Gökböriniñ ýañy
Gökböriniñ ýañy

Inçe bil, gara saçdan däl, uzak, sowuk, gara gije,
Ylhamym uzyn ulan gökböriniň sesindendir.
Haýbatyn ýitirer munda urlyp sowutlara, gije
Bu ýigitleň är ýüregi şir peleňi kemsindirer.
Oýun oglana ýagşy, çyn ataň zamanydyr
Dünýä bize döwüş ýeri, panydyr derwüşlere
Ataň beýik Turany has ogluň armanydyr,
Är ýürekde kin bolmaz, hun girer bu düýşlere.
Seni uklatmasyn ogul tupan öňi asudalyk,
Hüwdilere irkilme, aldanma, gurjaklaşma.
Diriler tugun alyp, merhum tirsegne galyp,
Beýik Turanyň mukaddes kerpijin örüp başla.
O gün bütin älem biler, kime näme mahsusdyr
Biziň ýakan ýyllarmyz, perwana däl, Kaknusdyr.
* * *
Aý astynda bir gurt uwlar,
Boz gurt uwlar, joşaryn men.
Munda ýaralam gutular,
Bäş ýyldyz, bir aý bilen.
Uzaklardan jogap geler,
Ötesinden dag deñiziñ.
Olar meñ hyýalym biler,
Urgusy deñ ýüregmiziñ.
Bir gün geler, gowuşarys,
Tiken girmez aralara.
Biz bir atañ ogludyrys,
Mätäç däl biz agalara.
Siz üçin munda bar sözüm
Kasydalar, mersiýeler.
Ýaralara biraz dözüñ,
Şu ýyldyzlar, şu aý geler.
Nejep BAÝAT. Goşgular