| | |

Girdapdan kenara / powest

Girdapdan kenara / powest

GIRDAPDAN  KENARA
    
Otly gijäniň gara perdesini böwsüp, öňe tarap ümzük atyp barýar. Ýary gijeden agypdy. Ýolagçylaryň hemmesi sallançakda ýatan ýaly hezil edip, ýaýkanyşyp, uklap ýatyrlar. Diňe Mansuryň gözüne çiş kakylyp, asla ukusy gelenokdy. Ol tamburda duran ýerinde  äpişgeden gijäniň garaňkylygyna garagyny sanjyp, sigaret sorup dur. Ol durmuşyň manysy hakda hiç haçan häzirki ýaly çynlakaý pikirlenip görmändi. 
Dogry, mundan ýedi ýyl ozal edil şunuň ýaly kiçijik, emma galyň demir gözenekli äpişgäniň öňünde durup, bu hakda uzak oýlanypdy. Emma onuň şol wagtky, şondan soňky ýedi ýylyň dowamyndaky oýlary-da häzirkisi ýaly agyr oýlar däldi. Ol arzuw ganatynyň  dyngysyz pel-pelleýän ýetginjeklik döwründe özüni durmuşyň her hili basgançaklarynda goýup gören bolsa-da  häzirkisi ýaly ýagdaýa düşjegi barada  asla-da  pikir etmeýärdi.  Aslyýetinde ol kim bolmakçydy. Emma häzir kim?!
Ol gözlerini ýumdy-da, maňlaýyny sowuk aýna degirdi. Aýnanyň sowuklygy ony üýşendirmedi. Gaýtam,  ondan birhili lezzet alyp,  geçmişiň alabeder sahypalaryny ýekän-ýekän agtaryp ugrady.

***

Mansurlaryň maşgalasy uly şäheriň çetki  köçeleriniň birinde ýaşaýardy. Olaryň  ýaşaýan jaýlary-da   şu şäherdäki päk zähmeti bilen güzeran geçirýän müňlerçe ýönekeý  adamlaryňkydan tapawutlanmaýardy. Mansuryň kakasy Ähmet aga  bolsa sürüjidi.
    Onuň  gazanjy maşgalanyň eklenjine bolelin ýetip artýardy. Emma goňşysy Setdar Salyhlar ýaly zynat içinde  ýaşamaga mümkinçilik bermeýärdi.
    Setdar Salyhlaryň öýi özüniň kaşaň görnüşi,  nagyşly derwezesi, gür bagy bilen beýlekilerden saýlanyp durdy. Ylaýat-da ýaz aýlarynda öýüniñ arka  tarapyny gurşap alan bag howlyny gözel görnüşe getirýärdi. Şol wagtlar ýedi-sekiz ýaşlaryndaky Mansuryň bu jaýa gözi gidýärdi. Onyň nagyşly derwezesine nebsewürlik bilen seredýärdi. Käte bolsa şu derwezeden Setdar Salyhyň gyzy köçä çykardy.
    Gyzjagazyň kapasa salnan guş ýaly  öýünde içi gysýan bolara çemeli. Ol  köçede  her  hili  gyzykly  oýunlar  bilen başagaý bolup ýören Mansur daga gatyşmasa-da, olaryň  oýnuny hezil edip synlardy. Oýnuň aýny gyzykly puirsatynda bolsa çyny bilen jak-jaklap gülerdi.
    Günleriň birinde Msansur oýnamak üçin ýene-de köçä çykdy. Emma oňa deň-duşlarynyň hiç biri gara bermedi. Ol näme ederini bilmän ýaýdanyp durka. Salyhlaryň derwezesi çalaja açyldy-da, gyzjagazyň  enaýyja göwresi göründi. Ol ýuwaşja ýöräp Mansuryň ýanyna geldi-de:
    Gel, ikimiz bile oýnaýly? –diýip, owadan garaja gözlerini gyrpyldatdy. Mansur: „Seniň bilen näme oýnarkak?“  diýen manyda kibtini gysyp göýberdi. 
    Gyzjagaz oňa seretdi-de:
    -Seniň adyň näme? – diýip, onuň  garaşmadyk soragyny berdi.
    Mansur bolsa buýsanç bilen: — Bürgüt – diýip jogap berdi.
    Gyzjagaz gülüp göýberdi. – Şeýle-de bir at bolarmy?
    -Näme bolman? Bu ady özüm tapyp goýdum.  Oglanlar hem maňa Bürgüt diýýärler – diýip, Mansur oňa çyny bilen düşündirdi.
    Gyzjagaz oglanlaryň ony „Bürgüt“ diýip atlandyrýandygyny eşiden bolsa-da, bu onuň adydyr  öýtmändi.
    Gyzjagazyň  bilesigelijiligi artyp:
    -Bu ady seň nireden tapdyň? – diýdi.
    -Haýwanat bagyndan. Öňki ýyl kakam bilen haýwanat bagyna bardyk. Ol ýerde  men  bürgüdi gördüm. Bilýäňmi, ol nähili güýçli guş. Ulalamda men hem bürgüt ýaly güýçli bolaryn!
    Mansuryň gepine gyzjagaz arkan-ýüzin gaýdyp güldi. Soñra ol:
    -Bolýar, menem saňa Bürgüt diýiberjek onda- diýdi. Mansur  „razy“   diýen manyda başyny atdy. Şol wagt haşamly derweze açylyp, içerden bir kempir çykdy-da:
    Sümbül! –diýip gygyrdy.
    Mansur gyzjagazyň  gidibermeginden howatyrlanyp:
    -Seniň adyň Sümbülmi? –diýip, sözüni dowam etdirmek isledi. Gyzjagaz hawa diýip baş atdy.
    Kempir ene gygyrdy. Sümbül:
    -Ýör, bizde oýnaly – diýip, onuň elinden tutdy. Mansur  gitjeginem bilmedi, gitmejeginem. Gyzjagaz „Ýör-ýör“ diýip, ony ýene dogumlyrak çekdi.
    Mansur gyzjagazyň emrine biygtyýar boýun bolup onuň bilen tirkeşip ugrady. Olar  el tutuşyp derwezeden gireninde, Mansuryň ýüregi atygsap gitdi. Ol birden kürtduryp  duranyny duýman galdy. Sümbül derwezäniň ýanynda doňan  ýaly bolup galan Mansura geň galyp seretdi.
    
    -Näme duruberdiň? Ýörsene, ho-ol howzuň ýanyna baraly, şol ýerde oýnarys.
    Şonda Mansur öýüň tutuş gaýrasyny tutup duran bagyň öňündäki  meýdançada bişen kerpiçden edil oýnawaç ýaly enaýyja edip bejerilen howzy, ondaky çüýşe ýaly dury suwy görüp, gözleri gamaşyp  gitdi. Sümbül ony howzuň başyna alyp bardy. Kempir  içeri girip, Sümbüliň  bir oglan bilen gelenini habar  beren bolmagy çemeli, öýüň bir tarapyndaky aýnaly eýwanyň gapysyndan kümüş reňk gülli halatly Sümbüle meňzäp duran aýal göründi.
    -Ol goňşy şoferiň ogly ýaly-la, Goý oýnabersinler – diýip, ýanyndaky kempire ýüzlendi,Soňra ol çagalaryň ýanyna geldi. Mansur oňa çekinjeňlik bilen seretdi.
    -Kimiň oglusyň? – diýip, ol aýal ýuwaşlyk bilen Mansurdan sorady.
    -Kakamyň.
    Oglanyň jogabyna ol biygtyýar gülüp göýberdi.
    -Sen-ä oňat oglana meňzeýäñ, uruşmanjyk oýnaň, bolýamy?
    -Men gyzlar bilen uruşmaýaryn.
    -Oglanlar bilen nä?
    -Degmeseler degemak. Degseler-ä gaýgyrjak däl.
    Aýal mylaýym äheňini üýtgetmän:
    -Oňat oglan hiç kim bilen hem uruşýan  däldir – diýdi.
    Mansur geplemedi. Aýal soragyny dowam etdirdi:
    -Näçenji klasda okaýañ?
    -Ikinjide.
    -Ynha, Sümbülem mekdebe şu ýyl barýar –diýip ýaňky aýal enelik mähri bilen şatlygyny ýüze  çykardy.
    -Beýle  bolsa mekdebe bile gatnabereris.
    -Bolýar, uruşman oýnaň – diýdi-de, aýal içerik girip gitdi.
    -Biz hiç haçan uruşmarys – diýip, Sümbül onuň yzyndan gygyryp galdy.
    Indem içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Mansura Sümbül  sorag berip başlady.
    -Bürgüt, sen nähili kitaplary okadyň?
    -Ertekili kitaplary. Öýde örän gyzykly ertekili kitaplarym bar.
    — Meniňem ertekili kitaplarym köp.  Men medebe barmasam-da okap bilýän, ejem öwretdi.  Ejem maňa piýanino çalmany hem öwretdi.  Ýogsa-da, sen piýanino çalyp bilýäňmi?
    Mansur henize çenli piýanino diýilýän  zada el hem degrip görmändi. Ol onuň suratyny kitapda görüpdi. Şeýle bolsa-da bilemok diýip aýtmaga  Mansuryň buýsanjy ýol bermedi Ol:
    -Bilýän-diýip  göýberenini duýman galdy.
    -Ýör onda. Öýde piýanino bar, çalyşaly-diýip, Sümbül  gyzykly güýmenje tapanyna begendi.
    Mansur oňaýsyz ýagdaýda galdy. Sümbül ony ýene-de   öňki ýaly elinden tutup, içerik alyp ugrady.  Olar uly otaga girenlerinde, Mansuryň haýran galmakdan ýaňa agzy açyldy. Otagyň içinde ýazylan gülli türkmen halylary, belent,  giň aýnalardaky tolkun atyp duran  ýüpek perdeleri, oňa nätanyş bolan ençeme bezegleri entäk  bahyllygyň nämedigini bilmeýän çaga  ýüreginde täsin duýgyny oýatdy. Onuň gözi jaýyň bir böwründe duran gara  ýaldyrawyk zada düşdi „Hälki aýdany şu bolsa gerek“ diýip, ol oýlandy. Sümbül ony piýaninonyň ýanyna eltdi-de:
    -Hany, bilýän  heňleriňden birini çalyp ber — diýdi.
    Mansur ýaýdandy. Ol gözlerini Sümbüle dikip:
    -Men çalmany bilemok, piýananyň özüni bilýän-diýdi.
    Sümbül Mansuryň piýanino sözüni-de dogry aýdyp bilmeýşine  kikirdäp güldi.
    -Onda  men çalyp bereýin –diýip, elleriniñ barmaklaryny piýaninonyň  klawişleriniň üstünde hereketlendirip başlanynda, ýakymly ses  otagy doldurdy. Mansuryň gözleri ak sadaplaryň üstünde Sümbüliň ondan-oňa böküp ýörän enaýyja barmaklaryny yzarlaýardy. Sümbül biraz çalandan soň,Mansuryň gözlerine gülümsiräp bakdy-da:
    -Aýdymam aýdyp bereýinmi? – diýdi.
    Mansur „hawa“  diýip başyny atdy. Şondan soň
    Sümbüliň piýaninonyň sesine goşulýan näzik owazy ýaňlanyp başlady:
    Eý bilbiller, jan bilbiller,
    Geliň, geliň saýraşalyň,
    Biziň bagda köpdür güller.
    Jakjaklaşyp  gülüşeliň.
    Eý, bilbiller, jan bilbiller,
    Sizi küýsär biziň güller…
    Mansuryň ini jümjüldäp, göwni göterildi. Şol wagt koridorda aýak sesleri eşidilip, otaga Setdar Salyh bilen ýene iki adam girdi. Sümbül aýdymyny tapba kesdi-de,  kakasyna şelaýyn bakdy.
    Setdar Salyh gyzynyň ýanynda ýadyrgap duran oglany görüp, otaga girip gelýän aýalyna gaşlaryny gerip, soragly nazaryny dikdi. Bu garaýşyň manysyny aňan Mansur Sümbüle seredip:
    -Men gitjek – diýdi.
    Sümbül rugsat diýen manyda başyny atdy-da, onuň bilen gapa baka ýöredi. Mansury derwezä çenli ugradyp:
    -Şundan şeýläk hemişe bileje oýnarys, bormy, Bürgüt – diýdi.
    Mansur:
    -Bolýar –diýdi-de, öýlerine tarap ökjäni  göterdi.
     Mansur öýlerine gelende, özüne şu wagta çenli tanyş bolmadyk täze bir dünýäni açana meňzeýärdi.
    Onuň hyýalynda Sümbülleriň öýi ertekilerde taryp edilýän patyşalaryň köşgünden bir-de kem däldi.
     Şondan soň Mansur deň-duşlaryna känbir  goşulmady, olar bilen bile oýnamady. Sümbüliň piýanino goşup aýdan aýdymy onuň ýadyndan asla  çykmaýardy.  Ol ony özüçe gaýtalap gezdi. Ol köçä çykanda,  nagyşly derwezeden Sümbüliň çykaryna, özüni öýlerine çagyraryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.  Köçä tiz-tiz çykyp, Mansury göräýse, ony derrew öýlerine alyp gitmek Sümbüliň-de adaty endigine öwrülip gidipdi….
    Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Günleriň birinde Mansur bilen Sümbül howzuň boýunda oýnap ýörenlerinde bagyñ töründen olara tarap bir tawus guş gelýärdi. Mansur oňa gözi düşüp:
    -Sümbül, Sümbül! Ol guşa seretsene!!- diýip, gygyrdy-bu hol kitapda suraty çekilen guş-la!
    — Hawa, tawus. Kakam ony Azerbeýjandan getirdi.
    Mansur Sümbüle seredip:
    -Bä, siziň şeýle guşuňyzam bar eken-ow – diýip ýylgyryp sorady.
    Sümbül Mansuryň tawus guşa gözi gidýändigini aňyp, hezil edindi.
    -Guýrugyndaky perleri gör nähili owadan! Ondan birini ýolup alaýynmy, Sümbül? – diýip Mansur oňa ýüzlendi.
    -Bolýar. Ýöne alyp maňa bergin.
    Bolýar – diýdi-de, Mansur tawusa tarap ýöneldi. Mansury gören guş yzyna öwrülip ýorgalap gaçmaga başlady. Mansur onuň yzyndan kowup barýarka, büdräp ýykyldy. Sümbül el çarpyp gülýärdi. Mansur ýerinden turanda, onuň gulaklaryna çenli çym-gyzyl bolupdy.  Sümbül oňa beter gyjalat berdi:
    -Sen bürgüt däl-de, serçe ekeniň-ä!
    Mansur gyzjagazyň ýanyna ylgap geldi.
    -Kim serçe?! – diýip, onuň 
    -Sen, sen-dä! Bürgüt diýeniň nähili guşam bolsa kowup ýetýär. Sen bolsa…
    Mansur gyzjagazyň ýeňsesine düşüp duran gap-gara saçlaryna penjäni urdy.
    -Ynha, saňa serçe! – diýdi-de, güýç bilen çekip,  ony ýere ýykdy.
    Sümbül:
    -Eje-e! – diýip çirkin gygyrdy-da, Mansuryň bilegine agyz saldy.
    Mansur agyra çydaman:
    -Waý! – diýip gygyryp, gyzyň saçyny göýberdi. Sümbül ýerinden böküp turdy-da, Mansuryň bileginden syrygyp barýan gana gözi düşüp, aglap göýberdi.
    Bu gykylyga içerden çykan Setdar gyzynyň  aglap duranyny gördi. Ol ylgap çagalaryň ýanyna geldi-de,  näme bolanyny hem soraman Mansuryň ýakasyndan tutdy.
    -Bu ýere uruşmaga geldiňmi, eşek?! – diýdi-de,  onuň dulugyna şapbat çaldy.
    Mansur dyzap, Setdar Salyhyň elinden sypdy. Bar  güýji bilen derweze tarapa ylgady. Ol öýlerine gelende ysgynynyň gaçyp gözüniň garaňkyraýandygyny  aňdy. Mansuryñ bu ýagdaýyny gören ejesi „waý oglum,  saňa näme boldy?“ diýip howsala düşdi. Derrew ak  ýaglykdan ýyrtyp  onuň elini mäkäm daňdy. Şu wagt öýe Mansuryň kakasy hem girip geldi. Reňki agaryp giden Mansury jaýa eltip, krowatda ýatyrdylar. Ejesidir kakasy näme bolanyny näçe sorasalar-da Mansur: -Köçede bir oglan bilen uruşdym. Şol dişledi, — diýmekden başga zat aýtmady.
    Bu wakadan soň Mansuryň Sümbülleriň   derwezesine öňküleri ýaly höwes bilen bakasy gelmeýärdi. Hatda onuň öňünden ötende hem, oňa gaňrylyp seredesi gelmeýärdi. Emma ol, näme üçindir, Sümbüli küýseýärdi, onuň bilen olaryň öýlerinde däl-de, köçede bileje  oýnamagy isleýärdi. Sümbüli bolsa indi küçä göýberenokdylar.
    Daňylgy eline  gözi düşende, Mansur özüni Sümbüle görä köpräk günäli hasaplaýardy. „Özümden boldy  ahyryn! Özüm ilki degdim!“ diýip, ahmyr edýärdi.
    Şol günüň ertesi Mansur mekdepden gelip nahar edindi,  soň biraz oýnap gelmek üçin köçä çykdy.
    Ol Sümbülleriň  derwezesiniň deňinden  geçip barýarka arkasyndan:
    -Bürgüt! – diýen ses eşidildi. Mansur biygtyýar yzyna öwrüldi. Ondan bäş ädim aňyrrakda Sümbül gözlerini güldirip durdy. Sümbül oňa golaýlaşdy-da:
    -Bürgüt! – menden gaty gördüňmi? – diýip, ötünç soraýaň äheňde gepledi.
    -Ýok, senden gaty göremak…
    Mansur sözüni soňlamanka, Sümbül mylaýym,  emma çalt bir hili hereket bilen ouñ elinden tutdy-da: — Bilýän sen kakamdan gaty görensiñ. Ejem onuñ bilen käýişdi. "Sen onuň kakasyny özüňçe görmäniň üçin urdyň – diýdi.
    Mansur elini sümbüliň elinden çekip aldy-da:
    -Ejeň ýalan aýdypdyr, meniň kakam seniňkiçe ýokmy? – diýdi.
    Sümbül Mansuryň bu bolşyna näme diýjegini bolmän, nalajedeýin görnüşde oňa seredip galdy. Mansur onuň gözlerinde edil öz ejesiniň gözlerindäki  ýaly mähriň bardygyny dýup, göwni bozulyp gitdi. Şundan soň Mansur Sümbül bilen köçede duşanda gepleşse-de bile oýnasa-da olaryň nagyşly derwezesinden  ätlemedi.
    Bir gün Mansur öýde ähli ünsüni kitaba berip,  erteki okap otyrdy. Erteki örän gyzyklydy, onda  bir batyr oglanyň döwleriň mekanyna düşüp, zordan onuň penjesinden sypyşy, soňra ýigit ýetip,  döwden aryny alşy beýan edilýärdi. Mansur kitaby ýapyp,  özüne şabpat çalan "döwden"aryny almagy arzuw edýärdi. Emma takdyr onuň özünden arly bolsa nätjek?!
    Birden ol ejesiniň daşardan:
    -Waý gara maňlaýym! – diýen agy gatyşykly  sesini eşitdi. Ol tisginip gitdi. Şol wagt ejesi  içerik howlukmaç girdi. Onuň gözleri gorkudan ýaňa  tegelenip durdy. Reňki ak tam ýaly agarypdy. Mansur  nähilidir bir betbagtlygyň bolanyny aňyp, ejesiniň  gujagyna özüni oklady.
    -Näme boldy eje jan?!
     Wah bagtymyz ýatdy! Kakaň awariýa edipdir.  Özünem dokdara alyp gidipdirler.
    -N-n-nähili…. n-näme  üçin?….
    -Bilmedim, balam, bilmedim. Käwagt bir  içäýmesi bardy. Rulda oturanda içme diýip näçeler aýtdym.
    -Sen öýden çykman otur, men keselhana baryp geljek. Hernä jany bir bar bolsa ýagşy….
    Ejesi ýarym-ýaş hamsygyp gelşi ýaly alňasap çykyp gitdi. Mansur näme etjegini bilmän, aňk-taňk  bolup galdy. Onuň öz ýumrugy ýalyjak ýüregi gursagyna  sygmajak bolýardy….
***
    Ejesiniň „hernä jany bir aman galsa“  diýen umydy puja çykdy. Mansur kakasyz galdy. Ol bu betbagtlygy ejesine garanda merdana  garşylady. Ejesine meňzäp, zol-zol aglabermedi. Emma uzak wagta çenli adatdaky şadyýanlygyny ýitirip, dymma bolup gezdi.
***
    Kakasynyň ýyly geçensoň goňşy şäherde ýaşaýan ejesiniň dogany olara hossarlyk etdi. Ol doganyny  öz erkine goýman, jaýlaryny satdyryp, öz ýanyna göçürip getirdi. Mansuryň daýysy Halyl söwda  ulgamynda işleýärdi. Onuň durmuşy ýönekeý sürijiniñkiden has tapawutlanýardy. Onuň bäş otagly täze jaýy, kiçrägem bolsa  gelşiklije bagy bardy. Bir  mahallar ol bagyň bir burçundan iki otagly jaý hem  saldyrypdy. Bu jaýy ol çaga-çugalary köpeliberse, olardan aýry dynç almak, gelen myhmanlary kabul  etmek maksady bilen edinipdi. Emma onuň täleýi ters gelip, aýaly önelgesiz bolup çykdy. Perzent görmedi. Şol sebäpdenem bu öýi doganynyň maşgalasyna berdi. Halyl göç getirilen güni dogany bilen Mansury uly jaýynda myhman aldy. Mansur öýüň içini nebsewür  synlaýardy. Bu otag Sümbülleriňki ýaly hem bezemen bolmasa-da örän oňatdy. Öýe gyp-gyzyl haly ýazylandy. Halynyň üstündäki  stola hem çym gyzyl mahmal ýapylandy. Otagyň hemme ýerinde göze ilýän gyzyl  reňkler semizlikde bir-birinden pes oturmaýan Halyl  daýysy bilen onuň aýalynyň ýüzlerine hem ýokaşan  ýalydy. Mansur öz hyýalynda kakasy bilen daýysyny  deňeşdirip görýärdi. Olar daşky görnüşi boýunçada, häsiýetleri boýunçada biri-birine meňzemeýärdiler. Kakasy daýysyna garaňda, arrykdy, akýagyzdy. Geplemäge-de ýaltanýan ýaly köplenç ümsüm oturýan  daýysynyň tersine, kakasy dilewar adamdy. Aýallaryň  arasynda hem şeýle tapawudy saýgarmak mümkindi. Owadan goýun gözlerinde edil gyzlaryňky ýaly  çekinjeňligi bildirip duran ejesiniň tersine, daýysynyň   aýaly gödeksiligi hem-de eňegine jaň dakylan ýaly  geplemsekligi bilen adamsynyň geplemek paýyny  hem öz üstüne alan ýalydy.
***
    Mansur bu täze ýagdaýa birnäçe wagtlap  öwrenişip bilmedi, özüni ýat ýerde ýaly duýýardy. Emma iki-üç oglan bilen tanşyp, ýoldaş tapynan soň ýalňyzlygyň  gussasyny unutdy. Indi ol ýarym gününi mekdepde geçirse wagtynyň  galan bölegini hem köçede doslary bilen oýnap geçirerdi, öýde ertekili kitaplary okardy. Umuman, durmuş öňkisi ýaly öz akymyna  gidip duran ýalydy. Emma tyg ýarysynyň tiz bitmeýşi ýaly, onuň ýaş kalbyndaky agyr hesret hem bütinleý aýrylyp gidibermandi. Käwagtlar onuň öz öýüni, oýnan köçelerini göresi gelýärdi.  Kakasyny ýatlap pikire gidýärdi. Näme üçindir ol tiz-tiz  düýşüne girýärdi. Düýşleriniň arasynda biri welin  onuň hiç hakydasyndan gitmeýärdi. Bu örän täsin düýşdi.
     Mansur gije üçege çykyp, asmandaky sansyz ýyldyzlara seredip  oturanmyş. Birden  asman gümmezinden kakasy oňa seredip, ýylgyryp ýüzüp  gelýärmiş. Mansur ony görüp: „Kaka, kaka jan!  Geldiňmi?“  diýip, gygyryp göýberýärmiş. Ol bolsa „Ýok, oglum. Entek gelemok. Emma tiz gaýdyp gelerin. Sen  akylly oglan bolup ýetiş. Ejeň gepinden çykma“  diýýärmiş. Mansuryň „Siz nirelerde ýörsüňiz,  kaka jan?“ diýen soragyna kakasy asmany görkezip:  „Sen indi okap ýörsüň, kartany tanaýarsyň? Ynha şu  asmandaky aýdyň ýyldyzlary görýäňmi? Men, ana şol  tarapdadyryn…“  diýýärmişin.
    Mansur oýanyp,  gözüni ýalpa açsa, gapynyň  öňündäki sekiniň üstünde ýatyr. Asman doly ýyldyz.  Ýanynda ejesi parahat dem alyp uklap ýatyrdy.
    Aýyñ ýagtysynda ejesiniň ap-ak nurana ýüzi  juda owadan görünýärdi.  Başyna atynan ýaglygy çözülip  gidenligi sebäpli, uzyn, gara saçlary çöşlenipdi. Ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky kiçijik haly bolsa  süýde atylan kişmiş dänesi ýaly  galkyşlap durdy.  Birwagtlar  ol  ejesiniň bu haly hakynda  kakasynyň goşgy aýdanyny eşdipdi. Kakasy ejesini örän gowy  görýärdi. Ol muny hemişe syzardy. Ejesiniň şeýle gowy  görmegi, belkem, ol kakasyndan öwrenendir?
    Mansur ejesiniň ýüzüne  delmuryp bakýarka  ýüregindäki çagalyk mähri  akar suw ýaly tolkun atyp gitdi. Gör nähili oňat ejesi bar onuň!  Mansur ejesi hakda  hemişe şeýle pikirdedi. Oňa ejesiniň ähli hereketleri, ylaýta-da onuň özüne mahsus bolan  merdemsiligi ýarardy. Ol ejesiniň birine baş egip ýalbaranyny hiç haçan görmändi. Hatda käwagt kakasy bir zat hakda  ondan maslahat soranda ejesi:
    -Gerek däl, onuň ýaly adamyň öňünde özüňi pes tutma! Başyňy dik tutarlar – diýip, gygyrardy. Ýok,  ol  gygyrmazdy. Ýöne ol bir zada gahary gelse, örän parahat,  emma nähilidir bir içki  hujuw bilen aýdardy. Şonuň   üçin bolsa gerek, onuň gahary gelen wagtlaryndaky  aýdan sözleri edil gygyran ýaly bolup ýatda galardy.  Mansur entek kiçijik  wagtlarynda kakasy oňa: 
    „Gaharlanmak erbet zat“ diýip düşündirerdi. Emma bu „Erbet zat“ ejesinde hem, kakasynda hem beýlekilere  garaňda seýrek ýüze çykardy. Şu tarapdan weli ol ne  ejesine meňzärdi, ne-de kakasyna. Ol sähel zada-da gyzmalyk edip, sähelçe zadyň üstünde-de biriniň göwnüne  degmegi eşekden palan alança  görmezdi. Emma ol näçe tiz gyzsa, şonça-da tiz köşeşerdi. Ine,  onuň bu häsiýeti hem mekdepdäki ýoldaşlary bilen dost  bolup gidibermäge häli-şindi  päsgel  bererdi. Emma  onuň dosty hem ýok däldi. Eger biri bilen dostlaşsa,   oňa göwün bererdi. Dostuna wepaly bolmaga çalşardy. Mansuryñ mekdepdäki  şeýle dosty Jemşitdi. Mansur Jemşit  bilen üçünji synpda okap ýörän wagtlary dostlaşypdy. Bu garaýagyz oglan mekdebe täze  baran günleri hiç kimi äsgermeýän ýaly, başyny dik  dutar ýörerdi. Şonda-da ol Mansura ýaraýardy Mansura öz diýenli oglanlar ýaraýardy. Çünki Mansuryň özi  hem şeýledi. Şonuň üçin ol aňkawlary, sölpüleri ýigrenerdi. Ikinji klasdan Mansuryň ýanynda oturýan Möwlam şeýle sölpülerdendi. Mansur ony ýumşak pagatadan ýasalan  gurjaga meñzedýärdi, onuñ boluşyna içinden gaharlanýardy. Bir gün bir sebäp bilen Mansur  gaharyny daşyna çykardy. Şo güni mekdepde sapaklar gutaransoň, çagalar adatdakylary ýaly, ala-galmagal bolşup, öýlerine gaýdyp gelýärdiler. Möwlam  köpçülige goşulman, Mansuryň gapdalynda dymyp gelýärdi. Name üçindir Mansuryň oňa bolan gazaby hetden aşyp gitdi. Ol Möwlamyň  ýaňagyna bir şapbat çalyp  göýberdi. Möwlam entirekledi-de agyp düşdi. Çagalar  el çarpyşyp gülüşdiler. Şol wagt Mansuryň ýanyna  gelen Jemşit:
    -Bu bolşuň bolanok, Mansur. Ejize ganym bolmazlar, ahyry – diýdi.
    Mansur oňa-da gazap bilen seretdi-de:
    -Şeýlemi?! Eger sen güýçli bolýan bolsaň,  gel ýekeme-ýeke çykaýaly-diýdi.
    Jemşit  sowukganlylygyny  bozmazdan:
    -Men uruşsam-a senden galmaryn, ýöne  uruşmak islämok-da – diýdi-de, yzyna öwrüldi gidiberdi.
    Mansur birden allaniçigsi bolup, tisginip  gitdi. Öz bolşundan utanyp, der basdy. Özüni daş  töweregindäki oglanlaryň arasynda ganat-perlerini  hüjjerdip duran urşagan horaza meňzetdi. 
    Mansur öýe gelensoňam, tä agşama deňiç ýüzüni  sallap gezdi.Ejesi oňa bir zat bolanyny gelen badyna  aňypdy. Her hili şelaýyň sözler bilen onuň göwnüni awlamaga çalyşdy. Mansur enäniň  mylaýym sözlerine pagyş-para eredi oturyberi. Ýolda bolan wakany  bolşy ýaly ejesine aýdyp berdi.
    Ejesi bu sözleri eşidip, Jemşidiň tarapyny  çalyp ugrady:
    -Jemşit  diýen oglan dogry aýdypdyr. Ol  oňat oglan eken. Özünden ejize sütem etmek merdiň işi  däl. Men seniň mert ýigit balmagyňy isleýärin, oglum. Ertir baryp Möwlamdanam, Jemşitdenem ötünç sora, oglum, bormy? – diýdi.
    Ertesi Mansur öýkeläp, başga ýere geçip  oturan Möwlamyň ýanyna bardy. Emma näme üçindir ejesiniň tabşyryşy ýaly Möwlamdan ötünç soramaga bogny ysmady. Ýöne ol Möwlama mylaýym garap, öz duýgudaşlygyny bildirdi:
    -Ýör, bile oturaly, Möwlam, indi saňa  degmerin,  bormy -diýdi.
    Hemme zada kaýyl bolan Möwlam ýene-de ýerine geçip, Mansur bilen bile oturdy.
    Möwlamdan ötünç soramaga bogny ysmadyk Mansur Jemşide gezek gelende saklanyp bilmedi. Ol ýaňy Jemşidiň ýanyna baraýyn diýip durka, synpa mugallym girdi. Mansur arakesmä sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol Jemşidiň oturan tarapyna tiz-tiz  gözüniň gytagyny aýlaýardy. Jemşit bolsa, adatdakylary ýaly hemme zady unudyp, mugallymyň sözlerini diňläp oturdy.
    Jaň kakyldy. Jemşit  Öňki bolşunda daşaryk ýöneldi. Mansur onuň yzyndan ýetip, elinden tutyp bir çete çekdi-de:
    -Düýnkini bagyşla – diýip, Jemşidiň ýüzüne müýnli bakdy. Jemşidiň ýüzi açyldy. Garamtyl dodaklarynyň arasyndan ap-ak dişleri göründi. Ol Mansura elini uzatdy.
    -Sen hem meni bagyşla.
    -Näme üçin?
    -Düýn men seni bezzat oglanmykam öýdüpdim, şonuň üçin.
    Mansur geplemedi. Jemşit onuň goluny doslarça gysýarka:
    -Sen oňat oglan ekeniň-diýdi.
    Şu wakadan soň Mansur bilen Jemşit hasam ysnyşdy gidiberdiler. Olar biri-birleriniňkä tiz-tizden baryp, bile oýnaýardylar, sapaklaryna hem bile taýarlanýardylar.
***
    Günler geçip durdy. Emma şu arada Mansurlaryň  maşgalasynda az wagtlygam bolsa bir bolgusyz waka ýüze çykyp, birsydyrgyn durmuşyň   mazasyny gaçyrdy. Soňky wagtlarda Mansuryň ejesi bilen daýzasynyñ arasynda sen-mene köpelip başlady. Daýysy-da  käwagt doganynyň gepine gulak assa, käte aýalynyň gepine giderdi.Bu ýere gelenleri bäri Mansuryň ejesi bularyň ody bilen girip, küli bilen  çyksa-da  indi  näme  üçindir  olara ýaraman ugrady. Mansur  bu  ÿagdaý  barada häli-şindi pikirlenýärdi. Onuň sebäbibini agtarýardy.Bir gün  mekdepden gaýdyp gelende bagdaky sekiniň üstünde ejesiniň aglap oturanyny gördi. Sebäbini anyklandan soň  ol şeýle bir gazaplandy welin hatda ol özüne  erk edip bilmän, öýe ylgap girdi-de, daýzasyna bir zatlar diýip çykdy. Ondan soň daýysy  işden geldem bu öýde kyýamat gopdy.
    -Şular ýalydan  şeýle gep eşidip, bu öýde  durmaryn! Ýa olar çyksyn, ýa men…. – diýip, daýzasy  goh turuzdy. Mansur hem dymyp oturyp bilmedi:
    -Näme beýle gygyrýaňyz! aýtmasaňyz hem gideris!  Bu ýerde asla  durmarys! – diýip  pert jogap  berdi. 
    Iki odyň arasynda galan daýysy şol güniň ertesi  başga ýerden jaý tapyp, olary göçürip eltdi. „Özüm garaşyk edip duraryn. Hiç zada mätäç  bolmarsyňyz“ diýip, teselli berip gitdi.
    Daýysy „Garaşyk ederin“  diýeninden on güne  golaý wagt geçensoň gelip doganyny  şäherdäki naharhanalaryň birine aşpez edip işe ýerleşdirip gitdi.  Ejesi işe girensoň köp wagt geçmänka bulara kiçiräk  bolsada jaý berdiler. Şunuň bilen durmuş ýene-de  öňki maýdalyna tigirlenip ugran ýaly boldy.
    Dost agyr günde tanalýar. Jemşit hem şu  aýgytly günlerde Mansuryň hemrasy boldy. Gussasyna şärik bolup, derdini deň çekişdi, göwnüni göterdi. Indi bolsa olar şu aladaly, agyr günlerden ýene şadyýan çagalyk dünýäsine gaýdyp geldiler.
***
    Ýyllar kerweni ýük ýazdyryp geçip dur.  Ulalyp,  jahyl çykdyklaryça iki dostyň arasyndaky  gatnaşyk hem  has ysnyşýardy. Olar orta mekdebi  gutaranlaryndan soň şu ýerdäki gurluşyk tehnikumyna bile okuwa girdiler. Tehnikumda hem olar ozalkylary ýaly beýlekilerden tapawutlanyp okaýardylar.  Mugallymlaram olary gowy okuwçylar hökmünde  hormatlaýardylar. Ýoldaşlary   bolsa  olaryň  gylgeçmez    doslygyna  haýran  galýardylar. Olaram şeýle  doslugy    höwes  edýärdiler.  Mekdep  durmuşy  bilen  tehnikumyň  arasynda  uly  bir  tapawut  bolmasa-da, Mansur-da, Jemşit-de   özlerini  çagalykdan  saýlanyp  ýigitlige  gadam  basan  dek  duýýardylar.  Indi  olaryň  höwesleri-de, arzuwlary-da  çagalyk  arzuw-isleglerinden  bütinleý  tapawutlanýardy.
    Durmuş  olaryň  dostlugyny  synaýyn  diýen  ýaly  ikisiniňem  söýgü  ýoluny  bir  çeşmäniň  üstünden  eltdi.  Bu  çeşme  olaryň  kursdaşy-Nurjemal  atly  gyzdy.  Iki  dostuňam   ýüregi  şu  bir  çeşmeden  pynhan suw  içýärdi.  Emma  olar  şeýle  gyl  geçmez  dost  bolmaklaryna  garamazdan, biri-birine  bu  hakda  dil  ýaranokdylar.
    Nurjemal diýseň görmegeý  gyzdy. Serwi   kamat bu  gyzyň garlawajyň ganaty ýaly  gara gaşlarynyň aşagyndaky  elmidama gülüp bakýan      gözlerinde adamy özüne çekiji bir güýç bardy.  Ýylgyranda gyrmyzy dodaklaryň arasyndan görünýän ap-ak dişleri onuň bugdaý reňkli ýüzüne aýratyn bir gözellik berýärdi. Şeýle bolansoň Nurjemala Jemşit  bilen Mansurdan başgada hyrydar göz bilen seredýänler az däldi.
    Nurjemal birinji  kursdan bäri Jemşit bilen bile oturýardy. Ilkiler Jemşit oňa  onçakly ünsem bermedi. Emma dura-bara  ýigitlik duýgulary kämilleşip ugradygy saýyn, Nurjemal onuň gözüne yssy görnüp başlady. Soňabaka Jemşit özüni ýöne bir gyzyň ýanynda däl-de, oduň golaýynda oturan ýaly duýup  ugrady. Ol şol  oduň özüne ýakyndygyndan hem lezzet  alýardy, hem oňa bir ýerim  degäýmesin diýip ätiýaç edinýärdi. Ýaşlyk hyjywy bilen dek duryp bilmeýän  el-aýaklaryň gapdaljygynda oturan gyzyň  tenine degmejek  gümany barmy? Degerdi. Käte eli eline degse, käte aýagy aýagyna degerdi. Şonda Jemşidiň ýüreginiň  alla nirelerinde gizlenip ýatan pynhan duýgular ýüze çykyp, arkasynda garynja ýörän ýaly bütin endamy bir hili tisginýärdi. Nurjemal onuň beýle gödeksi hereketine nägile bolup, seredäýse, Jemşidiň  hindileriňki ýaly garaýagyz ýüzi utanjyndan çym gyzyl bolýardy. Jemşit şeýle bir utanjagam däldi. Gaýtam ol batyrgaý hereketleri, dilewarlygy  bilen deň-duşlaryndan saýlanýardy. Emma Nurjemal bilen iki çäk galan pursatlarynda bolsa bu batyrgaýlykdan, dilewarlykdan nam-nyşan galmazdy. Gyz bolsa onuň bu bolşyny  gaty gowy düşünýärdi, ýöne syr bermeýärdi.  Jemşit onuň synçy nazaryna döz gelip bilmän, soraglaryna jogap tapman aljyran mahallarynda zoraýakdan ýylgyryp, ýüzüni kese sowýardy. Bu ýagdaý köpden bäri dowam edip gelýärdi. Şeýlelikde olar tehnikumyň ahyrky kursuna-da geçdiler. Indi bu ýagdaýyň mundan beýläk dowam etmegi mümkin däldi.  Sebäbi Jemşidiň  sabyr käsesi püre-pür bolupdy. Ol pursatyny tapyp, Nurjemal bilen aç-açan  gepleşmekligi ýüregine düwdi.  Şeýle pursat hem uzak garaşdyrmady.
    Şol gün Jemşit tehnikuma  adatdakysyndan bir  sagat öň gaýtdy. Ol okuw başlanýança mugallymyň tabşyran diwar gazetiniň adyny ýazyp, bezeglerini gutarmakçydy  Suratkeşlik  işine ökde bolany üçin öz kursunyň şuňa meňzeş işleri köplenç oňa tabşyrylýardy.
    Ir ertir bolmagyna garamazdan, köçelerde bireýýäm janly hereket  başlanypdy. Işine, ýumşuna howlukýan adamlaryň birnäçesi duralgada 
    saklanan  awtobusa ýetişjek bolup ylgaşsalar, başga birleri daz ýasap barýan taksidir beýleki ýeňil maşynlara ellerini galgadyp saklajak bolup jan edýärdiler.   Ýöne Jemşidiň pyýadalap barýan  ýan ÿodasynda adam seýrekdi. Ýoluň  iki ýan gyrasyny tutup oturan agaçlaryň altyn çaýylan kimin sarygylt  öwüsýän ýapraklary-da seýrekleşipdi.
    Güýz aýynyň ertirki tämiz howasy Jemşidiň şähdini açyp, ruhyny göteripdi. Öz aladasy, işi bilen  başagaý bolup barýan adamlaram, agaçlaryň depesinden assa pyrlanyp gaçýan sarygylt ýapraklaram onuň gözüne birhili  enaýy görünýärdi.
     Şol wagt on ädim çemeli  arkasyndan   tanyş aýak sesi gulagyna ildi.   Muňa ýüregi bir tüýsli   atygsap   gitdi. Howa ökjesi beýik köwüşli aýaklaryň çalasyn ädimlerinden çykýan bu ses Jemşide tanyşdy. Edil tans ýolyna kakylýan depregiň sesine meňzäp bu aýak  seslerini nirede eşitse-de  tanajakdy. Sebäbi iki-üç ýyl bäri ol bu sese gulak gabartýardy.. Gyzyň özü gözüne görünmese-de, diňşirgenip, aýak seslerine garaşýardy.
    Aýak sesleri barha ýakynlaşýardy,  ýakynlaşdygy saýy, onuň tyrkyldysy Jemşide  ýüregine pitiklenen  bolup syzylýardy.   Jemşit artyk çydap bilmedi, ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi. Nurjemal hünji dişlerini güjeňleýän kimin ýylgyryp gelýärdi. Jemşit gyzyň ýylgyryşyna jogap hökmünde zor edip ýylgyran boldy. Ýöne munuň hakyky ýylgyrşa  meňzemändigini özü-de duýdy. Gyz gelip salamlaşmak üçin elini uzadanda onuň ýüzündäki  ýasama ýylgyryş hem zym-zyýat boldy.
    Içki aljyraňňylygyny bildirtmejek bolup  jan edýän Jemşit salamdan soň ilki söze başlady:
    -Bu gün   ýaman irläpsiň-le, Nurjemal?
    -Sebäbi seniň şu gün ir gaýtjagyňy  düýn eşidipdim,-diýip Nurjemal ýeserlik bilen güldi. Jemşit begenjinden howlygyp:
    -Çynyňmy? Çynyň bilen diýýänmi, Nurjemal? — diýip özelendi.
    -Görüp dursuňa,   ýogsam men  beýle  ir  nämişläýin  —  diýip, gyz  gözlerini  güldürip bakdy.   Jemşit onuň gözlerine  dikanlap  seretdi.  Gyzyň gülüp   duran gözlerinde  diýýän   sözlerine   kybapdaş  gelýän  many  ýokdy.  Bu  gözlerde  bütünleý  başga   derdiň  ünjüsi uçganaklaýandygyny  Jemşidiň   ýüregi  şol  bada  syzdy. Emma   bir  garaýşyň   manysy   ýürekdäki   pynhan  söýgi     oduny   nädip  öçürsin?  „Belki men ýalňyşýan  bolaýmaýyn“  diýip, Jemşit  umyt  bilen  içini  gepledýärdi.  Ýok. Jemşit  ýalňyşmandy. Nurjemal, hakykatdanam,  şu  gün  Jemşidiň  ir  gaýtjagyny  eşidipdi.   Şonuň üçinem  ol   ýola   ir  çykypdy.   Ýöne   beýtmekden   onuň   maksady   başgady.   Eginme-egin
    ýöräp  ugranlaryndan  soň,  Nurjemal   assa-ýuwaş  maksadyna  ýakynlaşyp  başlady.
     -Jemşit   diýýän-ä,  men  senden  bir  zady  sorajakdym.
    -Soraber.
    Nurjemal  ýaýdanýan  ýaly  edip  dymdy.
    -Soraber. Näme  sorajak? – diýip, Jemşit  gyza  synlap  seretdi.  Nurjemal  dillendi:
    Bi….   ýakyndan  bäri  dostuň  ýüzi   salyk  görünýä-le.  Onuň  sebäbi  nämekä?
    Bir  bada  Jemşit  özüne  berlen  soragyň   düýp  maňzyna  göz  ýetirmedi.   
    Ol;
-Haýsy  dostumyň? – diýip  geňirgendi.
    Nurjemal  oňa  ýylgyryp  bakdyda:
    -Meniň  bilişimçe  seň ýekeje   dostuň bar,  Jemşit. Olam  Mansur-da  —  diýdi.   Indi  Jemşide bar  zat  düşünikli  boldy.  Ol  sandyrawyk  ses bilen:
    -Mansur  diýsene  -diýip  dymdy.  Gyz  hem  onuň  ýagdaýyny  aňany  üçin  artyk  geplemedi.  Bir näçe  sekuntlap  dowam  eden  bu  dymyşlykda  Nurjemalyň  köwşüniň  ökjesinden  çykýan  tyrkyldy  Jemşidiň  gulagyna  indi   öňküsinden  bütünleý  başgaça  —  ýat  bolup  eşidilýärdi.  Nurjemal  dymmasyny  dowam etdirsede, Jemşit  onuň  jogaba  garaşýandygyny  duýdy:
    Ol  azda-kände  özüni  ele  aldy:
    -Mansuryň  ýüzi  salyk   görünýä  diýdiňmi?  Men-ä  şoňa  üns  bermändirin.  Onuň  sebäbi  näme  bolup biler?
    -Sebäbi….  söýýän  gyzy  bilen  tersleşen  bolaýmasa.
    Jemşit  ajy  ýylgyrdy:
    -Onuň  entek   söýýän  gyzy  ýok.  Arkaýynja  bolaý, Nurjemal.
    Gyzyň  ýüzi  soňky  „arkaýynja  bolaý“  diýen  sözemi  ýa  begenjinemi  nar  ýaly  gyzardy.  Jemşidiň  ýüzi  bolsa ak  tama  dönüpdi.
    Nurjemal  bilen  bolup  geçen  bu  duşuşyk   entek  ajy-süýjini  dadyp  görmedik  Jemşit  üçin   durmuşyň  ilkinji zarbasydy.  Ähli  umyt-arzuwlarynyň  puja  çykmagy  oňa  barha  güýçli  täsir  edýärdi.   Ol  şol  gün  sapakda  nädip  oturanyny nämeler   geçileneni  hem  seljerenokdy.   Bir  hili  aňkasy  aşan  ýaly  dymdy   ýördi.  Mansur  dostunyň  serinde  nämedir  bir zadyň  güýçli  täsiriniň  bardygyny  duýdy.  Ýöne  sapaklar  gutarýança   ol  bu  hakda  dil  ýarmady.
    Öýe  gaýdyşyn  Mansur  Jemşidi  goltuklap,  ýoldaşlaryndan  saýlandy:
    -Ýeri, halypa, saňa näm  boldy?  —  diýip  ol  ýoldaşynyň  ýüzüne  tiňkesini  dikdi.
    -Näm bolsun. Hiç  zadam  bolanok  —  diýip,  Jemşit  zoraýakdan  ýylgyran  boldy.
    -Sen  näme  meni  gözi  ýokdyr  öýdýäňmi?    Şu  gün-ä  seň  öňküligiň  ýokdugy  görnüp  dur,  ahyryn,  aýt  näme  boldy? – diýip,  Mansur  özelendi.
    -Jemşit  hyrçyny  dişläp,  dostunyň gözlerine  seretdi.  Onuň  dodaklary  bir  zat  diýjek  ýaly müňküdedi.  Ýöne  geplemedi.  Jemşit  özüniň  ret  edilmeginde  Mansuryň  hiç  hili  günäsiniň  ýokdygyny bilýärdi.  Emma   şonda-da  bäsdeşine  häzirlikçe  kituwsiz   seretmek  kyn  düşýärdi.  Ýöne  ol  mert  bolmaklyga,     eý  görýän  dostuna  görüplik   etmezlige  öz  ýanyndan    şert  etdi.  Indi  ol  Nurjemalyň    göwnüniň  kimdedigini  Mansura  aýtmalydy.  Ýatsa-tursa   kellesine    gelmejek  bu  habary  eşiden  Mansur  näderkä?  Elbetde, begenjinden  depesi  göge  ýeter.  Şeýle  gözel  gyzyň  söýgüsine   mynasyp  bolan  ýigidem  begenmez  öýdýäňmi? Jemşit  içini  gepledýärdi. Emma  ol  bu  gezek    ýalňyşypdy.
    -Näme,  agzyňa  suw  alan  ýaly  gepläňok  —  diýip  Mansur  ortadaky  dymyşlygy  bozdy  —  Aýtsana, saňa  näme  boldy?  
    Jemşit häliden bäri aşak  salyp  gelýän  kellesini  galdyryp,  ýoldaşyna  köp  manyly    seretdi, soňra:
    -Bolýan  zady-ha  saňa  aýtmaly  boljak  —  diýip,    naýynjar  ýylgyrdy.
    Ýak   walla,  senem  näziňi  çekdirýäň-ow.  Aýtmaly    bolsa   aýt-da  —  diýip,  Mansur  onuň  arkasyna  kakdy.
    -Aýtsam, eliňi  bäri  al- diýip,  Jemşit  Mansuryň  elini  gaty  gysdy – Tüýs  ýürekden  gutlaýan!
    Mansur   geňirgenip   sorady:
    -Näme  bilen?
    -Nurjemal  bilen.  Ol  seni  söýýär.
    Mansur  hahahaýlap  güldi.
    -Bar  aýtjak  zadyň  şumy?
    Jemşit  Mansuryň    bolşuna   hem  haýran  galýardy   hem   gaharlanýardy.  Ol:
    -Saňa   ýene   näme  gerek?-diýip  azgyryldy.
    -Men-ä   täze  bir  zat  aýdarmykaň     öýdüpdim.  Men  onuň  söýýänini  bilýän  —  diýip,  Mansur  perwaýsyz  gürledi.
    Bilýän?!  Sen  onuñ  bilen  öňden  gepleşip  ýörmüň?
    -Ýok, entek gepleşemok.
    -Onda onuñ söýänini  nirden  dilýäñ?
    -Onuň  özi  diýýä,  her  günem  diýýä.
    Jemşit  dostuna  öýkeli  seretdi:
    -Sen näme, meni  oýnajak  bolýaňmy?  Ýaňyja  gepleşemok  diýdiň. Indem özi  aýtdy  diýýäň.
    Mansur  elini  Jemşidiň  egnine  atyp,  ony  mähremlik  bilen  özüne  çekdi:
    -Beýle  zatlary  geplemänem  aýtsa  bolýar, ahyryn. Akyldarlaryň  biri  aýtmyşlaýyn,  adymyň  diline  garanynda-da  gözi  köp  zatlary  aýdyp  berer.

(Dowamy bar)…

Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle