Gonamçylykdaky oýlanma
Gonamçylykdaky oýlanma
Matam güni.
Gonamçylyk.
Adamlar
Öten geçenlerniň ýanyna gelýär.
Hatara goýulan ýadygärlikler,
Kiçiräk şäheri ýadyňa salýar.
Bir ýakymsyz duýgy kalbymy gaplap,
Agram salýar ýüregimden aslyşyp.
Bu ýerleri hemmä deňlik hasaplap
Ýördüm, asyl gurnalan deý bäsleşik,
Kaşaň-kaşaň daş goýulan guburlar,
Bir-birne abanşyp hatara durlar.
Adamlaram sergä gelen mysaly,
Olara syn edip gezişip ýörler.
Asyl bu ýerde-de deňlik ýok ýaly.
Öwünişip bir-biriniň ýanynda,
Matam tutman, käsi magtanýar asyl.
Haçan döredikä, Türkmen ganynda,
Basdaşlyk diýilýän bu nejis kesel.
Oýlanyň, diriler, aýyp bolmazmy?
Ynjamazmy munda merhum ýatanlar?
Olaň ruhuna agram salmazmy,
Mermer granitler, demirbetonlar.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular