Gola
Gola
Donuñ etegine, gözleri ala,
Dakypsyñ birgeñsi eýjejik gola.
«Jyññyrdap» seslenýär düşeñde ýola:
«Görüñ, görüñ, görüñ, gyz geçip barýar!»
Seniñ golañ sesi şeýle ýakymly,
Haýranlar galdyrýar adam akymny.
Duýdurýar hem näzik hemem hökümli:
«Halaýyk, ýol beriñ, gyz geçip barýar!»
Diýýär: «Ýañrap duran eý agzy paýyş,
Eger mümkin bolsa, sendenem haýyş:
Diliñi ýygşyr-da, bir gyra süýş,
Ýokmy haýa-şeriñ, gyz geçip barýar!
Düýşleriñe gyzlar girip, birçaklar,
Murty tabap, ýigit ýeten gerçekler,
Irde-giçde süýji durmuş gurjaklar,
Bagty synap görüñ, gyz geçip barýar!»
…Barýarsyñ uz ýöräp, gözleri ala,
Donuñ etegine dakypsyñ gola.
Golañ ýetişeniñ buşlaýar ile:
«Sawçylyga baryñ, gyz geçip barýar!»
Hemra ŞIROW. Goşgular