Gögümtil gara öý
Gögümtil gara öý
Müñ goýundan ýüñ ýygnadylar,
Kenarýaka tallarynyñ berk, täze,
Amatly we owadan tegelek düýbünden
Iki ýüz halka maña ýasadylar.
Demirgazygyñ dup-dury gõk asmanyñ astynda
Esger otuñ üstünde gara õýüni dikýär.
Indi edil gõgümtil duman hõküminde
Onuñ bilen ol günorta geldi.
Gara õýi tüweleý yrgyldadyp bilmez,
Ýagyşdan onuñ dõşi gataýar
Onda hiç hili diwarlar, burçlar ýok,
Emma içi gelşikli we ýyly.
Sähralardan we daglardan daşlaşyp
Gara õý meniñ howlyma geldi
Onuñ kõlegesi owadan aýyñ astynda,
Gyşyna ol elmydama meniñ ýanymda
Keçe gyrawa garşy- diwar
Garyñ õrtügi hem gorkuly däl,
Sazly hatarlaryñ kirşlerin õrtüp,
Onda lowurdaýan deriler ýatyr,
Owazlanýan hatarlaryñ tarlaryn õrtüp.
Onda aýdymçy bir gyrada oturýar(?)
Maña gara õýe girmek, õýe girenimden ýakymly.
Serhoş bolup gury keçede ýatýan
Ojagyñ çym-gyzyl ody
Kõlegede şatlykly çyrmaşýarlar,
Kõmürjikleriñ õzi gyzgyna ereýär
Edil irdenki orhideýa kimin;
Ýuwaşjadan boş alagarañkylygyñ üstünden
Gijeki keramatly tüsse uzaýar,
Doñan gõwre ereýär, ine-de
Goşgy, ýazky şarlawuk kimin, akýar.
Hatda orhideýadan edilen örtük hem
Bu õýlerden adamlary çykaryp bilmez.
Gamyş çatmadakylara
Ýumşak gyş hem ajydyr.
Gara õýe monahyñ hem
Bergä çolaşan okuwçynyñ hem gõzi gidýär.
Gara õýde men õz myhmanlarymy kabul ederin,
Gara õýi men õz çagalarym üçin aýaryn.
Knýaz õz kõşklerini gazma nagyş bilen õrtdi-
Olar gõk gara õýüñ ýanynda näme!
Men ulumsy knýaz neberelerine
Gara õýi olaryñ kõşgine bermerin.
Bo SZÝUÝ
Orta asyr hytaýyñ beyik şahyry
alynan çeşme:
Õ.Gündogdyýew. «Türkmenler we dünýä halklary» Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.