Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -3: Ozan teswiri
Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -3: Ozan teswiri

3. Ozan teswiri
Bir oglanjyk daýylarynyň obasyna ilkinji gezek gidipdir. Oba gaty uzakda eken, köp-köp obalaryň üstünden geçip gitmeli bolupdyr. Şondan gaýdyp gelenden soň, ol öz dostuna gürrüň baryny beripdir:
– Bilýäňmi-ow, daýymlaryň obasy şeýle bir daş eken! Ilki pylan ýere, soňra pylan oba, ondan soň ýene bir oba, şondan soňam ýene pylan oba bardyk. Daýymlaryň obasy ondanam aňyrda eken. Ýöne bilýäňmi, daýymlaryň obasyndan aňyrda-da itiň sesi gelip dur-ow!
Manysyny tüketdim diýeniňde-de, sözleriň aňyrsyndan many hem owaz gelip dur.
Many gatlagynyň sany iki zada baglymyka diýýärin. Birinjiden, medeni galyplaryň üýtgemegi täze gatlagyň ýazylmagyna sebäp bolýar. Ikinjiden, milletiň «meniniň» ýitmän saklanmagy soňky gelen manynyň öňküleriň ornuna geçmän, eýsem olaryň üstüne «bir gatlak bolmak» hukugy bile mejbury goşulmagyna sebäp bolýar.
Dörediji şahslar derejesinde-de, her kimiň öz orny bar. Gorkut ata – ozan. Ozanyň şahsyýeti gaty çylşyrymly, täsin. Bu ýerde köp zatlar indi açylmaly bolsa gerek. Gorkudyň özi ozany şeýle suratlandyrýar:
Golça gopuz göterip ilden-ile
Begden-bege ozan gezer.
Är jomardyn, är näkesin ozan biler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hem «Gorkut ata barýar» atly şygrynda («Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» 61 sah.) Gorkut atanyň ozanlyk keşbini şeýle suratlandyrýar:
Syryp syrgynlary, küren illeri,
Gorkut ata barýar,
durşy senadyr.
Gudrat bilen açyp batyl ýollary,
Ýalňyza ýar,
Ýeke ýigde penadyr!
Toý tutsaňyz, ozan bolup barar ol,
Öý tutsaňyz,
tutuň ýagşy niýetden.
Gorkut ata size ak pata berer
Tükenmez rysk-döwlet,
Bereket bilen!
Ozan adamlaryň ahlak sypatlaryny kesgitleýär, olara baha berýär, ýagşy bilen ýamanyň arasyny açyp bilýär. Diýmek, ozan oguzlaryň öwüt-nesihatçysy, ahlak mugallymy bolupdyr. Türkmende häzirem, gadymy aňynda-da şahyrlara keramatly, boljak zatlary öňden bilýän şahsyýetler hökmünde seredilýär. «Hakdan içen» diýýär. Bagşy sözüniň bir manysy-da mugallym diýmekdir. Häzirki türkmen dilimizde has ýörgünli bolan bagşy sözüniň diliň ösüş taryhynyň dürli döwürlerinde dürli-dürli manylary bolupdyr: Aýdymçy, ýazyjy, ruhany. Belli bir ýerde bagşy bilen ozan bir şahsyýeti aňladyp bilýär. Ýöne bularyň arasynda kiçijigem bolsa tapawut bar. Birinjiden, bagşynyň şahsyýeti şamandan giç bölünip aýrylypdyr. (Gyrgyzlarda, gazaklarda häzirem olar şaman manysyndadyr). Ikinjiden, sungat adamy bolan bagşynyň ozandan tapawudy – bagşy, esasan, özünden öňki eserleri ýerine ýetiriji, ýaýradyjy hem indiki nesillere geçiriji, ozanyň bolsa, köplenç, öz gaýtalanmaz döredijiligi bar.
«Gorkut atada» «At aýagy kölük olar, ozan dili çebük» diýen nakyl köp ulanylýar. Eseriň 1995-nji ýyldaky neşiriniň («Ylym») «Düşündirişinde» «çebük» sözüniň manysy «çalt, çalasyn, ýüwrük» diýlip düşündirilipdir. Bu sözi başgaça-da düşündirse bolar. Çünki bu nakyl, köplenç, bir wakadan başgasyna geçmeli bolanda, gerekmejek wakalary taşlap, sýužeti gysgaltmaly bolanda ulanylýar. Başgaça aýdanyňda, ol soňky türkmen dessanlaryndaky «Ýoluň uzyny, gepiň gysgasy ýagşy» diýen aňlatmanyň ornuny tutýar.
Beýle söz yzarlamamyzyň, many tirmämiziň maksady: ozanyň dörediji şahsyýet hökmünde sungat adamydygyny ýaňzytmak. Ol eser döretmek bile diňe bir terbiýeçilik däl, eýsem uly adamlary sungata, gözellige gözükdirmek wezipelerini-de göz öňünde tutupdyr. Şonuň üçinem «Gorkut ata» edebi taýdan deňsiz-taýsyz eser bolup çykypdyr. Ol sözüň doly manysynda okany aňk edýär. Emma ony diňe okaman, eýsem ony diňläsiň, ony sungat eseri hökmünde ýerine ýetiresiň gelýär.
Çünki soňky türkmen şadessanlaryndaky ýaly, munda sungatyň birnäçe görnüşleriniň alamatlary bar. Şolaryň ozan şahsyýeti bilen dahylly bir tarapy hakda şeýle diýesiň gelýär: «Baýburanyň ogly Bamsybirek boýuny beýan eder» diýen boýda, täsin bir waka beýan edilýär. Tussaglykdan boşap gelen Bamsybirek hiç kime bildirmän, ozan sypatyna girip, garyndaşlarynyň arasyna barýar. Birnäçe sahypada dowam edýän bu waka aktýorlyk sungatynyň ajaýyp nusgasy. Şol ýerde ýazaryň beýan edişiniň özünde edebi häsiýet ikinji derejä düşüp, teatral many bilen mazmun güýçlenýär. Diňe Bamsybirekde däl, beýleki gahrymanlarda oýun oýnamak, başga kişiniň keşbine girmek äheňi güýçlenýär, oýun sungatynyň şekilleri bolan komizm, tragizm has ussatlyk bilen, inçelik bilen beýan edilýär welin, haýranlar galýarsyň.
Geçen asyrymyzyň başynda ýaşap geçen Nury porhan hakynda şeýle maglumat saklanyp galypdyr. «Porhanlyk oýnunyň soňky (üçünji) gününde ol adamlara şeýle duýduryş berdi: «Gapdaldaky gara öýe daňylan tekäniň golaýyna menden başga adam baraýmasyn!» Oýnap otyrka ol birden sagbollaşdy-da, gara öýden çykdy. Adamlar agzyny açmaga gorkuşyp, näme bolarka diýip otyrdylar. Birdenem edil at ýaly edip eýerlenen tekäni münüp, porhan gapydan girdi. Däliniň daşyna bir döwre aýlandy-da, «atyndan» düşdi.
«Adamlar – diýip, porhan märekä ýüzlendi. – Men şu aty pylan şäherden satyn aldym, özem pylança pul berdim». Porhan «atyny» öwüp arşa çykarýardy, dälem «atdan» gözüni aýryp bilmän otyrdy. Soň porhan erenlerden medet sorap ugrady, birdenem sen-men ýok «Besdir!» diýip gygyrdy. Bu gykylykdan ýaňa teke ýykyldy. Nury ýykylan «bedewiniň» eýerdir jylawyny aldy. «Muny sen öldürdiň – diýip, ol kesellä bakdy. – Seniň jynlaryň öldürdi». «Bedewi» oturanlar ölendir öýtdüler, çünki «bedew» gymyldaman ýatyrdy. Porhan dälini depip goýberdi: «Tur! Ýa meniň atymy direlt, ýa-da pulumy töle!». Däli depilse-de, gozganman, aňk bolup otyrdy. Porhan ýene erenleri çagyrmaga durdy. Soňam «Tur!» diýip gygyrdy. Onuň gykylygyna özünden beteri gören däli däl-de, «bedew» silkinip turdy. Porhan dälä: «Direlmedik bolsa, seni öldürerdim» diýdi. Soňra ol häli gylyç bile özüni garnan (porhan oýnunyň bir görnüşi – O.Ö.) adamy çagyrdy-da «Tekäni ýerine eltip daň. Yzyňa garaman bärik gaýt, ýogsa seni arwah-jyn urar» diýdi. Kömekçisi gelensoň Nury porhan dälä pata okady, şonuň bilenem oýun gutardy. Ol dälä: «Seni uran gara atly jyn menden gaçdy. Indi sen her gün namaz okamaly. Bir gezek namazyňy sypdyrdygyň, jyn ýene gaýdyp geler – diýdi .
Oýnamagyň, keşbe girmegiň manysy iki ýerde-de şol bir zatdyr – adamlardan (däliden) özüňi gizlemek. «Gorkut atada» Bamsybirek «däli ozan» keşbine girýär. Türkmen dilinde «däli-porhan» aňlatmasy bar. Megerem, oýun oýnamak häsiýeti, keşbe girmek şamançylygyň esasynda, onuň dünýägaraýyş hem pelsepewi esaslarynda bardyr. Bagşynyň, sazandanyň şamançylyk bilen baglanyşykly bolmagy ýöne ýere däldir. Türkmeniň aýdym, saz, teatral, hatda tans sungatynyňam gadymy oguzlaryň dini ynançlary hem dessurlary bilen baglanyşyklydygy gürrüňsizdir. Olaryň bary sungatdyr – oýundyr; edil şonuň ýaly edebiýat, şygyr hem oýundyr; ol söz oýnadylmasy – many oýnadylmasydyr.
Häzirki zaman tans sungatynyň durnukly žanryna öwrülen «küştdepdi» – «üç depdi» şamançylykdan gelip çykandygy köplere bellidir. Giň manyda oýnamak – keşbe girmek, şonuň üçinem türkmenler tansa «aýak oýny» diýýärler, çünki tans hem keşbe girmegiň bir görnüşidir. Edil şonuň ýaly spektakla-da biz oýun diýýäris. Munuň çagalaryň oýny – ululara öýkünmek oýny bilen-de baglanyşygy bar. Ýöne, näme üçindir, soňky döwürde oýnuň sungat manysy ýüzleýleşip, sport manysyna geçipdir.
Oguz ynançlarynda we sungatynda oýun nysagy gaty güýçli. Yslam medeniýetinde, meniň bilşimçe, juda möhüm şol oýun nysagy ýok. Munuň özi gaty ähmiýetli aýratynlyk.
Oýun sungatynyň medeniýetinde we medeni pelsepesinde oýun nysagynyň barlygyna-ýoklugyna garap, içki özen gurluşy taýdan medeniýetler iki hile bölünýär: monologa, diňe «mene» esaslanýan medeniýetler hem-de dialoga, «men-sen-e» esaslanýan medeniýetler. «Oýun» medeniýeti iki tarapa esaslanýar. Çünki oýun üçin iki birlik gerek, «men» we «sen» gerek, keşbe girmek gerek. Köp edebiýatçylar «men-sene» birnäçe kişiniň gatnaşmagyna, aýdyşyga esaslanýan medeniýetleriň «mene» esaslanýan ýeke ýerine ýetirijiniň medeniýetine görä has uzaga gidýändigini hem ösendigini tassyklaýarlar.
Uspenskiý bilen Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitabynda akademik Samoýlowiçiň bir makalasy ýatlanylýar. Şol makalada geçen asyrymyzyň meşhur türkmen bagşysy Muhy bagşynyň görkezen teatral oýunlary hakynda gürrüň berilýär. Akademik bagşynyň oýun ussatlygyny geňler galyp ýatlaýar. Elbetde, ol sungat tärleri gadymy oguzlaryň medeniýetinden gözbaş alyp gaýdýar. Edebi makalalar