyşda, uzaga gitmek isleseň, şol çylşyrymly kanunlara görä, hereket etmeli bolsa gerek.
Her näme diýseňem, şäheriň, galandarçylygyň ruhy dymyljan, agralan, rasionalizm bilen baslygan, howasy azalan ruhdur. Görogly özüniň erkanalygy, her hili ruhy ýa jemgyýetçilik keramatyny inkär edýän kakabaş ruhy bilen muňa gowy täsir edýär. Orta asyr şäheriniň ýelýürek hem lellim ýaşaýjysynyň gözüniň alnynda Görogly dogumlylygyň üýtgeşik nusgasy bolup durýar. Ol dogumlylyk bolsa, üýtgeşik ruhy hem beden berdaşlylygyň utgaşmasydyr.
Göroglynyň gaýry şäherlilere, birhili, göwnüýetmezçilikli, kinaýaly garaýşy göze dürtülip, her ädimde bildirip dur. Munuň özi dag bürgüdiniň elguşa bolan ýaňsyly garaýşydyr. Hatda ol nişapurlylaryň, weýeňňamlylaryň öňünde köwek çopan, sähne sypatyna girende-de, onuň howalasy belent, demi rüstem gelýär. Olar muny oýnaýandyrys öýdýärler, emma aslynda, Görogly olary oýnap, öz gizlin maksadyna ýetýär. Göroglynyň – ady belli batyr serkerdäniň, bir ýurduň hanynyň sähnä, çopana öwrülip bilýänligi täsin zat hem ol onuň ruhunyň rüstemliginden habar berýär. Şeýle öwrülişik köpler üçin nätanyş hem mümkin däl utgaşmadyr. Aýdaly, Göroglynyň garşydaşlary bolan Hüňkäriň ýa Arap Reýhanyň şeýle sypata girmegi asla göz öňüne getirerlikli däldir. Munuň özi olar üçin «kiçilikdir, peslikdir». Olaryň ruhy adatlarynda başga kanunlar ýöreýär. Sen adamlaryň öňünde nähili baha giren bolsaň, şo hili hem bolmaly. Seniň ykbalyň jemgyýetçilik pikirine bagly. Sähne ýa köwek çopan bolmak saňa uslyp däl. Şo-da seniň ejizligiň hem asgynlygyň. Sen altyn kapasa giren ýaly, öňli-soňly kesgitlenen keşbiň, jemgyýetçilik pikiriniň içinde otyrsyň. Hut şonuň üçinem Hüňkär Görogla ruhy hem dogum basdaşy bolup bilmeýär. Göroglynyň güýji – onuň doly, hemmetaraplaýyn erkinliginde. Ol islese çopanam bolup bilýär, sopuçylygam edip ýör, aždarha bilenem uruşýar, galandar sypatyna girip, «hüw-hak» diýibem aýlanyp ýör.
Göroglynyň erkinligi – ruhy öwrülişigiň erkinligi. Ol islendik keşpde bolup bilýär, şol sypatda öz «meni» bilen sazlaşykly gatnaşyk saklap bilýär, islendik ýurtda özüni öz öýünde ýaly duýup bilýär. Islendik milletden, ýurtdan, gatlakdan bolan adam bilen dogan ýaly gatnaşyk saklap bilýär.
Erkinlik – daşynda ruhy ýa jemgyýetçilik gabawyň bolmazlygydyr. Görseler, ynha, bir galandar. Başynda küla, egninde jinde, golunda hümmet hasa, goltugynda betbagt kädi. «Bu çölüstanda gezip ýören nähili galandarka? Çopanlar muny tananok, bu-da çopanlary tananok. Birden biri:
– Munuň sypaty Göroglyňka meňzeýä-le. Haw, sen Görogl-a dälsiň?
– Hawa, men şol…»
Göroglynyň galandar bolmagy çopanlar üçin gaty bir geň zat däl. Diýmek, bu ýerde başga hili ruhy-ahlak kanunlaryna görä ýaşaýan jemgyýetçilik pikiri bar.
Göroglynyň şahsyýeti türkmen ruhunda özboluşly täsin hadysadyr. Ol türkmeniň ruhunyň näderejede giň hem köp reňkli bolup biljegini, özgermäge-ösmäge ukyplydygyny görkezýär.
Emma Göroglynyň gowşak ýeri-de şol öwrülişikdir. Hut şol sebäpli, ruhy çäksizlik sebäpli oguzlaryň ep-esli bölegi özge halklaryň içine siňip gidipdirler.
Göroglyçylyk taglymaty bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatyny deňeşdirmek jähetinden alanyňda, merhemetli Prezidentimiziň käteler özüni tanatmazdan, garaşylmadyk ýagdaýda şäher-kentlere aýlanandygyny we il-günüň içinde bolup, adamlaryň gün-güzeranlary, ýaşaýyşlary, ruhubelentlikleri bilen ýakyndan-ýakyn tanşandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Şeýdip, Beýik Serdar türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini öz gözi bilen görüpdi, adamlar bilen ýürekdeş gürrüň edipdi.
Edebi makalalar