Gök ýapraklar
Walentina OSEÝEWA,
rus ýazyjysy
Oseýewa Walentina Aleksandrowna 1902-nji ýylyň 15-nji aprelinde Kiýewde, inženeriň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň ejesi ýerli gazetde korrektor bolup işläpdir.
Walentina Alekandrowna orta mekdebi tamamlap, Kiýewiň N.W. Lysenko adyndaky institutyň aktýorçylyk fakultetine okuwa girýär, emma olaryň maşgalasynyň Moskwa göçmegi bilen ony tamamlap bilmeýär.
1924-1940-njy ýyllarda çagalar jemgyýetinde we hossarsyz çagalary kabul ediş öýünde mugallym hem terbiýeçi bolup işleýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bolsa Başkir ASSR-iň Karaidel etrabynyň Baýki obasyndaky çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup işleýär.
1952-nji ýyldan başlap adamsy, ylmy-fantastiki eserleriň ýazary W. D. Ohotnikow bilen Krymda we ondan uzak bolmadyk Izýumowka obasynda ýaşaýar. Ýazyjynyň uly göwrümli eserlerinden «Wasýok Trubaçýow we onuň ýoldaşlary» atly trilogiýany hem-de awtoryň ejesidir aýal dogany Anžela bagyşlan «Dinka» atly awtobiografik powesti ýatlamak bolar.
Biz hem žurnalyň şu sanynda Walentina Oseýewanyň gyzykly çaga durmuşyny açyp görkezýän kiçi göwrümli hekaýalaryny türkmen okyjylaryna ýetirmegi müwessa bildik. Ýazyjynyň hekaýalary uly gyzyklanma bilen okalar diýip tama edýäris.
Katýanyň iki sany ýaşyl galamy bardy, Lenada bolsa birem ýokdy. Bir gezek Lena Katýadan:
— Ýaşyl galamyňy beräý-dä?! — diýip sorapdyr. Katýa bolsa:
— Ejemden sorap göreýin — diýipdir.
Ertesi gün Lena mekdebe gele-gelmän:
— Ejeňden soradyňmy? — diýip, Katýadan soraýar. Katýa uludan demini alyp:
— Ejem rugsat berdi-le welin, doganymdan soramandyryn — diýip eginlerini gysypdyr.
— Bolýar, onda doganyňdanam sorap gör.
Ertesi Lena mekdebe gelenden ýene-de:
— Nätdiň, doganyňa aýdyp gördüňmi? — diýip, Katýanyň jogap bererine gyssanypdyr.
— Doganymam razy boldy-la welin, meniň galamymy döwersiň öýdüp gorkýan-da — diýip, Katýa äwmän jogap beripdir.
— Häzirjek bolup ulanaryn, arkaýyn bol ondan.
— Seret onda, kän artmagyn. Gaty basma, agzyňa-da salaýma. Wi, hemem köp zat reňkleme.
— Diňe bagyň ýapraklary bilen ýerdäki otlary reňklesem bolýar.
Katýa gaşlaryny çytyp:
— Onyň-a köp bolýar — diýip, ýüzüni kürşerdipdir.
Lena onuň ýüzüniň üýtgänini görüp, ýanyndan daşlaşmak bilen bolupdyr. Galamynam almandyr. Katýa geň galyp, onuň yzyndan ylgapdyr-da:
— Bolýa-la senem, me, al — diýipdir.
— Gerek däl.
Sapak wagty mugallym:
— Lena, näme üçin bagyň ýapraklaryny gök galam bilen reňklediň? — diýip sorapdyr.
— Ýaşyl galamym ýokdy — diýip, Lenajyk ýüzüni sallapdyr.
— Näme üçin joralaňdan almadyň?
Lena sesini çykarman durupdyr. Katýa bolsa leňňeç ýaly gyzaryp:
— Men oňa bersemem, özi almady — diýipdir.
Mugallym olaryň ikisine-de nazaryny aýlap:
— Bir zady bereňizde, alnar ýaly edip bermeli — diýipdir.
KÖKE
Ejesi kökeleri tabaga ýerleşdirdi. Enesi şadyýanlyk bilen öýdäkileri çaýa çagyrdy. Hemmeler saçak başyna geçdiler. Wowa kökeli tabagy öňüne çekdi.
— Bir-birden deňje edip böl — diýip, Mişa azmly gürledi.
Oglanjyklar kökeleri stoluň üstüne çykaryp, deň ikä böldüler.
— Deňje boldumy? — diýip, Wowa sorady.
Mişa üýşmekleri göz çeni bilen ölçänden soň:
— Deňje — diýip jogap berdi-de — Ene, bize çaý guýsana — diýdi.
Enesi olara çaý guýup berdi. Saçak başynda birsellem ümsümlik höküm sürdi. Tümmejik bolup duran kökeler derrew azaldy.
Mişa:
— Gaty süýji-dä, agzyňda eräp barýar — diýip, gözlerini ýumup, kökäniň lezzetini gördi.
— Hümm — diýip, agzy dolup duran Wowa ony makullady.
Ejesi bilen garry eneleri sesini çykarman otyrdylar. Wowa uludan demini alyp, garnyny sypalady-da, ýerinden turdy. Mişa bolsa ahyrky bölejigini agzyna atyp, ejesine seretdi. Ejesi henizem bir owurt hem içilmedik çaýyny çemçejik bilen bulaşdyryp otyrdy. Soňam enesine nazar aýlady. Garry enesi bolsa gara çöregiň gyrasyny çeýnäp otyrdy…
WAGT
Iki sany oglanjyk köçedäki sagadyň öňünde gürleşip durdy.
— Öýe berlen gönükmäni işlemedim, sebäbi onuň ýaýlary bar-da — diýip, Ýura özüni aklady.
— Men bolsa onuň ullakan sanlary bolany üçin işläp bilmedim — diýip, Olegem günäni öz üstünden aýyrdy.
— Bileleşseg-ä ony çözübem bilerdik, entek wagtymyz bar ahyryn.
Şol wagt köçedäki sagat ikiň ýaryny görkezip durdy.
— Tutuş ýarym sagadymyz bar. Şonça wagtyň içinde uçarman ýolagçylary bir şäherden beýleki şähere äkidip gelýär-ä — diýip, Ýura çynlakaý keşbe girip gürledi.
— Meň daýym bolsa gämibaşy. Bir gezek ol gämi heläkçiliginde ähli ýolagçylary ýigrimi minudyň içinde gaýyga mündürip ýetişipdir.
— O nämäň ýigrimisi?! — diýip, Ýura bilýänsiräp gürledi. — Kä halatlarda bäş-on minudyň özi köp zady aňladýar. Her bir minudy hasaplamaly.
— Ine, onda saňa ýene bir waka. Bir gezek bir ýaryşda…
Oglanjyklar birgiden gyzykly wakalary ýatladylar.
— Men bolsa, ynha, şuny bilýän… — diýip, Oleg sözüne dyngy berdi-de, sagada göz aýlady. — Ýura, sagat dogry iki.
Ýura uludan demini alyp:
—Ylgaly, mekdebe gijä galýas — diýdi.
— Gönükme näme? — diýip, Oleg howsalaly sorady.
Ýura bolsa ylgaşlap barşyna, elini salgap goýberdi.
ÜÇ ÝOLDAŞ
Bir gezek Witýa mekdebe alyp gaýdan ertirligini hiç ýerden tapmandyr. Uly arakesmede hemmeler ertirlik edinipdirler, Witýa bolsa bir gyrajykda duruberipdir.
— Sen näme üçin hiç zat iýeňok? — diýip, Kolýa dostunyň aladasyny edipdir.
— Ertirligimi ýitirdim, hiç ýerden tapmadym — diýip, Witýa ýüzüni sallapdyr.
— Bä-ä, bolmandyr ol-a, günortana çenlem-ä esli wagt bar — diýip, Kolýa akja çörekden ullakan edip dişläpdir.
— Sen ony nirede ýitirdiň? — diýip, Mişa gürrüňe goşulypdyr.
— Bilemok-da — diýip, Witýa ýüzüni kese sowupdyr.
— Wah, ertirligiňi jübiňde götermeli däl-de, torbaňa salmaly ekeniň.
Wolodýa bolsa Witýanyň ýanyna baryp, hiç zat soraman, ýaglyja çöregi ikä bölüpdir-de:
— Me, al, noş bolsun! — diýip, ýoldaşyna uzadypdyr.
GURJAKLYJA GYZJAGAZ
Ýura awtobusa münüp, çagalara niýetlenen ýerde oturypdyr. Onuň yz ýany bir harby işgäri münüpdir. Ýura böküp turup:
— Haýyş edýän, oturyň! — diýýär.
— Otur, otur! Men, ynha, şu ýerde oturaryn — diýip, harby gullukçy Ýuranyň yzynda oturypdyr. Şol wagt bir garryja aýal basgançakdan ýokarlygyna münüpdir. Ýura oňa hem ýer bermek isläpdir, ýöne başga bir oglanjyk ondan öňürdipdir.
Bu-la birhiliräk boldy diýip, Ýura öz ýanyndan pikir edipdir-de, gapa hüşgärlik bilen seredip başlapdyr.
Awtobusyň öňdäki gapysyndan bir gyzjagaz giripdir. Ol tornagyşlyja başgapjygy görnüp duran, ýumşajyk, tüýjümek ýorgança berk dolanan gundakçany gysyp, bagyryna basyp durdy.
Ýura böküp ýerinden turupdyr-da:
— Oturyň, haýyş edýän — diýipdir.
Gyzjagaz baş atyp, geçip oturypdyr-da, ýorgançanyň içinden ullakan gurjak çykarypdyr. Ýolagçylar oňa hezil edip gülşüpdirler, Ýura bolsa nar ýaly gyzaryp:
— Men oňa çagaly zenandyr öýdüpdirin — diýip hüňürdäpdir.
Harby gullukçy ony makullap, egnine kakypdyr-da:
— Zyýany ýok, zyýany ýok. Hatda olar entek gurjaklyja bolsalaram, gyzjagazlara-da ýer berilmeli ahyryn.