|

Gorkut ata taglumatynyñ esaslary -5: Gorkut ata pelsepesi

Gorkut ata taglumatynyñ esaslary -5: Gorkut ata pelsepesi

5. Gorkut ata pelsepesi

Islendik milletiň gadymylygy onuň taryhy hakydasynyň çuňňurlygy bilen ölçenilýär. Taryhy hakyda bolsa halkyň gelip çykyşyny, geçen taryhy ýoluny beýan edýän şejerelerde, halk sungatynda, halk döredijiliginde,  edebiýatynda öz beýanyny tapýar. Şu meselede türkmeniň bagtynyň çüwendigini, onuň hakydasynyň gaty gadymydygyny hem uzakdan gaýdýandygyny aýtsa bolar. Beýleki görnüşleri hasap etmäniňde-de, diňe türkmen oguznamaçylyk däpleriniň özem gaty köp zatlary aňladýar. Alymlarymyzyň köpüsi oguznamaçylygy edebiýatyň däpleriniň çägindäki hadysa hasaplap, gaty bärden gaýdýarlar. Oguznamaçylyk – türkmen ruhunyň täsin ýagdaýydyr. Munuň özi, bir tarapdan, türkmeniň taryhynyň beýany, ýene bir tarapdan bolsa, onuň milli ruhy pelsepewi garaýyşlarynyň jemidir. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazypdyr: «…«Oguznamalar» sap taryhy maglumatlardan we taryhy wakalardan durýar. Eger olarda haýsydyr pelsepe, taryhy tejribäniň düýp manysy bolan paýhas birlikleri bar hem bolsa, ol pelsepe kitaplaryň daşyndadyr. Ony okyjy özi pikirlenip, ölçäp-döküp öz aňynda kemala getirmeli» (62 sah.) diýip ýazýar. Şeýle ruhy döredijilik işi diňe özüni halk hökmünde gaty ir aňlan hem-de gadymy döwletlilik däpleri bolan halkda ýüze çykyp biler.
Meniň bu pikir ýöretmelerim şol ýörelgeleriň çäginde türkmeniň geçmişine, şu gününe hem geljegine degişli ruhy meselelere garaýyşlaryň jemi – taglymat görnüşinde tefsirlemek synanyşygydyr. Tefsir etmek – ylmy dilde taglym taýdan ýüze çykarmak. Göwnüňe bolmasa, Altyn asyrynda türkmene öz öňündäki wezipeleri çözmek işinde akyl hereketiniň bir görnüşi – öz taryhyny pelsepe taýdan teswirlemek zerurdyr, dörediji şahsyýet hökmünde taryhyň pelsepeçisi zerurdyr. Çünki dürli daşky hem içki maglumatlary ýygnamak, mukdar, san gözleglerini amal etmek entek işiň diňe ýarysydyr. Sebäbi bular entek milletiň öňde goýýan wezipelerini – biz kim, nirä barýarys, nämeler etmeli hem edibileris diýen sowallaryna jogap bermek üçin ýeterlik däldir. Ol sowallara taryhyň içki manysyny tireniňden, halkyň ruhundaky aýry-aýry özüne çekiji merkezleri tapanyňdan hem olaryň mynasybetini anyklanyňdan soň jogap bermek mümkin.
Soňky müňýyllygyň türkmen ruhunda, esasan, iki merkez – iki ruhy başlangyç bar. Şertli suratda bularyň birini – görogluçylyk başlangyjy ýa-da merkezi hem-de magtymgulyçylyk başlangyjy ýa-da merkezi diýip atlandyrmak mümkin. Dünýägaraýşyň ähli ownukly-irili meseleleri babatda bularyň hersi özboluşly ruhy-ahlak ulgamyny aňladýar we biri-birinden tapawutlanýar. Hatda käbir meselede gapma-garşy ýörelgäni-de aňlatmagy mümkin. Emma beýle diýildigi ruhuň içki bitewülikden mahrumdygyny asla aňlatmaýar. Ýok, türkmeni hut halys eden milli hem jemgyýetçilik bölünişigi iň soňky derejesine ýetende-de, ruhuň bitewülikde saklananlygydyr. Emma bitewülik düzüm taýdan bir gatlaklylygy, bir äheňliligi aňlatmaýar. Bitewi ruhuň içinde dürli agyrlyk merkezleri, ruhy başlangyçlar bolup, şolaryň biri-birine täsiri-de, ruhuň taryhy taýdan işjeň, janly ýaşaýşa eýe bolmagyna getirýär. Onuň ýata suw bolup, sadyra öwrülmezligine, doňňara daş ýaly gatap galmazlygyna sebäp bolýar.
Ruhumyzdaky göroglyçylyk hem magtymgulyçylyk başlangyçlary müň ýylyň içinde durnukly birlik görnüşine geldi. Munuň üçin ol biri-biri bilen hem baglanyşykly, hem biri-birinden tapawutly birnäçe özbaşdak taglymatlaryň üstünden geçdi. Bularyň başky ikisi – Oguz hanyň we Gorkut atanyň taglymatlarydyr, özüniň taryhy esaslary boýunça ol oguzlaryň yslamdan öňki dünýägaraýşyna daýanýar. Onuň syýasy esasy – atamyz Oguz hanyň döwlet aňyýetidir. Üçünjisi – Göroglynyň taglymaty oguz medeniýeti bilen yslam garaýyşlarynyň özara täsirinden kemala gelip, bu köne medeniýetiň öz oňyn taraplaryny taryhy taýdan gutarmagyny, döwletlilik ýörelgeleriniň täze taryhy şertlerde üýtgemegini aňladýardy. Şonuň üçinem, türkmeniň näme üçin tutuş sekiz ýüz ýyllap döwlet gurnup bilmändiginiň käbir sebäpleri hut şu ýerde gizlenip ýatyr. Dördünji taglymatyň eýesi – Magtymgulynyň durmuş hem taryh pelsepesi, belli bir derejede hem belli bir manyda Görogla gös-göni tankytdyr. Göç-hä-göçlük, milli, durmuşy bölek-büçeklik, «hatap galasy» pelsepesi milletiň etinden ötüp süňküne ýetdi. Ine, şol taryhy pursatda-da Magtymguly peýda boldy.
Milletiň ýaşaýşyny ykdysadyýet hem kesgitlänok, islendik gaýry daşky zatlar hem kesgitlänok. Marksistik dogmalaryň aňymyza aralaşmagy bu meselede tersin täsir etdi. Özüni hudaýsyz diýse-de, Marksyň hudaýy – ykdysadyýet, maddylykdyr. Onuňça ähli zady ykdysadyýet kesgitleýär, hatda adamzady, adamzat jemgyýetini döredenem ykdysadyýet bolup durýar. Emma milletleriň taryhy bütinleý başga zady görkezýär. Milletiň güýjüni onuň içki ruhy gaýraty kesgitleýär. Şu tarapdan türkmen hemişe kuwwatly millet bolupdyr. Şonuň üçinem, özboluşly ruhy gymmatlyklary döredipdir, özüne beýik halk diýdiripdir.
Ýokarda görkezilen dört ruhy taglymat Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetinde hem işlerinde gutarnykly jemini tapýar. Bu kişiniň döremegi bilen türkmen sekiz ýüz ýyldan soň bitewi döwletlilige ýetýär hem-de onuň Altyn asyry üçin ähli esaslar ýüze çykýar. Iki müňýyllygyň ruhy tejribesi jem bolýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty öňki dört taglymatyň hersi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şol bir wagtda-da ol şol dördüsiniň taryhy yzygiderlilik tertibinde tebigy ösüşiniň, biri-birine geçişiniň soňky netijesidir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy äleme gelmegi bilen milli ruhda örän köp dürli hil özgermeleri ýüze çykdy. Munuň özi ruhuň öňden gelýän ösüşiniň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy paýhas-parasadynyň utgaşygynyň netijesidir. Meniňçe, biziň akyl işimiz şu wajyp meseleleriň töwereginde gurnalar. Çünki olaryň çözgüdiniň janly durmuş üçin zerurlygy bar.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle