| |

Görogly taglymatynyñ esaslary -1: Bürgüt teswiri

Görogly taglymatynyñ esaslary -1: Bürgüt teswiri

GÖROGLY TAGLYMATYNYŇ ESASLARY

1. Bürgüt teswiri

Görogly ýaly öňe düşeniň bürgüt bolsa, daglara eltýän eken. Görogly şahsyýet hökmünde daglarda kemala geldi, ýetişdi.
Göroglyny kemala getiren daglar kyn güne düşen, sarsyp ugran türkmen ruhunyň myhy bolupdy.
Hywa taryhçysy Abulgazynyň ýazmagyna görä, Göroglynyň taryhy asly bolan Ogurjyk alp salyr türkmenlerinden bolupdyr. Şadessanda Görogly teke türkmenlerindendirin diýýär. Çünki soňky asyrlarda tekeler, ärsarylar, salyrlar, ýomutlar hem saryklar diýlip atlandyrylyp ugran taýpalaryň XII asyrda umumy ady salyrlar eken. Meşhur taryhy şahsyýet Ärsarybabanyň salyr birleşigine ýolbaşçylyk edendigini-de biz bilýäris. Türkmenleriň halky şejeresinde agzalan taýpalaryň ählisiniň atasy Salyr Gazan alp diýlip görkezilýär. Şol Gazan alpyň nesli bolan ikinji Ogurjyk alp taryhçylaryň şaýatlyk etmegine görä, XII – XIII asyrlarda ýaşap ötüpdir. Hywa taryhçysy Abulgazynyň ýazyşyna görä, batyr ýigit Ogurjyk alp ilkinji hereketlerini Yrakdan başlaýar.

Syýasat eýlediň Basra ýurdunda,
Keç bakan ykbala Kör Jygaly ogly
 – diýen setirleriň hem şol hereketler bilen baglanyşykly dörändigi hakda ylmy makalalarda köp nygtaldy.  Biz bu gün Göroglynyň XI asyrda Beýik Seljuk türkmenleri şalygyny döreden Togrul begiň çeper keşbidigini bilýäris. Ýöne henize-şu güne çenli Göroglynyň aslyýeti barada dürli çaklamalar bardy. Göroglynyň aslyýeti baradaky pikiriň düşnükli bolmagy üçin, ilki bilen, şu güne çenli dowam edip gelen pikirlere okyjylaryň ünsüni çekmegi makul bildim. A.Jykyýewiň taryhy çeşmelere salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Ogurjyk ilaty bilen Balkan daglarynyň golaýynda XII – XVII asyrlaryň çatrygynda ýaşapdyr. Amyderýanyň bir goly Uzboýyň şol döwürde Kaspä guýýan ýerinde olar şäher bina edip, oňa Ogurja diýen at beripdirler. Köne Uzboýyň Kaspä guýýan ýerinde Ogurjaly diýen ýer şu günlerde hem bar. Ogurjygyň (Ugurjygyň) batyrlygy, gaýduwsyzlygy hakyndaky wakalar, hekaýatlar Göroglynyň adyna berlipdir.
Hyýalyýeti-ruhy aňyň öz döreýiş hem ýaşaýyş kanunlary bar. Köneden galan ýekeje sözüň başgaça düşünilmegi giden bir kyssawy esere esas bolup bilýär. Alym A.Bekmyradow Ogurjygyň kakasynyň adynyň – «kör» sözüniň batyr, alp, gözsüz batyr diýen manylary berýändigini gaty jaýdar belläpdir. Emma «kör» sözüniň batyl diýen manyda düşünilmegi şadessany döredijileriň Jygaly begiň kör edilmegi bilen baglanyşykly kyssany döretmegine sebäp bolupdyr, edil şol sözüň, näme üçindir, «gör» diýen manyda aňlanylmagy (bu türkmen diline mahsus hadysadyr – kyn-gyn, kyrk-gyrk, togsan-dogsan, kep-gep, pozmak-bozmak, dört-tört) Röwşeniň görden çykýanlygy baradaky kyssanyň döremeginiň dil esasy bolupdyr.
Hawa, biz dil esasy diýip ýöne ýere heçjiklämzok. Sebäbi dil üýtgeşmeleriniň şeýle edebi aňlanylmagy üçin has düýpli esas – durmuşy esas gerek. Durmuşy esas bolsa düşnüklidir – özge taýpalar bilen oňşuksyzlyk, ýurt gözläp entemeler, şu agyr ýagdaýlarda halkyň öňüne düşüp biljek batyr ýigidiň zerurlygy.
Emma dil esasy-da howaýy närseler arkaly aňlanylanok. Ýokarda görden çykmagyň halkyň haçandyr bir wagt ulanylan däp-dessurynyň aýratynlyklaryndan gelip çykýandygyny ýaňzydypdyk. Jygaly begiň kör edilmegi-de Görogly-Ogurjyk alpyň döremeziniň öň ýanyndaky kynçylykly döwürde ýygy-ýygydan gabat gelen durmuş maglumatlaryndan bolmagy mümkindir. Gündogaryň zalym hökümdarlarynyň bu ýowuz jezany köp ulanandygy mälimdir.
Şeýlelikde, dildäki üýtgeşmeler, taryhy durmuşyň özündäki wakalar, halkyň ruhy umytlaryndaky, jemgyýetçilik aňyndaky çuňňur özgerişler – bularyň hemmesi täsin utgaşyp, täze bir ruhy taglymaty amal edýär. Şeýle täze ruhy gymmatlygyň döremegi üçin görnüşi ýaly, örän köp esaslar zerur bolupdyr. Halkyň diline, aňyna, gündelik durmuşyna, taryhy aňyna, däp-dessuryna degişli köp sanly özgerişleriň täsin utgaşmasyndan täze taglymat dünýä inýär. Munuň özi taryhyň belli bir döwründe bolup geçýän örän işjeň hem dartgynly, gyzgalaňly, edil çaga dünýä inendäki ýaly aldym-berdimli ruhy hadysadyr. Milletiň içki ruhy gorlaryny doly herekete getirýän hem ruhy güýjüniň doly ýüze çykmagyna sebäp bolýan hadysadyr.
Biziň derňeýjilerimiz kämahal degişli meseläniň bir esasyny tapýarlar-da, başga bir esasa daýanýan derňeýjiniň üstüne arslan bolup topulýar. Onuňkyny inkär etmäge çalyşýar. Emma düýbüne seretseň, bu esaslaryň, delilleriň hiç hili içki gapma-garşylygy bolman, olar şol bir taryhy hadysanyň dürli taraplaryny, pursatlaryny, derejelerini aňladýarlar. Durmuş ýöntem, bir reňkli zat däl. Diňe dürli taraplaryň, derejeleriň, pursatlaryň janly utgaşygyndan hakykat diýilýän reňbe-reňlik, çuňňurlyk hem köpmanylylyk hasyl bolýar. Görüň körden – batyldan, körden – batyrdan bolmagy hem, Göroglynyň görden çykmagy hem, ähli gaýry nusgalar hem şol bir içki mantykly hadysanyň ruhuň dürli derejelerinde – onuň aşaky, ýokarky, astky, üstki, ýaşaýyş gatlaklarynda ýüze çykmasydyr.
XIX – XX asyrlaryň sepgitlerinde ýaşap öten alym Zigmund Freýdiň psihoanaliz taglymaty bar. Ol taglymatda alym düýş diýilýän hadysanyň düýp manysyny şuňa syrykdyrýar: düýş adam bedeniniň daşky hadysalara bolan tebigy gatnaşygydyr, baglanyşygydyr. Huşunda – durmuşda dürli kynçylyklara, düwünlere gabat gelen adamyň ruhy, serhaly düýşünde şol düwünleri özüçe «çözýär». Şeýdibem, ol kynçylygy öňünden aýyrýar, şeýdip beden öz içki kuwwatlyklaryny gaýtadan dikeldýär. Edebiýatyň, sungatyň, umuman, islendik ruhy döredijiligiň hem ýerine ýetirýän işi, düýp manysy düýşüňki ýalydyr. Durmuşda entek kemala gelmedik şahsyýeti türkmen halky öz düýşünde – hyýalyýetinde görden çykaryp, kemala getirýär.
Döredijilik manysy – düýşdür.
A.Bekmyradowyň Görogly – biziň eýýamymyzdan öň ikinji asyrda ýaşap geçen Oguz han diýmegi-de dogrudyr, B.Mämmetýazowyň Görogly – XII asyrda ýaşap öten Ogurjyk alp diýmesi-de dogrudyr. Görogly – X asyrda ýaşap geçen, kuwwatly seljuk-türkmen şalygyny döreden Togrul beg diýsek hem dogry bolar. Çünki olar müňýyllygyň dowamynda kemala gelýän keşbiň dürli medeni gatlaklarydyr, şol bir ullakan düýşüň – oguz ruhy diýen döredijiligiň dürli nusgalarydyr.
Bir gün Ependiniň ýanyna tanşy gelipdir. Ol adam başga bir adam bilen bir zadyň üstünde-hä dawalaşyp ýören eken. Dawa barada, özüniňkiniň hakdygy barada janyagyryly gürrüň berip, ol Ependä:
– Ependi aga, meňki dogry gerek?! – diýipdir.
Ependem:
– Hawa-la, elbetde, seniňki dogry! – diýip, jogap beripdir. Birinji dawagär gidipdirem weli, yz ýanyndan ikinji dawagär gelipdir. Ol baryny gürrüň berip, özüniňkini hak edip, Ependä ýüzlenipdir:
– Ependi aga, meniňki dogry gerek?!
– Elbetde, seniňki dogry – diýip, Ependi jogap beripdir.
Ikinji dawagärem gidensoň, bu gürrüňleri başdan-aýak diňläp oturan aýaly Ependiden sorapdyr.
– Aýu, kakasy! Sen ýaňkylaryň ikisine-de «seniňki dogry» diýip goýberdiň. Munyň-a birhili bolýar?!
Ependi şeýle jogap beripdir:
– Aý, hawa, keýwany, seniňkem dogry!
Eýsem-de bolsa, meniň gürrüňimiň esasanda bu henek ýerliksiz eşidiler, onuň düýbünde ýatan duzjagazynyň tagamy doly ýüze çykar öýdemok. Çünki her bir zadyň manysy hem täsiri pursatyna bagly bolýar.
Häzirki pursat bütinleý çynlakaý, agras gürrüňiň akymynyň içindäki pursatdyr. Näme-de  bolsa,  Ependiniň  tutýan ornunyň dogrudygyny aýtmak gerek. Sebäp diýeniňde, ol (ýa-da şo diýip göz öňüne getirýän adamymyz) ahlak hem ruhy taýdan has ýokarda oturmak bilen aşakdaky dawagärleriň hersiniň özüçe mamladygyny görüp otyr.
Biri «akdyr» diýýär, akyldar oňa başyny atýar. Ýene biri «garadyr» diýip deprenýär, akyldar onuňkynam makullaýar. Näme üçinkä?! Akyldarlyk – ikiýüzlülikmidir?! Elbetde, ýok. Ol diňe meseläniň bir tarapyny tutup duran adamlardan tapawutlylykda meseläniň iki tarapynam görüp otyr. Şol bir wagtda-da ol iki tarap üçinem umumy esas bolup biljek nokady, ikiňem tüýkürip biljek çukuryny görüp dur.
Men ylmy meseleler bilen dahylly başlanan gürrüňi başga bir ugra geçirip goýberdim. Türkmeniň owaldan-ahyryn derdiniň başy bolan oňşuksyzlyk, özüňkini hak, özgäniňkini nähak etmek, boýnyýogynlyk endigi barada Görogly bilen baglanyşyklylykda gürrüň etmek ýöne ýere däl. Oňşuksyzlygyň serhaly (psihologik) sebäbi näme? Munuň serhaly sebäbi boýnyýogynlyk, munuň ahlaky sebäbi bolsa men-menlikdir. Türkmen ruhunyň göroglyçylyk başlangyjynda şu häsiýetleriň bardygyny boýun almalydyrys. Çünki türkmen ruhunyň parlak şuglasy – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Biz, türkmenler özümizi oýnadyp geldik» diýeninde, şo hili kemçilikleri göz öňünde tutupdy. Islendik kemçiligi aradan aýyrmagyň ýoly bolsa şol kemçiligiň serhaly, ahlaky tebigatyna, taryhy sebäplerine doly göz ýetirmekdir. Islendik hekim hem keseli bejerjek bolsa onuň sebäbini hem aýratynlyklaryny oňat bilmeli. Emma beýle diýdigim türkmeniň Altyn asyrynyň öň ýanynda taryhy taýdan nälaýyk, indi oňyn orun eýeläp bilmejek ruhy närseler biziň üçin dogabitdi, düýpli aýratynlyklar diýdigim däldir. Aslynda hiç bir ruhy öňbaşça beýle birtaraplaýyn çemeleşmek bolmaz.
Sen ony aýdýarsyň, men saňa başga bir ugurdan gürrüň bereýin! Asyl görlüp oturylsa, – ünsem bermändiris – Salyr Dag hanyň ogly eken-ä! Salyr – orta asyr taryhçylary nirede bolsa gylyç salar, gan döker diýip düşündirýärler. Göroglynyň kakabaşlygy, dyzmaçlygy nireden gaýdýar eken! Asyl «Görogly» şadessanynyň şygryýetinde – çeper dilinde hem-de ruhy dilinde dagyň şeýle uly orun tutýandygynyň sebäbi mundan çykdy-ow! Emma türkmen tebigatynda derýa, deňiz, çöl, sähra, gum gytmy?! Gel-gel, ala-böle dag bolmalymy? Galyberse-de, biz eseriň astky many gatlaklarynyň gürrüňini edýäris.
Röwşen daglarda GÖROGLY bolup ýetişdi.
Türkmen taryhy bilen baglanyşyklylykda bu jümläniň uly manysy bardyr.
Görogly taglymatynyň güýji-de, asgynlygy-da daglarda kemala gelenligidir. Şadessandaky Hezret Aly «Bu oglanyň mesgeni çölde görünýär» diýip köpmanyly aýdýar. Daglardaky durmuş – bir tarapdan, erkanalyk şahsy mertebäni terbiýeleýän durmuş. Beýleki tarapdan bolsa, munuň özi döwlet ýörelgeleri, durmuşy düzgün-kadalary bolan halkdan, il-günden daşda kemala gelmekdir. Göroglynyň dünýägaraýşyna hem durmuş keşbine esas bolan şu aýratynlygy teswir etmek türkmen ruhunyň esasy taraplarynyň birine düşünmäge oňat kömek eder.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle