Gitler: Bir zalymyñ bize belli bolman galan taraplary
Gitler: Bir zalymyñ bize belli bolman galan taraplary

Ol janly-jandarlary diýseñ gowy görýän eken. Boş wagtyny bile geçirýän iti-de bolupdyr. Wegetarian bolandygy çaklanýar. Çilime garşy birinji bolup göreşen liderdir. Bu lideriñ kimdigini bilesiñiz gelýärmi? Adamzat döräli bäri gelip-geçen iñ uly zalymlaryñ biri Gitler! Geliñ, onuñ bize mälim bolman galan taraplaryny öwreneliñ.
Adolf Gitleri adamzat taryhyny sarsgyna salan garañky günleri arkaly ýatlaýarys. Ol diñe amala aşyran genosidi bilenem taryhyñ iñ rehim-şepagatsyz we sistematiki wagşyýanalyklarynyñ birine sebäp bolupdy.
Emma şeýlekin zannyýaman zalymyñam o diýen bir bilinmän galan, eşdeniñde geñ galdyrýan, geñ galmakdanam beter «bää-ä, bul adam beýle eken-ow» diýdirip biljek derejede özboluşly hüý-häsiýetleri bolupdyr.
Adolf Gitler diýlende ilkinji göz öñüne gelýän zat, megerem, jöhit ýigrenjidir. Onuñ bu ýigrenjiniñ sakasynyñ ilkinji aşyk bolan jöhit zenanyna açylyp bilmezliginden we sungat adamsy bolmak arzuwynyñ saýlama jöhit sungat wekillerinden ýaña öñüniñ baglanmagyndan gaýdýandygy aýdylýar.
Bütin bu zatlar bir ýana, Gitleriñ jöhitlere bolan çuññur ýigrenjiniñ bolandygyna garamazdan, «hakyky jöhit» yglan eden birine genosid döwründe penakärlik edendigini bilýäñizmi?
Ol adam Gitleriñ maşgalasynyñ bir döwüm çörege zar garyp günlerinde mugtuna bejeren lukmanydy.
Adamlaryñ peçlerde ýakylmagyny buýran wagşynyñ ölüm lagerlerine ýeke gezegem baryp görmändigini bilmek nähili geñ! Emma bu hakykat. Gitler ýüregiýukalyk edäýmäýin diýen pikir bilen ölüm konslagerleriniñ birine-de baryp görmändir.
Adamlar ganym adamlaryñ haýwanlary gowy görüp biljegine ynanasy gelmez. Gitler bu meselede-de bizi ýalñyşdyrmagy başarypdyr. Haýwanlary diýseñ gowy görýän Gitleriñ boş wagtyny güýmenip geçirýän nemes owçarkasy bar eken.
Öz janyna kast etmezinden öñinçä lukmany Warner Haasa görkezme berip, Blondi atly ganjygy simap bilen zäherletdi. Ýagny, ölende-de itini ýany bilen äkitdi.
Käbirleri tarapyndan dogrudygy tassyklanýan, käbirleri tarapyndan bolsa ýalana çykarylýan wegetarian bolandygy baradaky maglumat bolsa gulaga geñsi eşdilýär. Emma bu hakykat bolsa-ha, onda añymyzy epeý bulaşdyryp biljek maglumat.
Alkogolly içgileri mümkingadar az içýän, içende-de suw garyp içýän Gitler çilimi itden beter ýigrenipsie. Üstesine ol çilime bolan ýigrenjini şahsy ölçegde saklabam bilmändir we çilime garşy giñ möçberli kampaniýanyñ başyny başlapdyr. Gitler bu kampaniýasy bilen taryha çilime garşy göreşen ilkinji lider bolupdy.
Daş ýürekli jandaryñam žylawlap bilmedik adamkärçilikli taraplarynyñ bolmagy siziñ üçinem geñ gerek?
Çagry GYRLANGYÇ.
3 iýun 2017 ý. Geň-taňsy wakalar