Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -7: Ynanç teswiri
Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -7: Ynanç teswiri
7. Ynanç teswiri
Porhan oýnaýar.
Onuň çiltenleri çagyrýan zaryn owazy, edil depregiň sesiniň astynda ýerine ýetirilýän ýaly täsin sazlaşykda çykýan «küşt-küşt» sözleri, öňünde eline towuk alyp, ýüzüni aşak salyp oturan keselliniň jynlaryny çykarmak üçin edýän «hüjümleri», kä aşak inip, kä böküp, ýokary galyp, demi-demine ýetmän ulug Taňrydan medet dileýşi, gara jynlaryň salýan azabyndan ýaňa gara suw bolup çişen ýüzi hem alkymlary, kä däliniňki ýaly alawlaýan, kä jebir çekeniňki ýaly öçügsi gözleri göz öňüme gelýär. Ol keselli biçäräni alarladyp, işini gaýtaryp barýar, nätjek, şeýtmese syrkawyň içine ornaşan jynlaryň göçme niýeti ýok. Tärimiň daşyny gallap duran märekäniň bu gudrata – adamy ajalyň elinden alnyş gudratyna akyly haýran. Olaryň ýüzlerinde hem gorky, hem kanagatlanma alamatlary bar. Çünki olaryň her biri özleriniň kesele uçran halaty, bela uçran halaty bu kişiniň dada ýetişjegine ynanýarlar.
Adamy hiç zat halas edenok, bir ynanç halas edýär. Ynanç adamyň ömrüni mazmunlaşdyrýar. Ynanç adamy iň agyr keseldenem gutarýar. Kitaplarda türkmen porhanlarynyň eden dürli oýunlary beýan edilipdir. Olaryň birem ýalaw ýaly gylyjy garnyňa sokup-çykarmak eken. Garnynda gylyjyň yzy-dagy bildirse nädersiň. Gyp-gyzyl gana boýalan gylyjy bir gezek dili bilen syrsa, gylyjyň öňküligi eken. Ýok, porhan muny ili aňk etjek bolup, «Edişimi gör!» diýen manyda etmändir. Ol kesellä ynanjyň gudratyny görkezipdir. Seniňem meňki ýaly ynanjyň bolsa, keseliň gutulmajak gümany bolmaz diýipdir. Şeýle-de bolupdyr.
Adamyň durmuşyndaky her hili meseleleri, kynçylyklary çözmek meselesinde meniň özüm-ä soňky dinleriň birwagtky dini ynançlardan haýsy artykmaçlygynyň bardygyny bilemok. Ynanjyň hemmesi ynançdyr. Diňe adamzat jemgyýetiniň gurluşynyň çylşyrymlaşmagy bilen üýtgän, çylşyrymlaşan köňülleriň ruhy hajatlaryny kanagatlandyrýan täze şekiller gerek bolýar.
Aslynda-ha, bir tarapdan birhudaýlylyk dinleri adamzadyň men-menliginiň soňky derejä ýetenligini aňladýar. Adam indi öz sallançagy bolan tebigata pes zat, hatda ähmiýetsiz zat hökmünde seredip başlaýar. Ýigriminji asyryň tebigat betbagtçylyklary birhudaýlylygyň ruhy-durmuş netijesidir. Has irki ynançlarda totemizmde, animizmde beýle masgaraçylygyň bolmagy mümkin däldi. «Gorkut atadaky» üýtgeşik ruhy durmuş şol döwürdäki – şamançylygyň-otparazlygyň höküm süren, aň hem ruhy ýörelgeleri kesgitlän döwründäki durmuşdyr. Ýöne bu durmuş dini ynanç, dini garaýyşlar däl-de, edebi garaýyşlar görnüşinde göz öňüne gelýär. Oguz ynançlary diňe çeper keşbe öwrülip, yslamdan gutuldy. Bu ýerde ynanjyň sungata öwrülmek kanunalaýyklyklaryny yzarlamak gerek.
Ýöne, herhal, halkyň janly ruhundan ol ynançlar bütinleý çykyp gidipdir diýmek ýalňyşlykdyr. Ýok, olar häzirem türkmen ruhunyň özboluşly özeni hökmünde onuň däp-dessurynda, durmuş pelsepesinde, maşgala, garyndaşlyk serhalynda ýaşap gelýär.
Gadymy oguz dininden galan närseleriň yslam bilen oňyn utgaşygy biziň ruhy özbaşdaklygymyzyň hamyrmaýasydyr. Garaşsyz bolmak – ile mätäç bolmazlykdyr, mätäç bolmazlyk üçin bolsa zerur zat özüňde bolmaly. Ile meňzemeýän ruhy ynançlarym barka, hiç kim meni kemsidip bilmez, «Seniň nämäň bar-aý, ine, menden alaý» diýip, seňriginem ýygryp bilmez, ruhuňy öz täsiri astynda-da saklap bilmez. Men her gezek Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň gurbanlykda «Bizde özge yslam halklarynda ýok hiňňillik bar» diýip, guwanç bile aýdyşyny ýatlanymda, depäm gök direýär. Hiňňillik ýaly gadymylyklar türkmende başga-da kän.
Ýöne, näme üçin, alymlarymyz olaryň ruhy manysyny açyp, olary şu günüň ruhy üçin janlandyryp bilmeýärlerkä?! Gadymylygyň saklanyp galmagy gowy zat, ýöne olaryň manysy adam aňyndan öçensoň, indi durmuşyň daşky zatlary bolup galypdyrlar. Emma haýsy gerçek olary janlandyryp, şu günüň janly durmuşynyň aýratynlygyna öwrüp biler, olaryň içki manysyny açyp biler?!
Biz, köplenç, pikir ýöredenimizde maglumatlaryň derejesinde galýarys. Beýle halatda akyl işi, ruhy iş durmuşyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip bilmez. Bu hälki bir adamlary güýmäp, gury wagt geçiren ýaly bir zat bolar. Maglumatlar entek gutarnykly netije däldir. Gep olary täze – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatyna laýyk rejeleşdirmekden ybaratdyr. Olaryň arasyndaky degişli mynasybeti tapmaly hem dikeltmeli. Şonda göz öňümizde türkmen ruhunyň suraty peýda bolar.
Emma bu-da hemmesi däldir.
«Akpamyk» atly türkmen ertekisinde Akpamyk doganlarynyň süňklerini rejeleşdirip, soňam ol süňkleriň üstüne Akmaýanyň süýdüni sepýär. Diňe şondan soň doganlary jana gelýär.
Eger akyl işi – şol rejeleşdirme bolsa, Akmaýanyň süýdi – biziň ýüregimizdäki ynanç hem söýgüdir. Watana hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa ynanç hem söýgüdir. Ol ynanç aýgytlaýjy zat.
Beýik Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, ynanç delil bile döremeýär, ol subutnamanyň önümi däldir. Delil syrkaw paýhasyň tenekarydyr. Ynanç bolsa adam zandynyň, tebigatynyň hadysasydyr. Ýöne, elbetde, paýhas delilleri ynanjyň berkemegine hyzmat edip biler.
«Gorkut ata» şadessanynda soňky nesiller tarapyndan aňlanylmadyk ynanç maglumatlary bar. Olary eseriň islendik ýerinden tapyp oturmaly. «Gorkut atanyň» birinji boýunda Baýandyr han Derse hany çagyryp, gara goýnuň eti bilen hezzetleýär. Muny geň gören Derse han näme üçin beýle boldy diýip soraýar. Han Baýandyr «Bir ýere ag otag, bir ýere gyzyl otag, bir ýere gara otag gurdurmyşdy.
– Kimüň ke ogly-gyzy ýok, gara otaga gonduryň. Gara keçe astyna düşäň. Gara goýun ýahnysyndan öňüne getiriň. Ýerse, iýsin, iýmezse, tursun gitsin – diýmişdi.
– Ogly olany ag otaga, gyzy olany gyzyl otaga gonduryň. Ogly-gyzy olmaýany Alla Tagala gargaýybdyr, biz dahy gargaryz, belli bilsin – diýmiş idi» .
Aslyna seredeniňde, bu köpmanyly buýruk Baýandyr hanyň tapan hokgasy däl. Bu ýerde gadymy oguzlaryň pelsepewi dünýägaraýşy özboluşly şöhlelenipdir. «Üç dünýäniň – asman, ýer hem ýerasty dünýäsiniň taglymaty Sibiriň türki dilli halklarynyň şamançylygynda anyk bir görnüşde galypdyr… Ýokary, asman dünýäsiniň ak ýa-da gyzyl reňk bilen, aşaky – ýerasty dünýäniň bolsa gara reňk bilen göçme manyda aňladylmagy türki dilli sibirlilere mälimdir» . Ine, Baýandyr hanyň ak, gyzyl we gara öýli hem goýunly, hereketi nireden gelip çykýar. Ogully – ak otaga, çünki onuň bu dünýäde alny ak – ogul onuň ömrüni uzaltjak, gyzyl – gyzy ömrüni uzaltjak. Türkmeniň aýal-gyza «gyzyl-çyzyl» diýmegi hem şundan bolsa gerek. Ogul-gyzsyzyň ugry ýer astyna – ölüme barýar. Çünki onuň dowamaty ýok. Ýerasty dünýäniň manysy – ölüm. Türkmeniň gara ýer diýmegi şol döwürlere uzap gidýän eken.
Oguz şamanlarynyň-otparazlarynyň gudratly hökmünde görülmeginiň sebäbi olar oýun görkezýän wagty şol üç dünýä syýahat edip bilýäris diýip ynanypdyrlar. Emma yslam ol ynanjy ýok etdi. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda türkmen ruhunyň ikinji Gorkut ata eýýamy hakda söhbet edende: «Indi dünýä öňküsi ýaly üç däl-de ikä geldi» diýip belledi. Yslam şamançylyk-otparazlyk mifologiýasyny dini ynançlar hukugyndan aýyrdy. Şamanlaryň ornuny daraltdy hem hyzmatyny, hereketini kiçeltdi.
Emma manysy üýtgäp ýa-da manysy bütinleý unudylan görnüşde bolsa-da, oguz garaýyşlary bütinleý ýok edilmän, ýaşamasyny dowam etdirdi. Dini manysyny unudansoňam halk öňki dessurlary öňden gelýän endige görä ýerine ýetirmesini dowam etdirdi. Ýa-da ol ynançlar pelsepewi manydan aýrylyp, çeper keşp hökmünde edebiýata geçdi. Mysal üçin, «Gorkut atadaky» Derse hanyň ogluny atmagyna ýanyndaky kyrk namardy sebäp bolýar. Edil şonuň ýaly onuň aýalynyň ýanynda-da kyrk kenizi bar. Emma olar oňyn suratda görkezilýär. Eýsem-de bolsa, oguzlaryň dini ynançlary barada ylmy işler ýazan alymlar kyrk sanyň şamançylyk-otparazlyk bilen baglydygyny telim agzaýarlar. Belli bolşy ýaly, şamanyň ak hem gara perileri bar, olaryň hersiniň sany kyrk bolup, şaman olaryň kömegi bilen öz işini amal edýän eken.
Şu hili pikirlenme galyby, görnüşi ýaly, edebiýata geçip, öz ömrüni dowam etdiripdir hem indi dünýewileşip, adam häsiýetlerini beýan etmegiň usulyna öwrülipdir.
Iň oňat din – dünýewileşmäge ukyply dindir.
Iň oňat din – halkyň ruhy hajatlaryna hyzmat etmäge ukyply dindir.
Durmuş bile aýakdaş gitmegi öz esaslarynyň ýumrulmasy hasaplaýan diniň durmuşa zyýandan başga berjek zady bolmaz.
Din, edebiýat, ruhy taglymat gürrüňini dowam etdirseň, munuň soňy ýok. Men diňe häzirki türkmen ruhuna zerur gymmatlyklaryň nireden hem nädip tapyljakdygy barada öz garaýyşlarymy ýaňzytdym. Türkmen ruhunyň syrlarynyň sebäbini nireden gözlemeli hem ony beýgeltmegiň ukyply tärlerini nireden almaly – ine, meniň gözleýän zadym. Ol gözlegem, islendik edebi-taryhy ýadygärligiň mazmunyny gürrüň berip oňman, onuň içki syrlaryny açmaga synanyşmaly hem ondan türkmen ruhunyň taglymatyny kemala getirmeli diýen pikire alyp geldi.
Dünýäde hiç bir zat ýitmeýär, ýok bolmaýar. Atalarymyzyň ynançlary-da, diniň üýtgemegi bilen bugaryp gitmän, kalplarymyzda gatlak-gatlak bolup ýazylýar.
Garaşsyzlyk zamanynyň ruhy işgäriniň wezipesi şol gatlaklary açmak hem-de halkyna «Ine, seniň ruhuň çeşmeleri, indi bolsa ruhy taýdan beýgelmek üçin şeýle-şeýle işleri etmeli» diýmekdir. Esasy zat, türkmeniň ruhuna täsir edip biljek usullary hem çemeleşmeleri tapyp bilmekdir, olary açyp görkezmekdir.
Edebi makalalar