Gorkur ata taglymatynyñ esaslary -1: Gorkut ata hakykaty
Gorkur ata taglymatynyñ esaslary -1: Gorkut ata hakykaty
GORKUT ATA TAGLYMATYNYŇ ESASLARY
1. Gorkut ata hakykaty
Dogrudanam, Gorkut ata oguzlaryň yslamdan öňki dini şahsyýetleriniň biriniň ady bolsa gerek. Oguz miflerini öwrenen alymlar yslamdan öňki hudaýlaryň hatarynda birnäçe şahsyýetleri tapawutlandyryp görkezmäge synanyşypdylar. Olardan Gorkut, Burkut, Garry mama, Humaý, Haýdar (megerem, asylky görnüşi başgaça bolandyr) baba, Eýe, Albassy, Döw, Aýy-süýt, Taňry, Peri we beýlekiler bar. Elbetde, bularyň hersiniň aýratynlygyny, manylaryny jikme-jik ýüze çykarmak – eger taryh oňa mümkinçilik goýan bolsa – geljegiň işi. Häzirlikçe bolsa, olaryň içinden birine – Gorkut ata ünsi çekeliň. Biziň pikirimizçe, Gorkut atanyň şahsyýetine taryhy nukdaýnazardan seretseň, köp zatlar aýdyňlaşar hem köp zatlar ýerbe-ýer bolarmyka diýýärin. Bu şahsyýete türkmen ruhunyň ösüşiniň nukdaýnazaryndan baha bermeli. Ol ösüşiň bir basgançagy – yslamyň oguzlara gelmegi hem-de oguzlaryň öňki ruhy garaýyşlarynyň yslam bilen çaknyşygynyň basgançagydyr.
Hawa, biz Gorkudyň ýöne bir yslam ruhundan tapawutlanýandygynyň däl-de, eýsem onuň yslam esaslary bilen çaknyşýandygynyň gürrüňini edýäris. Elbetde, saklanyp galan maglumatlar juda ujypsyz, ýöne olaryň düýp manysy şol çaknyşyga syrygýar.
Gorkudyň saklanyp galan çeşmelerinde bir täsin ýagdaý göze ilýär: ýazgylarda galan maglumatlar Gorkudyň yslama arkalaşyk edendigine ýa-da bolmanda, oňa biperwaý bolandygyna şaýatlyk edýärler.
Ine, «Gorkut ata» şadessany. Halkyň dilinde şu wagta çenli ýaşap gelen gürrüňler, rowaýatlar Gorkudyň taryhy taýdan has laýyk keşbini görkezýärler. Mundan şeýle aýratynlygy getirip çykarmak mümkin: kagyza geçirilen ýazgylar geçmişi maglumat taýdan dogry, emma içki many taýdan nädogry görkezýärler, halkyň aňynda ýaşap gelen gürrüňler bolsa, tersine, geçmiş taryhy maglumat taýdan nädogry, ýöne içki many tarapdan gaty dogry aýan edýärler. Munuň özi belläp goýaýmaly täsin bir kanunalaýyklyk diýip pikir edýärin.
Galyberse-de, diňe bir Gorkut däl, yslamdan öňki tutuş düzüm täze dine garşy aýaga galypdyr! Muny yslam ornaşandan müň ýyldan soňam degişli rowaýatlaryň içki gurluşyndan aňlasa bolýar.
Burkut baba hakyndaky käbir rowaýatlarda onuň ýabany haýwanlara howandarlyk edenliginiň alamatlary has köp üns berilmegine degişlidir.
Bir gün bir adam Hudaýdan «Ýagyş ýagarmy?» diýip sorapdyr. Alla oňa «Ýagmaz» diýip jogap beripdir. Emma ýagyş ýagypdyr. Şonda bu adam Allanyň ýanyna baryp: «Sen sözüňde durmaýan ekeniň» diýipdir. Hudaý oňa sözünde tapylyp bilmediginiň sebäbini şeýle düşündiripdir: «Ýagşy Burkut diwana ýagdyrdy, çünki bir keýigiň owlaklary suwsuzlykdan öljek bolupdyr».
Başga bir rowaýatda Alla birnäçe wagtlap ýagyş ýagmasyn diýip buýruk beripdir, emma bir keýik sebäpli Burkut Hudaýyň buýrugyny bitirmändir.
Görnüşi ýaly, Burkut Allanyň özi bilen ýaka tutuşyp dur diýen ýaly. Munuň gürrüňi edilen taryhy manydan başga manysy bolup bilmez. Özem şeýle äheň – Alla bilen jedelleşmek, onuň buýrugyndan ýüz döndermek Burkut baradaky rowaýatlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Allanyň ýeke-täkligi, hökmürowanlygy nire, bu gürrüňler nire?!
Rowaýatlarda biz yslamdan öňki dürli şahsyýetleriň durmuşyň, tebigatyň bir ugruna degişli hyzmatlary ýerine ýetirýändigini görýäris. Munuň özi butparazlygyň – köphudaýlylygyň galdyran nyşanlarydyr.
Gorkut hakynda aýdylanda bolsa, yslamyň ornaşmagy bilen halk rowaýatlarynda Gorkudyň ölümden gaçyşy baradaky äheňler has güýçlenipdir. Taryhy sebäbi düşnükli bolsa gerek: Gorkut täze dinden ýeňildi. Owal ölmez-ýitmez keramatly, dokuzy düzüw gudratly hasaplanan Gorkudyň ýönekeý başy ölümlä öwrülip, ölümden gaçyp ýörmegi pelsepewi manyda aýdylanda, onuň taryhy ölümine şaýatlyk edýärdi.
Şu äheňler gazaklaryň arasynda-da, türkmenlerde-de giňden ýaýrapdyr. Baryp, akademik W.Bartold bir ärsary mollasynyň aýdan ganatly sözüni ýatlaýar, ol söz «Gorkudyň gabryny gazma!» diýmekden ybarat eken. Munuň özi «bolmajak zadyň gürrüňini etme!» diýmegi aňladypdyr. Hawa, halkyň diliniň durnukly aňlatmasy onuň dini ynançlary bilen berk baglanyşyklydyr. Alym A.Bekmyradow şu taryhy äheň bilen baglanyşykly şeýle bir gyzykly pikiri aýdýar: «Gorkut ata» şadessanynyň bir boýunda Allanyň gullukçysy Ezraýyl perişdä garşy ýaragly uruşýan, Alla bile gaýybana dawa kylýan Däli Domrul hem aslynda Gorkudyň özi bolmaly. Pikirlenme gurluşynyň, aň durnuklylygy hem üýtgewliligi tarapdan alanyňda, juda ynandyryjylykly çaklama.
Şeýle bir pikir bar: kyssawy eserlerde mifologik bolsun, dini ýa edebi bolsun, tapawudy ýok, üýtgeýän hem üýtgemeýän ululyklar bolýar. Kyssadaky gahrymanlar, olaryň atlary, şahsy görkezijiler üýtgeýär, emma olaryň hereketleri weli üýtgänok. Bu dini-mifologik aňyň ýaşaýşyna-da degişli kanunalaýyklykdyr. Şundan ugur alsaň, ilkibaşda Gorkuda degişli bolan kyssalaryň, wakalaryň hem äheňleriň dürli jemgyýetçilik-serhal üýtgeşmeler netijesinde başga şahsyýetleriň ady bilen berilmegi tebigy zatdyr. Aýdaly, gazaklaryň arasynda ilkinji gopuzy Gorkudyň ýasandygy barada hem-de onuň gury ýerdäki ajal suwda üstüni basyp bilmez diýip, derýaň ortarasynda haly düşenip, şonuň üstünde gopuz çalyp oturyşy barada rowaýatlar bar.
Türkmenlerde ilki dutar ýasan Baba Gambar diýilýär. Edil şonuň ýaly-da, onuň suwuň üstünde oturyp dutar çalandygynyň kyssalary bar. Meniň bu aýdýanym gahrymanyň adynyň üýtgäp, edýän işiniň üýtgemeýşine janly mysal.
Ýöne bu türkmen kyssasy bilen baglanyşykly, şeýle kanunalaýyklyga kiçijik aýdyňlaşdyrma girizmek mümkin: adyň ýa sypatyň üýtgemegi-de asla tötänleýin bolup geçenok, onuňam öz içki manysy bar. Biziň pikirimizçe, Gorkudyň hut Gambara öwrülmeginiň yslam bilen içki baglanyşygy ýok.
Gorkut ata şahsyýeti özüniň ruhy ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçiren şahs bolupdyr. Ilkibaşda onuň gadymy oguzlaryň çokunan hudaýlarynyň biri bolan bolmagy hem mümkin. Emma XIX asyra çenli bu porhan hudaýy hakynda halkyň ýadynda galan zat azalypdyr. Gorkudyň ýere düşmegi, hudaýlykdan keramatly porhana öwrülmegi has ir bolup geçipdir. Taryhçy A.Jykyýew: «VI-VIII asyrlarda türkileriň esli bölegini birikdiren «Göktaňry» hakynda düşünje döräp ugrapdyr. Şu ýagdaý hem, megerem, X-XIII asyrlarda oguzlaryň arasynda yslamyň çalt ýaýramagyna sebäp bolandyr» diýip ýazýar. Emma Göktaňry baryp Oguz hanyň wekillik eden Hudaýynyň adydyr. Şonuň üçinem bu ýerde VI–VIII asyrlarda däl-de, azyndan bäş müň ýyllyk wagt hakynda gürrüň etmeli.
Şeýlelikde, miladynyň VI asyrynda Gorkut atanyň mifiki, soňam edebi şahsyýeti döräpdir. Şondan bäri-de, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, göni bir müň bäş ýüz ýyl geçipdir.
VI asyrda bolsa Gorkut eýýäm ýere düşüp, şaman keşbinde ýör. Şamanyň özem ýarym Hudaý ýaly görlen şahsyýet. Sebäbi ol öz ruhlarynyň kömegi bilen ýönekeý adamyň başarmajak gudratlaryny görkezip bilýär. Şamanlaryň oguzlaryň durmuşyndaky ornuna X asyrda ýaşan bir arap syýahatçysy şeýle baha beripdir: «Her bir oňatja hem täsin zada çokunyp ýörler. Olar tebiplere hormat goýýarlar hem her gezek olary görenlerinde, baş egýärler. Şol tebipler olaryň durmuşyna-da, baýlyklaryna-da ygtyýarlyk edýärler .
Arap syýahatçysynyň tebipler diýýäni, elbetde, şamanlardyr. Şu ýerde, gepiň anyklygy hem esaslylygy üçin, biz adalgalaryň gürrüňini etmelidiris.
Milli ruhuň kemala gelmeginde esasy zat – islendik başga bir bitewülikdäki ýaly özeniň bolmagydyr. Şol hili özen bolanlygynda başga ýerlerden, gapdaldan gelen duýgy-düşünjeleri-de ruh öz kanunlaryna laýyk işläp, olaryň mazmunyny üýtgetmäge, olary özüniňkileşdirmäge ukyplydyr. Türkmeniň milli ahlaky ýörelgelerinde «asyl» diýen düşünje bar. Şol düşünjäni tutuş ruhuň ýaşaýşy babatda ulanmak gerek.
Şeýlelikde, oguz ruhunda şamançylygyň – özünde keramatly sypatlary jemlän, halk bile Hakyň arasynda araçy bolan şaman jemendesiniň döremegi hem ösmegi üçin V-VI asyrlarda amatly taryhy-ruhy şertler döredi. Şol döwürde beýik türkmen hanlygynyň gülläp ösendigini biz bilýäris. Munuň özi şamançylygyň döwlet mertebesi hökmünde ösmegine-de güýçli täsir edipdir. Şamanlaryň öz il-gününe ruhy taýdan hyzmat etmek däbi döwlet häkimiýetiniň döremegi hem ösmegi bilen hasam giňelipdir. Oguz hanyň döwletini agzamanyňda-da, ondan soňky oguz döwletlerinde şamançylygyň şu hili ruhy-syýasy orny taryhda belli hadysadyr. Gorkut atanyň üç sany oguz patyşasynyň weziri bolandygy baradaky maglumatlary-da şu ýerde agzamak artykmaçlyk etmese gerek.
Eýsem-de bolsa, şeýle taryhy manyda alanyňda, şamançylyk-otparazçylyk dünýägaraýşynyň yslam bilen oňuşmazlyklaryny nähili düşündirse bolar?!
Şu meselede iki dini-ruhy hadysanyň arasynda düýpli tapawut bolup, şolam olaryň gapma-garşylygyna getiripdir. Yslamda, belli bolşy ýaly, dünýewi hem dini häkimiýet tapawutlandyrylmaýar. Muňa arap halyfatynyň irki taryhy ýa-da häzirki yslam döwletleriniň gurluşy aýdyň mysaldyr. Emma gadymy oguzlarda häkimiýetiň bu iki görnüşi biri-biri bilen aragatnaşykda bolsalar-da, olar özara tapawutlanypdyr, özem dünýewi häkimiýet hemişe agalyk ediji bolupdyr. Has dogrusy, dünýewi häkimiýet jemgyýetiň syýasy erkini özünde jemläpdir, din bolsa diňe adamlaryň ruhy durmuşyny dolandyrmaga hem-de ony üpjün etmäge çalşypdyr. Yslamdaky düýpli ýekehudaýlylyk jemgyýetiň durmuşynda syýasy-dini ýeke häkimiýetlilik görnüşinde kemala gelipdir.
Oguzlarda bolsa ýagdaý, görnüşi ýaly, başgaça bolupdyr, hemişe dünýewilik agdyklyk edipdir. Oguzlaryň nesli bolan türkmenleriň yslam gülläp ösen, höküm süren döwründe-de öz goňşularyndan tapawutlylykda dine erkin çemeleşmesiniň aňyrsynda şol ruhy-taryhy esaslar ýatýar. Oguzlar üçin asmanyň iň ýokary gatynda bir ýerde mesgen tutan Alla birhili alyslyk, sowuklyk bolup görnüpdir. Olar üçin özleri ýaly adamzat neslinden bolan keramatly şamanlar hem ynandyryjylykly, hem täsirli bolupdyr. Galyberse-de, bu durmuşy-gan deňligi ruhy erkinlige sebäp bolýar. Hatda yslam doly ornaşanda-da, oguzlaryň şol düýpli ruhubelentligi, ruhy ynançlary Orta Aziýada yslamyň özboluşly şekiliniň – Orta Aziýa sufizminiň kemala gelmegine sebäp bolupdy. Munuň özi ruh üçin taryhy taýdan juda dogry hem amatly çözgütdi: hem yslamyň ýararly taraplaryny alýarsyň, hem öz köne ruhy ýörelgeleriňi, goý, biraz üýtgedi-len görnüşde bolsa-da, aman saklap galýarsyň.
Meşhur türkmen piri Hoja Ahmet Ýasalynyň sopuçylyk ýoly şunuň ýalydyr. Iňlis alymy J.Trimingem Ahmet Ýasalynyň taryhy-ruhy orny hakynda şeýle ýazypdyr: «Onuň ömri hakda bilýän zatlarymyzyň azdygyna garamazdan, Ahmet Ýasalynyň yslamda mistiki akyl ýetirişiň «türki» ýoluny döretmekdäki ähmiýeti jedelsizdir. Ýasaly taglymatynyň köp dini, durmuşy hem medeni şahalanmalary bardyr. Ol taglymat türki taýpalaryň yslamlaşmagynda, yslamyň türkileriň-çarwalaryň durmuşyna ornaşmagynda, özara pars-türki dil täsiriniň döremeginde uly orun eýeläpdir». Alym esasly gürleýär, ýöne onuň aýdyşynda ünsden düşürilen bir zat bar. Hoja Ahmet Ýasalynyň bu ýerde taryhy ornuna birtaraplaýyn seredilipdir.
Ahmet Ýasaly diňe bir oguzlaryň yslamlaşmagyna däl, eýsem yslamyňam oguzlaşmagyna uly täsir etdi. Eýsem-de bolsa, onuň türkmen diline getiren arap-pars adalgalary entek asylky düşünjeleriň, ruhy hadysalaryň gelendigini aňladanokdy. Ýok, bu diňe Ahmet Ýasalynyň öňki oguz ruhunyň köp hadysalaryny yslamyň dilinde aňladyp bilendigini görkezýär. Ruhuň mazmunynyň düýpleýin üýtgeşmegi bolup geçenok-da, onuň ebeteýleri – täze taryha laýyk şekilleri üýtgeýär.
Şeýlelikde, yslam geldi, şamançylyk-otparazlyk böleklendi, öňki bitewi ruhy hadysanyň içinden dini ýörelgeler bir tarapa, aýdym-saz ýene bir ugra, şygryýet üçünji bir ýana, halk serhaly (psihologiýasy) ýene bir ýana bölünip aýryldy. Türkmen ruhunda hem aňynda bölünişik bolup geçdi. Şamanyň bitewi şahsyýeti porhana, derwüşe, bagşa, ozana, şahyra, tebibe, palça, molla, işana, welilere bölündi oturyberdi. Yslamyň gelmegi bilen geçen bu ruhy öwrülişik taryhy ösüş nukdaýnazaryndan, elbetde, üstünlikdi. Ýöne öňki ruhy ölçegleriň düýbünden ýok bolman, täze taryhy şertlere uýgunlaşdyrylmagy hasam uly üstünlikdi.
Müňýyllyklaryň dowamyndaky nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşyk ýitirilmän saklanyldy. Milli ruh aman galdy, millet tebigy taýdan aman galdy, millet özüni inkär etmeklige çenli gitmän, yslamy özüne uýgunlaşdyrdy. Onsoň iki-ýeke «yslamçylaryň» häli-häzire çenli dürli däp-dessurlara, ynançlara, ýörelgelere garşy çykyp gelýänligine garamazdan, halk ruhy bitewüliginde galdy. Türkmenlerde mollanyň ýaramaz taraplarynyň tankytlanýandygyna duş gelersiňiz, emma porhanyň, onuň kiçi inisi derwüşiň ýa işanyň üstünden gülünýän pursadyna tas duş gelmersiňiz. Olara türkmenler bir wagtky oguzlar ýaly, keramatly, Göktaňry bilen aradaky araçy hökmünde garap, ýürekden sylaýarlar.
Edebi makalalar