|

Göresim geldi

Göresim geldi

GÖRESIM GELDI

Aýlap ömür çarhyny, bahar geldi meýdana,
Ýeriň ýüzi ýuwuldy, daş-töwerek gülhana,
Sorup tämiz howaňy, göwnüm geldi heýjana,
Elwan gülleň içinde seni göresim geldi.

Sary tomsuň jöwzasy suw küýsetdi dessine,
Durna gözli çeşmeler akdy ýeriň üstüne,
Ir-iýmişler bezegdi ýaşyl pelleň hersine,
Bag-bakjalaň içinde seni göresim geldi.

Tylla güýzüň gyzygy altyn hasyl berşinde,
Patrak kimin hanany ezber elleň alşynda,
Gowaçaly meýdanlar ýatyr sähraň gerşinde,
Ýaşyl gollaň içinde seni göresim geldi.

Geldi gyşyň aňzagy, penjireden seretdim,
Seniň tutan aýaňda akja gary eretdim,
Dört pasyl küýsär ýaly, ýüregimde ýer etdiň,
Sagy-sollaň içinde seni göresim geldi.

Ters geldimi täleýim, kalba saldyň boşlugy,
Ölçäýerden artykdyr aramyzyň daşlygy,
Senli günlermi ýatlap, ötürerin ýaşlygy,
Sen ýok ýyllaň içinde seni göresim geldi.

*   *    *

Her gysymyň altyn-zerden,
Maňa ömür hem jiger sen,
Hyzmatyňda taýyn gerden,
Kerem-keramat topragym.

Mydam ýollar ýagty bizde,
Berkararlyk bagty bizde,
Zamanaň hoş wagty bizde,
Bagta dowamat topragym.

Şypa tapdym daglaryňdan,
Ylham aldym baglaryňdan,
Seniň baky barlygyňda,
Inmez melamat, topragym.

Ata-baba edebimsiň,
Mährem käbäm, pederim sen,
Hakdan tagzym edenim sen,
Her dem hemaýat topragym.

■ ENÄNI YNJYTMA

Enäni ynjytma, akdyr ýüregi,
Eziz balasydyr onuň geregi.
Enäni ynjytma, söý, ony gora,
Bir sözde salaýma ýüregne ýara.

Enäni ynjytma, ynjytma, ynsan,
Ene ýüreginde syr saklar pynhan.
Enäni ynjytsaň, sen mydam horsuň,
O dünýä, bu dünýä bergili borsuň.

■ GIDIP BARÝAN

Gidip barýan ädip assa,
Gör-le, howa ne arassa,
Rahatlanýar göwün galksa,
Sebäp: seň ýanyňa barýan.

Gidip barýan, gidip barýan,
Garanjaklap o ýan, bu ýan,
Parahat görünýär asman,
Sebäp: seň ýanyňa barýan.

Gidip barýan, hiç kimse ýok,
Buludam menden galanok,
Ýekeligme gynanamok,
Sebäp: seň ýanyňa barýan.

Gidip barýan.
Her ýer gözel,
Güller, kebelekler gözel,
Göwün joşar, goşgy düzer,
Sebäp: seň ýanyňa barýan.

Gidip barýan, gidip barýan,
Aljyraýan …
ýetip barýan…

Tumar HUDAÝBERDIÝEWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle