|

Gopuz

Gopuz GOPUZ

Gopuz

Müňläp ýyl türkmeniň taryhy sende,
Diňdirýäň aglany-ýyglany gopuz.
Saňa güle meňzeş lebler degende,
Sesiň elendirýär dünýäni gopuz.

Bir bilbil saýran dek gülde-çemende,
Ynsan kalbyn göterýärsiň belende.
Kümüş şelpeleriň sesi bar sende,
Ýakymyň gulaga gül ýaly gopuz.

Sende bar türkmeniň düýe sagyşy,
Kejebeler besläp gelin alyşy.
Saňa meňzeş baharyň ak ýagyşy,
Hem ümürli günleň öýläni gopuz.

Gül gyzlaryň gursagyna sygmadyk,
Duýgularny ýara aýdyp bilmedik,
Seniň süýji owazyňdan diňledik,
Sesiňde müň jady, müň many gopuz.

Sen duýgudan doly gyzyň kalby sen,
Gawunda waharman, tutda balhy sen,
Guşda bilbil, gamyş içre gargy sen,
Oýlara çümdürýäň diňläni gopuz.

Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW,
Ýolöten etrabynyñ Momataý obasy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle