Görogly taglymatynyñ esaslary -3: Dälilik teswiri
Görogly taglymatynyñ esaslary -3: Dälilik teswiri
3. Dälilik teswiri
Türkmen şadessanlarynda «dälileriň» birgiden topary bar. Türkmen diliniň – onuň taryhy nukdaýnazardan-da, diliň şu günki ýaşaýşynda-da «däli» aňlatmasynyň örän çuňňur hem köpgyranly manysy bar. Şol keşpleri hem manylary belli nukdaýnazardan saýhallaşdyranyňda, rejeläniňde, bu meseläniň türkmen ruhy üçin düýpli meseledigi aýdyňlaşýar. Dälilik – türkmen ruhunyň düýpli ahwalatyny, türkmen kalbynyň ýüze çykyşynyň bir şekilini aňladýandygyny görüp bolýar. Däli Domrul, däli Garçar, Harman däli, däli Mätel. Bu hatary ýene-de uzaltmak mümkin.
Kalbyň bir ýagdaýy hökmünde dälilik tebigylyk hem tezlikdir. Dogumlylyk, açyklyk, müýnsüzlik, ýüreklilik däliniň şahsyýetinde tebigy utgaşýar. Bu bäş günlük dünýäde däli hiç kimden hem hiç zatdan minnetsiz ýaşamak isleýär. Ol öz üstünde hiç hili keramaty ýa durmuşy sütemiň hem durmuşy zor salmalaryň hiç hili görnüşini ykrar etmeýär. Däli minneti öz gaýratyndan hem gylyjyndan çekýär. Onuň üçin esasy keramat – erkanalyk hem azatlykdyr. Türkmen ruhunyň hadysasy, çäklendirilmedik asylky duýgularyň möwç urmasy bu ýerde esasy zatdyr. Türkmeniň «Ýigit ýa däli gerek, ýa doly» diýen nakyly «dälilik» düşünjesiniň nähili arzyly gymmatlyk bolandygyny oňat görkezýär. Beýik Magtymguly:
Endişeli iş bitirmez,
Meýdanda däli bolmasa
– diýýär.
Endişeli – soňuny saýgarýan, oýlanýan, gorkýan. Däli, onuň tersine, soňuny saýmaýar. Çünki meýdanda soňuny saýgaryp oturara pursat ýok. Soňuny pikir etmeklik öz janyňdan gorkmakdan, özüňi aýamakdan gelip çykýar. Dälilik – il üçin, onuň ar-namysy, bähbidi üçin janyňy orta goýmaklykdyr. Şu tarapdan «dälilik» dogumlylyk, batyrlyk bilen bir zat bolup çykýar. «Soňuny saýandan batyr bolmaz» diýipdirler.
Emma dälilik diňe harby pursat ýa-da batyrlyk bilen baglanyşykly diýmek bu düşünjäniň manysyny, elbetde, çäklendirmek bolar. Dälilik – ruhuň çäklendirilmezligidir. Ol adam ruhunyň ýaşaýyş düzgüni bolup ör-boýuna galýar.
Başyňy dik tutmak, ruhubelentlik, dünýäni hossa däl-de, öz ruhy hem beden taýdan kuwwatlygyňy ýaýmak üçin berlen puryja hökmünde kabul etmek däliniň esasy sypatlarydyr. Türkmenleriň üýtgeşik ruhy sagdynlygy, ahlaky belentligi, garadangaýtmazlygy, ahlak arassalygy baradaky bahalaryň hemmesiniň aňyrsynda dälilik düzgüni hem dälilik pelsepesi ýatýar.
Dälilik – içki, şahsy ruhy azatlykdyr. Içki taýdan azat bolan şahsyýetiň daşky gulçulygy kabul etmejegi düşnüklidir. Içki azatlyk daşky azatlyga – jemgyýetçilik ýaşaýşynda her bir şahsyýetiň öz erkliligine hem-de şahsyýetler arasyndaky sazlaşyga getirýär. Däli öz şahsyýetine hem mertebesine daşky hüjümleri bagyşlap bilmeýär. «Gorkut atadaky» däli Domrul ölümi – adam başyna düşýän iň uly betbagtlygy tapan Hudaýyň özüne garşy baş göterýär. Hiç bir halatda boýnuny burmazlyk, hiç kimiň öňünde baş egmezlik, erkine kast edýän zada boýun bolmazlyk dälilik kadalaryndandyr. Mundan-da beter adam häsiýeti manysynda dälilik hatda ýabanylyk, ýyrtyjylyk bilenem utgaşýar. «Gorkut atadaky» däli Garçaryň öýüne hiç kim gudaçylyga-da baryp bilenok. Ol aýal dogany üçin sözaýdyjy barany öldürýär. Munuň özi däliligiň bitewüleşdirilmegi bolsa gerek. Meseläniň şu hili manysy «Görogly» şadessandaky aşaky pursatlarda has oňat ýüze çykypdyr.
«Görogly:
– Aý, ýigitler, bizem bihal adam däldiris – diýip, desterhanyň gyrasyna çökäýdi. «Alawer» ýok, zat ýok, urdy ýahna penjäni… Şonda-da bir goly ýahnada zaňňaryň, ýöne beýleki ýumrugyny welin bek düwüp, iki ýana talawladyberdi… Bularyň baştutanyna Şahmürze diýer ekenler. Ol:
– How, ýigitler, döw näme işlesin, peri näme işlesin. Ol, megerem, türkmendir. Türkmenleriň nahar iýşi aç böri kimin bolarmyşyn».
«Görogly garnyny doýrup atlandy-da:
– How, çopan, seniň duzuňy iýdik, eden hyzmatyňa razy bolaweri – diýdi.
– Aga, men-ä razydyryn weli, sen adamzatdan bolaýypsyň, eger haýwanatdan dagy bolaýan bolsaň, sen böri borduň».
«Aşyk Aýdyň:
– Haw, ýagşy ýigit, senden-ä sopy bolmaz, bizdenem pir. Sen sag-aman gideweri!
– Pirim, öldürseň öldür, asla gitmerin!
– Aý, ýagşy ýigit, senden nebsini öldürip, sopy bolan bolmaz. Seniň üsti-başyň belent görünýä, gözüň ýeser görünýä. Sen biziň bu jaýlara sygjak adam däl. Bu göz bilen bikär gezmersiň, gideweri, gideweri».
Göroglynyň börä meňzedilmegi, ýöne ýere däl bolsa gerek. Ol aýdyjy bagşynyň tapan meňzetmesi däl. Ol Oguz handan gaýdýan taryhy-medeni pikirlenme galyby. Edil «böri» ýaly, «däli» hem baryp gun – Güne uýlan eýýamyndan gaýdýan aňlatma bolsa gerek. Adamzadyň ruhunyň ilki ösüş döwürlerinde bolsa, bir şonuň ýaly aňlatma ýa-da meňzetme serişdesi soňky döwürleriň giden bir ruhy taglymatynyň many aňladyş güýjüni özünde jemläpdir. Çünki ilkibaşky dünýäni duýuş – dünýä howaýy pikirlenme däl-de, çeper-manyly gatnaşyk arkaly akyl ýetirmekdir.
Ol wagtlar duýgy hem pikiriň, hem duýgynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Şonuň üçinem irki ýazuw ýadygärlikleri soň görlüp-eşidilmedik derejede çeperdir.
Süňňüni söküp, asylky manysyny doly aňlap bolmasa-da «däli» sözüniň iňňän gadymy oguz sözüdigi, hatda beýik gunlar zamanynda-da ulanylan sözdügini çaklamak bolýar. Ondan ezelki oguz ruhunyň terligi hem tezligi, çäksizligi hem duýdansyzlygy görünýär, ondan oguz şiwesiniň hem mylaýym, hem zarply, hem şirin, hem gödeňsi owazy gelýär. Megerem, häzirem türkmen dilinde işjeň ulanylýan «telbe» (teli-be) sözi-de şunuň bir doňup galan nusgasy bolmaly.
Emma soňky asyrlarda «däli» düşünjesi – «mert», «batyr» diýen sözler bilen aňladylyp başlapdyr. «Däli» sözi bolsa, diňe akylyny ýitiren manyda ulanylypdyr. Şu iki sözüň özara gatnaşygy, biri-biriniň ornuny çalşyşy boýunça türkmen ruhunyň özgerişiniň düýpli kanunalaýyklyklaryny öwrenmek mümkin.
Dälilik – beýik ruhy häsiýet.
Ýöne taýagyň ikinji ujy bar, arman!
Däliligiň örän aňsat hem çalt öz gapma-garşylygyna geçmegi mümkin. Belli bir çäge ýetenden soň, dogumlylygyň doňýüreklilige, özbaşdaklygyň baş-başdaklyga, garadangaýtmazlygyň ýyrtyjylyga dönäýmegi mümkin. Içki azatlygyň esasy bolan däli duýgularyň jylawsyzlygy daşky baş-başdaklyga, onuň bolsa gulçulyga getirmegi mümkin. Baýyndyrlar bilen, kaňlylar bilen oňuşmadyk, ylalaşyga gitmedik Ogurjyk alp iň soňunda 1000 öýlüsinden 700 öýlüsini ýitirip, özüni Balkana atypdyr. Ýöne şol arzyly çäk näme, ol nireden geçýär? Ol – döwletdir, ol çäk şahsyýet bilen jemgyýetiň arasyndan geçýär!
Edebi makalalar