Gören barmy Gazan kibi?
Gören barmy Gazan kibi?

Kazgurt dagdan önker başny ýugarlatdy,
Salyr Gazan ötri baryp garbap tutdy,
It-Beçene görüp any, essi gitdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Bir gazanga kyrk bir atyň etin saldy,
Ol gazanny sol eliki birlen aldy,
Sag eliki birlen ilge üleşdirdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Gök asmandan inip geldi tinli ýylan,
Her adamny ýutar erdi görgen zaman,
Salyr Gazan başyn kesdi, bermeý aman,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Otuz, kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
It-Beçene illerini geldi gyryp,
Bir neçesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Türk-u türkmen, arap, ajam-raýatlar,
Gazan kyldy musulmanlyga terbiýetler,
Kapyrlarny gyrdy o-şol köp pursatlar,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Andan hünär göterdiler barça uly,
Bagzylarga orun berdi sagly-solly,
Bize boldy kamug ilniň orny diýdi,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi?
Saýýah Gorkut öler bolduň imdi, bilgil
Ol Gazanyň döwletine doga kylgyl,
Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýolga girgil,
Alplar, begler, gören barmy Gazan kibi? Goşgular