| | |

Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -8: Erkinlik teswiri

Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -8: Erkinlik teswiri

8. Erkinlik teswiri

Gorkut atanyň üýtgeşik ruhy dünýäsi bar. Ol oguz ruhunyň dünýäsidir. Eger eseriň mazmunynyň, esasan, oguzlaryň yslamdan öňki ruhy dünýäsini görkezýändigini göz öňünde tutsaň, onda ol, dogrudanam, VI asyra degişlidir. Emma «Gorkut atada» Kiçi Aziýa degişli ýer-ýurt atlarynyň barlygyny nähili düşündirmeli?! Halk döredijiligine mäkäm ornaşan çeper eseriň taryhy ýaşaýşynyň öz kanunalaýyklyklary bar. Şol kanunalaýyklyklaryň biri-de wagt geçdigiçe, ruhy hem jemgyýetçilik durmuşy özgerdigiçe, eseriň mazmunynda täze gatlaklaryň emele gelýänligidir. Emma şol bir wagtda-da onuň süňňi öňküligine galýar. Hatda şol täze goşundylar diýilýänem, nähili durmuş maglumatlaryndan düzülýändigine garamazdan, öňki özeniň çeperçilik kanunlaryna laýyklykda röwüş alýar. W.Bartold, A.Ýakubowskiý, W.Žirmunskiý ýaly alymlaryň «Gorkut ata» XV-XVI asyrlarda gutarnykly kemala gelipdir diýen netijeleri, esasan, çeper eser diýilýän zada durmuş maglumatlarynyň ýygyndysy hökmünde seretmekden gelip çykýar. Soňky çatylan aýry-aýry wakalary ýa maglumatlary-da eseriň gutarnykly mazmunyny kesgitleýär diýseň, onda dünýä halklarynyň halk döredijiliginde gaty köp eserleri olar ýazyp ugran döwründen – XVII-XVIII asyrdan aňryk geçirip bolmaz.
Umuman, bu mesele irnik hem çylşyrymly mesele. Muny dogry çözmek üçin örän köp meseleleriň – ynanç näme, oguz ynançlary, jemgyýetçilik serhaly, oguz-türkmen taryhy, oguz folklory, onuň žanrlary, «Gorkut atanyň» žanry, onuň gurluş gatlaklary ýaly onlarça meseleleriň başyny agyrtmaly. Aýdaly, «Gorkut atanyň» žanry näme?! Megerem, şundan başlamalydyr. Çünki žanr – bu eseriň ýaşaýyş usuly, şekili. Ol şekil-de taryhy hem ruhy ýaşaýşyň aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Köp alymlar, ýöne «şadessan-şadessan» diýip sürüp gidip otyrlar. Ruhy döredijilikde – ylymda hem sungatda käbir adamlaryň bolşy Ependiniň bir şorta sözüni ýada salýar.
Ependi bir gün adamlar bilen oýun etmek isläpdir. Ol bazardan gaýdyp gelşine öňünden çykana «Bazarda mugt et berilýär» diýip aýdýarmyş. Muny eşiden eňýär bazara. Ependiniňem öýi bazardan eslije uzak eken. Öýüne ýetýänçä, adamlar Ependä «Bazarda mugt et berilýärmiş» diýip aýdyp ugrapdyrlar. Öňünden çykan şeý diýip, adam bary bazara haýdap baransoň, «Be, dogrudanam berilýän bolaýmasyn?» diýip, Ependiniň özem bazara eňipdir.
Kimdir biri bir jümläni tapýar-da, haýsydyr bir esere ýelmäp goýberýär. Ilkibaşda şeýtmegiň maksadalaýyklygy onuň özüne-de gümana bolup görünýär. Çünki mesele juda çylşyrymly, munuň dogrulygyna onuň öz ynamy hem ýok. Emma häzirlikçe özge çykalganyň ýoklugy sebäpli, ol mejbury suratda şol ädimi ädýär. Adamlaram muny güwwe alyp göterýärler. Asyl, soň munuň o diýen göwnejaý däldigi adamlaryň kellesine-de gelenok. Şeýdibem, örän köp hadysalar barada adamlarda ýarymçyk, birtaraplaýyn, nädogry, hadysanyň düýp aýratynlygyna gabat gelmeýän pikirler hem düşünjeler kemala gelýär.
Emma bilemok diýmek kyn, bilýän diýmek aňsat hem ýakymly. Bilýän diýmegiň duýgusy juda lezzetli.
Göräýmäge çözülen ýaly käbir meselelere-de täzeden garamak zerurlygy, «Men şuny bilemok» diýmek zerurlygy ýüze çykýar. Hondanbärsi bilýänden «bilemok» sözi kän gowudyr. Çünki hakyky manysyndaky bilmek şu ýerden başlanýar. Bu meseläniň hem ahlaky, hem ylmy manysy bar. Aslynda bilmek hyjuwy bar adam üçin bilmeýänligiň duýgusy bilime tarap gaty oňat badalga hem-de başlangyçdyr. Şu meselede Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamynda ýaşaýan döredijilik adamy hökmünde bir takyklama beresim gelýär: geçen zamandan tapawutlylykda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taglymaty ylym, akyl ýetirme işlerinde alymyň akyl ýetiriş başarnygy onuň ahlak duýgularyna tebigy suratda garaşlydygyny ykrar edýär. Çünki islendik döredijilik ruhy maksatly işdir hem hajatdyr. Ahlak bolsa ruhuň hakykata gatnaşygyndaky esasy ýörelgedir. Alymyň ýa ýazyjynyň hakykata akyl ýetirip bilşi hut onuň şahsyýetinde ahlaklylyk duýgusynyň derejesine baglydyr. Döredijiniň meselä düşünip bilşi onuň şol meselä ahlaky gatnaşygyna baglydyr. Aýdaly, ol geçmişiň bir eserine haýsydyr bir saýry ýurduň ruhunyň wakasy hökmünde seredende bir pikirlere, ol esere öz ata-babalarynyň ruhy saklanyp galan ýadygärlik diýip seredende, başga-başga ylmy netijelere gelip biler.
«Gorkut ata» şadessanmyka?!
Bar, şadessan dünýä halklarynyň hemmesiniň halk döredijiligine mahsus çeper pikirlenme diýäýeniňde-de, aýdaly, «Gorkut ata» bilen «Odisseýanyň» arasynda ruhy, çeperçilik, pelsepe, şekil aradaşlygy näçe menzilkä?! «Gorkut atanyň» şadessanyň bir gaýtalanmaz nusgasy hökmünde nähili düýp tapawutlary bar?! Şol düýp tapawutlar eseriň ýaşyny kesgitlemekde nähili deliller berip biler?
«Gorkut atanyň» şekil aýratynlygy eseriň özünde kesgitlenýär. Her boý gutaransoň şeýle sözler gelýär: «Dädem Gorkut boý boýlady, soý soýlady. Bu oguznama(ny) düzdi, goşdy».
Emma edebi däp hökmünde oguznamaçylygyň has giçki döwürlere çenli dowam edendigini bilýäris. Bu ýerde Andalybyň poemasyny ýatlamak ýeterlikdir. Ýöne çeper dünýägaraýşyň bir görnüşi hökmünde oguznamaçylygyň esaslary yslamy kabul etmegiň başky asyrlarynda – X-XI asyrlarda gutarnykly düzülýär. Soňky goşundylar bu usulyýetiň hil ösüşine derekli zat goşmaýan goşundylardyr, soňky taryhy wakalaryň esere «ýelmenmegidir». Çeper döredijilik hökmünde XI asyrdan soň «Oguznama» eýýäm geçmişi gaýtalamakdyr.
Aýdaly, oguznamalar ýygyndysy hökmünde «Gorkut ata» şadessany VIII asyr töwereklerinde gutarnykly kemala gelen bolmaly. Eseriň «Resul alaýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är gopdy» diýip başlanmagy gaty köp zady aňladýar. Eger eseriň özenini Gorkut ata şahsyýeti kesgitleýän bolsa, onda eseriň ýaşynyň VIII asyrdan bärde bolmagy mümkin däl.
«Gorkut atada» oguz dünýäsi esasy ruhy açyşdyr.
Oguz dünýäsiniň esasy aýratynlygy – ruhubelentlikdir hem erkinlikdir.
Näme üçin «Gorkut atada» şeýle süýji, erkin durmuş, şeýle gözel ruhy sazlaşyk höküm sürýär, onuň ruhy howasyny sazlaşyk kesgitleýär?!
Näme üçin «Gorkut atada» ýesirligem bar, ölüm-ýitimem bar, emma asla ruhy çökgünlik, ruhy sarsgynlyk ýok?!
Meniň pikirimçe, munuň sebäbi eseriň aslynda ýatýan dünýägaraýyşdyr, oguz-otparazlyk dünýägaraýşydyr. Oguz ruhunda esasy zat erkinlikdir hem sazlaşykdyr. Adam bile adamyň, jemgyýetçilik toparlarynyň arasyndaky sazlaşyk, adam bile tebigatyň arasyndaky sazlaşyk, nesilleriň arasyndaky sazlaşyk, halkyň öňündäki borç bile şahsy hukuklaryň arasyndaky sazlaşyk. Eseriň dünýägaraýyş esasyndaky şu hili sazlaşyklar onuň şahyrana diliniň derejesinde sözleriň, setirleriň arasyndaky sazlaşyk hökmünde kemala gelýär.
SAZLAŞYK – yslamdan öňki oguz durmuşynyň baş düýpli aýratynlygydyr. «Gorkut atanyň» çeper pikirlenmesinde gapma-garşylygyň ýoklugy häsiýetli zatdyr. Dünýäniň hem ruhuň ikä bölünmegi, şol bölünişigiň netijesinde ýüze çykýan ruhy yzalar ösüşiň soňky döwürlerine mahsus bolup, ol «Gorkut atanyň» dünýäsi üçin ýatdyr. Ýeri gelende, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň özeninde hem gapma-garşylyk däl-de, Oguz handan, Gorkut atadan gaýdýan beýik sazlaşygyň durýandygyny aýtmak isleýärin. «Gorkut atadaky» beýik sazlaşygy biziň durmuşymyzyň her bir ädiminden görmek bolýar. Gorkut ata taglymaty bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyň özara ýakynlygy hakda oýlananyňda, ilki aňyňda peýda bolýan pikir adamlaryň ruhubelentligi, maksada okgunlylygy hem-de beýik sazlaşyk!
Gorkut ata taglymatyndaky – onuň türkmeniň soňky nesillerine goýup giden ruhy hem ahlak sapaklaryndaky täsin sazlaşyk oguzlaryň ahlak hem dini ynançlaryndan gelip çykýar. Eseriň şygyr böleklerini ýada salalyň. Biz bu ýerde belli-belli şahyrana şahsyýetleriň çeper keşpleriniň gaýtalamasyny görýäris. Beýle gaýtalama pikir ýa duýgy garyplygyndan däl-de, olaryň bolçulygy netijesinde döreýän şahyrana sazlaşygyndan emele gelýär.

Imdi ýüksek-ýüksek gara taglarym
                                  saňa ýaýlak olsun.
Sowuk-sowuk suwlar saňa içit olsun.
Teble-teble şahbaz atlar saňa binit olsun.
Düňlügi altyn ban öýüm saňa kölge olsun.
Katar-katar düwelerim saňa ýüklet olsun.

Ýaýlag, içit, binit, kölge, ýüklet – adamyň durmuşyny kemala getirýän bu düşünjeleriň, ýaşaýyş serişdesini aňladýan düşünjeleriň bary tebigatyň goýnundan alnan. Tebigylyk hem tebigatyň içinde ýaşamak oguz ynançlaryna esaslanýar. Gahrymanlaryň suwa, agaja ýüzlenmeleri ol zatlaryň mukaddeslik, keramat hökmünde görlen zamanlaryndan galan düşünjelerdir. Oguz ruhy ýaşaýşy tebigatyň goýnundaky ýaşaýyş. Oguz üçin dünýä, ýurt, watan durşuna mukaddeslik. Daşky dünýä şeýle gatnaşyk adamyň içki dünýäsiniň täsin gözelligine, arassalygyna hem belentligine getirýär. Haýsydyr bir tebigatdan daşary güýjüň hesretine düşmek, durmuşyň, dünýäniň hem ömrüň manysyny olaryň daşyndan bir ýerden gözlejek bolmak oguz ruhy üçin ýatdyr. Asyl bu onuň küýüne-de gelenok. Watan, halk hem-de şahsyýet – ine, gözellik şu üçüsiniň sazlaşygyna daýanýar. Watan diýip oguz-türkmen öz ýurdunyň tebigatyna hem-de ruhy-ahlak bitewüligi bolup duran halkyna düşünýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran ruhy ýörelgeleriniň maksady-da ýüz on ýylda bozulan türkmen durmuşyny şol ilkibaşky tämizligine, ahlak hem ruhy belentligine gaýtaryp getirmekdir. Onuň «Milli Galkynyş, ilkinji nobatda, öz aslyňa göz ýetirmekdir» diýen pygamber derejeli sözleriniň bütin çuňňurlygyna hem beýikligine «Gorkut atany» şu günüň taryhy-ruhy hajatlarynyň nukdaýnazaryndan okanyňda hasam oňat göz ýetirýärsiň. 
Hawa, biz türkmenler «Gorkut ata» ýaly beýik eserleriň üsti bilen öz aslymyza göz ýetirip bilsek, onda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanynyň meselelerine seslenere gaýrat tapyp bileris.
Gorkut atanyň halk ruhuny kemala getirmekdäki tejribeleri uludyr hem-de biziň eýýamymyz üçin tenekardyr. Elbetde, onuň pähimlerini şu günüň diline geçirip, beýan edibem, olary ýekänme-ýekän häsiýetlendiribem, eserdäki adamlaryň sypatlary hakda pikir ýöredibem bolar. Emma şeýtsek, bu ýöne bir edebi derňew derejesindäki adaty iş bolar. Biziň hyýalymyz has ýokarlarda – maksat Gorkut atanyň döwlet, il-gün, halk, şahsyýet, ruhubelentlik pelsepeleriniň taryhy esaslaryny görkezmek hem ol esaslaryň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynyňam özeninde ýatandygyna ünsi çekmek. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmeniň ruhy ýörelgeleriniň – taglymatynyň mirasdüşerliginiň ujy bozulmandyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyň binýady berkdir – onuň ikimüňýyllyk çuňlukdaky binýady bardyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy ol taryhy-ruhy tejribäniň iň oňyn taraplaryny alýar. Sagdyn taryhy nukdaýnazardan seredeniňde, indi durmuşa ukypsyz käbir närseleriňem «Gorkut ata» taglymatynda bardygyny aýtman bolmaz. «Gorkut atada» tas durmuş pelsepesi derejesinde görülýän «Gan döküp, baş kesmek hünärdir» diýen jümle bar. Elbetde, gadymy oguzlar ary-namysy ýerine salmak bilen baglanyşyklylykda bu ýörelgäni öňe sürýärler. Emma, hatda şol terzde-de, beýle pelsepe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanynyň ruhy ýörelgelerine gabat gelip bilmez. Şeýle meselelerde-de iki taglymatyň arasynda tapawutlar – çäkler emele gelýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynyň götermejek pelsepeleriniň geçmiş türkmen durmuşynda bolanlygy geň zat däl. Çünki bu täriň taglymaty hem türkmeniň öňki taglymatlarynyň oňyn jemidir, hem ol türkmeniň dünýä baradaky bütinleý täze sözüdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyň kämilligi barada eliňizdäki kitabyň «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taglymaty» diýen jemleýji soňky bölüminde giňişleýin gürrüň etmekçi. Häzir bolsa, XVI asyrdan soň Gorkut ata taglymatynyň iki merkeze – göroglyçylyga hem-de magtymgulyçylyga bölünendigini, olaryň hersiniň şu günki nukdaýnazardan öz oňyn hem tersin taraplarynyň bolandygyny aýdyp, bu meseläniň anyk gürrüňine geçmekçi bolýaryn.

Osman ÖDE.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle