|

Goç

Goç GOÇ

Seň maňlaýyň tüňňüligi nämüçin?!
Neçün burum-burum buýnuzlaň, goçum?!
Niçik ykbal: halkyň ýeke däbi üçin
Başa-başda boýny üzülen goçum.

Synlap türkmen ýasaw keşbiňi içgin,
Ýene niçik many aňlaýyn. goçum?!
Ýarylmak, bolmasa ýardyrmak üçin
Tüňňi bitipmi seň maňlaýyň, goçum?!

Howpuň howuny basyp temegiň bilen,
Sürüp barýaň taýpaňyzyň gämisin.
Goçum, sen öz köse eňegiň bilen
Goramaly gür sakgallaň namysyn!

Ýogsam seň alnyňda geçilerem kän,
Serkeler… sakgaly, gaşlaram uzyn.
Olar seň köpriňden geçibilermikän?!
Geçmez. Şonuň üçin ýaşlaram uzyn.

Hiç kimseden hiç bir närsä hiç haçan
Seň hakyň ýok bolmaklyga tamakin.
Serdarlykda göz küteler, güýç gaçar,
Seň GOÇ bolup doglupsyň, —
Saňa kyn!!!

Torum ÝAÝLAN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle