|

«Gorkut ata» eposynyñ üçünji wersiýasy tapyldy

«Gorkut ata» eposynyñ üçünji wersiýasy tapyldy

"GORKUT ATA" EPOSYNYÑ ÜÇÜNJI WERSIÝASY TAPYLDY

"Gorkut ata" eposynyň üçünji wersiýasy tapyldy we şonuň bilen eposyň 13-nji boýy hem orta çykdy. Maňgyşlakda tapylan bu nusgany türkolog professor Metin Ekiji tassyklady. 61 sahypadan ybarat bolan bu nusganyň, öňki Watikanda hem-de Almanyň Drezden şäherinde saklanýan iki nusgadan öňräk ýazylandygy çak edilýär. Professor Ekiji bu eseriň “Türküstan nusgasy” ady bilen ýaýradyljagyny aýdýar. 13-nji dessanyň bir bölümi Salyr Gazanyň kelleli aždary öldürmegidir.
Uly türkologlaryň biri hökmünde kabul edilen professor Fuat Köprüli, "Gorkut atanyň" türk edebiýaty we medeniýeti üçin bolan ähmiýetini şeýle düşündirýär: “Bütin türk edebiýatyny tereziniň bir gözünde we "Gorkut ata" kitabyny beýleki gözünde goýsaňyz, Gorkut ata agyr basar.”

Türk dilinde bolan KARAR sahypasyndan alyndy.

Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle