|

Goňurbaş mukamy

Goňurbaş mukamy TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

Goñurbaş mukamy

Şükür  bagşy  Eýrana  gidip,  Mämmetýar  hanyň  sazandasy  Gulam  bagşy  bilen  çakyny alyşansoň,  zyndanda ýatan agasyny ýurda alyp gelýär. Bu wakany “ Şükür bagşy “ kino filminde bilýärsiňiz. Olar dagyň kötel ýollaryndan  gijäniň  bir  wagtyna  çenliýöräp  halys  ýadadylar. Ahyry  obalaryna  golaý  gelensoňlar,  dagyň  baýyrlaç  eňňidinde  dynç  almak  üçin  düşlediler.çünki  Şükür  bagşy  obalaryna  barsa,  mähelläniň  dynç  almaga  goýman,  daşyna  üşjegini  bilýärdi.Şonuň  üçin  ol agasy  bilen  daňdana  çenli gözlriniň awusyny almak  üçin  atlaryny ota göýberip gyşardy. Agasy şol bada uklady.Şükür ýyldyzlary petreşip duran dury asmana ser edip esli  wagtlap uklamady."Çapyk han ilerik gitjek bolamda "Iş bitirip gelseň‐ä gowy zat welin, ýöne eliňi‐  aýagyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup göýberäýseler gerek " diýip gyjytly  sözüni  aýdypdy.Hudaýa  şükür,  ony  etdirmedik,  agam  Gowuşdy"  diýip,  içini  gepletdi ýatdy.  Ahyry  onuň  begenji,  büýsanji, tolgunmasy  süýji  arzuwlar  bilen  utgaşyp,  soňy  düýşe ýazyp gitdi. Ýaňy dogan günüň tygy ýüzüne degensoň Şükür bagşy syçrap ýerinden galdy‐ da,  gapdalynda  ýatan  agasyna  seretdi.Zyndanda  oturyp  gaty  ýadan  bolara  çemele,  ol  süýji  okuda  ýatyrdy. Onsoň  Şükür  ho‐ol  aşakda  ýaýylyp  ýatan  küren  oba seretdi. Ol  oba  Şüküriň  öz  obasydy. Oba  uzakda  bolsa‐da  belent  baýyryň  üstünden  täze  dogan günüň şöhlesine edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi.Oba oýanypdyr. Her ýerde, her ýerde‐de tamdyryň agzyndan çykýan tüsse guýlum‐guýlum bolup  dyk asmana galýardy.Han‐ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini öňüne salyp örä  ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saýlanyp barýan adamlaryň hersi bir tarapa  gidsyny  çykaryp  ot  ýakdy.  Tüňçäni  jürdikdäki  suwdan  dolduryp  oduň  gapdalynda  goýdy.Onsoň  ol  ýenede  obasyna  tarap  ser  etdi. Oba  parahatlykda, şadyýanlykdy. Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp wagt geçen ýalydy. Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň töwregi gaýda‐gaýmalaşyk. Ol  bü  gün  toý  tutýandyr. Ol  maňa  “Şükür  jan  biz  toýumyza  Durdy  bagşyny  çagyrjakdyrys weli, aňyrujy ýetişip bilseň , senem ýetişjek bolawergin“ diýipdi. Heý Durdy bagşy, Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy bagşy, sen geçen ýaz bagyr‐ da bir toýda aýdym aýdaňda menem ýanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik  asmana galyp, birdenem pesaýlaýan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne ýaş  aýlapdyň. Aýdymy zaryn aýtmakda o dünýä bu dünýäsen ýaly barmyka? şol taýda                                 
“Dünýäni bir gözde gören.
Adyl bolup älem soran.
Döw‐perige patyşah bolan,    
Şahy Süleýman galmady „  
Diýip, bozlanda öýden içre Amanaly aga : Köňülde arman çohdur, bu nalyşa ýürek  parlandy" diýip bagyryberipdi. Howwa nesip bolsa bu gün agşam toý bolar, Durdy bagşam geler.Gör bu zatlary,  üsti‐üstüne  hezillik. Ynha,  Mälikguly  agaň ,  toýunda‐da  ýetişdim. Anha eýýäm ýaryşa hyýaly bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip başladylar. Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edýärdi.  "Eýsem‐de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi…" Şükür öňňüniki alamana gidiljek bolşuny ýatlady. Çapyk han obanyň ýigitlerini ho-ol  görünýän  gyzgylt  öwsüp  ýatan  takyra  ýygnapdy.  Anha,  şol  at  toýnagynyň  yzyndan ýaňa edil petir bezilen ýaly bolup ýatyr.Olara ýolbaşçylyk etmeli çapyk  han agzyndan ak köpük saçyp gazaba münýärdi. Şol takyrlyga ýygnanan atlylar Şüküriň zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin  Mämmetýar han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy. Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli bezelen piliň üstünde saz çalyp  gelşini görüp süssiniň basylanyny agasyna aýdasy geldi.Öte keýip çaglykdan hem  bitirip gelen işine çäksyz büýsanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haýdap baryp  beýlede  otlap  ýören  atyň  ganjygasyndan  asylgy  keçe  gaply  dutaryny  aldy. Gelibem  agasynyň  edil  baş  ujunda  oturyp  saz  çaljak  boldy.Ỳöne  bolmady. Ertiriň  dag  tarapdan  öwüsýän  pesaý  şemalyna  baş  atýan  goňürbaşlar sazandany haýsy saza başlasa  ýalňyşdyrdy durdy.Bir sazyň  kakuwsyna başlasa,  goňurbaşyň  tolkuny  onuň  elini  çaşdyrýardy. Ahyry  sazandanyň  eli  hem  goňurbaşlaryň  hereketine  gara  kakuw  edip  başlady.Ỳöne  welin  diňe  kakauw  bilen saz bolýarmy näme! Esli  wagtlap  goňurbaşlaryň  tolkunyna  görä  dutaryny  kakdy  oturdy,  kakdy  oturdy…
Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň üstünden indide biçak büýsançli  owazlary  düwmelendirip‐düwmelendirip  göýberdi.Onsoň  şol  bir  saz taslamasyny  gaýtalap  outran  sazandanyň  barmaklary  bäşinji  perdä  bardy‐da  uçursyz inçe äheňli saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp göýberdi, weli,  täze bir aýakly–başly  sazyň  sudury  boldy duruberdi.Täze  taslanan  sazy Şükür  gaýtalap  birneme  bişirdi.  Onsoň  naýza  boýy  galan  günüň  ýylysyna  meýmiräp  ýatan agasynyň egninden silkeledi.
—Agasy,  agasy!  Tursana,  sen  bi  sazy  diňläp  görsene,  tur  indi,  hanha  obamyz  görnüp  dur,  çaltyrak  tur,  çaýsyradygam.Anha,  tüňçede  gaýnady. men çaý demleýänçäm ukudan açyl hany…..
— Be, içi  zeýili  zyndan meni  gowy  söküpdir  –Diýip,  Şükrüň  agasy  birki  owurt  ajy 
çaý içensoň ýuwaşja dillendi.
— Hany, ýaňy saz diňle diýdiň weli, çal, eşideýli. Şükür agasy ýatyrka taslan sazyny inden öňden türginleşen sazy ýaly edip uly hüji üw  bilen  çaldy. Agasy  börtüläp  duran  gabaklaryny  galdyrman  esli  salym  durdy.Şol oturşyna‐da Şüküre sorag üstüne sorag oklady.
— Bi sazy ön‐ä çalaňokdyň, şeýledälmi? Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň?
— Hiç kimden öwrenemok agasy.
—Onda bu saz name asmandan indimi? 
— Ỳok, agasy, biz sazy şu ýerde tapdym.özüm düzetdim.
—Ỳogsa‐da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz ekeni‐aýt!….
—Agasy,  bu  sazyň  kakuwny‐ha  şu  şemal  ugruna  tolkunýan  goňurbaşlardan  aldym‐ diýip, töweregine göz aýlady. – ine bu düwmelendirip çalynýan buýsançly  ýerlerinem, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym.
Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen ýüzüni agasyndan ters tarapa sowdy.
— Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň gyzy Akjagül ýadyma düşdy weli, birden  elime geläýdi. Inha agasy, bu saz-ha şeýle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim.  Nähilli gördüň diňleseň boljakmy?
—  Gaty  bolar  Şükür  jan,  diýseň  buýsançly  saz.Berekella  inim!  –  diýip, Şükrüň  agasy aşakda ýaýylyp ýatan küren oba göz aýlady.Ỳolboýy ýüzi açylman gelşine  ilkinji gezek Şüküre seredip ýylgyrdy.Inisiniň engine elini goýdy.
— Ỳör, inim, çaltyrak baraýly, gelinejeňem gözi ýoldadyr,jigileňem göresim gelip  gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ýaňky “ Goňurbaşdan “ başlagyn.
— Bor agasy.

Allaberdi DURDYÝEW,
Sungat synçysy.
Gaýtadan düzen: Arne GOLI,
Taryh ylymlarynyň kandidaty.
Aýdym-saz sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle