Girman bagşynyñ dutary
Girman bagşynyñ dutary
Menzil mähelleden hyryn-dykyndy,
Ugraýan, ugradýan saýgarmak kyndy.
Girman bagşy bolsa çalýar dutaryn,
Görmek üçin öz ýarynyñ didaryn,
Gara gözler gara göze esedýär,
Dutar bolsa iñläp şeýle ses edýär:
«Watan, gujagyña kabul et ogluñ,
Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!»
Iñ soñky hoşlaşyk, iñ soñky pursat,
Iner ogullarna berýär-de rugsat,
Dataram aglaýar, bagşam aglaýar.
Birdenem bolşuna edýär-de ejap,
Ýene mukam, ýene dutar saýraýar.
Diýýän ýaly: «Meýdan merdi saýlaýar!
Watan, mert hatarña kabul et ogluñ,
Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!»
Bagşyñ şo gezekki çalan mukamy,
«Mukamlar başysy» hemem «Aýralyk».
Ana, şonda gerçek-gerçek ýigitler,
Gitdi bizden ömür baky aýrylyp.
Ýöne ölümi-de ýeñen şo dutar
Gezdi ýördi gapy-gapy aýlanyp.
…Zalym uruş bolsa-da kän gurbanly,
Ili Ýeñiş toýun tutdy Girmanly!
Ata TÄZEBAÝEW. Goşgular