| |

Girdapdan kenara -2/ powestiñ dowamy

Girdapdan kenara -2/ powestiñ dowamy

Jemşit ulydan demini aldy, dymdy. Ol "Gör men sada ekenim. Bu oglan maňa garaňda, has akyllyrak, has mekirräk ekeni" diýip, içini  gepledýärdi. Indi Mansur hem nämedir bir  zatlary pikirlenip dymyp gelýärdi. Jemşit oňa  gözüniň gytagy bilen seredip, haýran  galýardy: "Näme  üçin ol, sen muny  nireden  bilýäň?  Onuň  özi  aýtdymy? Haçan  aýtdy? Nirede  aýtdy?  diýip  soraberenok?."…
    Mansur   Jemşidiň  bu  pikirlerini  ýüzünden   okaýan  ýaly  şol  wagt  söz  açdy.
    -Sen  muny  gaty  uzaga  çekäýdiň  öýdýän.  Öňräk  gürleşip  düşünişen  bolaňda,  özüň   üçin  gowy  bolardy.  Salgymy  suwdur  öýdip,  ylgap  ýörmezdiň.
    Mansur  dostuny   barha  haýran  galdyrýardy. Jemşit  onuň  pähimli, zehinli  oglandygyny  öňdenem  bilýärdi. Ýöne ony  beýle  bilgirdir  öýtmeýärdi.
    Mansur  giň  maňlaýyna  düşip  duran  saçyny  eli  bilen  yzyna   gaýtaryp  goýdy-da  sözüni  dowam  etdirdi:
    -Maňa beýle  seretme, halypa.  Men  seniň   göwnüňdäkinem,  onuň  göwnündäkinem  köpden  bäri   aňşarypdym.
    -Mümkin  aňşyransyň…Ýöne  meň onuň  bilen  gürleşenimi  nireden  bilýäň?
    Mansur  ernini  gyşardyp  ýylgyrdy:
    -Öz-özünden  görnüp  duran  zatlary  bilmek  üçin  geniý  bolmagyň  geregi  ýok, halypa.  Gürleşipsiň.  Gürleşmedik  bolsaň,  beýle  ýagdaýa  düşmezdiň.
    -Eger  sen  ähli   zady  öňünden  bilýän,  görýän    bolsaň  näme  üçin  şu  wagta  çenli  maňa  hiç  zat  aýtmadyň.  „Ol  seni  söýenok, oňa   sözüňi  zaýalama“  diýäýseň  bolmadymy!-  diýip,  Jemşit  jowrandy.
    -Şeýdip  aýdan  bolsam, ynanarmydyň?   Ynanmazdyň. Gaýtam  men hakda  gör, nähili pikir  ederdiň.  Şonuň  üçin  hiç  zat  aýtmadym. Garaşdym.  Ine,   indi  mesele  aýdyň  boldy  —  diýip,  Mansur  dymdy-da,   dostunyň  salyk  ýüzüne  synçylyk  bilen  garady.   Jemşitden  hiç bir seza  çykmansoň, Mansur  sözüni  dowam  etdirdi:
    -Ýöne, Jemşit,  bir  gyrnak  üçin  menden    ýüz  öwürjek  bolsaň,  häzir  aýt!
    Jemşit  ulydan  demini  aldy:
    -Diýýäniň  näme.  Näme  üçin  senden  ýüz öwüreýin.  Men özümiň söýülmedigimi  bagtymdan    görerin.  Sende  hiç  hili  günä  ýok. Isleseň, ony  häziriň  özünde  çagyr, gepleş,  duşuş.
    Jemşit  aýtmasa-da,  Mansuryň  ýüregi  Nurjemal  bilen  tiziräk  duşuşmak, gepleşmek  arzuwy  bilen  joşýardy.  Emma  ol  syr  bildirmedi,  sypaýyçylyk  bilen  gürledi:
    -Men  howlygamok.  Entek  pikirlenip  görerin: Oňa  söz  diýmelimi, ýokmy.
    Jemşit  onuň  sypaýyçylyk edýänini  aňmady.
    -Hökman  diýmeli!  Nurjemal   ýaly  söýgüliň  bolsa  armanyň  näme!
    Mansur  birhili  ahmyrly  gürledi:
    -Nurjemal  ýaly  söýgüliň  bolmagy  oňat,  ýöne  ähli  zadyň  şoňa  kybapdaşrak  bolaýsa-da….
    -Ähli  zadyňam  diýýäňmi?  Ýene  näme  gerek  saňa? –diýip,  Jemşit  geňirgenip  sorady.
    -Näme  gerek  diýişiňi?  Eýsem  nämämiz  bar  señ  bilen  meniň?  Ynha, bulary  görýämiň  —  diýip, ol  köçeden  geçip  barýan  maşynlary   görkezdi.-Ine, şulardan  her  haýsymyza  birjegi  bolaýsa  men Nurjemaly,  senem…
    -Görşüň  ýaly,  maşyn  bolaýanda-da  meň  oňa  mündürer  ýaly  hiç  kimim  ýok.
    -Maşyn bolsa  münjek  adam  tapylar-la,  dostum-diýip,  Mansur  Jemşidiň  arkasyna  kakdy.Bolanyna  görä  meniň  daýymyňky  ýaly  şarňyldap  duran  jaýymam  bolaýsa…
    Jemşit  çynlakaý  görnüşde:
    -Menem  bu  zatlaryň  bolmagyna garşy däl, Mansur.  Ýöne  biz  o  zatlara  ýetmek  üçin  öňürti  okuwy  bir  gutaraly, onsaňam  köp  zähmet  çekmeli, ahyry-diýdi.
    *****************
    Mansur  iň  soňky  synagy  tabşyran  güni  begenjinden  öýlerine  aýagy  ýere  ilmän  geldi.  Ol  dabara  bilen  öwündi.
    -Eje,  gutardy!
    Ejesi-de  oglunyň  şatlygyny  paýlaşdy:
    -Bu-da  bäşlikmi, oglum!-diýip  sorady.
    -Hawa-la!
    -Berekella  oglum.  Hany,  şahadatnamaňy  göreli,  bakaly nähilikä?
    Diplommy?  Ony  entek  berenoklar. Ertir  gutardyş  agşamy  bolar,  şonda  berjekler.
    Ejesi  başga  hiç  zat  diýmezden, oglynyň  syratyna  mähirli  gözlerini  dikdi.
    Mansur  ertesi  öýländen  gutardyş  agşamyna  geýip  barjak  eşiklerini  tertipleşdirip  başlady.
    Entek  könelişmedik  kül  reňk  kastýumyny  yhlas  bilen  ütükledi. Şu  günki  satyn  alan  ilkinji  galustugyny  düwmek  üçin  iki  sagatlap  iş  edinse-de, başarmady, ahyry  ony  goňşusynka  gidip  düwdirip  geldi.
    Taýarlyk   işlerini  birýüzli  edip,  özüni  synlamak  üçin  otagyň  bir  burçyndaky  könelişen  ullakan  aýnanyň   öňüne  geçdi.
    Açyk  asman  reňkli    köýnege  dakylan  kül  reňkli  galustyk  kastýumyna  kybapdaş  gelipdir.  Başdan-aýak  kül  reňkli  eşik  onuň  ýüzini  pähimdar  adamlaryňky  ýaly  agymtyl  sypata  girizipdir.  Boljak.  Ýöne  welin  bu  entek  edil  onuň  göwnüdäki  ýaly  däl-de.
    Eger  häzir  mümkinçiligi  bolsady,  ol  has başgaça geýnerdi.
    Onuň  gözleri  süýji  arzuw  bilen  süzilip      aýnadaky  şekline  birsellem  hyýaly  gözi  bilen  garady:
    Şonda  onuň  üstündäki  kastýum,  birden  şar  gara  bastona  öwrüldi.  Onuň  aşagyndan  gar  ýaly ak  ýüpek  köýnek,   boýnunda  gara  atlas  galustyk  peýda  boldy.Tolkun  atyp  duran  gara  saçy, ýaýran  gara  gaşlary  bu  geýimleri  bilen kybapdaş gelip, syraty  göze  ýakymly  ajaýyp bir  görnüşe  girdi.  Hyýaly  ony  myndanam  ýokarrak  alyp  gaçdy.Ol  şu    sypaýy  görnüşinde  daşary  çykdy-da,  edil  kastýumy  ýaly  gap-gara, ýalpyldap  duran  wolga  maşynyna  mündi. Ol  agşama  gelende tehnikumyň  öňünde  jemlenişip  duran  kursdaşlary-da, mugallymlary-da  olaryň  arasyndaky  Nurjemal  hem  oňa  höwes  bilen  seredip    durdy.    Ol    özüniň    başgalardan    beýle    tapawutlydygyna  
    ähmiýet  hem  bermän,  salyhatly  ädimler bilen  basgançaklardan  ýokary  göterildi-de, göni  Nurjemalyň  ýanyna baryp  „Ine  men geldim“  diýen   manyda  owadan  dişlerini  görkezip  ýylgyrdy.  Şonda  bu sallanjyrap  duran  owadan  gyzyň garamyk  ýaly  gözleri  oňa  näzik  bir  duýgy  bilen  delmuryp,  gunça  dodaklary  "ezizim" diýip  çawuş  çakaýjak-çakaýjak  boldy…
    Bu  süýji hyýaldan soň  Mansur  gözüni  açyp,   aýnada  özüniň  hakyky  keşbini  gördi-de,  tisginip  gitdi.  Ulydan  bir  demini  aldy.  Şol  mahal  onda  şu  zatlaryň   hemmesini  birden  ele  salmak  islegi  şeýle  bir   güýjedi dötedi welin,  bu  isleg  tä  tehnikuma  barýança-da  onuň  beýnisini  gemrip  bardy.
    Ol  agşama  gelende,  edil  hyýalyndaky  ýaly  hemmeler  tehnikumyň   öňünde  jemlenişip  durdylar.  Emma  hiç  kim  oňa  üns  bermedi, seretmedem.  Nurjemal-da  ezizim  diýmegiň  deregine  howa  yssyla  diýip,   kinaýaly  ýylgyrdy. Şonda  Mansur  özünden  başga  hiç  kimiň   egninde   kastýum  ýoklugyny  görüp,  aşa  gidenine  birneme  kiçeldi.
    Agşam  örän  şowhunly  geçdi. Dargaşyljak  bolanda  Mansur  Nurjemalyň  ýanyna  baryp, ony  ugradyp  gaýtmak  üçin  razylyk  aldy.  Olar  şäheri  kesip  geçýän  uly  ýabyň  boýy  bilen  gaýtdylar.  Bu  ýer  adaty  seýil  edilýän  ýerem  bolsa,  häzir  onuň  hemme  tarapyny   agras  dym-dyryslyk   gurşap  alypdy.  Diňe  ýabyň  boýndaky  asmana ujyny  diräp  duran  boý  derekleriň  ýokarky  şahalaryndaky  ýapraklar  syrly  pyşyrdaşýardylar.
    Asmandaky  orak  şekilli  aý  ýabyň  ýuwaş  tolkunly  suwynda  çümüp-çykyp  barýardy. Tibigatyň bu  gözelligi  Mansuryň  arzuwlaryny  ýene-de  galkyjaklatdy.Ol  asuda  gijäniň  goýnunda  özüniň  sessiz  uçýan  hyýal   maşynyna  münüp,  ýanyndaky  ýoldaşyndan  daşlaşdy. Ol  hälki  aýnanyň  öňündäki  göz  öňüne  getirmeleriniň  dowamyny  yzarlap,  aýlanyp  çykmadyk  ýeri  galmady,   ol  şol  pursatda  hiç bir  emgenmezden  ummasyz  baýlygy  ele  salyp, şeýle  bir  ýokary  derejä  galdy  welin,  şonuň  bilenem  ol  dostlarynda  guwanç,  duşmanlarynda  görüplik  oýaryp, niçe  näzenin  gyzlaryň göwnünde  yşk  odyny  ýakdy,  huşyny  başyndan  uçurdy…
    -Ugradanyň  üçin  sag  bol, beýlesine  özüm  giderin-diýende, Mansur  tisginip  Nurjemala seretdi.  Gyz  oňa  öýkeli  gözlerini  dikip  durdy.
    -Nurjemal, bagyşla  süýji  oýlara  gark  bolup  seni  bütünleý  unudaýan  ekenim  —  diýip,  müýnli  görnüşde  ýylgyrdy. 
    Hyýalyň mendenem derwaýysyrak  bolmaga  çemeli—diýdem  weli, gyz özüniň  öteräk  geçenini aňyp, ýüzi  lowlap gyzyp gitdi.
     Mansur  gyzyň  bolşuny  görüp, şatlykdan ýüregi    tolgunanam  bolsa,  özüni äm-sämlige  saldy.
    Mansuryň  beýle  sowuk-salalygy  gyzyň  gaharyny  getirdi.  Ol  kalbynyň  iň  çuň  ýerinde  köpden  bäri  gizlenen  duýgusyny  has  açygyrak  aýtmaga  meýil  etdi.
    -Bilýärmiň, men  ertir-ä  däl  welin, öýe…oba  ugramakçy  bolýan.
    Bu  bolsa  „diýjek  zadyň  bolsa  häzir  aýdyp  gal“  diýlenidi.  Elbetde, muňa  Mansuryñ düşünmezligi mümkin däldi.  Emma ol gyzy  mundanam  beterräk  ýagdaýa  düşmäge  mejbur  etmek  üçin  ýene-de  hiç  zada  düşünmediksirän  boldy. Bu  gezek  weli  gyzyňam  ulymsylygy  diliniň  ujyna  geldi-de:
    -Hoş-diýdi-de,  gaty-gaty  ädimläp  ondan  arany  açdy.  Şonda  Mansur  artyk  saklanyp  bilmedi. Ol: "Nurjemal" diýdi-de,  gyzyň  yzyndan  ylgady.  Nurjemal  onuň  çakylygynyň  ýürekden  çykandygyny  syzyp, ädimini  gysgaltdy.  "Nurjemal!" diýen  ses  ikinji  gezek  gaýtalandy,  gyz  tolgunyp, haýal-ýagallyk  bilen  togtady.  Mansur  haşlap  ýetip  gelende, gyz  Ÿabyñ   kenaryndaky  boý  derege  söýenip  durdy.
    Şeýdip  iki  ýürekde  pynhan  ýatan  duýgular    ýüze  çykaryldy.
    Mansuryň  haýyşy  bilen  Nurjemal  ýene-de  bir  aý  galmakçy  boldy. Şol  dowürde  ýygy-ýygydan  duşuşyp  durmaga  söz  berdi.  Mansuryň  gyza  bolan    duýgusy  indi  düýpgöter  özgerdi.  Hatda  bu  duýgy  ony  eý    görýän  dosty  Jemşitdenem  birneme  sowaşdyrypdy.  Emma  Jemşit  onuň  bilen  öňki  dostlugy  elden   bermejek  bolup  çalyşýardy.  Ol  söýgüsiniň  ret  edileni  üçinmi  Aşgabada  inistituta  girmekçi  bolup  gidipdi.  Ol    şol  ýerdenem  Mansura  hepdede  bir  gezek  hat  ýazýardy.  Mansur   onuň  hatyna  käte jogap ýazsa,  käte  ýazmazdy.  Ol  özüniň  Nurjemaly  bilen  gumrady.
    Mansur  gyzy  hakykatdanam  söýýärdi.  Ol  muny  gyz  bir  gezek  duşuşyga  gelmän  galanda  anyk syzypdy. Her  gün  bularyň  tapyşak  ýeri  Nurjemalyň  baýaky  söýenip  duran  deregiň  ýanydy.  Şonda  ol  adatdakysy  ýaly, has  ir  gelip,  sagat  peýkamlarynyň   bellenilen  wagta  golaýlaşdygy  saýy  tolgunmasy  artýardy.  Ýöne  Nurjemal  gelmedi.  Mansur  onuň  gelmän  galmagyna  gyzyň  ygtyýaryndan  daşarda  bir  zadyň   täsir  edndigini,  ony  bu  gün  bolmasa  ertirki  tapyşykda  anyklajagam  bolsa,  gaty  howsala  düşdi.
    Ol  ýüregini  myçgylap gysyp barýan  allaniçigsi  duýguny  dargatmak  üçin  sykylyk  atyp, deregiň  töwereginde  gezmeläp  başlady.  
    Şonuň  ýaly  ýagdaýda    ep-esli  wagt  geçdi.  Ol  şol  gezmeläp  ýörşüne,   kellesine  bir  pikir  geldi-de, sakga  durdy.  Jübüsinden    kiçijik  çakgysyny  çykaryp, derege  ýakynlaşdy.
    Oýlan  zadyny  edeninden soñ  bir hili  ýylgyrdy-da,  ýuwaşja  ädimläp  gitdi.
    Şondan soň  tapyşyk  ýene  dowam  edip  ugrady.   Ahyry  bular  wadalaşdylar.
    Nurjemal toýa çenli  öz obalaryna  Mansurdan razylyk alyp gitdi. Mansur bolsa şäherdäki kärhanalaryn birine normirowkaçy bolup ýerleşdi.
    Emma köp wagt geçmänkä bu iş ony irizip başlady.In ýaman ýerem ol her sapar aýlyk alanda, onun keýpine sogan dogralýardy.Çünki beýle “Ujypsyzja pula” hyýalyna häkimlik edip ýören şagalaňly durmuş desgalaryny tiz düzedip boljak däldi. Ýigitligiň tükeniksiz eşret talap ediji ýyllary geçip gidenden son bolsa, beýle zatlaryň geregi hem ýokdy.
    Näme etmeli?
    Mansur bu sowala jogap agtaryp,kelle döwüp yören günleriniň birinde bir waka ýüze çykdy, bu meseläniň aňsat yoly tapyldy duruberdi. Ýöne onuň agtarýany şeýle ýolmudy?
    Mansur işden dolanyp gelende, aýda-ýylda gara bermeýän daýysynyň ýassygy tirsekläp çaý owurtlap ýatanyny görüp geňirgendi. Indi daýysy söwda pudagynyň awraýly wezipeleriniň birinde işleyärdi. Ejesiniň aýtmagyna görä wezipe bilen baýlyk onuň gözüne ýag basdyryp, garyndaş-doganlaryny görmez ýaly şowa kör edipdi.Bu gün bolsa ol uly başyny kiçi edip, ýekeje aýal dogany bilen ýegeniniň ýetme-ýykylma halyndan habar almaga gelipdi. Diýmek, ol adamkärçiligini bütinleý ýitirmedik bolara çemeli. Mansur içere giren badyna, daýysynyň hem-de onuň ýanynda oturan ejesiniň arasynda bussur-ýassyr gürrüň edilenini olaryň ýüz keşbinden aňlady.Daýysy salamlaşandan soň:
    -Ýeri, ýegen, işler niçik?- diydi.
    -Sag boluň, ýaman däl- diýip. Mansur onuň garşysynda otyrdy.
    Daýysy oňa bir salym synçy nazaryny dikip, kanagatlanmak bilen gözlerini süzdi. 
    Mansuryň ejesi orta gowrulan et getirip goýdy-da:
    -Palaw edeýin diýsem daýyň göwnemedi, wagty ýokmuş-diydi.
    Daýysy mekir gözlerini  oýnadyp:
    -Ejeke, hälkileriň içinde bir çüýşe-de bardy, şonam äkeliň- diýdi. Mansur öz içinden “Hälkileri nämekä? Diýmek daýym sowgat-serpaý bilen gelipdir-ow’’diýip oýlandy.
     Daýysynyň “Çüýşe’’diýýäni konýak eken. Birinji bulgurdan soň daýy-ýegeniň arasyndaky sowuk-salalyk gowşap başlady.
    -Ýeri, ýegen, ýaňy ýagdaýlaňy sorasam, ýaman däl diýipdiň. Hany, ýol kesip otyr işiň nämesi gowy?- diýdi.
    Mansur daýysynyň birden çynlakaý görnüşe geçenine  geňirgenip: 
    -Nämesini gürrüň bereýin?-diýdi.
    -Diýmek, ýagdaýlaram, işlerem oňat-da onda, ýegen?
    -Başga name diýeýin eýsem? Köplenç şeyle diýilýär-da-diýdi.
    -Hä, köplenç göz üçin şeyle diýilýär. Yöne dogan daýyňa dogrusyny aytmak bolar, ahyry. Bilýän, heý bolgusyz diýsäni, yogsam bir eýýäm daýyň ýanyna barardyn sen. Howa, keýpiň kelläňde…Sen barmasanam ine daýyň özi geläýdi. Seniň işleriň ugrunyň ýoklugyny bilip, delalatym degermikä diyen niyet bilen gelendirin.
    Gürrüň şo ýere gelendä, hälide bäri başyny aşak salyp oturan Mansur daýysyna ýalta garady: ”Nähili delalat-ka?"  diyen piker onun beynisinde at saldy.
    -Şeyle ýegen-diýip, keýpi kök daýysy garyljak ses bilen sözüni dowam edýärdi. -Sen ozumiziňkisiň, ýegen. Uzyn sözüň gysgasy, häzir mende saňa bolýan bir iş bar.”Goýnuňdan dökülse, gonjuňa’’ diyenleri, isleseň şoňa  şarta yerleşdirjek otyryberjek. Akyp duran derýa, özüň ezber bolsaň islaniňçe çelegiňi batyryp alyberersin-diýip, Mansura göz astyndan seretdi. Soň gülümsirän bolup: -Käte-kate daýyňy hem ýatdan çykarmasaň bolany-diýip, sözuniň üstüni yetirdi. Bir salymdan:
    -Adam ogly bu dunýä bir gelýä, ýegen — diýip, ýene sözüni dowam etdirdi, -şonuň üçinem  bu dünýäniñ keýpini,sapasyny wagtynda sürmek gerek. Beýle keýpi-sapa üçinem gök guýruklardan ganat edinmek gerek, ýegen. Eger razy bolsaň, şeýle bolelinçilige eýe bolup bilersiň, ýegen.
    Daýysy gepledigi saýy Mansuryň ýüregi tarsyldap, urmasyny tizlendirdi. Nähilem bolsa hyýalynyñ hakykata owrülmegine ýol tapylypdy. Mansur onuň nähili ýoldygyna düşünýärdi. Daýysynyň özi hem hut şeýle ýol bilen uly baýlygy ele salypdy. Emma ol şeýle ýola duş bolanyna, bir tarapdan begese, ikinji tarapdan, kalbynyň allanirelerinde bu ýola garşy närazylyk hem syzýardy.
    Belki, onuň öz arzuwlaryna bu hili ýol bilen yeterin diýip pikir etmändigi üçin şeyledir?
    Daýysy ýene dillendi:
    Ýeri ýegen, name diýýäň?- diýip, Mansuryň çuň pikire gark bolanyndan howatyrlandy. Mansur daýysyna iki göwünli garaýyş bilen seretdi-de:
    Bilmedim…-diýdi.
    Heý, akylsyz oglan-eý. Men-ä seniň başyňa döwlet guşuny getirip gondurjak bolsam indi seniň bilmedim diýmäň näme?!
    -“Haramdan müň teňňe, halaldan bir teňňe’’diýen nakyl bar, daýy.
    Şeýlemi?… Seniň şol halal diýän zadyň  iýilýämi, geýilýämi, münülýämi?… Aýt göreýin! Heý şu zamanda halal-haramy seljerip duran kişi barmy, özi? Ine bir mysal, şu şäherde hemme meni tanaýar. Elimdäki emlägimi hem diňe öz daban azabym-aýlygymdan ýygnamandygymam bilýärler. Emma köçede sataşanda maňa hiç kimiň ters bakyp geçenini göremok, gaýtam, gol gowşuryp salamlaşýarlar…
    Daýysy şol gyzyp oturşyna gürrüňini hetden aşyryp goýberenini aňan şekilli, ýüregini bir salym basa tutup dymdy. Soňra basyk ses bilen:
    -Ygtyýaryn, ýegen. Meniň elimden geljek ýagşylyk şu saňa. Bu hakda ejeň bilenem gepleşipdik. Ol bu işlere düşünenok, hemmesini özüñe  saldy. Oýlanyp görüber…
    Gijaniň bir wagty bolanda daýysy turdy. Mansur welin şol gije ukysyny terk edip, pikir derýasyna gark boldy. Gijesi bilen iki baka urnup çykdy.
    Mansur daýysynyň aýdan durmuşyna gadam basmakdan biraz howatyrlansa-da şu bir ädimi bilen nähili derejelere ýetjegini oýlap, süýji arzuwlara çümüp gitdi. Uzak ikirjiňlenmäge wagt ýokdy. Mansur wagty biderek geçirmedi-de, bagtyny bir synap görmekçi boldy.
    Ertesi Mansur yüz dürli hyýal bilen daýysynyň işleýän söwda bazasyna ugrady. Ol baza ýakynlaşyberende endamy birhili üşeýän ýaly galpyldap ugrady. Tomus aýynyň ertirki howasy üşeder ýaly salkyn däldigini duýup gelýän Mansur ozüniň tolgunýandygyny aňdy. Emma ol her niçik ruhy halatda-da ozüne erk edip bilýänlerdendi. Ol söwda bazasyna gelip ýetende, özüni ele alypdy. Entek ir bolmagyna garamazdan bazanyň äpet demir derwezesiniň iki ganaty-da açykdy. Mansur derwezeden girip dört-bäş ädim ätdi-de, haýsy tarapa gitjegini bilmän saklanyp, içerik göz aýlady. Giden giň meýdanyň çar tarapy arynyň öýjügi ýaly hatar-hatar ammardy.  Orta aradaky meýdana bolsa ýaňyja    wagonlardan    düşürilen    motasikldir    maşynlar    hatarlanyşyp durdy.  Ammarlaryñ öňünde bolsa adamlar hinine girip-çykýan arylar ýaly başagaý bolşup ýördiler.
    -Ahow ýigit, saňa näme gerek?! 
    Mansur ses çykan tarapa öwrüldi. Derwezäniň düýbünde niredendir peýda bolan, goluna gyzyl mata daňlan daýow pyýada  oña hyrsyz seredip durdy. Şeýle daýow, özem entek garrylykdan daşda bolan bu adamyň bu ýerde garawulçylyk edýändigine Mansur geň galyp, oňa gyzyklanyp garady.
    -Näme maňa tiňkäňi dikýäň! Bu ýere propuskasyz girmek bolonok,        -diýip garawul eli bilen “derwezeden daş çyk diýen’’ yşaraty etdi. Garawulyň bolşuna Mansuryň ýeňsesinden tutdy. Emma ol “Synalmadyk atyň syrtyndan geçme’’ diýlenini edip, sypaýyçylyk bilen: 
    -Ýaşuly, beýdibermesene. Maňa başlygyňyz gerekdi- diýip oňa ýakynlaşdy. Garawulyň derjirän semiz, saryýagyz ýüzinde ajy ýylgyryş peyda boldy:
    -Meň başlygymmy?! Bilýäñmi, meniñ başlygym kim? Palkownik Gandymow! Bu yerde ol name işlesin. Ol gerek bolsa mlisä bar!
    Bu adamyň wezipesine gelişmejek gopbamsylygyna gülküsi tutan Mansur tas pyňkyryp goyberipdi, ýöne özüne erk edip çalaja yylgyrmak bilen çäklendi.
    -Yaşuly, seniň mlisäniň adamydygyñy bilyänle-diýip Mansur arkaýyn gürledi,-yöne men diýmelisini bilmändirin. Maňa şu bazanyň direktory gerek.Onuň oturýan ýeri nirede?
    Bu atylýan haýbatlaryň garşysyna Mansuryň özüni örän arkaýyn, ynamly alyp barşy agzyndan ak köpük saçyp duran garawulyň birneme ýelini ýatyrdy.
    -Ha, şey diý-dä,-diýip ol öňküsinden has gowşady, -sen näme, bu ýere öň gelip görmänmidiň?
    -Ýok, ilkinji gelşim.
    Garawul Mansuryň soragyny ýene jogapsyz galdyryp:
    -Heý toba, biziň bazanam gelip görmedik adam bar eken-ow- diýip öz ýanyndan hüňňürdedi.
    “Bu adam şu bazany älemiň merkezidir öýdýän bolmaga çemeli’’-diýip Mansur içini gepletdi. Soňra ol soragyny ýene gaýtalamaly boldy:
    -Ýaşuly, direktoryň oturýan ýeri nirede?
    -Edarasynda-da, dagy nirededir öýdýäñ—diýdi.. Mansur munyň ýaly kesir adama ilkinji gezek sataşypdy. Ol indi öňküsi ýaly gödek gelmese-de berlen soraga ýene ters jogap gaýtardy. Mansur sypaýyçylyk bilen iş bitmejegine gözi ýetensoň azmly gepledi:
    -Ýaşuly, näme beýdýäň! Dogry salgy beräýseň bolýar-a! Ony görmeli zerur işim bar!
    -Aý zerur işiňi bilýän-le. Bir zatjyk sorap gelensiň-le- diýdi. Mansuryň indi sabyr käsesi dolupdy.
    -Hiç zat sorap gelemok! Ol menin daýym bolýar-diýip goýberenini duýman galdy.
    -Daýym bolýar?… Päheý, ertirden bäri şeý diýseň bolýar-a , han ogul.
    Häliden bäri ýüzi-gözünden gar ýagyp duran garawul birden üç yüz altmyş gradus beýlesine döndi duruberdi.
    -Han ogul, sen gaty görmäweri. Tanamadygy sylamaz diýipdirler.  Edara ynha şujagaz ýerde, derwezeden daş çykansoň sag tarapdaky gapy. Ýöne ýaşuly entek gelenok, öýdýän. Gelse maşynyny şu ýerde meň ýanymda goýup gidýär. Gelmeli wagtam-a boldy. Bir azajyk şu taýda garaşaý.
    Şol wagt kelte boýly, saçlary ýaşyna laýyk däl derejede ap-ak bir adam gelip, ýaňrap duran garawulyň eline propuskasyny tutdyrdy. Garawul onuň ýüzüne çiňňerilip seretdi-de, halamaýan adamsyny gören ýaly seňrigini ýygyrdy, soňra:
    -Haýsy sklada barjak, diýip yeňsesi bilen sorady:
    -Aýakgap.
    Ol adam şeýle diýenden, garawul ýalta onuň aýagyna garady. Aýagynda gymmat bahaly, emma birazyrak könelişen aýakgaby bardy. Garawul geplemän duryp birdenem:
    -Baý adamlaram bet bolupdyrow. Magazinde bary bilen oňybereýin diýýäni ýok. Näme zat bolsa, sklatda gowusy barmyşyn diýip çozuşyp durlar.
    Ak saçly  adam ýeňi kelte  köýneginiň döşüniň üstündäki jübüsinden gara äýnegini alyp dakyndy. Soňra garawula kinaýaly gürledi:                          -Näme gowy zat bolsa skladyň törüne basyp, aňsatlykda magazine çykaraýaňyzok. Onsaň adamlar nätsin? Şu ýere gelmeli bolýa-da. Soňky wagtda defisit diýilýän zadyňam sanyny ýaman köpeltdiňiz-ä!
      -Haý, haý. Agzyňa garap geple, agam. Biz nämäni köpeldipdiris. Adamlarda pul köpeldi, pul! Şonuň üçin gowudan gowusyny isleýärler. Pul näçe köpelse defsidem şonça köpeler. Ynha, meniň, özüm-ä bir garawul. Ýöne satylýan ýeri bolsa "Wolga"maşynam aljak-diýip garawul, köweklenip döşüne pitikledi. Ak saçly adam gözünden äýnegini aýyrdy, soňra:
    -Aý satylsa samalýot aljagyňam bilýän-le seniň-diýip, äýnegini ýene dakyndy. Onuň bu hereketlerinden içinde gaharynyň gaýnaýandygy äşgär görnüp durdy.
    -Bäh, gep urşuña garanda sen maňa ýaman belet ýaly-la. Eh! eý,seni nirede gördümkäm diýip entekden bäri bilibilmän durdym. Indi ýadyma düşdi- diýip, garawul ömür ýuwulmadyk tagaşyksyz kir dişlerini syrtardyp ýyrşardy.
    -Ýadyña  düşen bolsa gaty gowy. Hany meni içeri goýberjekmi, ýokmy?
    -Goýberjek, goýbermän näme. Ýöne agam saňa gerek skladçy häzirjek köçä çykdy. Şu ýerde garaş, geläýmegi mümkin- diýip garawul mekirlik bilen gözlerini ýyldyradyp, derwezäniň gapdalyndaky garawulhana girip gitdi. Garawulhananyň iç ýüze bakýan aýnasyndan onuň bir zatlary gäwşäp oturandygy görnüp durdy. Ak saçly adam kibdini bir kakyp goýberdi-de, çeträkde duran Mansuryň ýanyna baryp çilim otlandy. Mansur oňa duýgudaşlyk bildirip, ýylgyran boldy. Ol hem gülümsiräp:
    -Inim, senem bu zalymyň demine düşüpsiň öýdýän- diýdi.
    Howa.. Bi-ýä gürläninde deminde polat eredýän ekeni. Asyl ozüni ýönekeý garawuldyryn öýdenok-diýip Mansur ýangynly gepledi.
    -Öýtmez. Onuňam sebäpjigi bar inim. Dellek bilen han hakyndaky rowaýaty eşitmänmidiň?
    -Ýok o nähili rowaýat?- diýip Mansur gyzyklanyp sorady. Ak saçly adam elinde oýnap duran äýnegini dakyndy, çilimini nebsewürlik bilen sordu-da, agzyndan, burnundan goýy tüsse goýberip,  gürrüňe başlady:
    -Gadym zamanda ine şuňa meňzeş bir dellek bar eken. Ol ýanyna baran adamyň saçyny syrýarka, müşderisi kimem bolsa:
    -Päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi-diýýän ekeni.
    Dellegiň bu gylygy baryp hanyň gulagyna ýetipdir. Han bu habary getirenden
    -Eger oňa menem baryp saçymy syrdyraýsam şol sözüni maňa-da aýdarmyka?- Diýip sorapdyr. Habarçy:
    -Size-de aýdar- diýip jogap beripdir. Şondan soň han wezir-wekilleri bilen dellegiňkä barypdyr. Dellek hany iki bükülip garşy alypdyr, kürsüde oturdyp, saçyny syrmaga durupdyr. Emma ol sag tarapyny syryp bolup, çep tarapa geçenden päkisini galgadyp:
    -Han aga, şu päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi?- diýip, goyberipdir. Han töwereginde duran wezirlerine, "bu nähili boldy" diýen manyda seredipdir. Hanyň bir akylly weziri bar eken. Ol hana ýüzleni
    -Aly hezret, munyň şu duran ýerinde bir bela bar, aýagynyň aşagyny gazyp görmek gerek- diýipdir. Gazyp görseler, ol ýerden bir hum doly altyn çykypdyr. Wezir hana ýüzlenip:
    -Dellekde günä ýok, ony gepledýän ine şu- diýipdir.
    Ak saçly adam gürrüňini gutaryp, äýnegini ýokary-maňlaýyna süýşürip goýdu-da:
    -Weziriň aýdyşy ýaly, bu garawulda günä ýok, inim, diýip, köp manyly ýylgyrdy.
    -Näme munuňam dellegiňki ýaly hazynasy bardyr öýdýäňmi?
    -Hökman bolmaly, “ýaňy satylýan ýeri bolsa "Volga" maşynam aljak’’ diýenini eşitdiň gerek.
    -Bä! Ol munça puly nireden tapýarka?
    Men onuñ pul gazanýan bir ýolunyň gözli şaýady boldum. Hol hatarlaşyp duran maşynlary görýäň gerek. Näçe bardyr öýdýäň?
    -Ýüz dagy bardyr- diýip Mansur çak urdy.
    -Köp bolaýmasa kem däldir. Ine şu maşynlaryň hersinden bir gyzyl onluk garawul daýyň jübüsine girýär. Ýüz maşyndan müň manat bolýa gerek. Munuň ýaly maşyn aý aşa gelip dur. Onsoň özüň hasaplada görüber- diýip, ak saçly adam çilimini soňky gezek sorup taşlady-da, ökjesi bilen mynjyratdy.
    O nähili beýle bolýa?- diýip Mansur geňirgenip sorady.
    Nähili beýle bolýanyny maşyn alyjylardan sorap göräý. Men saňa hut öz başymdan geçenini diýsem, öňräk menem şu ýerden “moskviç"  aldym. Maşynyň puluny, paý pulyny töläp, sürüp derwezä gelemde ine şu garawul saklady. Ýyrşaryp, elini uzatdy, menem uzatdym.
     — Gutlaýan, münmek, sürmek nesip etsin, agam. Hany munuň derweze pulunam oklap goýber,- diýdi. Men öň maşyn alyjylardan “bazadanam ýöne çykaryp goýberenoklar, derweze puly diýilýäni bar” diýip eşidipdim. Şonuň üçin onuň soranyna kän bir geňirgenip durmadym-da, jübimde galan bäş manadymy uzatdym. Ol bolsa, seňrigini ýygyrdy-da “munyň näme agam? Illere bir onlukdan kem berenoklar. Il hatary etmeseň alman” diýýä. Menem näme Türkmençilik-dä, göwnüni ýykmajak bolup: “meniň galanjam şu, alaý, gardaş, diýip ýalbarýan, ol bolsa ”Ýa walla, seniň ýaly husyt adama ilkinji gezek sataşyp durşym. Daşdanam gaty ekniň-aýt” diýip minnet edýär. Menem geldi gaharym “Näme  men  saňa  bergilimi-aýt!  Almasaň nekene al!”diýdim-de sürdüm gitdim. Ýaňy onuň “seni nirede görenim indi ýadyma düşdi” diýeni şondan:
    Mansur bu adamyň gürrüñini  gyzygyp diñledi, assyrynlyk bilen ony başdan aýak synlap, eşiden zatlaryna geň galdy. Ak saçly adam birdenem: 
    -Anha-da, maňa gerek skladçy içerde gezip ýör-ä! Ol bolsa maňa köçä çykyp gitdi diýýä. Ynha-da bolýan zatlara! -diýip gören adamyna tarap çalt ýöräp gitdi. Garawul gäwşenip garawulhanadan çykdy, özüne göwniýetijilik bilen ýyrşaryp, onuň yzyndan seredip durdy. Şol wagt gysga-gysga signal berip, mawy “wolga”derwezeden girdi. Bu Mansuryň daýysydy. Ol maşynyny bir çeträkde goýup, derweza tarap ýöräp ugranda garawul ylgap onuň öňünden çykdy, iki elläp salamlaşdy.
    -Sag-aman geldiňmi, ýaşuly. Ine, ertirden bäri yegeniňem saňa garaşyp dur- diýip ýalym-ýulum etdi. Mansuryň daýysy töwereginde ýallaklaýan garawula äwmezlik bilen seredip:
    -Şu oglanmy? O nähili meniň ýegenim bolýamyş. Munuň ýaly ýegenleriň her gün birini işe al diýip üstüme goýberýäler- diýip, Mansuryň salamyna çalaja başyny atyp, edarasyna tarap gitdi. Mansura garawul hem hiç zat diýmedi. “Näme üçin ýalan gepledineň” diýmedi. Sagatda segsen ýalan sözleýän garawul üçin Mansuryň bujagaz “Ýalany” geň görerlik däldi. Mansur daýysynyň bu gylygynyň bir inçe syry bardygyny aňdy, emma keseki adamyň ýanynda dogan daýysynyň ondan göz-görtele ýüz döndermegi degnasyna degdi. Ol göni gidiberjek hem boldy. Beýtmäge gurby çatmady. Ygtyýaryndan daşarda bolan nähilidir bir güýç ony daýysynyň otagyna girmäge mejbur etdi.
    -Geç otur- diýip, daýysy oňa ýer görkezdi. Mansur ümsüm geçip oturdy.
    -Sen turuw başdan bozupsyň-a — diýip, daýysy oňa nägilelik bilen çiňňerildi- bu ýerde her hili adam bar, agzyňa berk bolmaly. Men adamlaryň “öz garyndaşlaryny işe çekýär”, diýen sözünden gaça durmaly düşundiňmi?
    -Düşündim-diýip, Mansur maňlaýynda peýda bolan monjuk-monjuk deri eliniň arkasy bilen syrdy.
    -Düşünen bolsaň “daýy- ýegen”sözi öýde, öz aramyzda bolýar. Bu ýerde bolsa men hemme kişi ýaly seniň üçinem, Halyl Haýdarowiçdirin. Düşünikli gerek-diýip, ol “günäñi bagyşladym’’ diýen manyda ýyljyraklady.
    -Düşnikli Halyl Haýdarowiç- diýip  Mansur hem gülümjirän boldy.
    -Onda gürrüň şeýle, Mansur-diýip Halyl Haýdarowiç elinde oýnap oturan gymmat bahaly ruçkasy bilen stoly tyrkyldatdy -eger meniň bilen işleşjegiň çynyň bolsa, häziriň özünde 22-nji sklady kabul edip al!
    Mansur “22-nji sklad nähilikä’’ diýip öz ýanyndan geňirgendi. Ol asyl ammarlara nomer dakylýandyr öýdmeyärdi. Indi 22-nji sklad diýlende, name üçindir küt-küt basylyp ýatan defesit  matalar, ýaglyklar, geýim-gejimler göz öňüne geldi. Ol mesele beýle tiz çözüler diýip, oýlanmandy. Şonuň üçin Halyl Haýdarowiçe birneme ýaýdanjyrap seretdi. Onuň özüne tiňkesini dikip, jogaba garaşyp oturanyny gören Mansur:
    -Entek işimdenem çykamoga- diýip ikirjiňlendi.
    -Zyýany ýok. Işiňden soň çykar yörersiň-dä. Ol ýerde saňa gözi-gaşy çekip duran adam ýok. Arzany ýazan badyňa-da boşadarlar- diýip, Halyl Haýdarowiç öňünde duran iki taraplaýyn gepleşik apararadynyñ düwmelerinden birine basdy:
    -Alo! 22-nji sklad!-diýip aparada çalaja pitikledi. Aňyrdan misli ýanynda gürleýän ýaly ses geldi:
    -Eşidýän Halyl Haýdarowiç!
    -Häzir meniň ýanyma gel!- diýip Halyl Haýdarowiç buýruk berdi.
    Mansuryň ýüregine bir hili bükgildi gitdi. Ol şu pursatda begenýänini-de, gynanýanyny-da bilenokdy. Onuň beýnisinde dürli oý pikirler at salýardy. Bir salymdan soň otaga uzyn boýly, orta ýaşlaryndaky, hortap adam girdi. Onuň garaýagyzrak ýüzünde birneme ýadawlyk görünýärdi. Mansur “daýymyň çagyran adamy şu bolaýmasyn’’ diýip çak etdi. Mansuryň çaky dogry çykdy. Salam hälikden soň Halyl Haýdarowiç oňa ýüzlenip:
    -Ynha, ýeriñe-de adam tapyldy. Häziriň özünde sklady tabşyr-da, rugsada gidiber. Dem-dynjyňy alyp  gelensoň  başga  iş  bererin- diýdi. Ol adam naýynjar ýylgyrdy, dodaklaryny münküldetdi, soňra pettikläp gepledi:
    -Rugsada s-sag-aman çykaýyn, osoň gaýdyp-gelerinmi, g-gelmerinmi, göribiris.
    -Bah! Beýle diýer ýaly, bizden näme ýamanlyk gördüň?-diýip Halyl Haýdarowiç yañsylap sorady.
     — N-näme ýagşylyk g-gördüm?-diýip ol soraga sorag bilen jogap gaytardy. Halyl Haýdarowiç onun bilen ýañkalaşyp otyrmaklygy özüne uslyp bilmedik bolara çemeli, gürrüňi çurt-kesik etdi.
      — Onuň yaly bolsa, gözel gownüň. Gep gutardy. Baryň!
    Mansur ol adam bilen tirkeşip otagdan çykdy.Tä ammara barýançalar ikisi-de sesini çykarmady. ammara gelip yetenlerinde ol adam Mansura bir laý synçy nazaryny aýlady, soňra ammaryñ iki gabsaly uly gapysyny açyp:
     — G-giriber, ýigit-diýdi. Mansur girip töwerek daşyna ýaltaklady. ammaryñ içi edil gaýş pökgi oýnabermeli ýaly giňdi, aşagy betonlanany üçinmi, ýa-da gün düşer yaly aýna-apişgeşinin ýoklygy üçinmi gaty salkyndy. Yöne, diwar ýakasyna üsti-üstüne münderlenen ýaşiklerden başga zat göze ilmeýärdi. ammarçy ýaşiklere elini çommaldyp, peltekledi: 
    — I-ine bu tarapda a-alty ýüz ýaşik d-duz, h-her ýaşikde ýigrimi paçkadan. B-bu g-gapdaldaky dört ýüz e-elli ýaşik sabyn. Ýaşyginde kyrk tokgadan. 
      Aňkasy aşan Mansur tas aglapdy. Daýysy näme, ony oýnajak bolýamyka? Ol duz bilen sabyny başyna ýapsynmy? Mansuryň jyňkyny çykarman, sañ gatyp dyranyny duýup, sebäbine düşünmedik ammarçy ýene sakawlap ugrady:
      I-ikuç gün bäri m-magazinlere berişdirip, galanjasy şu. M-men priýem-s-sdaçy akdyny ýazýançam ýaşikleri s-sanada g-göriber
      Mansur oña seredip, kellesini ýaýkady-da:
      -Bu gün meniň wagtym ýok-diýip, ylgap ammardan çykdy. Ol şol gelşine kürsäp, daýysynyň otagyna girdi. Halyl Haýdarowiç iki sany adam bilen gepleşip otyrdy. Ol Mansura soragly nazaryny dikdi. Mansur keseki adamlaryň ýanynda näme diýjegini bilmän dilini dişlap, gapydan giren ýerindäki oturgyja özüni goýberdi. Ol adamlar köp saklanmady. Olar gapydan çykandan Halyl Haýdarowiç:
    -Ýeri, näme boldy?-diýip, howsalaly sorady.
    -Maňa berjek skladyň şomy, daýy?-diýip Mansur “daýy’’ sözüni nygtap aýtdy. Halyl Haydarowiç Mansury şol sklada iberýärkäde, onun ol ýeri gaty bir oňlamajagynam bilipdi. Ýöne beýle aç-açan nagilelik bildirer diýip piker etmedi. Ol:
      -Beýle dar gursak bolmazlar, Mansur-diýip, yuwaşlyk bilen gepledi.-Sakawuň soňuna seret diýipdirler. Men näme saňa haziriň özünde haly sklady bereýinmi? Beýle iş meň elimden gelip duranok. Ýöne häzirki aljak skladyň, bilseň, seniň üçin bir tramplin bolmaly. Ana şol tramplinden soňa baka islaniňçe beýiklige  böküp bolýar, düşündiňmi?
      Aý, näbileýin…Sen maňa düýn öýde düýbünden başga zat aýdypdyň, ahyryn.
    -Düýn aýdanlarymyň hemmesi-de dura-bara amala aşar. Howlukmak gerek däl, Mansur. Onsaňam seň 22-njini şeýle bir sürtse ýokmaz görüp oturma. Ugruny tapsaň onda-da çaý puly bar- diýip Halyl Haýdarowiç köşeşdiriji ýylgyrdy. Mansur özuniň ýeňleslik edenini duýdy, näme diýjegini bilmän ümsüm otyrdy. Halyl Haýdarowiç ýuwaş, emma buýrujy aheňde gürledi:
    -Hany, wagty geçirme-de, baryp sklady al.
    -Men oňa, bu gün wagtym yok- diýip gaýdypdym. Indi ertir gelerin-de- diýip, Mansur aşak bakdy. Halyl Haýdarowiçiň owurdynda ýumry peyda boldy, müňkülledi, emma gaharyny daşyna çykarmady:
      -Him… Onuň ýaly bolsa, bu gün işie barda, boşamak hakyndaky meseläni çöz.- Halyl Haýdarowiç sözüni gutaryp-gutarmanka dört sany adam yzly-yzyna zompuldaşyp girdiler. Olar Halyl Haýdarowiçiň köne ülpetleri bolara çemeli, gapydan girenlerinden ala zenzele edip, wakyrdaşyp, degşip başladylar. Mansura hiç kim ünsem bermedi. Ol ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi.
      Mansur söwda bazasyndan şu wagta çenli özune mälim bolmadyk täze bir dünýäni açyp gaýtdy. Bazanyň äpet derwezesiniñ oňündäki garawul, şol yerde sataşan ak saçly adam, sakow ammarçy  göwnüne bolmasa onuň görüp yören adamlaryna menzemeýärdi. Aýratynam daýysy! Ol öz öýünde-de, Mansuryň öýünde-de garyndaşlyk duýgusy çogup duran mahriban adamdy! Mansur ony elmydama seýledir, başga hiç hili bolmagy mümkin däl, diýip berk ynanýardy. Bu gün bolsa ol dayýsynyň hakyky keşbini, ol hiç haçan göz öňüne getirip bilmejek keşbini gördi. Ine şular zerarly özünde dörän täsin duýgyny näme üçindir ol ýasajyk oglanka goñşusy Setdar Salyhlaryň öýüni ilkinji gezek göreninden soň dörän duýga menzetdi. Bu meňzetme oňa çagalyk döwrüni ýatlatdy. Setdar Salyhyň gyzy-garaja gözli Sumbul gyz göz öňune geldi. Çagalykda bile oýnap –ösen bu ajaýyp gyzy Mansur ýygy-ýygydan yatlayardy. Sumbuluň pioninada çalan sadaja heňi, şoňa goşup aýdan aýdymy henizem gulagynda ýaňlanýan ýalydy. Bir ýatlama ikinji ýatlamany döredýär: Mansuryň Sumbul hakyndaky ýatlamarynyň soňy Nurjemal hakyndaky süýji yatlamalara ýazdy. Nurjemal bilen geçiren unudylmaz günlerini ýatlanda ýüregi meýmirap, gözleri süzüldi. Nurjemal bilen aralary daş bolsa-da, häzirem ýürekleri ýakyndy. Tiz-tiz hat alyşýardylar. Nurjemala ýetmek, ony özüniňki etmek Mansuryň ýüreginde beslän arzuwlarynyň biridi. Ol onuň bilen başga arzuwuna-baýlyk we zynatly durmuş baradaky arzuwyna ýetmekçidi. Hiç bolmanda şol arzuwynyň üçden birine ýetäýse-de Nurjemala öýlenip, zibi-zynat içinde yaşatmakçydy. Ol bu hakda Nurjemala ýazan hatlarynda-da telim gezek ýaňzydypdy. Nurjemal bolsa onuň beýle meyilleri bilen ylalaşmak islemeýärdi. Ol Mansura ýazan hatlarynyň birinde şeyle diýipdi:
    “Ezizim Mansur!
    Men senden hiç wagt zibi-zynat talap etmen. Çunki men hakyky bagty başga zatda- duýgularyň päkliginde, müdimiliginde diýip düşünýän. Sen bir zady unutma: birek-birege päk hem-de joşgun duýgular arkaly baglanan pukara oňalgaly adamlar, köşgi-eýwanlarda zibi-zynat içinde ýaşaýan adamlardan hem bagtly bolup biler’’
    Mansur Nurjemaly her naçe söýse hem, ondan akyl öwrenmekçi däldi. Durmuş hakynda indi onuň oz düşünjesi bardy. Galyberse-de, daýysynyň baýlyk, zibi-zynat hakyndaky jadyly sözleri onuň gözi-başyny aýlapdy. Şonuň üçin ol öňki işinden çykyp, söwda bazasyna ýerleşdi. Ilki daýysynyň “tramplin"’diýip atlandyran duz-sabyn ammarynda sabyr-takat edip işlemeli boldy. Diňe bir ýyldanam gowrak wagt geçensoň daýysy ykraryna dolandy-ony taýýar geýimler ammaryna geçirdi. Şol ammara müdir edip bellemek hakyndaky buýruga gol çeken güni Halyl Haýdarowiç ony öýüne çagyryp tä ýary gijä çenli öwüt-nesihat etdi:—Seniñ ammaryña her dürli defiçit zatlar gelýär. Diňe şol defisidiň hasabyna-da, ine şundanam ýasamak bolýar- diýip, Mansur Haýdarowiç elini bokurdagyna ýetirdi – Bu ýerde sen hökümediň ýekeje köpügine zyýan ýetirmeýäñ. Diňe bir azajyk söwda düzgüni bozulýar. Emma Mansur, ýene gaýtalap aýdýan, gaty seresap bolmaly. Bäş barmagyň deň däl, bazada özleri-de bir köpük iýmeýän, iýýänlere-de görüplik edýän adamlar kan. Şoňa göra kim bilen nähili iş salyşmalydygyňy bilmeli, gaty aga bolmaly. Şol meniň aýdýan magazin müdirlerimden başga bilen hergiz “paçakgömdi’’ ediji bolma.
    Şol güni Halyl Haýdarowiç Mansura işiň ähli inçe syrlaryny açdy. Nähili edip defisit harytlardan artdyryp alyp galmalydygyny soň olary nähili ýerleşdirmelidigini düşündirdi. Käbir adam öň edip görmedik işiňi ilkinji gezek etjek bolaňda aljyraýmagy mümkin. Emma Mansur olardan däldi. Ammara defisit harytlar gelen gününiň ertesi garadan gaýtmaz häsiýetini ýene bir gezek iş ýüzünde synap gördi. Ol ýaňy ammary açyp agyza golaý goýlan stoluň üstündäki faktura blankalaryny tertipleşdirip duran wagty semizlikden pökgi kimin tokgalanan bir adam ýaltaklap gapydan girdi. Ol:
    -Essalawmaleýkim inim Mansur jan-diýip, iki elini uzadyp görüşdi. Soňra ellerini ýellenip duran ganar ýaly giň balagynyň jübüsine sokup, ördek ýöreýşinde gezmeläp başlady. Bu adam Halyl Haýdarowiçiň aýdan dükan müdirleriniñ biridi. Onuñ ady başga bolsa-da, näme üçindir hemme kişi oňa Dumanly daýy diýýärdi. Dumanly daýy ynançly adamdy. Onuň bilen arkaýyn “paçakgömdi’’ oýnabermelidi.
    -Ýeri, inim Mansur jan, biz garyby begendirer ýaly nämeleriň bar-diýip Dumanly mekirje gözlerini ýyldyratdy.
    -Näme gerek?-diýip Mansur sowukganlylyk bilen sorady.
    -Güýz girdi, inim. Adamlaram gyş şaýyny tutýarlar. Şonuň üçin, bu gündelik harytlardan başga-da, aýallaryň hytaýy possuny, andatr telpek ýaly zatlardan bolaýsady kem bolmazdy-diýdi. Mansur ýasama ýylgyrdy:
    -Bah! Dumanly day işdåñä erbet dal eken. Onun yaly zatlar nirede bar?
    -Aý, inim Mansurjan, at oýnatmasana, sende baryny bilip soraýan-diýip Dumanly asty-üsti zybrym gyzyl dişlerini güjeňläp ýyrşardy. Mansur onuň gözleriniň bäbegine galdyr-basdyrsyz seretdi-de:
    -Dumanly daýy, sen bilseňem, bilmeseňem ýok diýsem ýokda!-diýdi. Dumanly äheňine salyp goşgy okaýan ýaly edip:
    — Bah, onyň dogry, Mansur jan. Sen ýok diýseň, ýel öwüsjegini, bar diýseň bazar boljagyny bilýän-le-diýip, ýene ýyrşardy. Mansur indi çyny bilen gürledi:
    -Şony bilýän bolsaň, aýdan zatlaryň hersinden dört-bäşden tapyp bereýin, Dumanly daýy.
    -Bereket tap, şeýt inim. Ýöne dört-bäşden diýme, hiç bolmanda ondan bolsun. Mansur oňa köp manyly seretdi:
    -Ony diýmeseňem, fakturyňa ondan yazjak. Ýöne hersinden bäşşiniň pulyny berjek. Dumanlynyň ýüzi boz-ýaz boldy:
    -Mansur jan, muny sähel ynsap bilen edäýmeli, mendenem hasap soraýanlar bar, inim.
    Dumanly daýy- diýip Mansur ýüzini sowatdy. -Gürrüňi süýndirip oturmaga wagt ýok. Häzir adamlar gelýär.

(dowamy bar)…

Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle