|

Gorkmagy öwrenmek / hekaýa

Gorkmagy öwrenmek / hekaýa GORKMAGY ÖWRENMEK

Gorkmagy öwrenmek / hekaýa

Düşegine düşen düşdüş oglanjygy elheder aldyrdy. Ol zyňlyp galdy-da, ylgap barşyna telewizoryň öňünde gyşaryp ýatan kakasynyň arkasyna gysmyljyrady. Gorkusyna süňňi bilenem galpyldaýar.
-Nämmoll-ow, owlum?!
-Möý.
Etmelisi…
Belli.
Etmedi.
Etmelisi ýaly etmäň deregine, dogry bolmalysy ýaly edip, oglanjyga dözümli darady:
-Şy war-a, dagy-duwara möýden gorkaýsaň ahmal bolmagyň! Bolýamy?!
Kakasyndan eýmenen oglanjyk: “bolýa” diýen terzde ýuwaşja baş atdy.
Şeýdibem möýden gorkusynyň üstüne ýene-de üç gorkyny öwrendi:
Birisi, haraý hantama bolup gelseň, kakaňdan gorkmagy;
Ikinjisi, möýden, galyberse-de başga-da nämedir bir zatdan gorkýandygyňy özge birine bildirmekden gorkmagy;
Ýene biri, möýden ýa başga bir zatdan gorkmakdan gorkmagy… Hekaýalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle