| | |

Gorbaçýow öwgä mynasyp, ýöne ol rus-ukrain konfliktlerine şert döreden bolmagy-da mümkin

Gorbaçýow öwgä mynasyp, ýöne ol rus-ukrain konfliktlerine şert döreden bolmagy-da mümkin GORBAÇÝOW ÖWGÄ MYNASYP, ÝÖNE OL RUS-UKRAIN KONFLIKTLERINE ŞERT DÖREDEN BOLMAGY-DA MÜMKIN

Gorbaçýow öwgä mynasyp, ýöne ol rus-ukrain konfliktlerine şert döreden bolmagy-da mümkin

Öñki sowet ýolbaşçysy ýurtlarynyñ super güýç statusyny ýitirendigi üçin özüni günäkärleýän köp sanly ruslar tarapyndan ýigrenilýändigine doly düşünmedik bolarly.

Bu gabatlaşmanyñ ironiýasynyñ aşagyny näçe çyzsañam az bolar. Russiýanyñ Ukraina çozmagyndan alty aýdan gowrak wagt geçensoñ, ýagny, Ukrainanyñ Herson oblastynyñ günorta etraplaryny rus okkupasiýasyndan gaýdyp almak üçin uzak wagtlap meýilleşdirlen hüjümiñ başlanandygyny mälim eden güni Sowet Soýuzynyñ iñ soñky döwlet ýolbaşçysy, SSSR-iñ Kommunistik partiýasynyñ iñ soñky baş sekretary Mihail Gorbaçýowyñ Moskwada aradan çykandygy aýdyldy.
Häzirki wagt bilen onuñ döwri, Gorbaçýow bilen Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putiniñ arasyndaky garşydaşlyk oýlandyrýar, giñ köpçülik gatlaklary-da muny şeýle göz öñüne bolarlar.
Halas ediji bilen jan alyjy garşylaşdyrylar, deñeşdiriler: Birinjisi, taryhyñ güýçleri bilen sazlaşygy tapan, düýpli liberal Gorbaçýow, ikinjisi-de, wagty yzyna dolap almak üçin rehim-şepagatsyz we möwriti geçen serişdeler arkaly elinden geleni gaýgyrmaýan, tebigy taýdan ýowuz we diýdimzor Putin. Oñkyny dogry çykarjak käbir sebäpler baram bolsa, birnäçe nukdaýnazardan bu garşylyklaýyn pikir ýalñyş bolup biler.
Mihail Gorbaçýow taryha mynasyp görnüşinde, Sowet Soýuzynyñ zynjyrlaryny ýolan we şeýdibem Ýewropada kommunizmiñ çöküşini çaltlandyran adam hökmünde girer. Ol bu görnüşi bilen Wladimir Putiniñ düýbünden tersine biri ýaly bolubam biler. Sowet blogyny berkitmek üçin güýç ulanmak babatda atalarynyñ ýolundan ýöremegi ret eden sowet lideri Gorbaçýow nähili garaýandygyñyza baglanşyklylykda otuz ýyldan soñ Ukrainany Russiýanyñ soýuzdaşy edip saklamak, SSSR-i ýa-da Russiýa imperiýasyna meñzeş bir zady güýç ulanyp täzeden janlandyrmak maksady bilen uruş yglan eden Putinden görnetin tapawutlanýan lider.
Ýöne bärde orta atylmaly iki düýpli sowal bar. Putin häkimiýet başynda oturan ýigrimi ýylynda Gorbaçýowyñ dolandyran ýurdundan has azat we has gönençli ýurda ýolbaşçylyk etdi. Putiniñ ýolbaşçylygyna gutulgysyz ýagdaýda, her taraplaýyn bolmasa-da, ýurdy birnäçe tarapdan SSSR-däki ýapyk jemgyýete dolap getiren ukrain urşunyñ penjiresinden serediler, baha beriler. Soralmaly başga bir sowal bolsa, Gorbaçýow hadysalara nähili erk edişi we diñe Ýewropany däl, eýsem Hytaýy-da öz içine alan, dünýäniñ köp ýerini gulgula salan syýasy harçañlaşmalardyr azatlyk tolkuny tarapyndan nähili iterilenligidir. Onuñ mirasy (mynasyp görnüşde) hem Ýewropany, hem dünýäni oñyn ugra özgermäge hemaýat edenligi bolar. Merkezi we Gündogar Ýewropadaky millionlarça adam, şol sanda Russiýadakykaryñam käbirleri ýurtlaryny we şahsy durmuşlaryny köp derejede üýtgedenligi üçin Gorbaçýowa minnetdarlyk bildirýärler.
Minnetdarlyk bildirmek bilen ýalñyşanoklaram. Gorbaçýowyñ Sowet Soýuzynyñ Kommunistik partiýasynyñ baş sekretary bolan 1985-nji ýylyñ SSSR-i bilen 1995-nji ýylyñ Russiýasynyñ arasyndaky çaprazlygyñ aşagyny näçe çyzsagam az bolar. On ýylyñ dowamynda küljümek we gysyjy döwürleriñ hakykylygy akyn eden reñk we kakofoniýa tarapyndan süpürlipdi. Şol sanda iñ uly we umytlandyryjy üýtgeşme gorkynyñ aradan aýrylmagydy.
Sowet döwlet ýolbaşçysy wezipesinden el çekip, SSSR-iñ soñky nokadyny goýan goluny çekende, ruslary ýesirlikde we Ýewropanyñ ýarsyny bir diwaryñ arkasynda saklan gorky aradan aýrylypdy. Belki, gowşaklygyndan, belki-de, danalygyndan, Gorbaçýow güýjüni saklap galmak üçin güýç ulanmakdan gaça durupdy. Şol sebäplj sowet imperiýasyny ösüşiniñ her sepgidinde garalaýan harçañlaşmalar çökende ýok diýen ýalydy, diñe şunuñ özem Gorbaçýowyñ hasabyna ýazylar.
Üç sany garry we syrkaw lideriñ otuz aýyñ dowamynda yzly-yzyna aradan çykmagynyñ yzyndan 54 ýaşynda iş başyna geçen Gorbaçýow beýlekilerden üýtgeşik görünýärdi, üýtgeşik gepleýärdi. Resmi çärelerde söýgüli aýaly Raisany hem ýanyna alyp, sowet kommunizmine «adamkärçilikli ýüz» getirdi. Öz ady bilen badaşan «aç-açanlyk» we «üýtgedip gurmak» sözleri bjlen birnäçe sowet tabusynyñ ýykylmagyna öñbaşçy boldy. Ýöne onuñ bu prosesiñ dowamynda nähili başarnykly bolandygy aýry gürrüñ. 1991-nji ýylyñ tomsunda berk merkezleşdirlen sistemany arkalaşyga esaslanan federasiýa öwürmek synanşyklary şowsuzlyga uçrady. Agdarlyşyk az salymlyk hemme zady üýtgetdi: häkimiýet yza dolap bolmajak görnüşde Russiýanyñ saýlanan prezidenti Boris Ýelsine geçdi, merkez mundan soñ durup bilmedi. 8-nji dekabrda 1924-nji ýylda Sowet Soýuzyny guran üç respublikanyñ liderleri şol şertnamany güýjüni ýitiren hasaplady. 25-nji dekabrda Gorbaçýow wezipesinden el çekdi.

Gorbaçýow öwgä mynasyp, ýöne ol rus-ukrain konfliktlerine şert döreden bolmagy-da mümkin

Gorbaçýow Ýelsin döwründe (hernäçe pessaý bolsa-da) oýunçy roluny gorap saklady, Putin döwründe bolsa haýyr-sahawat fondunynyñ üsti bilen sesini has batlyrak eşitdirip ugrady. Ýelsin ýaly onuñam doglan ýerinde (saglyk ýagdaýyna görä) pensiýa ýaşynyñ hözirini görüp ýaşamagy, ondan öñki liderleriñ ölen ýa-da yzy ýitirlen sowet-rus taryhynyñ baglanşygynda uly artykmaçlykdyr. Munuñ bilen birlikde statusynyñ agramly bölegi, eden ýa-da etmedik işleri, Sowet Soýuzynyñ dargaýşyna we Ikinji jahan urşundan soñ Ýewropany tussag eden ideologiýanyñ çöküşine goşandyny goşan lider hökmünde çäksiz hormat goýlup goldandy.
Gynansak-da, Gorbaçýowa daşary ýurtlarda goýlan sarpa öz watandaşlarynyñ köpüsi tarapyndan goýulmady. Köp sanly russiýaly ýurtlarynyñ peseldilmegi, super güýç statusyny ýitirmegi, birnäçeleri üçin köpmilletli idealyñ çöküşi hökmünde görlen ýagdaý sebäpli tä ölen gününe çenli ony günäkärledi. Gorbaçýowyñ Sowet Soýuzyndan soñ syýasy rol oýnamaga synanşyklarynyñ şowsuzlyga uçramagynyñ sebäbi-de köp derejede şu boldy.
Ol ýurtlarynyñ super güýç statusyny ýitirendigi üçin özüni günäkärleýän köp sanly ruslar tarapynddan ýigrenilýändigine doly düşünmedik bolarly.
Ruslaryñ täze nesliniñ soñky sowet liderine syýasy we şahsy azatlyk taýdan näderejede borçludygyna düşünjekdiklerine hem-de oña mynasyp baha berjekdiklerine ynanasyñ gelýär. Emma ölen güni wezipesinden giden gününden bäri hiç düşmedik aradaşlyga düşen ýalydy.
Russiýanyñ Ukraina garşy yglan eden urşunyñ birnäçe tarapdan SSSR dargan wagtynda paýhasly öñi alynan, emma Soýuzdan soñ kuwwatly we ilat sany agdyk iki ýurduñ özbaşdak döwlet hökmünde täze gatnaşyklary ýola goýmadyk ýagdaýynda hemişe ähtimallyk bolup, pursatyny peýleýän çaknyşyk hökmünde baha berse bolar. Mihail Gorbaçýow Soýuzy zorluk-zulum ulanyp saklamagyñ deregine, her ýurduñ öz ýoluna gitmegi bilen mertlerçe ylalaşan lider hökmünde özüne goýulýan ähli hormat-sylaglara añryýany bilen mynasyp.
Emma netijede, Sowet Soýuzynyñ güýji şol wagta çenli şeýle bir peselipdi welin, megerem, juda az alternatiwasy bardy. Netijede ol gop berijimi ýa-da taryhyñ gurbany? SSSR-iñ dargamasynyñ özi we özünden öñ Merkezi we Gündogar Ýewropada kommunizmiñ çöküşi, şol döwürde birnäçeleriniñ syn edişi ýaly belläp geçerlik derejede parahatçylykly bolup biler. Gorbaçýowyñ Soýuzyñ çäklerinden daşarda güýç ulanmakdan ýüz öwürmegi oña 1990-njy ýylda Nobel baýragyny gazandyrdy. Emma Sowet Soýuzynyñ duýdansyz çagşap oturybermegi aslynda gelejek üçin, meselem, Krymyñ statusyna, Ukrainanyñ gündogaryndan we günbataryndan gysaja alynmagyna, Russiýanyñ edil häzir Ukraina garşy alyp barýan urşunyñ üstüne nepýag guýmaga itergi berdimikä?

Meri DEŽEWSKI,
Daşary syýasat boýunça žurnalist.
@IndyVoices

06.09.2022 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle