Golf barada gyzykly maglumatlar
Golf barada gyzykly maglumatlar

Kim golfy söýýän bolsa, şolaryñ dykgatyna: 1-nji çukurjykdan 18-nji çukurjyga çenli aralyk 6,5 km.
* * *
Hasabata ynansañ, uly geleşikleriñ köpüsi oýnuñ dowamynda amala aşyrylýar. Işewürleriñ köpüsi golf oýnamagy gowy görýärler we oýnuñ dowamynda şertnamany jikme-jik maslahatlaşyp, soñra gol çekýärler.
* * *
Her ýyl Kanadada golfçylaryñ arasynda festiwal geçirilýär. Onuñ esasy tapgyrlarynyñ biri buzuñ üstünde golf oýnamakdan ybaratdyr.
* * *
Dünýä belli golf oýunçysy Jonni Karson meşhur adamlar bilen öz hususy golf meýdançasynda ýaryşmagy halaýar.
* * *
Bu oýun 600 ýyl ozal dörän hem bolsa, oýnuñ resmi düzgünleri 1754-nji ýylda tassyklanypdyr.
* * *
Golfyñ hakyky janköýeri Amerikanyñ Tehas ştatyndan Riçard Lýus bir ýylyñ içinde 11 müñ topy çukurjyga geçiripdir.
* * *
Iñ çalt tamamlanan tapgyr belli oýunçy Elis Millere degişlidir. Ol 18 çukurjugy bary-ýogy 86 minut 44 sekuntda geçmegi başardy. Bu sepgit 1997-nji ýyld hasaba alnypdyr. Şondan bäri bu dünýä rekordyny täzelemek hiç kime başardanok.
* * *
Golf topy üçin seki 100 ýyl ozal peýda bolupdyr. Oña çenli adamlar ony çägäni üýşürip, ýasapdyrlar.
* * *
Golf oýnuny söýýänler hakyly golf topunyñ üstünde 336 çukurjygyñ bardygyny bilýändirler.
* * *
1976-njy ýylda golf oýunçysy Bob Kuk taýagy bilen 42,75 metr aralykdan topy urup, çukurjyga salmagy başarypdyr.
Taýýarlan: Ogulgözel ŞAGULYÝEWA.
# zenankalby_2017 Sport we turizm