|

Goltugy daşly adam

Goltugy daşly adam GOLTUGY DAŞLY ADAM

Goltugy daşly adam

Men gorkamok mert duşmandan,
Kimdir biriniň adyndan.
Gorkýaryn ýüzi ýylgyrýan,
Goltugy daşly adamdan.

Goltugynda daş bar onuň,
Ellerinde ýazyň güli.
Şol daş bilen bermekçi ol
Ýazzymaňlaýyňdan göni.

Ýyllar geçer, eli gülli
Şol adam çykmaz ýadyňdan.
Men her zada garaşýaryn
Goltugy daşly adamdan.

Ýöne welin ulus iller
Ýaşamaz ondan gorkup-da.
Her näme bolsa-da, kişi,
Daşy gizleme goltukda.

Durdymuhammet GURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle