Goçaltjak bol
Goçaltjak bol
Hut sähranyň owazy bar,
Dutarymda, gyjagymda.
Türkmen ilim bu sährada —
Misli, enäň gujagynda.
Giňdir sähram hem ýerleşer
Söýüp-söýlüp guçanymda.
Sähram meniň ganatymdyr
Asman sary uçanymda.
Aýan bolar söýgiň seniň
Yhlasyňda, gujuryňda.
Goçaltjak bol bu sährany,
Sen, sähraýy, goçalaňda!
Süleýman HAÝDAROW. Goşgular