Gitdiň. Agladyk…
Gitdiň. Agladyk…

Gitdiň. Agladyk.
Şu günem — üçüň.
Diýmek, gidenňe
Bolupdyr üç gün.
Üç gün, üçje gün —
Ölüm üçin hiç.
Aglarys öýtdük
Kyrkyňa deňiç.
Aglarys öýtdük
Ýylyňa çenli…
Aglamak juda
Kyn bora çemli.
Ýene çaý-nahar,
Ýene-de gülki.
Onsoň gybatam
Ediler, belki.
Aýdyşym ýaly —
Edildi gybat.
Soň şorta söze
Berildi nobat…
Bir sagat ozal
Belläpdik üçüň.
Parhlyrak bolgun,
Günämiz geçgin!
Geçseň-geçmeseň,
Bolşumyz şeýle.
…Gün bolsa eýýäm
Bolupdyr öýle.
Öz öýlesini
Duýanok hiç kim…
Gitdiň. Hoşlaşdyk.
Agladyk üç gün.
Aglarys öýtdük
Üç gün däl, on ýyl.
(Şoňa mynasyp
ýitirlen ogul!)
Aglarys öýtdük
Uzak, uzak, uzak.
Aglamak hakmy?
Aglamazlyk hak?
Ynsaba bagly
Bu garry sowal.
Häzir dymylsyn,
Jogap hökman däl…
Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular